13:08 Aşgabadyň biotehnologik çagy / ylmy-fantastiki hekaýa | |
AŞGABADYŇ BIOTEHNOLOGIK ÇAGY
Mistika we fantastika
2123-nji ýyl. 25-nji awgust. sagat 22:00 (GMT+5) Aşgabat, gijelerine çyralarynyň aşagynda şöhle saçýardy. Şäher genetiki inženerçiligiň we biotehnologiýanyň merkezine öwrülen metropol derejesine ýetipdi. Ine bu bina bolsa, geljekde adamzadyň DNK-syny, genetiki taýdan kämilleşdirilen ösümlikleriň we haýwanlaryň genomyny üýtgetmek ukyby bolan laboratoriýa. Emma bu ýagty we geljegi uly labaratoriýanyň içinde garaňky syrlar gizlenýärdi. Aýna genetiki inženerçilik ugrundaky üstünlikli ýaş gözlegçidir, şäherdäki iň abraýly barlaghanalaryň birinde adam genini kämilleşdirmäge we adam ömrüni uzaltmaga gönükdirilen taslama boýunça işleýärdi. Şeýle-de bolsa, Aýna bu zatlaryň görünişi ýaly bigünä we ýönekeý däldigine düşünýärdi. CRISPRCas9 we sintetiki biologiýanyň çäklerini öňe sürýän bu taslama garaşylmadyk we gözegçiliksiz netijeleri berýärdi. Günleriň birinde laboratoriýanyň steril diwarlarynyň içinde Aýna taslamadaky anomaliýalary görýär. Genetiki üýtgeşmeler maksatly genlere täsir etmegiň ýerine geniň beýleki sebitlerini üýtgedýär we islenmeýän, gorkunç mutasiýa döredýär. Bu mutasiýa adamlaryň fiziologiýasyny we özüni alyp barşyny düýpgöter üýtgedýärdi. Aýna, bu üýtgeşmeleriň adamzat üçin howply, belki weýrançylykly bolup biljekdigine düşünýärdi. Aýna bu möhüm maglumatlary ýolbaşçylaryna habar berdi, ýöne olar bu meselä göz ýumdylar. Aýna derrew taslamadan aýrylýar. Emma ol hakykaty äşgär etmegi ýüregine düwdi. Gizlin we özbaşdak derňewlere başlady. Bu gorkunç taslamanyň arkasynda professor Seýidow atly biri bardy. Aýna, Seýidowyň garaňky meýilnamalaryny we biotehnologiýanyň hakyky, gorkunç potensialynyň üstüni açdy... Gijäniň sowuk şemaly Aýnanyň ýaňagyna urýardy. Çalt hereket edip, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar Uniwersitetiniň professory Ilhanowuň öýüne tarap ugrady. Ilhanowyň ýaşaýan ýaşaýyş jaý toplumy takmynan ýarym sagat uzaklykdady. Asman ýyldyzlardan doly, ýöne bu gözellik Aýnanyň gorkusy bilen örtülüpdi. Aýna Ilhanowyň öýüne geldi we gapynyň jaňyny çaldy. Gapy açyldy, professor Ilhanow oňa alada bilen seretdi. - Aýna? Gijäň wagty şu sagatda? Hemme zat gowumy? - Ýok professor, hiç zat gowy däl. Girip bilerinmi? Gepleşmek üçin gaty möhüm bir zadymyz bar. Ilhanow Aýnany derrew içeri aldy, soňra gapyny ýapdy. Ilhanowuň iş otagyna girýärler we Aýna näme bolandygyny we Seýidowyň meýilnamalaryny jikme-jik düşündirýär. - Aýna, bu gaty çynlakaý mesele. Eger bu hakykat bolsa, Seýidowyň meýilnamalaryny bes etmeli. Derrew hökümet işgärlerine ýüz tutmaly. - Hawa, ýöne nädip? Seýidowyň hemme ýerde gözleri bar we telefonym yzarlanylýan bolmagy mümkin. - Meniň bir dostum bar, ol hökümetde ýokary wezipede işleýär. Biz oňa ynanyp bileris. Ýöne onuň bilen duşuşmak üçin birneme wagt gerek. Aýna bilen professor Ilhanow çalt meýilnama düzýärler. Resminamalary we suratlary Aýnanyň telefonyndan arkaýyn geçirmeli we Seýidowyň güýçlerinden gaçmaly. Ilhanowyň dosty, ýokary derejeli hökümet işgäridi, Seýidowyň täsir çäginden daşda we bu ele salnan maglumatlar bilen hökümeti herekete getirip bilerdi. Umyt bar bolsa-da, Seýidowyň kölegeleri olary hemişe synlaýardy. Indi Aýna we professor Ilhanow wagt bilen bäsleşmeli we Seýidowyň howply meýilnamalaryny duruzmak üçin birleşmelidi... Aýna bilen professor Ilhanow Seýidowyň adamlaryndan gaça durup, garaňky köçelerden çalt geçdiler. Sessiz bir köçede köne maşyn garaşýardy, bu Ilhanowyň dosty tarapyndan üpjün edilipdi. Aýna: - Bu ulag bilen gitmelimi? Köp adamyň ünsüni özüne çeker? Ilhanow: - Ýok, tersine, bu ünsi özüne çekmez. Seýidowyň adamlary ýokary tehnologiýaly ulag gözlärler. Aşgabatdan çykyp, çölüň garaňky ýollaryna tarap ugraýarlar. Islendik pursatda tutulmagyndan gorkup, ýolda dowam edýärkäler, çölüň ümsümligi her tarapy gurşap alypdy. Gözleri yzygiderli yzky aýnada bolup, yzarlanýandyklaryny barlaýardylar. Ilhanow: - Bu ýolda dowam ederis we dostumyň howpsuz öýüne bararys. Şol ýerden maglumatlary hökümete ýetireris. Maşyn çölüň tozanly ýollaryndan geçip barýarka, birden yzky faralaryň yşygy arkadan çalt gelýän ulagy görkezdi. Aýna: - Bizi yzarlaýarlar! Ilhanow: - Has çalt sürmesem bolanok! Maşyn çöl ýolunyň ugry bilen uçup baryardy, gahrymanlarymyzyň damarlaryndan adrenalin geçýärdi. Yzarlaýanlar ýakynlaşanda, Ilhanow ruly çepe we saga öwürýär we zigzag şekilde öňe hereket edýär. Ilhanow: - Birazdan uly öwrüm çykar. Ol ýerden çalt geçip bilsek, bizi yzarlap bilmezler diýip umyt edýärin! Maşyn ýiti öwrüm edýär we gaýaly ýoldan gidýär. Yzarlaýjylar olary sypdyrýarlar we ýalňyş ýolda dowam edýärler. Aýna bile Ilhanow demini dürsediler, özlerini birneme howpsuz duýup başladylar. - Olar örän ýakyn geldiler, professor. Şeýle ýagdaýy indi asla başdan geçirmeris diýip umyt edýärin. - Hawa, ýöne entek biz doly howpsuz däl, Aýna. Seýidow islendik wagt islendik ýerde bolup biler. Dostumyň öýüne tiz ýetmeli. Maşyn gijäniň dowamynda garaňky ýollardan geçýär, ýöne ýuwaş-ýuwaşdan gün gorizontda peýda bolup, umyt uçgunlaryny getirýär. Seýidowyň kölegesi olaryň arkasynda galsa-da, Aýna bilen professor Ilhanowuň, erbetliklere garşy agyr göreşi dowam edýärdi. Gahrymanlarymyz gijäni howpsuz gaçybatalgada geçirdi. Dostlaryna sag bolsun aýdylar, biraz wagt ýeňil dem aldylar. Emma entek gerekli maglumaty doly ýetirip bilmändiler we Seýidow henizem olary yzarlayardy. Irden kiçiräk laboratoriýa gurnap, Seýidowyň genetiki meýilnamalarynyň üstüni açmaga we ony nädip saklamalydygyna düşünmäge synanyşýardylar. Aýna mikroskop astynda DNK nusgasyny barlaýar. - CRISPR tehnologiýasy bilen edilen üýtgeşmeler... Seýidow ynsan genomyny üýtgedip adamlary özüne boýun egdirjek biologiki ýarag ýasapdyr! Ilhanow: - Aýna, muňa garşy näme edip bileris? Adatça CRISPR tehnologiýasyny aňsatlyk bilen yzyna öwrüp bolmaz. Aýna: - Hawa, ýöne belki genetiki redaktirlemegi zyýansyzlandyrýan genetiki bufer antidot döredip bileris ... Gahrymanlarymyz birnäçe sagatlap laboratoriýada işleýärler we ahyrynda geljegi uly antidot döredýärler. Şeýle-de bolsa, gaçybatalganyň gapysy birden açyldy we Seýidowyň adamlary içeri girdiler. - Aýna, antidoty al we gaç! - Ýöne siz? - Olary özüm güýmärim, sen bolsa gaç! Aýna antidoty alyp, yzky gapydan gaçýar, ýöne Seýidow oňa bu gapyda garaşýardy. - Aýna bu işleriňi bes et, men seni saklamaryn, ýöne senem meni saklap bilmersiň! - Ýalňyşýarsyňyz, jenap Seýidow! Adamzat siziň synaglaryňyza sezewar bolmaz! Aýna antidoty döwüp howa atyar. Antidot howada eräp, Seýidowyň genetiki manipulirlenen adamlaryny zyýansyzlandyrdy. Seýidow yza çekildi, sarsdy, meýilnamasy puja çykdy. Gahrymanlarymyz gaty ýadapdy, olar Seýidowy hökümetiň howpsuzlyk güýçlerine tabşyrdylar. Olaryň edermenligi sebäpli Seýidowyň garaňky meýilnamalary togtadyldy we adamzat genetiki manipulýasiýa howplaryna garşy taýýarlykly boldy. Gahrymanlarymyz adam geniniň syrlaryna düşünmäge we genetiki tehnologiýanyň güýjüni dogry ulanmaga dowam edýärler... Gahrymanlarymyz Aýna bilen professor Ilhanow Seýidowy howpsuzlyk güýçlerine tabşyrandan soň, hökümet işgärleri bilen habarlaşýarlar. Bu wakadan soň hökümet genetiki manipulýasiýa üçin has berk düzgünleri we gözegçilikleri girizmek kararyna geldi. Seýidowyň laboratoriýasy hökümet tarapyndan ele alyndy we ähli gözlegler hökümetiň howandarlygynda geçirilýän boldy. Bir hepde soň Aýna bilen professor lhanow hökümet binasyndaky ýokary wezipeli adamyň ofisine çagyryldy. - Siziň edermenligiňiz we bu möhüm maglumatlary öz wagtynda getirendigiňiz üçin minnetdardyrys. Seýidowyň hereketleri bioehnologiýanyň ýalňyş ellerde uly betbagtçylyga öwrülip biljekdigini görkezýär. - Hawa, jenap. Bu waka genetiki inženerçiligiň we CRISPR tehnologiýasynyň etiki we howpsuzlyk çäklerine täzeden baha bermelidigimizi görkezýär. - Elbetde Aýna. Professor Ilhanow, bu işde Aýnany nädip goldaýandygyňyz haýran galdyryjy. - Sag boluň, gadyrly hökümet resmisi. Şeýle-de bolsa, bu diňe meniň ýa-da Aýnanyň ýeňşi däl, bu tutuş adamzadyň ýeňşi. Döwlet işgärleri Aýna we professor Ilhanowa minnetdarlyk bildirip genetiki inženerçilik pudagynda has köp gözegçilik we ahlak kadalaryny döretmekde dogry ýol görkezmeklerini sorady. Gahrymanlarymyz Seýidowyň laboratoriýasynda geçirilen gözlegleri barlaýarlar we hökümete geljekde biotehnologiýa we genetiki inženenerçilikde nähili hereket etmelidigi barada maslahat berýärler Bu işde hökümet genetiki inženerçilik baradaky kanunlary güýçlendirýär we etika komitetini döredýär. Aýna bilen Ilhanow hökümete genetiki inženerçilik ugry boýunça maslahat bermegi dowam etdirýärler we Seýidowyň işinden alnan sapaklar bilen genetiki tehnologiýanyň geljegini has ygtybarly we ahlak taýdan ösdürmäge goşant goşýarlar. Wakalaryň yz ýany hökümetiň çalt we täsirli gatyşmagy netijesinde jemgyýetiň umumy parahatçylygy we howpsuzlygy gaýtadan dikeldildi. Hökümet bu waka düýpli göz aýlady we genetiki inženerçilik pudagynda täze, berk kanunlary girizdi. Bu täze kanunlar biotehnologiki gözlegleriň diňe ahlak we howpsuz çäklerde geçirilmegini üpjün etdi. Aýna bilen professor Ilhanowuň ýolbaşçylygynda hökümet genetiki gözlegler üçin etiki gözegçilik geňeşini hem döretdi. Bu geňeş genetiki inženerçilik taslamalaryna ýakyndan gözegçilik eder, etiki amallary we töwekgelçilikleri öňünden kesgitlär we öňüni alar, şeýlelik bilen şuňa meňzeş wakalaryň gaýtalanmazlygyny üpjün eder. Bu etapda resmi Aşgabat we türkmen hökümeti diňe bir ýurtda parahatçylygy we howpsuzlygy däl, eýsem biotehnologiýa we genetiki inženerçilik ugrundaky global liderligini hem güýçlendirdi. Hökümetiň bu işjeň we jogapkärli garaýşy bütin dünýäde öwüldi we beýleki ýurtlar hem şuňa meňzeş çäreleri görmek üçin gerekli kararlar kabul etdiler. Aýna bilen professor Ilhanow täze gözleglerini dowam etdirýärkä, elmydama hökümetiň berýän goldawyny duýýardylar. Seýidowyň döreden başagaýlygyndan alnan sapaklaryň netijesinde alymlar we hökümet işgärleri genetiki tehnologiýanyň adamzat üçin howpsuz we durnukly ulanylyp bilinjekdigi barada bilelikde işlediler. Laboratoriýada işleýärkä, Aýna täze eýýamyň başlandygyny duýýardy. Bu döwür, hemmeler üçin has gowy geljegi gurmak üçin genetiki tehnologiýalary ahlak we jogapkärçilik bilen bilelikde ulanjak döwür bolar. Bu täze döwürde hökümetiň ýolbaşçylygy we goldawy geljegiň has ýagty, has ygtybarly we adalatly bolmagyny üpjün eder. Bu hakyky täzeden döreýiş döwri bolar! © Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. 27.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||