14:32 Ölüm pursady / hekaýa | |
ÖLÜM PURSADY
Mistika we fantastika
Begli we Merjen durmuşynda täze bir sahypa açmak üçin kiçijik bir şäherçä göçüp geldiler. Emma olar bu sahypa nämeleriň ýazyljagyndan habarsyzdylar. Göçüp gelen ilkinji günlerinde Begli öýüň içinde geň we täsin pyşyrdylary eşidip başlady. "Ahyry geldi.." -diýen pyşyrdy sesleri. Bu seslere Begli känbir üns bermedi, hamala onuň göwnünedi. Günleriň birinde Merjen azyk dükanyna gitmek üçin öýünden çykdy. Begli diwanda oturdy we telewizora tomaşa edip başlady. Çuňňur rahatlyk ýagdaýyna gelende, Merjen gaýdyp gelipdi we ýuwaşlyk bilen Begliniň ýaňagyndan öpüpdi. Gözüni açanda Merjeniň ýylgyrýan ýüzüni gördi. - Gaty çalt dolandyňla.. - diýip, Begli ýylgyrdy. Emma şol pursatda Merjeniň sesi aşakgy gatdan duýuldy: "Ezizim, men dükandan geldim!" Gorkudan Begliniň ýüzi çuw-ak boldy. Ýanyndaky bu aýal Merjen däldi. Gorkudan gözleri ulaldy we ýuwaşdan ýüzüni öwürdi. Onuň öňünde Merjeniň ýüzüne meňzeýän, ýöne gözleri garalan gorkunç jandar bardy. Jandar birden bugaryp, zym-zyýat boldy. Pikirlendi: "Bu nämedi? Düýş, galýusinasiýa?" Begliniň ýüregi güýçli urýardy, ol aýalynyň ýanyna bardy. Näme bolandygyny oňa aýtdy, ýöne Merjen muňa ynanmady. Merjen aladaly ýagdaýda: "Belki, gaty ýadansyň, dynç al" -diýdi. Birnäçe günden soň Begli şäherçäniň köne kitaphanasyna gitdi. Içerde adam juda köpdi. Emma bir salymdan soň ähli adamlar ýitirim boldy. Begli töweregine göz aýlady, hiç kim ýokdy. Ol gorky bilen aýna seretdi. Aýnadaky şekili oňa däl-de, arkasyna seredýärdi. Begli uludan demini aldy we ýuwaşjadan yza çekildi. Aýnadaky şekili oňa bakdy we gorkunç jandara öwrüldi. Jandar aýnadan çykyp, Beglä tarap okduryldy. Begli bar güýji bilen ol jandara ýumruk berdi, jandar ýere ýykyldy. Pursatdan peýdalanyp gaçdy we bir pena ýerde gizlendi. Gizlenen ýerinde köne tozanly kitap tapdy. Kitabyň sahypalaryny dörüşdirdi, birnäçe adamyň doglan we ölen senesi we ýeri bellik edilipdi. Öz adyny tapanda gözleri doňdy. Ölüm ýeri bu kitaphanany, ölüm senesi bolsa şu güni sagat 16:00-y görkezýärdi. Sagada seredip, sagat 14:30 bolandygyny gördi. Bary-ýogy bir ýarym sagat wagty galypdy. Kitaphanadan çykyş gapysyny gözleýärkä, Begli garaňky otaga geldi. Otag juda garaňkydy. Begli içeri girende, gapy onuň arkasyndan ýapyldy. Garaňkylykda jandaryň gülki sesleri eşidildi. Garaňkylykdaky ses: "Wagtyň geldi, Begli" -diýdi. Begli garaňkylykda çabalanyp "bu bir ýönekeý elhenç düýş!" diýip pikir etdi. Ýöne bu düýş däldi. Garaňkylykda gülki sesleri ýaňlanýardy we bu, tä kyýamat gopýança ýaňlanmalydy... © Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||