15:37 Ametist we nar / konspirologik, ylmy-fantastiki hekaýa | |
AMETIST WE NAR
Mistika we fantastika
BS conspiracy universe Londonyň giň köçelerindäki pyýada gatnawlarynda adamlaryň köplüginden ýaňa aýak basara ýer ýok diýen ýaly. Olaryň beýnisi reaksia doly kimdir biri tarapyndan dolandyrylýan ýalydy. Adamlar swetoforuň yşyklarynyň ýanaryna garaşýarlar. Soňra ulaglaryň gatnawy peselende, mähelle bolup gatnaw zolagyndan geçmäge başlaýarlar. Onsoň ýoluň o tarapyna geçip käsi topar bolup indiki ýola çenli ýöräp barýandyrlar, ýa-da hersi bir ýana sowulýardy. Kimsi işe howlugyp barýandyr, käsi bolsa golaý goltumdaky kafede nobata durmaga barýandyrlar... Säher wagty kofe içmek olaryň adaty endikleri bolsa gerek. Ýok, ýok kofe olarda gaty köp içilýär. Kofeniň täsirinden aýratyn lezzet almaýan bir barmy näme? Gadymy dilleri okamakda we terjime etmekde ökde professor Jonatan Arkwraýt hem şol kafeda kofesine garaşyp durdy. Jonatan kafeda garaşýarka, köçedäki adamlaryň biri-biriniň yzyndan ýöreýşi oňa bir simfoniýanyň takyk notalary ýaly göründi. Emma bu simfoniýanyň içinde, ol hemişe özüni sazdan düşen ýekeje nota ýaly duýýardy. Köpçülikde ýeke bolmak – bu onuň alamytydy. Bir az wagtdan soňra onuň kofesi taýyn bolanda ony başyna çekdi. Kofesini içip durka-da oňa jaň geldi. Oňa Watikandan ogurlanyp getirlen gymmatly golýazmanyň ele salynandygyny habar berenlerinden soň içip oturan kofesini düwünip, üsgürdi. Soňra töweregindäki adamlara syr bermejek bolup, eýlesine-beýlesine garanjaklap, kafedan çykdy-da maşynyna mündi. Kafeniň satyjysy onuň yzyndan ylgap çykdy-da tölenmedik kofesi üçin aýagyny kakyp galmaly boldy... Jonatan Londondan çykyp ''Niredesiň Oksford'' diýip ýola rowana boldy. Maşynynyň tizligi ony Oksforduň Uniwersitetine getirdi... Gara uzyn penjekli üç sany tanyşlary bilen uzyn gürrüňdeşliklerden soňra oňa Uniwersitetiň içindäki kiçeňräk, diwary kitap tekçeli kitaplardan doly bolan, otagy berdiler. Otagyň içindäki globuslardan we kartalardan çen tutsaň bu otag köne ylmy iş ýeri bolmaga çemeli. Jonatan otagyň ortasyndaky stola geçip oturdy. Stoluň üstünde bolsa ýüzüniň reňki öçüşen, kä ýerlerinde keşdeleri görünýän ulyrak köne kitap bardy. Kitabyň galyň daşyny açyp içindäki ýazgylara göz gezdiren Jonatanyň gözleri bir nobatda doňup galdy. Sebäbi bu kitabyň içinde ''Ewangelium Ametistus'' diýen ýazgy bardy. Jonatan stoluň gyrasyndaky galamyň ujuna seredip pikir derýasynda gark boldy. Öň bu hakda Jonatan talyp ýyllarynda ady, zady ýazylmadyk ''Maglumatlar ýygyndysynda'' gysgajyk okamak bilen çäklenipdi... Ýaňy pikirlerden aýňalan Jonatan kitaby okamaga başlanda ondaky ýazgylaryň içine ýene siňip gitdi. Golýazmanyň sahabynda ''Ewangelium Ametistus'' diýlip ýazylan. Bu latyn dilinde ''Ametist Injili'' diýmegi aňladýardy. Kitabyň girişinde ''Bu kitap başda grek dilinde ýazylan asyl çeşme bolup, 1221-nji ýylda Hironum Benedikt tarapyndan latynça terjime edildi. Ametist Injili dünýäniň ýaradylyşyndan halasgärimiz Isa we onuň hawarylarynyň hristiýançylygy ýaýradýan wagtlaryna çenli bolup geçen wakalary öz içine alýar'' Professor Arkwraýt bu kitabyň apokrif Injilleriň biridigine göz ýetirdi. Kitabyň başyndaky setirlerde şeýle ýazgylar bar: ''Howa ýylanyň beren miwesi bolan nardan dişledi, soňra ony Adama berdi, Adam hem Howanyň dişlän ýerinden dişledi welin nar şaň gaty bolup doňup galdy...'' Jonatan Nar sözündäki çykgyda göz aýlady welin onda şeýle ýazgy bardy: ''Şu motiw beýleki Injillerdäki çeşmelerde Nar däl-de Alma bolup gidýär, bu miwe daş ýaly gatap Adam ata we How eneden, beýleki pygamberlere, olardanam Isa pygambere gelip ýetipdir. Pygamberler şonuň üsti bilen adamlara keramat görkezipdirler... Bu Injil Adam bilen Howanyň gadagan edilen miwäni, ýagny nary iýip, onuň ametist daşyna öwrülendigi barada gidýärdi we naryň alhimik usul bilen tiz wagtda ametist daşyna öwrülmeginiň formulasy metafora görnüşinde gizlenendi... Professor bu kitaby şol otagdan çykman 3-4 sagadyň içinde labyzly okap çykdy. Okap otyrka her bir setirleri paýhas eleginden geçirýärdi. Kitapda naryň 1 aýda ametist daşyna öwrülmegini aňladýan gizlin şifrler we metaforalar bardy. Bu bolsa "Ametist Ložalarynyň" ençeme ýyldan bäri gözläp gelýän proses formulasydy. Ametist Ruhanylary naryň miwesinden ametist daşyny öndürilýändigini bilýärdiler, emma bu prosesiň tamamlanyp gutarmagy üçin 100 ýyl gerek bolýar. Şol sebäpli, olar Injilde gizlenen tizlik formulasy bilen müň ýyllar bäri gyzyklanyp gelýärdiler. Ýöne onuň gizlin koduny hiç kim kelle döwüp tapyp bilmedi. Diňe şol koduň gizlenip haýsydyrbir Injil kitabyna ýazylandygny welin agyzdan-gulaga ýetirip eşidipdirler. Ine bar bolan zat şu! Professor Arkwraýt jübüsinden çilim tabak çykardy-da otlady. Başam barmagy bilen külembike barmaklaryny maňlaý çekge bölegine ýetirip oýlandy. Ol sagadyna seretdi. Sagatda gün: 25-i, aý: Noýabr, ýyl 2011-nji ýyl, sagat 15:36... Ol çilimini çekip boldy-da küldana basyp ony öçürdi we içinden: ''Şu wagt hälki kofeden ýene-de bir içsedim...'' diýdi. Ol stulyna arkaýyn ýaplandy-da ýylgyrdy. Şol günüň ertesi Oksford Uniwersitetiniň web sahypalarynda, gazet-žurnal makalalarynda Arkwraýtyň Ametist Injilini öwrenýändigi hakyndaky habarlar Dünýä ýüzüne ýaýrady. Bu habar Dünýäniň bilermenlerini, aýratynam Gizlin jemagatlar bolan Ložalaryň ünsüni çekdi. Dünýäni dolandyrýan gizlin jemagatlar bolan Mason Ložalary bu habary eşider-eşitmez, herekete geçdiler we bu Injili öz gözegçiligi astyna alyp, Professor Arkwraýta ''Lal açdyrmak'' üçin dolandyrmasy astyndaky adamlaryny iberdi. Professor Arkwraýt bu gizlin jemagatlardan bihabardy. Olaryň dünýäni dolandyrýandygy hakyndaky gürrüňleri eşitse-de kän bir pitiwa edibem duranokdy. Onuň üçin dünýäni suw alsa topugyna çenli we olar ýaly jemagatlaryň bardygyna-da ynananokdy. Uniwersitetiň hünärmenleri bir hepdäniň dowamynda Kitaby mazmunyna görä terjime edip, bir nusgasyny Professora hödürlediler. Original Ametist Injilini bolsa öz howlusynyň meýdançasyndaky köne garaždaky ýerzemininde gizläp goýdy. Ol Injiliň içindäki metaforalary çözmäge başlaýar. Esasanam Ezekiýel pygamberiň kitaby bölümindäki ýazgylar onuň ünsüni çekdi. Ezekiýel pygamberiň bölüminde tizleşdirme prosesiniň formulasy bilen bagly şifr, kodlar bardy, emma sözlemler gaty çylşyrymly bolup, munuň üstünde kelle döwmek uzaga çekdirjekdi. Bu hut şeýle-de boldy. Ol arman ýadaman sözlemiň şekillerini, Injil aýatlarynyň san belgilerini ebjet hasaby bilenem deňeşdirip gördi, emma diýeni çykmady. Masonlar Oksfordyň Uniwersitetiniň içine syzdylar-da derrew Injiliň haýsy otagda, haýsy kitap tekçesinde durýandygyny gözlemäge başladylar. Arkwraýtyň otagyna kürsäp giren gara geýnüwli, gözleri oçkili bäş sany adamlaryň ikisi sende ýok, mende ýok Professoryň iki elinden tutdylar-da kitaby soradylar: - Hany Ametist Injili nirede? Arkwraýt: - Siziň edýäniňiz, näme? Siz kim bolýarsyňyz? Bu nähili zalymlyk, bu nähili faşistçylyk! Ylmy uniwersitetiniň gözleg bölümini şeýdip güpbassy edäýmek bolarmy? - diýip ol iki elinden ýapyşyp duran adamlara seretdi-de sözüniň üstüni ýetirdi: - Hä ogurlyk kitap hakynda gelen bolsaňyz! Onda ýalňyşýaňyz mister jenaplar! Bu kitaby Watikandan men däl-de haýsydyr bir ogry ogurlapdyr, kitaby ele salan gullukçylar bolsa meni bu kitaby öwrenmek üçin haýyş etdiler... Professor Arkwraýt olaryň kimdigini bilenokdy, olar bolsa onuň boş ýere samahallamasyny kän bir diňläbem durmadylar. Masonlaryň içinde ýüzi iň hyrsyzy şeýle diýdi: - Biz Watikanyň döwlet adamlary! Bir kitap üçin şondan şuňa keýpine gelendiris öýdýäňmi? - diýip azgyryldy. Iki kişi kitap tekelerini dörüşdirip, kitaplary ýykan-ýumran etdiler, Stoluň aşagyndaky çüýlenen pola çenli seredip, gizlenen zadyň ýokdugyna göz ýetirdiler... Ýüzi hyýrsyz Professoryň iki elinden ýapyşyp duranlara kelle yşaratyny edip ''Goýberiň ony'' diýdi. Professor galstugynyň daňysyny gowşadyp, äňini ýokary-ýokary galdyryp, agzyny çöwürip, äpet pyýadalara seretdi-de ýerine geçip oturdy. Ýüzi hyýrsyz kişi: ''Bilýäňizmi hormatly Arkwraýt! Eger biz sendäki kitaby Watikana eltip ýerinde goýmasak seniň bilen düşünişmeris, Kitap nirede? Professor Arkwraýt bolsa çalaja ýylgyrdy-da hakyky kitaby gizläp goýandygyny, kitabyň Uniwersitetde däldigini, kitabyň latynça terjime edilendigini, şol kitap boýunça Müňýyllardyr çözülmeýän syry öwrenýändigini ýaňzytdy. Ýüzi hyýrsyz: - Ahh, sen melgun professor, sen bizi oýnajak bolýaňmy? - diýip biline gysdyran pistoletini çekip aldy-da professoryň maňlaýyna diredi. Olaryň aňsat oýuna gelendigini aňşyran Professor, içýakgynç gülküsini etdi-de: - Whahahaaa! Gys süýem barmajygyňy, hä gorkýaňmy? Ýüzi hyýrsyz kişi, Professoryň ýumşak damaryndan tutmaga synanşyp: - Eý, akmak köpek, Sen o kitaby Keramatlydyr öýdýäň! Aslynda dogry ýazylan Injilem ýok, Mukaddes kitabam. Şifr, kody gözleýän, tapýansyraşyp, siz ony hasam keramatlaşdyrýarsyňyz! Ol kitabyň bize gymmatlygy bolsa onuň gadymydygy.... - diýip ýene sesine bat berdi. Professor: ''Meniň janym siziň eliňizde'' diýen ýaly kellejigini ýaýkap, gaşlaryny ýokaryk galdyryp, göwnübir bolup otyrdy. Professory idenekledip Uniwersitetiň arka tarapyndaky howlynyň çykalgasyndan çykaryp, maşyna mündürip alyp gitdiler. Ýolda professory maşynyň yzynda iki pyýadanyň aralygynda, pistolet çenäp öýüne tarap alyp gelýärdiler. Oksford bilen Londonyň aralygyndaky çolalyk ýolda, ýagny Stokençerje ýetmäkäler, Professor Pistolet çeneýäniň elindäki pistoledi kakyp aldy-da sürüji bilen gapdalynda ünsüni başga ýana sowan iki pyýadany jähenneme ýollady. Maşyn ýoldan çykdy. Onuň yzyndan gelýän gara şwrolediň içinden ýene iki sany gara eşikli pyýada atylyp çykdy-da maşyna assyrynlyk bilen golaýlaşdylar. Görseler olaryň barysy öli ýatan ýalydy. Professor gapdalyndaky öleniň ganyny ýüzüne boýunlaryna çyrşaşdyryp ýetişipdir. Pyýadalaryň biri bardy-da olaryň boýun pulslaryny barlady. Professora gezek gelende onuň elindäki pistoledini gördi we yza çekildi. Şol wagt ýüzi gözi gana boýalan professor elhenç gygyrdy-da olara tarap pistoledini çenäp, süýüm bikesini gysyp maňlaýlaryndan gapy açdy... Professor maşyndan düşdi-de mekgejöwenli ekinlige tarap sümülip gitdi. Ýolda kä wagt yzdan, ýa öňden bir iki sany maşyn geçäýmese wakanyň bolup geçen ýerini, belki hiç kimem bilmezdi. Polisiýa işgärleri bilen Dünýäni dolandyrýan mason Ložalary Jonatan Arkwraýty her ýerde gözleýärdiler. Jenaýatçylygyň üstüni örtmekligi eksperte tabşyran Ložalar Arkwraýtyň öýüne bardylar. Ýöne Arkwraýt olardan öň howlusyndaky gizläp goýan Ametist Injilini alyp galp pasport düzetdirip şol günüň Hindistan biledi bilen daşary ýurda uçup gidýär. Ony yzarlap ýören gizlin masonlaryň bolsa onuň her ädiminden habarlydylar... Arkwraýt Hindistanda Ametist Injiline degişli tapyndyny tapjakdygyna ynanýardy. Ol köne bir oba baryp düşdi. Bu ýeriniň howasy salkyn. Adamlary zordan gününi dolaýar. Kimsi çatmalarda, käbirleri kiçiräk mata, panerdan edilen kümelerde, ekabyrraklary bolsa ulyrak jaýlarda ýaşaýardy. Professor bir otag jaýy kireýine tutup şol ýerde ýanyndaky getiren çemodanlaryndaky kitaplaryny açyşdyryp ylmy - gözleginiň üstünde işledi. Bir günem ol şähdini açmak üçin Hindistanyň obalaryna, daglaryna syýahat etmegi ýüregine düwdi. Bir iki sany hor-homsy hindini ýanyna aldy-da olara günlük hak töläp köne harabalykdaky Hindistan medeniýetine aralaşdy. Bu ýeriniň harabalygy Orta Asyrlardan galan harabalykdy. "Belkäm bu ýerini turkman soltany Mahmyt Gaznawy eýelän bolsa gerek" diýip Arkwraýt pikir etdi. Bu ýerde kiçeňiräk gazuw-agtaryş işlerini geçirdi. Ýöne gözleýän zady tapylmansoň, ol ýanyndaky iki sany hindi ýolagçylary bilen Harappa şäherine bardylar. Bu ýerde hem gözleg işlerini dowam etdirdi. Bu ýerde professor Nar miwesiniň Ametist daşyna öwrülýändigi hakyndaky mifologiýalaryň meňzeşligini Hindistan hudaýlarynyň biriniň kyssasynda eşitdi. Dogrusy şol meňzeşlik Hindi mifinde başgaçarak düşündirilipdir. Arkwraýt ilatdan eşiden gürrüňler esasynda Harappanyň harabalygynda ösüp oturan Nar agajynyň kökleriniň aşagynda gazuw işlerini geçirip gadymy bir diwar bölegini tapdy. Bu tapyndynyň ýüzünde Ametist daşynyň tiz öndürilişine degişli simwollar bellik edilip goýulypdyr. Bu simwollar professoryň okan Ezekiýel Pygamberiň Injilindäki metaforalaryna kakdyrylypdyr. Ýöne onuň manysy başgaça düşündirilen. Professor muny tapanyna begendi. Ýöne şol gün onuň üçin edil sähetsiz gün bolan ýaly boldy. Nirelerdir bir ýerlerde dogduk ýurdy Angliýada oňa sataşan gara geýnüwli, hyrsyz Mason Ložalary bu obada peýda bolýar. Olar Arkwraýty her ýerde gözläp ýördüler... Professor bu gün erbet ajygypdy. Ametist Injilini gujaklap çatma dolanyp gelýärkä, iki sany gara kastýum balakly, gözleri gara äýnekli äpet pyýadalary gördü-de bukuldy. Olar professoryň ýanyndaky iki sany hindini gyssap, soraga çekip otyrdylar. Hindiler professoryň harabalykdadygyny aýdan soňlar Professor harabalykdan derrew uzaklaşdy. Professor kireýine tutan öýüne barmady. Sebäbi ol ýer maşynda gideniňde bir günlük ýoldy. Ol ýerini gara geýnüwliler eýýäm eýeländirler diýip professor howsala düşdi. Professor başga bir oba sümüldi-de bir ýerlerden çatmajyk gurunyp şol ýerde müňýyllardan bäri çözülmän gelýän meseläni çözmäge girişdi. Ol Ezekiel pygamberiň bölüminiň açary bilen tiz proses formulasy barada täze maglumatlar tapýar. Mason Ložalarynyň elinde gulluk edýän Allegra şol wagt onuň oturan çatmasyna hiç zat bolmadyk ýaly parahat girdi. Allegra Professora ýakynlaşanda ýüzünde bir salym üýtgeşiklik ýüze çykdy. Bir wagtyň özünde ylma bolan höwesi ony ložalara goşulmaga mejbur eden bir adamdy. Ýöne indi, öz eden işleriniň adamzadyň erkinligine täsir edip biljekdigini göz öňünde tutanda, onuň içinde nägilelik uçguny peýda bolýardy. "Men näme üçin şu ýerde?" diýip, öz içinden pikir ýöredýärdi. Professor gara kastýum-balakly bu äpet jenaby göreninden imany uçdy. Ol kitaby goltugyna aldy-da çatmanyň arkasyna tarap dyzanaklap, çykmakçy boldy. Emma ýykyldy. Mason gullukçysy Allegra howsala düşen professoryň ýanyna usullyk bilen bardy-da onuň egninden galdyryp ýerinde oturtdy we soňra ol özüni tanyşdyrdy: - Meniň adym Allegra seni dünýä ýüzünde gözläp ýörüs, eger-de sen şu goltugyňdaky golýazmany bermeseň janyň howp astynda. Arkwraýt maňlaýyndan akýan derini ýeňi bilen süpürdi-de ol çalajadan ''Ýok'' diýýän ýaly edip kellesini ýaýkady. Allegra onuň bolup durşyny gördü-de ýene gürrüňe girişdi: - Saňa nälet bolsun, içi gara galmyşyň tentek professory, biz Dünýäni gizlin dolandyrýan Mason ložalaryndan, otuz üçünji derejeli masonlar. Biz her ýerde, her wagt islendik ýerde peýda bolýarys, al kakan. Seniň şol wagtky sosial mediýasyndaky beren habaryň, biziň ýarym ýolda düşünmän galan işimize badalga berdi düşünsene! Ametist daşy, ol ýönekeý bir hälki owadan daşjagaz däl-de ol hakykatdanam keramaty gizlin daş. Onuň üsti bilen biz adamyň beýnisine hasam ýakyndan kontrol edip bilýäris ahyry. Sen näme üçin bize özüňi öldürmäge mejbur etjek bolýaň... Diňle eger-de sen gözleg işiňi biziň bilen dowam etdirseň, siz biziň guramamyzda goşant goşanlaryň biri bolarsyň! Arkwraýt, ložanyň 2012-nji ýyldaky kyýamat senariýasyny we daşyň güýjüni ulanyp, dünýäni gözegçilik astyna almak isleýändigini aňşyrdy. Arkwraýt Allegranyň aýdanlary bilen razylaşanyndan soňra ol iş stolunda bir hepdäniň dowamynda tiz proses formulasy bilen bagly ähli sifrleri çözýär. Ol formula nary 1 aýyň içinde Ametist daşyna öwürmekde mümkinçilik gazanýar. Ložanyň meýilnamasy bolsa Ametist daşynyň güýji bilen dünýäni gözegçilik astyna almak we adamlary has ýakyndan dolandyrmak üçin kyýamat howpuny ulanyp, giňişleýin plan taýýarlygyna girişdi. Arkwraýt bu peýdasyz planyň diňe Ložalaryň güýçlenmegine kömek edýändigini we dünýä üçin howsala döretjekdigini bilýärdi. Bu gizlin formulanyň üsti açylanyndan soň Ložanyň adamlary professory tussag edip formulany ele alýarlar. Arkwraýt bolsa Injiliň içindäki açarlary we gizlin sifrleri ulanyp Masonlaryň planyny togtatmak üçin herekete geçýär. Mason işgäri Allegra Ložalaryň guramasynyň gadymy siwilizasiýa, meselem Anunnaki ýaly mistiki güýçlere degişlidigini görkezýän maglumatlar edinensoň Arkwraýt ložalaryň merkezine gizlin girip Ametist formulasy bilen Injili ýok edýär. Ložanyň planynyň amala aşmazlygy bolsa Illimunati jemgyýetiniň pyrryldygyny boşa çykarýar. Ýöne olara bu geň däl, olar başga ýollar bilenem başga-başga planlary amala aşyrýardylar... © Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |