17:51 Kappadokiýa: Adam we Howa / postapokaliptik hekaýa | |
KAPPADOKIÝA: ADAM WE HOWA
Mistika we fantastika
BS Conspiracy Universe Bellik: Bu hekaýa "Plazma Kyýamaty" atly hekaýanyň logiki dowamydyr. Täze eýýam. 1-nji ýyl. Birinji aýyň birinji güni. Ýekşenbe. Asmanda Güneşiň iki ýüzi görünýär. Gorkunç. Ilkidurmuş adamlary gowakdan çykdy. Olaryň ýolbaşçylary Adam we Howa. Proffessor Adam Senders weýran bolan ýer ýüzine, soňra asmana bakdy. Asmanyň ýaralary bitipdi. Emma ýer ýüzi barada muny aýtmak kyndy. Ol äýnegini gözünden aýyrdy we süpürdi. Soňra ýene gözlerine dakdy. Ol şägirdi Jeke bakdy: — Jek, asmana seret, güne. Güneşe. Bu Ýanus gadymy grekleriň ikiýüzli güneş hudaýy. Onuň bir ýüzi oňki weýran bolan eýýamymyza, bäşinji eýýama bakýar. Beýleki ýüzi bolsa indi gurjak täze eýýamymyza bakýar... — Professor, ýer ýüzünde milliardlarça adam heläk boldy. Emma siziň öňdengörüjiligiňiz we ajaýyp planyňyz netijesinde iki müňe golaý adam diri galdy. — Ýok. Bizden başga diri galanlar bar... — Hawa. Olar barada bilýärin. Olar biz barada bilenok. Esasysy, olar häzir niredekä? — Gynansak-da olar biz barada bilýärler. — O nähili biz barada bilýärler? — Olarda uzak aralykly zehin okamak we düýşe girip bilmegi başarýan enjamlary bar eken. Olar biziň bilen "Hudaýhudaý" ýa-da "Taňry we gullary" oýnuny oýnamak isleýärler. Olaryň lideri kyýamat gopmanka meniň düýşüme girdi. Olar häzir Kappadokiýada. Olar meni, aýalym Ýewany we seni çagyrýar. — Biz Kappadokiýa nädip baryp bileris? — Plazma heläkçiligi gopmanka men ýörite uçar we uçarman hem gizlemegi başardym. Biz uçarda Kappadokiýa gideris. Olar gowakdan uçary alyp çykdylar. Jenap Senders, Aýaly Ýewa, şägirdi Jek we uçarman uçara mündiler. Yzlarynda bolsa professor Adam dostlaryndan birini diri galanlara göz-gulak bolmak üçin ýolbaşçy hökmünde saýlady. Birnäçe sagatlyk uçuşdan soň olar Kappadokiýa ýetip geldiler. Olary "özlerini Hudaý saýýanlar jemgyýeti" garşy aldy. Olaryň özlerini tanadyş ady "Ashab ul Nur (Yşygyň eýeleri)"-di. Aslynda bolsa olar "Ashab al Zulam (Garaňkylyk eýeleri)"-di. Liderleri bolsa ýeke gözli "Beýik aldawçy"-dy. Ol özüni hudaý hasaplaýardy. Ol: — Jennete hoş geldiňiz! Adam ata we How ene... - diýip, biraz sägindi. Jeke seretdi. — Sen kim bolýaň ýigdekçe? Abylmy ýa-da Kabyl? Jek özüniň üstünden gülünýänine çydam edenokdy: — Jenap, siz özüňizi Hudaý hasaplaýaňyzmy? Siz Hudaý däl. Men bolsa Abyl ýa Kabyl däl. — Düşündim. Diýmek sen Şis. Abylyň ornuna dogulan çaga. Jek onuň bu degişmesine gaharlandy. Professir Senders: — Bagyşlan jenap, bu meniň oglum däl... — Bilýän. Ol seniň şägirdiň Jek. Hany ähliňiz yzyma düşüň. Olar onuň yzyna düşdiler. Olar ýerastyna düşdiler we bir otaga geldiler. Otagda onlarça adam bardy. Lider myhmanlary naharlar we käbir näz-nygmatlar hödür etdi. Olar tegelek stoluň başynda jemlendiler. Lider söze başlady. — Biz "Illýuminati" jemgyýetiniň agzalary men bolsa onuň lideri Lýusiýus Lýumen. Biz ýerasty gizlin jemgyýeti. Plazma heläkçiligi barada biz ata-babalarmyzdan galan gizlin syrlar arkaly habardardyrys. Biz Plazma heläkçiliginden öň Türkiýe Respublikasyndan Kappadokiýany satyn aldyk we şu ýerde saklandyk. Size täze medeniýet gurmak üçin ähli zerur zatlary biz goradyk. Biz ýene-de ýer ýüzüne Hudaýlyk ederis. Siziň nesliňizden liderler, alymlar, filosoflar we ýazyjy şahyrlar çykararys. Olar altynjy eýýama hyzmat ederler. Emma, biziň jemgyýetimiz hemişeki ýaly gizlinlikde dünýäni dolandyrar. Biz bu dünýäniň Hudaýlary. Biz ýörite seni seçdik Adam. Seniň aýalyň ady Ýewa, ýagny How ene. Biz älem jahana restart berdik. Ählisini başdan başlarsyňyz. Men size jennetimden bir agajyň miwesini iýmegi gadagan ederin. Siz bolsa ony iýersiňiz. Taryh gaýtalanýar. Lýusiýus sözüni tamamlady. Hemme bir birbirine seretdi. Sendersiň aýaly Ýewa üns çekmek üçin biraz üsgüren boldy we söze başlady: — Jenap Lýumen, gürrüňleriňiz we beren maglumatyňyz üçin köp sag boluň. Emma biz öňki dünýäni gaýtadan ýaşanymyzdan täzeçilik we reforma girizsek, adamlaryň jemgyýetlere we toplumlara bölünmän agzybir hereket edip has aýdyň çagy döretmeklerini gazanmagymyz dogry dälmi? Adam Senders aýaly Ýewany goldady. — Pikirimçe Ýewa dogry aýdýar. Täze başlangyçlar öňki dünýäniň ýalňyşlyklaryny gaýtalamaly däldir. Adamzat demokratik taýdan öňe ädimlemeli. Biziň erk eradamyz bolmaly. Öz ýazgydymyzy özümiz ýazmaly. Lýusiýus Lýumen olara üns bilen seretdi. Soňra takal okamaga girişdi. — Adamzat, hemişe akmak boldy, akmak ýaşady we mundan soňrada akmak ýaşar. Öňki ýalňyşlyklardan netije çykarmaz. Gaýta-gaýta şol ýalňyşy eder. Indi altynjy gezegem şol ýalňyşy etmegiň öňüsyrasyndasyňyz. Siz ýene-de gadagan edilen miwäni iýersiňiz. Jekiň kalbynda gozgalaň duýgusy oýandy we ol duýgy beýnisine baryp ýetdi. Soňra dili bilen sözlemäge başlady: — Seniň şol ýasama jennetiňdäki gadagan edilen miwe näme, Lýusius? Azatlykmy, erkinlikmi ýa-da ylym we bilimmi? Ýa bolmasa düşünmek ukybymy? Lýumen Jeke sowuk nazar bilen jogaplady: — Gadagan edilen miwe – Bu güýç gudrat, Hudaýlaşmak, kontrol. Ýagşy we ýamany saýgarmak. Sen Töwratyň Gelip çykyş bölümini okamadyňmy? Ýewa onuň sözüni böldi: — Emma bilim we erkinliksiz biriniň guly bolmak dogrumy? Geçmiş ýalňyşlyklarymyzdan sapak almak we olary düzeltmek üçin jemlenmedikmi? Otagda dymyşlyk döredi. “Illýuminati” agzalary birek-birege rahatsyzlyk bilen seretdiler. Adam Senders sessizligi böldi. — Jenap Lýumen, bizi bagyşlaň. Emma biz geçmişiň ýalňyşlyklaryny gaýtalaýan geljege razy däldiris. Öňki dünýämiz adamlaryň başgalara gözegçilik etmegi we beýlekileri güýçden we bilimden mahrum etmekligi netijesinde weýran boldy. Gaýtadan gurmaly bolsak, gizlinlik we kontrolyň binýadynda bolmaly däldir. Lýusiýus ornundan turdy. — Bu ýerde karary diňeje men berýärin, siz däl. Garaňkylykda medeniýetiň yşygyny goran bizdiris. Olaryň söhbetini diňleýän illýuminati agzalary özara pyşyrdaşýardy. Käbiri Lýumeniň tarapynda bolsa, beýlekileri Sendersiň sözlerini makul görýärdi. Birdenem ýer yranmaga başlandy, otagdaky zatlar hereketlendi. Otagyň içini tozan gaplady. Netijede ýüze çykan bulam-bujarlykda bir ses eşdildi, ol ses uly gadymy konsolyň gapdalynda duran ýaş Illýuminati agzasyna degişlidi. — Howpsuzlyk ulgamy bozuldy! Lýusiýus derrew başyny konsola öwürdi. — Bize hüjüm edýälermi? Bu mümkin däl! Ýerleşýän ýerimiz gizlin, goragymyzy geçip bolmaýar. — Ýöne jenap, kompýuter maglumatlary ýalan sözlemeýär. Kimdir biri ýa-da bir zat bizi tapdy. Toparyň dinamikasy birden ideologiki çaknyşykdan üýtgäp, näbelli howplara garşy bitewi front döretdi. Ümsüm şertnama baglaşyldy; Adamzadyň geljegi baradaky jedel, ýüze çykan näbelli howp çözülýänçä yza süýşürildi. Hüjüm edijiler bilen ýüzleşmäge taýýarlyk görülýärkä Jek, konsolyň ekranynda Illýuminatiniň ezoteriki nyşanlaryna gabat gelmeýän başga bir nyşany gördi. Bu illýuminatiniň howpsuzlyk sistemasyny bozup giren hüjüm edijileriň nyşanydy. Hilal şekilinde täze aýyň nyşany... Soňy. © Baýramgylyç SAPARGYLYJOW | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||