23:18 Lunaria / ylmy-fantastiki hekaýa | |
LUNARIA
Mistika we fantastika
Geljekde, 3060-njy ýylda "Galaktiki barlaglar institutynyň" geografiýa bölüminiň talyplary we professorymyz bilen planetalararasy tejribe üçin Lunaria atly tokaý we daglyklardan ybarat bir planeta hemrasyna syýahata gitdik. Bu hemranyň atmosferasy adamlaryň dem almagy üçin ýörite enjam talap edýärdi. Bu enjam deriniň aşagyndaky nano-implantlaryň kömegi bilen bedende kislorod öndürýärdi. Bir gün barlaglar we tejribeler dynansoň, ähli talyplar dartyş güýji pes bolan bu planeta hemrasynda bir birleri bilen suw sepişip hezil edýärdiler, dartyş güýjüniň pes bolmasy ýagdaýy juda ajaýyp görkezýärdi. Men olara goşulmandym, gapdalda olary synlaýardym. Atmosfera analizatorymy barlaýardym, birdenem arkama suw degdi, eşigim öl boldy. Arkama öwrülenimde Lissandra atly bir gyz talyp kursdaşymyň mawy gözleri bilen maňa ýylgyrýandygyny gördüm. - Gel, sen hem bize goşul. Suw sepişeli - diýdi. - Bu näme etdigiň boldy? Bu enjam suwa çydamly däl ahyry - diýip atmosfera analizatirymy görkezdim. - Ünsli bol! diýdimde gaharlandym. Onuň gözlerindäki ýylgyryş ýitirim boldy. - Bagyşla. Men üns bermändirin - diýdi gaýgyly şekilde. Gije düşdi, talyp dostlarymyz bilen birlikde planetanyň ýerli ösümligi bolan zifirýumy gowuryp barbekýu edýärdik. Her kim başdan geçirenleri hakda gürrüň berýärdi. Bir dostum: "Bu syýahatda köp zat öwrendik, hemmäňize sag boluň, bu ýatdan çykamajak syýahatym boldy" diýdi. Gezek maňa geldi, uludan dem aldym we ähli talyp dostlaryma ýüzlendim. "Bu syýahatda ylmy we şahsy taýdan köp zat öwrendik. Kiçijik bir hemranyň biologik köpdürlüligni barlag etdik. Bu ýeriň geografiýasyny karta geçirdik. Bu tejribäni hemmäňiz bilen paýlaşmak, hakykatdanam aýratyn we ýatdan çykmajak zatdy. Ýöne bu gün Lissandra gereksiz garşylyk etdim." Içindäki sözleri okamaga synanşyp, gözümi Lissandra öwürdim. "Lissandra, bu planetanyň gözelligini seniň bilen öwrenmek ajaýyp we şu gün eden garşylygym üçin hakykatdanam gaty gynanýaryn. Meni bagyşlarsyňyz diýip umyt edýärin." Lissandranyň gözlerinde mähirli ýylylyk bilen maňa ýylgyrandygyny gördüm. Aýdanlarymdan soň, talyp dostlarymyň hemmesi maňa geň galyp seretdiler. Bir salym dymyşlykdan soň bir dostumyzyň sesi eşidildi: "Biziň hemmämiz bu hemranyň täsiri astynda işleýäris. Ýalňyşlyk goýberip bileris, iň esasy zat olardan netije çykarmak". Başga bir dostum: "Bilim diňe bir daşarky dünýä düşünmek bilen çäklenmän, eýsem içki dünýämize we biri-birimiz bilen gatnaşyklarymyza düşünmekden ybarat" diýdi. "Ötünç soramak mertlikdir" Lissandranyň gapdalynda oturan, has ýakyn jorasy: "Bilelikde işleşmek bilen, bu ýeriň hödürleýän kynçylyklaryny ýeňip geçdik" -diýdi. "Biri-birimize goldaw berip has güýçlendik" "Ötünç kabul edildi" diýip, Lissandra ýylgyrdy. Şol gije Lissandra bilen ýyldyzlary synlaýarkak, biomonitor bilen onuň ýürek urşuny synladym. Ýürek urmasynyň ritmi bu planeta hemrasynyň ýakymly sazyna laýyk gelýärdi Lissandranyň gözlerine seredenimde, onuň bilen meniň arasynda aýratyn baglanyşyk duýdum. Wagtyň geçmegi bilen Lissandra bilen ikimiziň arasyndaky baglanyşyk hasam güýçlendi. Ol meniň alys planetanyň hemrasy Lunariada duşan söýgim. Men özüme şu sowaly berýän. Näme üçin oňa öň duşmadym? © Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||