18:46 «Daglaryň ruhy» / hekaýa | |
«DAGLARYŇ RUHY»
Hekaýalar
Geologik-arheologiki ekspedisiýa goşulyp, men Parsystanyň ençeme ýerlerini aýlanyp gördüm. Ýanymda-da geologiýa bilen iş salyşýan amerikaly ýaş alym bardy. Aýagy gonjy belent awçy ädikli, egni gaýyş penjekli ol saryýagyz ýaş ýigit soňra meşhur alym, Garward uniwersitetiniň professory bolup ýetişdi. Ol diýseň özerkli hem ykjam adamdy. Bibliýa kitaby bilen ýazgy depderçesi hemişe ýanyndady. Özem ýadamany-ýaltanmany bilmezdi. Her neneň kyn şertlerde-de gören zatlaryny hökman depderçesine bellärdi. Biz Parsystanda täsin zatlaryň ençemesine duşduk. Olaryň biri-biz barmazymyzyň öňüsyrasynda ýer titremesi zerarly weýran bolan şäher. Batgalyk kölüň ortasynda ýerleşen şähere-de şol ýerde gabat geldik. Oňa aýlanmak üçin gamyşdan örülip ýasalan gaýygyň bolmaly. Gadym wagtlardan bäri bu şäherde janly-jemende ýaşana meňzänok. «Daglaryn ruhy» bilen biz Demirgazyk Parsystanda Kapyrgala diýilýän dagda sataşdyk. Aýdyşlaryna göre, ir döwürde ol ýerde bütin töwerege dowul salan bir garakçy ýaşanmyş. «Dagyň depesindeki ýykylyp giden galada ummasyz hazyna bar. Ýöne uçut gaýanyň süýr depesinde gurlan ol galanyň golaýyna barar ýaly däl. Ol ýere alyp barýan bir gizlin ýoda bar welin, onam tapmak kyn» diýip gürrüň edýärler. Her niçigem bolsa biz şol galany görmegi ýüregimize düwdük. Ýanymyzdaky türkmen ýigitlerem ol ýere çykmakdan boýun towladylar. Sebäbi ýolbelet parsymyz: «Ozalam birnäçe pereňli1 oňa çykjak bolup, ýagty jahandan gözüni açyp gitdi. Dagy goraýan aýylganç ruh baran adamy gaýadan taşlap, tike-tike edýär» diýip, olaryň ýüregine wehim salypdyr. Kapyrgala dilkaw-dilkaw gaýalaryn üsti bilen çykylsa onçakly howply däldi. Ýöne gaýadan-gaýa dyrmaşyp, surnuganyndanam beter, bu ýol gaty köp wagtyny aljakdy. Ýylçyr gaýanyň ýüzünde çala saýgarylýan ikinji ýol has gysga emma howpludy. Dyrmyşyp barşyňa birden aýagyň taýyp kelemenläp, her tikäň gulagyň ýaly boljagynyň ujy iki däl. Şeýle-de bolsa, amerikaly ýoldaşym gysga ýol bilen çykarman boldy. Ol somalyşyp duran daşlardan ýapyşyp barşyna, her ädimini hüşgärlik bilen basýardy. Ahyry ol gaýanyň depesine çykdy. Edil uçudyň gyrasynda ornaşdy-da, bibliýasyny açyp, meniň, hereketimi synlamaga başlady, käte maslahat berdi. «Töwekgeliň işini taňry oňar» diýlenine ynanyp, usullyk bilen dyrmyşyp barýaryn. Garnym bilen ýene dört metr çemesi süýşüp bilsem howp-hatar sowulýar. Birden garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Ýitigsi ýodadan çykyp, saga tarap esli süýşüpdirin. Çalaryp duran ýülmek gaýada ýapyşar ýaly ýekeje daşam ýok. Men döşümi gaýa berip, çepe süýşüp ugradym. Şol wagtam şirmaýy saply hanjarym kemerimden sypdy-da, aşak tanyp gaýtdy. Nätmeli? Yza gaýdyp, hanjary almalymy ýa-da öňe dyzamalymy? Birdenem ýadan aýagym basyp duran daşymam taýdy. Aşak – uçuda tarap syrygyp gelşime, sermeläp, ýapyşar ýaly daş gözleýärin. Emma elime ilen zat ýok. «Ýene-de aşaklygyna iki metr çemesi süýşsem, daşdan-daşa urlup, çym-pytrak bolýan» diýen elhenç pikir kelleme geldi. Gorky barha basmarlaýardy. Töweregime ýaltaklaýaryn. Depämde bulutsyz gök asman. Atlarmyzam garynja ýaly çala göze ilýär. Olaryň ýanynda gyrmyzy donly türkmen ýigitleri aýlanyşyp ýerler. «Ajalym ýetäýdimikä?!» diýen pikir kelläme geldi. Ýanymda-da romanyň plany taslanan ýazgy depderçem bar. Goşarymdaky sagadyň jyktyldysyny hem aýyl-saýyl eşidýärin. Bir pursatda bütin ömrüm göz öňüme geldi: klassyky gimnaziýada latyn hem grek dillerinden geçilen sapaklar, fransuz dilinden okadan geçi sakgally latyş Kaujen... Uniwersitet... Professor Zelinskiniň okan leksiýalary... Pskow gepleşiklerinden ýazan zaçýet işim... Londondaky ajaýyp bifşteksli restoran.» Wokzaldaky ýüzi ýukajyk ýaşyl nikaply syrdam boýly gyz... Dogrudanam, sähel salymdan ýagty jahan bilen hoşlaşmaly bolaýarmykam?.. Ýok bu zatlar düýşümdir. Edil şu wagt oýanaýsam, hemmesi gülala-güllük bolaýar welin... Men alasarmyk ýagdanda gaýadan göwremi üzüp, dyzyma galjak boldum. Şol pursatda-da elimi, aýagymy giňden gerip, aşak süýşüp barşyma «Hakykatdanam, bu dagda, güýçli, ýowuz ruh ýaşaýan bolaýmasyn?! Gel, gowsy ona ýalbaryp göreýin. öňki dini başgalaryň edişi ýaly, sowgat hödürläýin. Belki, rehimi iner...» diýip oýlandym. Pyşyrdadymmy ýa-da sesimiň ýetdigine gygyrdymmy – hakydamda ýok. Ýöne: «Eý, daglaryň ruhy! Damask poladyndan ýasalan, şirmaýy sapyna ajdarhanyň şekili gazylyp çekilen hanjarymy saňa peşgeş berýärin!» diýenimi açyk bilýän. Birden sag aýagym daşa direldi. Dünýäm giňäp gitdi. Derrew özümi ele aldym. Ýokaryk seredenimde, amerikalynyň howsalaly keşbine gözüm düşdi. Ol maňa: – Aşagrak düşeýin welin, aýagymdan ýapyş! – dIýip gygyrdy. Men şadyýan jogap gaýtardym. – Indi gorkar ýaly zat ýok. Häzir ýanyňa barýan. Egnimden agyr labyr aýrylan ýaly, süňňüm ýeňläp, töweregime ser saldym. Birdenem... gaýanyň bir gyrasyndan özüme tarap uzaýan durşuna tüý bilen basyrlan gap-gara ele gözüm düşdi. Sonam hüžžük saçlary ýalanaç egnine düşüp duran, bulaşyk sakgal-murtly, ýüzi gara-ört, eleşan geýimli bir göwre çakganlyk bilen gaýa dyrmyşdy-da, meniň gaçyran hanjarymy garbap aldy, yzyndanam düşnüksiz bir zatlar hüňürdäp, gözden taýyp boldy. «Bu şol diýilýän ruh bolmaly. Haýyşymy eşidip, jaý wagtynda kömege ýetişdi» diýip oýlandym-da, usullyk bilen ýokary galyp ugradym. Tizdenem ýoldaşymyň ýanyna çykdym. Ol gaýanyň depesindeki ýykyk galanyň planyny depderçesine üns bilen belleşdirýärdi. Biz yzymyza beýleki ýol bilen gaýtdyk. Şol töwerekdäki ilki duşan obanyň adamlaryňadan Kapyrgaladaky syrly «ruh» hakynda soranymyzda, olar şeýle diýdi: – O bendä biz belet: Ady Mämmedaly. Özem ýarym däli derwüşdir. Allanyň gazaby Nohuryň depesinden inip, güýçli ýer titredi. Ýer jaýryldy-da, jaýlaryň, hanlaryň ählisi şoňa gapgaryldy. Aýalydyr çagalaryndan jyda düşen Mämmedaly şondan soň diwana bolup, Kapyrgalanyň uçut tarapyndaky kiçiräk gowakda mekan tutup, doga okap ýaşap ýör. Gowaga barýan ýoly onuň özünden başga bilýän adam ýok. Köp adamlar ony keramatly saýyp, iýer-içer ýaly zat eltýärler, bela-beterden gorar ýaly doga okamagyny haýyş edýärler. 1944. | |
|
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Mähir ummany / hekaýa - 23.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |