01:47 Düýşleriň ogrusy / hekaýa | |
DÜÝŞLERIŇ OGRUSY
Mistika we fantastika
2055-nji ýyl. Gije. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň asmanynda ýyldyzlar şöhle saçýardy. Köçeler asudady, ýöne şäheriň ýagty çyralarynda henizem baýlygyň we güýjüň simwoly özüni beýan edýärdi. Bu şöhle saçýan dünýäniň bir bölegi bolan Arslan Garabaýew, daş-töweregindäki kaşaňlygyň, baýlygyň we syrlaryň eýesidi. Baýlygy we barlygy üçin her kimiň höwes edýän adamy bolsa-da, Arslanyň geçmişinde çuň garaňkylyk gizlenipdi. Ol syrlaryny gürrüň bermekden saklanypdy. Şol syrlar bolsa oňa güýç we erk-ygtyýar berdi. Emma bu syrlary bilmek isleýän biri bardy. Ol düýşleriň syrly koridorlaryndan geçip bilen ogrydy – Düýşleriň ogrysy. Bu ogry Arslanyň syrlaryny öwrenmek üçin onuň, düýşine girmegi planlaýardy. Düýşleriň ogrysy, düýş tolkunlaryny tutýan antennanyň kabelini kompýutere birikdirdi. Kompýuter ekranynda dürli düýş tolkun çeşmeleri göründi. Düýşleriň ogrusy kompýuteriň diňe Arslan Garabaýewden gelýän tolkunyny kabul eder ýaly, ondan gelýän çeşmäni belledi. Soňra pikir-düşünje we düýş tolkunlaryny iberiji antennanyň kabelinide kompýutere birikdirdi. Düýş ogrysy kellesine şlem geýdi we ony simsiz komýuter bilen baglady. Bu şlem arkaly ol Arslan Garabaýewiň düýşine girip bilýärdi. Düýşleriň ogrusy uka gitdi. Ol Arslanyň düýşine girmegi başardy. Emma düýş ogrysy bir çyrmaşyk labirintiň içindedi. Ol öň beýle düýşe gabat gelip görmändi. Düýşler ogrusy bu düýşiň içinden Arslany tapyp bilenokdy. Arslan oýanmaka ol bu labirintden çyksada uly gürrüň, ýöne ol muny başaranok. Näme etmeli? Derrew düşündi. «Gorag ulgamy». Bu hakda ol eşdipdidi, emma ynanmaýardy. Düýş ogrusy: «Dogrydanam düýşleriň gorag sistemasy döredilipdir» diýip pikirlendi. Beýle zada garaşmadyk düýşleriň ogrusy indiki ätjek ädimini pikirlendi. Ol bilýärdi, labirintden çykan ýagdaýyndada Arslanyň düýşine girip bilmezdi, gaýtam düýş dünýäsinden oýanýardy. Ol labirintden çykmak üçin dürli ýollary barlady. Ahyrynda bu labirintden çykdy we ukudan oýandy. Düýşleriň ogrusy günuzyn Arslanyň düýş dünýäsine nädip aşyp boljagy barada köp pikirlendi. Ikinji gije hem onuň düýş dünýäsine girmäge aralaşdy. Ol birnäçe gije synanşdy. Netije ýok. Näme etmeli? Arslanyň syrlaryny bilýän biriniň düýşine girmeli. Şeýle biri bardy. Arslanyň gyzy Leýla. Leýla Arslanyň ýalňyz gyzydy. Leýlanyň ejesi bolsa çagalygynda aradan çykypdy. Düýş ogrusy Leýla barada köp maglumat toplady. Bu gije indi ol Leýlaň düýşine girmelidi. Onuň düýşine girmek üçin hemmezat taýyndy. Düýş ogrusy Leýlanyň düýşine girdi. Leýla dostlary we joralary bilen kafede kofe içip dürli temalarda söhbetdeşlik edýärdiler. Düýş ogrusy bolsa olara seredip durdy. Düýşleriň ogrusy Leýlanyň daşyndan aýlanyp, onuň düýş dünýäsine aralaşdy. Emma Leýlanyň düýşünde Arslan hakda hiç hili maglumat tapyp bilmedi. Leýla düýşünde kakasy barada hiç hili maglumat paýlaşmady. Düýş ogrusy bu ýagdaýda näme etjegi hakynda pikir edip başlady. Bu meseläniň çözgüdi, belki-de, Leýlanyň aň astynda gizlenendir? Düýş ogrusy Leýlanyň aň astyna aralaşdy. Emma bu örän howply hereketdi. Aň asty aňa aralaşmak adamyň iň garaňky we gizlin syrlaryny aýan edip bilerdi. Bu ýagdaý Leýlaň psihikasyna hemişelik erbet täsir edip bilerdi. Emma düýş ogrusynyň Arslanyň syrlaryny öwrenmäge bolan höwesi onuň bu howplaryň ählisini äsgeremezligine sebäp bolupdy. Düýş ogrusy Leýlanyň aň astyna girmegi başardy. Ol şol ýerde Leýlanyň gorkusyna we gaýgy - aladalaryna duş geldi. Ýöne iň esasy zat, ol Arslan barada gürrüň edilýän käbir ýatlamalara duş gelmesidi. Hat-da Leýlanyň aň astyndaiky ujypsyz jikme-jiklikler hem düýş ogrysynyň ünsüni özüne çekdi. Leýlaň ýatlamalarynyň birinde Arslan syrly zat hakda gürrüň edýärdi. Bu obýekt Arslanyň güýjüniň açary ýalydy. Ýöne onuň nämedigine ýa-da nämä degişlidigi anyk belli däldi. Düýş ogrusy Leýliniň düýşünden oýanyp derrew bulary bellige aldy. Ol muny Arslanyň syrlaryny çözmekde möhüm açar bolup biler diýip pikir etdi. Indi bolsa ol bu syrly zadyň nämedigini bilmek we Arslanyň düýşüne girmek üçin şu bilimi ulanmaly. Ertesi gije düýş ogrysy Arslanyň düýşüne girdi. Onuň bu gezekki maksady has aýdyň boldy: Arslanyň syrly zadyny tapyp, syrlaryny açmak. Düýş ogrusy Arslany labirintiň bir künjeginde tapdy. Arslan syrly zady elinde saklap durdy. Düýş ogrysy o zadyň syryny çözmek üçin has ünsli seljermegi ýüregine düwdi. Arslan düýşünde galan wagtlary ol bu zadyň nämedigine we onuň nähili işleýändigine düşünmäge çalyşardy. Düýşleriň ogrusy Arslanyň düýşünde onuň bilen gürleşmegi ýüregine düwdi. Ol ilki Arslanyň ýanyna golaýlady, soňra ýuwaş-ýuwaşdan elini uzadyp, syrly zady görkezdi. Düýş ogrusy: «Bu näme, Arslan? Bu her bir adamyň arzuw edýän zadyna meňzeýär» Arslan elindäki zada seretdi-de, azgyrylyp, «Hawa» diýdi. «Bu bir açar. Ol köp gapylary açyp bilýär, ýöne dogry gapyny we dogry adamy tapmak gerekdir» diýdi. – Dogry gapy näme we dogry adam kim? Arslanyň ýylgyryp, «Dogry gapy – adamyň içki kuwwatyny, zehinini we potensialyny açýan gapydyr. Dogry adam bolsa şu gapyny açmaga ukyply adamdyr.» - Sen bu açary bilen zehin bolmasa gapyny açmaz diýýäň. Eger-de men gapyny açsam näme? Arslan bir salym dymdy-da: «Şu gapyny açyp bilýän sen bolan bolsaň, bu açaryň hemişe özüňe degişlidigine düşünerdiň» diýdi. Bu gepleşikden soň düýş ogrysy oýandy. Ol düýşünde gazanan maglumatlary we Arslanyň sözleri hakda pikirlenip başlady. Ol bu syrly açaryň syryny çözmek üçin köpräk maglumat gerekdigini bilýärdi. Ol ýene-de Arslanyň gyzy Leýlaň düýşine girmeli boldy. Megerem, ol Arslanyň syrlaryny has hem çözüp bilerdi. Ertesi gije düýş ogrusy Leýlaň düýşine girdi. Leýla düýşünde Aşgabatdyň köçeleriniň garşysynda aýnaly otagda oturanyny görýär. Düýş ogrusy Leýlanyň ýanynda oturdy-da, gürrüňe başlady. Düýş ogrusy: "Leýla, sen kakaň elindäki şol açar barada näme bilýärsiň?" Leýlanyň hyýalynda gysga wagt uçgun peýda bolýar. "Açar açar..." diýdi. «Kakam öň ol hakda gürrüň edýärdi. Zady açýan açar... emma nämüçin açanyn bilmän...» Düýş ogrysy: "Kakaň bu açar barada ýene näme diýeni ýadyňa düşýärmi?" Leýla oýlandy, soň baş atdy. "Ol diňe ... açaryň güýçli zatdygyny aýdyp, durmuşy üýtgedip biljek bir zatdygny gürrüň beripdi" Bu maglumatlar bilen düýş ogrusy Arslanyň düýşine gaýdyp geldi. Bu gezek Arslanyň elinden açary almak isledi. Düýş ogrusy: "Arslan, açary maňa berip bilermiň? Belki, munuň bilen nämeler edip biljekdigme göz ýetirerin." Arslan düýş ogrysyna açary uzatdy: «Belki, bu açara sen eýe bolmalysyň. Ýöne ýadyňdan çykarma, her bir güýç uly jogapkärçiligi öz üstüne alýandyr» Düýş ogry açary alyp, Aşgabadyň köçelerinde ýitirim boldy. Arslanyň düýşünden oýanyp, açarynyň hakyky dünýäde nämäni aňladýandygyny öwrenmäge sabyrlsyzlanýardy. Hakyky dünýäde düýş ogrusy açaryň manysyny öwrenmek üçin Arsalan bilen duşuşdy. Belki-de, bu işde diňe Arslanyň syrlaryny däl, eýsem içindäki potensialy hem açyp biler. Düýş ogrusy hakyky dünýädäki Arslanyň açaryny barlady. Ol haýsydyr bir döwrebap tehnologiýa, energiýady. Ol diňe bir energiýa däl-de, eýsem, adamyň ynsabynyň labirintlerinden geçip dogry ýoly tapjak kompasyň hem çeşmesidi. Bu açar düýşleriň diňe bir illýuziýa bolman, eýsem olaryň içindäki potensialy hakyky dünýäde netijeli ulanyp bolýandygyny görkezýärdi. Düýşleriň ogrusy bu oýlap tapyşyň güýjüni diňebir Aşgabadyň, eýsem bütin Türkmenistan halkynyň hyzmatyna goýmagy ýüregine düwdi. Ol bu tehnologiýany ulanyp, halkyň arzuw-hyýallaryny hakykata öwrüp, olara umyt we ylham berip başlady. Munuň kömegi bilen, birwagtlar adamlaryň düýşlerine giren ogry bolan bu adam indi ýolbaşçy we innowator boldy. Arslanyň açary onuň üçin diňe bir syryň gapysyny açmak bilen çäklenmän, eýsem onuň ynsabynyň hem gapysyny açdy. Şeýlelikde düýş ogrusynyň hekaýasy düýş ogrusy bolmakdan, olary hakykata öwüren gahryman bolmagy bilen tamamlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |