12:16 Şahyr / hekaýa | |
GERMAN GESSE 1877-nji ýylyň 2-nji iýulynda Germaniýanyň Baden-Wýurtemberg diýen ýerinde, Kalf şäherjiginde dünýä indi. 1912-nji ýylda Şweýsariýa göçüp bardy. Şonuň üçin ony gelip çykyşy boýunça, adatça, nemes-şweýsar ýazyjysy hasap edýärler. Ýazyjynyň romanlarynyň süňňünden adamyň öz-özüni kämilleşdirmäge we wagşyýana başlangyçly duýgulardan belende göterilmäge ymtylyşy eriş-argaç bolup geçýär. Iň meşhur romanlary “Peter Kamensind” we “Sähra möjegi” hasaplanýar. “Peter Kamensind” atly ilkinji romany okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan Gesse özüni bütin durky bilen edebiýata bagyşlamak kararyna gelýär. Ýazyjy 1946-njy ýylda edebi döredijiligi üçin Nobel baýragyna mynasyp boldy. Ol 1962-nji ýylda Şweýsariýada aradan çykdy. ŞAHYR¹ Aýdyşlaryna görä, hytaýly şahyr Han Fuk² ýaşlyk ýyllary şygyr sungaty bilen bagly her bir zatda kämillige ýetmegiň jana-jan teşnesi eken. Şol mahallar ol özüniň watanynda, Sary deňziň ýakasynda ýaşapdyr hem onuň üçin ene-atasy oňat maşgaladan bolan bir gyza gudaçylyk açan ekenler. Han Fuk ol gyzy jan-dilden söýýär eken. Ol gyza öýlenmek baradaky arzuwlarynyň wysala gowuşmagy üçin oňa ogullaryny juda eý görýän ene-atasy kömek edipdir. Ähli zat garaşylyşy ýaly bolupdyr, indi diňe toý üçin sähetli güni belläýmek³ galypdyr.Han Fuk ýigrimi ýaşlaryndaky görmegeý ýigit bolup, salyhatly, edep-terbiýeli hem juda sowatly eken, ýaşdygyna garamazdan, eýýäm birnäçe ajaýyp goşgulary bilen ýurtdaky şahyrlaryň arasynda abraý gazanmaga-da ýetişipdir. O diýen baý maşgaladan bolmasa-da, ol gelinliginiň şaý-sepiniň hasabyna ýene birneme baýlyk toplap biljek eken. Onuň gelinligi, baýlygyndan ötri, juda owadan hem mähirli maşgala bolupdyr, ýigit bu babatda özüne hemmeleriň gözüniň gidip biljekdigini bilýäreken. Ýöne, barybir, ýigit özüni doly bagtyýar duýup bilmändir, sebäbi onuň şöhrata teşne ýüregi hiç kimiň bäsleşip bilmejek şahyry bolmak höwesinden püre-pür eken. Ine, bir gezek, çyralar baýramçylygy⁴ gününde Han Fuk derýanyň beýleki kenarynda ýeke özi gezelenç edip ýören eken. Ol kenardaky ýalňyz bagyň astynda durka, aýna ýaly ýalpyldaýan suwda titreşýän we nirädir bir ýere ýüzüp barýan sansyz alawlary görüpdir, Han Fuk şol ýerde erkekleri we aýallary, biri-birine gykylyklaşyp şadyýana el galgadýan, özleriniň bezemen eginbaşlarynda misli güllere ogşaýan gyzlary synlapdyr; ýetginjek nura gark bolan derýanyň pyşyrdysyna, aýdym sesine, sitranyň hyzzyldysyna we fleýtanyň ýakymly owazyna diň salypdyr. Bularyň ählisiniň üstünde bolsa edil kilisäniň memmeri ýaly bolup, solgun gije asyl-asyl bolup duranmyşyn. Ýetginjegiň bu gözelligi synlamakdan ýaňa ýüregi agzyndan çykaýjak bolupdyr. Onuň adamlaryň arasyna baryp, olaryň şatlygyna goşulasy, öz dost-ýarlary hem gelinligi bilen baýramçylyk keýpine gatylasy gelipdir. Hasam beteri, onuň bu zatlaryň ählisini özüniň açgöz nazary bilen synlap, ýekeje zady hem sypdyrman, goşguda beýan edesi, ol goşgusynda bolsa şeýlebir kämillige ýetip, gijäniň göm-göklügini hem-de otlaryň suw ýüzündäki tansyny, ynsan şatlygyny hem-de kenarda ýalňyz oturan agajyň düýbünde bu görnüşleri synlaýan ýalňyz tomaşaçynyň gussasyny beýan edesi gelipdir. Birdenkä Han Fuk zemindäki hiç bir şatlygyň, hiç bir baýramçylygyň öz ýüregini gussadan hem tukatlanmadan halas edip bilmejekdigini, durmuşyň gaýnap-joşýan jümmüşinde-de özüniň göýä bu zatlaryň ýeke-täk tomaşaçysy ýaly, keseki bolup galjakdygyny duýupdyr; ol şeýle hem beýleki müňlerçe kalplaryň içinde ýeke-täk öz kalbynyň zemin gözelligin-den şatlyk duýýan çaglaram kesekiligiň hasratyny ýuw utm aly boljakdygyny syzypdyr. Şonuň üçinem ýüregi erbet gysyp, ol öz ykbaly barada pikire batypdyr. Gitdigiçe pikirleri aýdyňlaşyp, ýetginjek bir haky-kata göz ýetiripdir: ol haçanda dünýäni öz şygyrlarynda görlüp-eşidilmedik ussatlyk bilen beýan etmegi başaran çagy hakyky bagta ýetip biljekdigine, şeýle goşgulary bilen özüne täze dünýäni - has nurana hem-de ebedi dünýäni gurnup biljekdigine göz ýetiripdir. Han Fuk şeýle pikirlerden doly aýňalyp hem-de bu zatlaryň düýşi ýa huşudygyna aň ýetirip ýetişmänkä, onuň gulagyna ýuwaşja pyşyrdy eşidilipdir, edil şol pursatda onuň ýanynda benewşe geýimli goja kişi peýda bolupdyr. Han Fuk dikelip, begzadalara hem goja kişilere salam berlişi ýaly, oňa baş egip salam beripdir. Nätanyş kişi hem ýylgyrypdyr-da, birnäçe goşgy aýdyp beripdir, olarda bolsa, ýetginjegiň hut ýap-ýaňy başdan geçiren duýgulary beýan edilen eken, özem ol goşgular beýik ussatlaryň galamynyň gudratyna mahsus çeperlige ýugrulan, şeýlebir ajaýyp, şeýlebir kämil eken, olar ýetginjegiň tas akyl-huşuny alan eken. — Sen kim, eý, nätanyş, meniň ýüregimdäkini edil kitap ýaly okaýarsyň? Men beýle ajaýyp goşgulary öz halypalarymyň hiç birinden hem eşitmändim!— diýip, ol haýran galmak bilen aýdypdyr hem-de nätanyş goja baş egipdir. Nätanyş goja nurana ýylgyryş bilen ýetginjege garap jogap beripdir: — Eger seniň şahyr bolasyň gelýän bolsa, meniňkä gel. Sen meniň külbämi demirgazyk-ünbatardaky daglaryň jümmüşinden, uly derýanyň gözbaşyndan tapyp bilersiň. Meniň adym Ylahy Sözüň Ussady! Bu sözleri aýdan badyna goja agajyň kölegesine siňip, gözden ýitirim bolupdyr. Han Fuk näçe gözlese-de, ony hiç ýerden tapyp bilmändir, nätanyş edil ýere giren ýaly bolupdyr. Ýetginjek m unuň sebäbini özüniň ýadawlygyndan görüp: «Gözüme her hili salgymlar görnüp başlad-ow » diýip tukatlanypdyr. Soň ol baýramçylyga goşulyşmak üçin gaýyklara tarap howlugypdyr, ýöne gürrüňleriň hem fleýtanyň owazynyň arasy bilen onuň gulagyna syrly nätanşyň sesi gelip durupdyr. Ol: «Meniň kalbym ol nätanşyň yzy bilen gitd-ow» diýip pikir edipdir we şatlykly gygyryşýan mähelläniň içinde ýalňyz özi arzuw-hyýallara mübtela bolup galyberipdir. Daş-töweregindäki adamlar bolsa öz şow hunly sesleri bilen onuň tukat kalbyny hasam gižželäpdirler. Aradan birnäçe gün geçensoň, Han Fukuň kakasy ähli dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny ýygnap, toýuň sähedini bellemek kararyna gelipdir. Ýöne öýlenjek ýigit muňa garşy çykyp, şeýle diýipdir: — Kaka, eger meniň sözlerimi özüňe gulak asmazlygyň alamaty, atanyň öz oglundan talap etmäge hukugy bolan zadyna garşy gitmegiň nyşany hökmünde kabul edýän bolsaň, meni bagyşla. Ýöne sen meniň şygyr sungatynda kämillige ýetmek isleýändigimden habarly ahyryn. Elbetde, dostlarymyň goşgularymy öwýändiklerine garamazdan, men öz üstünliklerimiň bolgusyzjadygyna, olaryň kämillik ýolundaky ilkinji ädimlerdigine oňat düşünýärin. Şonuň üçin senden öz-özüm bilen galmaga hem-de şygyr düzmekde türgenleşmäge rugsat bermegiňi haýyş edýärin. Sebäbi men öz öýümiň hem aýalymyň jenaby bolanymda, munuň bilen meşgullanmaga mümkinçiligimiň bolmajakdygyny oňat bilýärin. Maňa ýene bir az wagt diňe poeziýa bilen ýaşamaga rugsat ber, ol maňa şatlyk hem şöhrat getirerdi. Oglunyň sözlerine haýran galan kakasy şeýle jogap beripdir: — Görýän welin, oglum, bu sungat seniň üçin dünýädäki ähli zatdan eziz ýaly-la, sebäbi sen öz toýuňy-da soňa goýmak isleýärsiň. Belki, sen gelinligiň bilen tersleşensiň, aýt? Eger şeýle bolsa, men saňa onuň bilen ýaraşmaga kömek edeýin, eger isleseň başga gelinlik gözläli? Emma ýetginjek gelinligini jan-u-dilden söýýändigini aýdyp, öz aralarynda hiç hili oňşuksyzlygyň, öýke-kinäniň ýokdugyna ant içipdir. Ahyrsoňy ol kakasyna çyralar baýramçylygy wagty özüne duşmak miýesser bolan beýik Ussat barada gürrüň beripdir, onuň şägirdi bolasynyň gelýändigini, onuň özüne halypalyk etmegini dünýäde bagtyň naýbaşysy hasap etjekdigini aýdypdyr. — Goý, seniň diýeniň bolsun— diýip kakasy razylaşypdyr. — Men saňa bir ýyl puryja berýärin. Goý, bu düýş seniň ýoluňa şugla saçýan ýyldyz bolsun-da, hernä. Belki-de, ol saňa Hudaý tarapyn iberilen nyşandyr. — Ýöne maňa bir ýyl däl-de, iki ýylyň gerek bolmagy mümkin, kaka — diýip, Han Fuk biraz oýlanyp jogap gaýtarypdyr. Her niçigem bolsa, kakasy ogluna ak pata beripdir, ine, onsoň ýetginjek gelinligine hat ýollap, hemmeler bilen hoşlaşyp, alys ýola ugrapdyr. Uzak sergezdanlyklardan soň ol uly derýanyň gözbaşyna ýetipdir, tizara bambuk agajyndan gurlan külbä gözi düşüpdir. Külbäniň işiginde bolsa oňa şol gün derýanyň ýakasynda duşan nätanyş goja oturan eken. Lýutnýada saz çalýan garry öý eýesi öz ýanyna ýetip gelýän m yhm ana gözi düşsede, saz çalmagyny bes etmändir, ony garşy almak üçin ýerindenem gozganmandyr, salam almagyň deregine diňe ýylgyryp oňupdyr. Onuň barmaklary kirişlerde hasam janly oýnap başlapdyr; jadylaýjy mukam kümüş bulut kimin bütin jülgäni doldurypdyr, ýetginjek aýak çekip, saz diňlemäge durupdyr. Ol jahanda ähli zady unudan ekeni. Ýetginjek tä Ylahy Sözüň Ussady kindiwanja lýutnýasyny bir gapdala goýup, külbesine girýänçä sarsman durupdyr. Han Fuk şeýdip gojanyň öýünde ýaşap başlapdyr. Aradan bir aý geçende , ýetgin -jek özüniň tä şu güne çenli düzen goşgularyny ýigrenmegi öwrendi, soň bolsa olary öz hakydasyndan gysyp çykardy⁵. Günler hepdeleri, hepdeler aýlary bitiripdir, tizara bolsa şägirt öňki ähli halypalarynyň öwreden aýdymlaryny unudypdyr. Ussat tä şägirdine lýutnýada saz çalmagy isleýşiçe öwredýänçä, tas dilini ýarmaýardy⁶, wagt geçip, şägirdiň kalby misli sazdan dokalan ýaly bolupdyr. Bir gezek Han Fuk gysgajyk aýdym döredipdir, ol iki sany ýalňyz guşuň güýz asmanynda ganat ýaýşyny wasp eden eken, aýdym yndan onuň özüniňem göwni bitipdir. 01 täze düzen goşgusyny ussadyna görkezmek islemändir. Ýöne bir gezek külbeden uzak bolmadyk ýerde agşam çagy ol goşgusyna saz goşup hiňlenip otyrka, ussat onuň aýdymyny eşidipdir. Emma halypasy hiç zat diýmän, öz lýutnýasynda saz çalmaga başlapdyr, şol pursatda hem petiş howa salkynlyk aralaşyp , kölegeler daş-töweregi gurşapdyrlar, güýçli şem al öwsüp, tomsuň ortaky aýydygyna garamazdan, çal asmanda iki sany ak gogur peýda bolup, ganatýaýmaga başlapdyr. Bu görnüş şägirdiň aýdymynda wasp edişindenem ajaýyp hem kämil eken, onsoň ýetginjek gussa batyp, özüni körzehin saýyp, saz çalmagyny bes edipdir. Emma ýetginjek ýene-de saz çalmaga yhlas bilen ýapyşmagyny dowam edipdir. Aradan bir ýyl geçensoň, Han Fuk lýutnýada saz çalmagyň ussady bolup ýetişipdir. Aradan ýene bir ýyl geçende, ýetginjegiň öz ene-atasyny, watanyny, gelinligini göresi gelip, ussadyndan özüni öýlerine goýbermegini haýyş edipdir. — Sen erkin adam — diýip, U ssat dillenipdir: — Islän wagtyň gidip bilersiň. Isleseň dolanybam ýa-da bärik getirýän ýoly unudybam bilersiň, ählisi seniň öz erkiňde. Şeýdip, ýetginjek ýola düşüpdir. Ol tämiz säheriň birinde öz dogduk derýasynyň kenaryna ýetip, onuň üstündäki köprä we onuň aňyrsyndaky dogduk şäherine gözi düşýänçä, hiç ýerde dyz epmändir. Han Fuk edil ogry ýaly bukdaklap, dogduk öýlerine ýetipdir, howla girip, ýatylýan otagyň penjiresinden garap, heniz ukudan oýanm adyk kakasyny synlapdyr, soň bolsa gelinliginiň howlularyna girip, armyt agajyna münüpdir-de, gelinliginiň öz otagynda saçyny darap oturandygyny synlapdyr. Soň bu gören zatlaryny hyýalynda watan küýseginiň çekip beren kartinasy bilen deňeşdirende, ol özüniň poeziýa üçin doglandygyna hem -de şahyryň arzuw-hyýallarynda hatda ýap-ýaňy gözleri bilen synlan görnüşlerinden hem ajaýyp gözellik üçin orun bardygyna düşünipdir. Han Fuk agaçdan syrylyp düşüpdir-de, bu bagdan, bu şäherden aýagaldygyna gaçyp başlapdyr, derýadan geçip, daglaryň arasyndaky gizlin jülgä dolanyp gelipdir. Gaýdyp gelende, ussat edil onuň ilki gelşindäki ýaly, külbesiniň öňünde lýutnýanyň kirişlerini oýnap oturan eken. Ussady salam almagyň ýerine ynsana sungat tarapyn serpaý berilýän bagt barada iki bent goşgy aýdyp beripdir, goşgynyň duýgy çuňlugy hem şirinligi ýetginjegiň gözüni ýaşa gark edipdir. Şeýdip, Han Fuk ýene-de Ylahy Sözüň Ussadynyň öýünde galyberipdir. Ussat indi lýutnýada saz çalmagyň syrlaryny kemsiz ele alan şägirdine sitra saz guralynda saz çalmagy öwredip başlapdyr. Şondan soň ýetginjek watan küýseginiň iki gezek ýesiri bolupdyr. Birinji gezekde ol gije şalygy jahany gaplap alanda gizlin ýagdaýda watanyna gaçyp gidipdir, ýöne jülgäniň iň ahyrky öwrüminiň aňyrsynda gizlenip ýetişmänkä, gije şemaly işikde asylyp goýlan sitranyň kirişlerini oýnapdyr, saz guraly owaz edipdir. Owaz ýetginjegiň yzyndan ýetipdir⁷ we şägirt bu owaza maýyl bolup yzyna dolanypdyr. Başga birgezekde bolsa, ol düýşünde öz dogduk öýlerindäki bagda nahal oturdyp durandygyny, aýalynyň öz çagalarynyň ýaşajyk nahaly meý hem süýt bilen suwaryşyny guwanç bilen synlap durandygyny görüpdir. Şägirt oýananda, külbäniň içi Aý nuruna gark bolan eken. Agyr gama batan şägirt düşeginden turanda külbäniň beýleki bir burçunda rahat ukuda ýatan ussadyna gözi düşüpdir, şol pursatda ýetginjek halypasyny itden beter ýigrenipdir. Gözüne bu goja durmuşyny ýumran we ýalan wadalar bilen geljekden mahrum eden adam bolup görnüpdir. Ol şol wagt gojanyň üstüne topulyp, ony düýt-müýt etmäge-de taýýar eken. Edil şol mahal goja gözlerini açypdyr, halypanyň dodaklarynda görner-görünmez gussaly ýylgyryş peýda bolupdyr. — Ýatda sakla, Han Fuk— diýip, ol pessaý ses bilen dillenipdir:— Sen isleýşiňçe ýaşap bilersiň. Sen isleseň, watanyňa gaýdyp baryp, nahal oturdyp bilersiň, sen meni ýigrenibem, hatda öldüribem bilersiň. Ýöne beýtmek bilen gazanan zadyň az bolar. — Men seni nädip ýigreneýin ahyry, halypa, seni ýigrenmek asmany ýigrenen ýaly bolar ahyryn! — diýip, şahyr utançdan ýaňa tolgunyp jogap beripdir. Han Fuk halypasynyňkyda galyberipdir, saz bilen meşgullanmagyny dowam edipdir; sitrada we fleýtada saz çalmagy kemsiz ele alypdyr, soňra bolsa ussat oňa goşgy döretmegiň inçe syrlaryny öwredip başlapdyr. Ol bu arzyly sungatyň syrly dünýäsine ädimme-ädim aralaşyp, diňleýjileriň kalbyny güýçli şemalyň öýleriň üçegini sandyradyşy kimin gozgalaňa salmagyň hötdesinden gelipdir. Şägirt Günüň dogşuny, onuň dag eňňitlerinden sallanyp, haýal süýşüşini; suwuň düýbünde balyklaryň misli kölege kimin sessiz ýüzüşini; bahar şemalyna yranýan ýaşajyk söwüdiň şygyrdysyny wasp etmegi öwrenipdir, ol goşgulary diňlänleriň göwnüne bolsa, wasp edilýän Gün ýöne bir Gün däl-de, balyklar ýöne bir suwuň düýbünde ýüzüp ýören balyklar däl-de, söw üt şahalarynyň şygyrdysy bolsa ýöne bir manysyz ses däl-de, hamala edil şol pursatda zemin hem asman ylahy sazda bir-biri bilen birleşen ýaly bolup görnüpdir, şeýle pursatlarda bolsa her kim özüne iň eziz ýa-da iň ýigrenji zat barada: çaga oýun barada, ýetginjek öz magşugy, goja ölüm barada pikirleri boýlapdyr. Han Fuk bireýýäm wagtyň hasabyny ýitiripdir. Ol uly derýanyň gözbaşyndaky külbede halypasy bilen näçe ýyl bäri ýaşaýandygyny-da unudan eken. Käte onuň göwnüne bu jülgä göýä dek düýn aýak basan, dek düýn goja ony saz bilen garşy alan ýaly bolup görnüpdir, käte yzyna garanda bolsa, onuň bireýýäm öz manysyny ýitiren eýýamlara hem nesillere gözi düşüpdir. Bir gezek ol çagşan külbede oýananda, ähli ýeri gözlese-de, halypasyny tapmandyr, näçe gygyrsa-da, Ylahy Sözüň Ussady hä bermändir, ol yzsyz-sorsuz ýitirim bolupdyr. Güýz agşamy düşüp, sowuk şemal külbäniň diwarlaryny dözümli yralapdyr, asmanda-da göçegçi guşlaryň ýadaw sürüsi uçup barýan eken. Han Fuk kindiwanja lýutnýasyny alyp daglardan düşüpdir-de, öz dogduk mekanyna sary ýola şaýlanypdyr, pete-pet gabat gelen adamlar oňa edil begzadalara hem goja adamlara salam berlişi ýaly, baş egip salam beripdirler. Haçanda dogduk şäherine ýetende, ony ne kakasy, ne ejesi, ne-de söýgüli gelinligi garşylapdyr. Olar bu jahandan bireýýäm el üzen eken. Öýlerinde bolsa keseki adamlar mekan tutunypdyrlar. Agşamyna şäherlileriň ählisi derýanyň ýakasyna, çyralar baýramçylygyna ýygnanypdyrlar; şahyr Han Fuk beýleki kenarda, tümlükde garry daragtyň astynda durşuna özüniň kindiwanja lýutnýasynda saz çalmaga başlapdyr. Şonda baýramçylyga ýygnanan aýallaryň kalbyny hesret gaplap alypdyr, derýanyň üstünde bolsa göze görünmeýän sazandany gözleýän, ony çagyrýan erkek kişileriň gykylyklary ýaňlanypdyr: olaryň hiç biri öň lýutnýanyň şeýle jadylaýjy owaz edenini eşitmän eken. Han Fuk suwuň ýüzünde oýnaklaýan sansyz çyralaryň altyn şuglasyny köp wagtlap synlap durupdyr. Şahyr hakyky çyra ýagtysyny onuň suw ýüzünde oýnaklaýan şöhlesinden tapawutlandyryp bolmaýşy kimin, bir wagt ýetginjekkä, nätanyş Ussadyň sözlerine gulak asýan pursady bilen häzirki baýramçylygyň arasynda hiç hili tapawut görüp bilmändir. _______________________________________________________ 1 Hekaýa ilkinji gezek 1914-nji ýylda çap edildi we «Sungata ýol» diýip atlandyryldy. Matilda Şwarsenbaha bagyşlandy. 2 Han Fuk — günorta-hytaý şiwesinden terjime edeniňde, «Durmuşyň bagty» diýmegi aňladýar. Öz çagalaryna şeýle at dakmak bilen, pes gatlagyň wekilleri bu at çaga bagt getirer diýip ynanýar eken. 3 «...toý üçin sähetli gün...» — Gadymy hytaý ynanjyna görä, amatly müneçjimçilik alamatlary bolan gün. 4 Çyralar baýramçylygy— «Güýzüň örküji baýramy» ýa-da Aý baýramy. Aý baýramy hytaý Aý senenamasy boýunça sekizinji aýyň on bäşinji güni bellenilýär. Baýram gijesi çagalar kagyz çyralarda şem ýakýarlar. 5 «...öz hakydasyndan gysyp çykardy...» — Gadymy hytaý edebiýatynyň adaty äheňi, daşky dünýäniň eşretlerinden meýletin el üzmek we ruhy päklemek bilen bagly. 6 «ussat... tas dilini ýarmaýardy...» — Gadymy hytaý edebiýatyna mahsus bolan, dymmagyň alamaty: asmanyň hem zeminiň arabaglanyşygyny söz bilen beýan edip bolmaýar. 7 «...Owaz ýetginjegiň yzyndan ýetipdir...» — bu epizod Le-Sziniň saz çalmagyň ussatlygyny doly öwrenmän, öz halypasy Szy-szyny terk eden Sýu-Tan baradaky hekaýasyndan alnandyr. Ýöne haçan-da halypasy saz çalyp başlanda, onuň owazyny eşidip, Sýu-Tan yzyna gaýdyp gelýär we onuňkyda hemişelik galýar. German GESSE, nemes-şweýsar ýazyjysy. Terjime eden: Hemraguly HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |