13:04 Çingiz han -76: romanyň dowamy | |
EPILOG
Taryhy proza
Birinji bap ŞU ÝERLERDEN MONGOLLAR GEÇIPDIRLER Ala garly belent daglar, Gul bolanmy gördüňizmi? Essim aýlyp, çaşan çaglar, Gan aglanmy gerdüňizmi? Gözümden döküldi ýaşym, Nireden çykar naçar başym. (Hywa bendisiniň aýdymyndan) Beýik Jeýhun derýasyndan gündogara barýan, köp ýüz ýyllar dowamynda baý kerwenler gatnan giň ýolda mongollaryň gyrgynçylykly talaňyndan soň gatnaw çürt-kesik kesildi. Ýel ýakasyndaky dükanlar we kerwen saraýlar boşap galdy, olaryň gabsalaryny urşujylar goparyşdyryp ýakyşdyrypdyrlar, şol sebäpli olar ýürek gysdyrgyç bolup, gapysyz-derwezesiz haňlaşyp dur. Ýaplary arassalap, suw getirere adam galmandygyna görä, şondan bäri suw görmeýän baglar gurap galdy. Dumly-duşda şagallar dagydan adam süňkleri pytraşyp ýatan ýerdäki tozanly ýol bilen bir özi gelýän, del çäkmenli, ýüzi salyk ýaş atly geň we täsin bolup görünýärdi. Gara reňk arap aty endigan ýöräp gelýärdi, onuň üstünde oturan ýaş ýigit çendan ýarym sygyryp, atynyň göwnüni göterýärdi. Ýolagçy içini çekip: – Bu ýerler niçiksi janly jemendesiz çöle öwrülipdir! – diýýärdi. – Ne adam, ne düýe, ne-de it garasy görünýär! Uzynly gün içinde diňe iki sany möjegiň bu tükeniksiz mazarystana meňzäp duran dym-dyrslyk düzlüginiň eýesi ýaly bolup, howlukmazlyk bilen ýoly kesip geçenini gördüm... Mundan beýlägem şeýle bolup gidip otursa, meniň armaz-açmaz atym ikimiz bu aýylganç mongol hanjarlary bilen çapylandygy belli bolup duran çakyr kelle sünkleriniň ýanynda ömürlik süýnüp galarys... Önde gymyllaşyp duran gara üýşmeleö aýratyn geň ýaly bolup göründi. At gulaklaryny hüşerdip, burnuny tazlatdy. Atly ol üýşmeleňe golaýlaşdy. Bir topar uly-uly garaguş özleriniň günüň yşygynda gözüňi gamaşdyryp barýan tozanly ýoluň ortarasynda ýatan awunyň daşynda gyslyşyp durdy. Atly sygyryp goýberdi welin, garaguşlar äpet ganatlaryny agraslyk bilen galgadyp, bökjeklän uçdular-da, hol beýledäki depeleriň üstüne gondular. Ýoluň ugrunda täze araba yzynyň ortarasynda ýyrtyk-ýyrtyk türkmen geýimli bir gyz göýä jan berjek bolup duran ýaly bolup, aýylganç ýagdaýda çäşerip ýatyrdy. Garaguşlar onuň heniz näzik sypatlary öçmedik ýüzüni eýýäm ýoýupdyrlar. – Bu-da mongollaryň işi! Olar çagalary alyp, hiç bir iýdisiz saklaýarlar, soňra eýzet baryny berip, taşlap gidýärler... Ol atly gamçysyny galgadyp, atyny loňkulladyp, ýoly bilen boldy. Ýoluň öwrüminde bu atly bir topar mongolyň yzyndan ýetdi. Talap alnan öý goşlary ýüklenen, jygyllap barýan uly tigirli iki sany araba ýol bilen ýuwaşjadan barýardy. Her arabada zatlaryň üstünde tilki derisinden tikilen erkek adam gulakçynly we possunly mongol aýal otyrdy we bulut ýaly bolup asmana galýan tozanyň içi bilen äwmän ýöräp barýan öküzlere birsyhly gygyrýardy. Arabalaryň yzy bilen üç sany ýarym ýalaňaç, halys ysgyndan gaçan, elleri arkasynda daňylgy erkek ýesir we ysgynsyzlykdan yranyp duran bir aýal zordan ýöräp barýardy. Olaryň yz ýanyndan bir ullakan tüýlek it dilini sallap, hasylap barýardy. Örülen iki sany gulpajygy gulaklarynyň üstüne düşüp duran, ýedi ýaşlaryndaky bir mongol oglany göýä haýal ýöreýän sygyrlary kowýan ýaly bolup, ýesirleri gyssaýardy. Ol: – Uragş, uragş, muu! (Ýöre, ýöre, bedasyl!) – diýip gygyrýardy we olary elindäki çybyk bilen gezekli-gezegine saýgylaýardy. Onuň egnindäki uly adamyň egninden sypyrylyp alnan pagtaly uzyn donuňyň synlary guşagyna gysdyrylgydy, aýagynda uly ädik bardy, ädigi aýagyndan sypmasyn diýip, kiçijik mongol ädiginiň gonçlaryny dyzlarynyň aşak ýanyndan tasma bilen bogup daňypdyr. Ol oglan özüne tabşyrylan işe monça bolup, boýnuna ýüp dakyp, araba tirkelendigi sebäpli zordan ýöräp barýan aýaly ylaýtada gaty gyssaýardy. Ol aýalyň sary köýneginiň ýyrtyklarynyň arasyndan onuň durşuna süňk bolup duran ýagyrnysy, urlup gan öýen ýerleri görünýärdi. Ol aýal: – Meni goýberiň! Gaýdyp geleýin! O taýda galan gyzym Habyjany alyp geleýin... Ony meniň özüm götererin!.. – diýip ýalbarýardy. Demirgyr atly garry bir mongol tozan buludynyň arasyndan göründi-de: – Şu bolşuň bilen saňa ýene nähili gyz gerek? Özi araba tirkelip zordan barýar, ýene başga bir melamaty götereýin diýip öwünýär!..– diýip jabjyndy. Ol garry mongol bu aýaly gamçy bilen urdy. Aýal görgüli öňe ylgajak bolup, ýykyldy. Onuň boýnuna dakylgy ýüp dartylyp, ýesir aýaly süýräp ugrady. Arabanyň üstündäki mongol aýal gygyrmaga başlady: – Sen näme aç gözlülik edýärsiň, garry köpek? Bir agsak goýun bolan bolsa, men ony dyzymyň üstüne alardym, goýnuň iň bolmanda eti-ýüňi bolýar. Bu haýwandan biziň näme görjegimiz bar? Onuň gyzy eýýäm öldi, ynha indi onuň özi-de ýykyldy. Biz bolsak, öýmüze, mähriban Kerulen kenarlaryna barýançak ýene näçe-näçe ýol ýöremeli ahyryn!.. Taşla ony! Garry mongol gaharyna bogazyna salyp gepläp ugrady: – Ölmez! Jany berkdir! Bu mahluk-da, bu üç ýigit-de, bularyň hemmesi biziň öýmüze baryp ýeter. Beýleki goňşularymyz ýigrimiläp gul alyp barýarlar, biz bolsak, dört sanysyny-da äkidip bilmerismi? Boluň, haýwanlar, ýöräň! Uragş, uragş! Goja mongol süýrenip barýan aýaly gamçy bilen urdy, emma ýüp üzüldi, aýal bolsa, ýoluň ugrunda galdy. Arabalar durman gidiberdiler. Goja mongol demirgyr atynyň başyny çekdi, kellesini ýaýkap, agzyny jukgullatdy we ýetip gelen atly ýigide: – Neneň görýäň, ölermi ýa özüni dürsärmi? Alsaň sataýyn! Arzan bereýin, bary-ýogy iki sany altyn dinara bereýin...– diýdi. – Bu agşama-da galmaz! Isleseň iki sany mis dirhem bereýin. – Äber! Ýogsam ondanam galaryn... Goja mongol özüniň ýaş atlydan alan iki sany mis dirhemini ädiginiň gonjuna salyp, atyny gorgunladyp, sülsadynyň yzyndan gitdi. Ýaş atly bir gapdala sowlup, çaňap ýatan meýdanyň içi bilen yzyna garaman gitdi... Öňden ak harabalyklar, ýykyk jaýlaryň geň üýşmekleri, ýumrulan köne diwarlar we birnäçe haýbatly derweze aýlawy göründi. Derweze aýlawlaryndaky dürli reňkli arap hatlary heniz görnüp durdy. Bu gözel jaýlary salan ussalar özleriniň köp çeper zähmetini we akyl-paýhasyny bu jaýlara sarp edipdirler, owadan-owadan köşkleri-de, aklyňy haýran edýän medreseleri-de, gözel minaralary-da uly-uly inedördül kerpiçlerden salan näbelli işçiler olardan-da köp zähmet sarp edipdirler. Mongollar bularyň hemmesini ot belasyndan şar gara bolan harabalyga öwürdiler. – Bir desse ýorunja bedesi we birki çörek bolaýsa, biz ýene bir gün ýol ýöräp, gök otly daglara baryp ýeterdik, şol ýerde adam-da tapylardy, oduň başynda dostluk gürrüňi-de tapylardy – diýip, ýaş atly pyşyrdaýardy. Harabalyga golaý bardy. Ynha ullakan agyr derweze haňlap açylyp dur. Derweze gabsalarynyň daşyna demir çekilgi, olara äpet-äpet myhlar kakylypdyr. «Belet derwezäm! Birmahal derwüş Hajy Rahym, Gurban gyzyk we Tugan üçüsi şu derwezeden giripdi. Indi Tugan uly adam, ussat söweşiji boldy, emma öýsüz-işiksiz ýolagçy bolup, ozal şeýle gül-alagüllük we köp adamly bolan Buharaýy şeripde indi ol ne-he bir döwüm çörek, ne-de ýaşara mekan tapýar». Garalan derwezäniň aşagyna baranda atynyň aýak sesi şarňyllap çykmaga başlady. Öň ýanyndan bir sary tilki dazlap geçdi-de, üýşüp ýatan hapyr-hupuryň üstüne özüni oklap gözden ýitip gitdi. Jemendesiz gugaryp ýatan şäheriň harabalyklarynyň arasyndan at seresaplyk bilen basyp barýardy. Ynha şäheriň ortarasyndaky boş meýdan... Bu meýdanyň töwereginde ozal uly-uly, owadan-owadan jaýlar bardy, ozallar köp jemende uly gowur edip, şu meýdana ýygnanyşýardy. Indi bu meýdan hapyr-hupurdan doldurylypdyr, ortarasynda bolsa, bir atyň süňki agaryp ýatyr. Durnanyň gözi ýaly dury asman giňişliginde çal çaýkeller ganatlaryny gerip, gaýyp ýörler, At metjidiň daş basgançaklarynyň ýanyna baryp durdy-da, gulaklaryny hüşerdip, burnuny tazladyp, gaýra çekilmäge başlady. Öň ýanynda daş sekiniň üstünde bir ullakan Kuran açylyp ýatyrdy, ol kitap ýagyşyň aşagynda galyp, sahypalary gowkaryp gidipdir, onuň kagyzlary ýeliň ugruna ykjap durdy. «Mongollaryň gyňyr häkimi, sary sakgal Çingiz han öz mele atyny münüp, şu daş basgançaklar bilen çykyp, bu metjide atly giripdi. Şu ýerde ol öz ýasy ýüzli urşujylaryny mazaly doýurmagy Buhara gojalaryna buýrupdy. Şol wagt şäheriň ortarasyndaky meýdanda uly-uly gazanlar atarlyp, goýun eti gowrulmaga başlanypdy... Şol ot ýakylyp, nahar bişirilen ýerleriň yzlary daşlaryň üstünde henize çenli bildirip dur...» Tugan atyndan düşdi, egnindäki çäkmeniňi çykaryp, ýere ýazdy-da, onuň üstüne gaty çörek dogrady. Atynyň agyzdyrygyny aýyrdy-da, ony çörege goýberdi, özi bolsa atynyň tanapynyň ujundan tutup, basgançagyň üstünde oturdy. Üýşüp ýatan daşlaryň aňyrsynda nämedir bir zat gymyllady. Döwük-ýenjik kerpiç üýşmeginiň aňyrsyndan bir hor aýal turdy. Sal-sal bolup giden köýnegine dolanjyrap, ol aýal elini serip gelýärdi, özüniň ýanyp duran aç gözlerini atyň öňündäki gaty çörek gyňagyndan aýryp bilmeýärdi. Tugan oňa bir gysym gaty çörek owuntygyny uzatdy. Ol aýal Tuganyň hödürlän bir gysym çörek owuntygyny baha ýetmez gymmatly zat hökmünde salykatly haýal hereket bilen aldy-da, hol beýläk aýrylyp, çommalyp oturdy. Bir bölejik gaty çöregi özüniň ýellenen dodaklaryna ýetirdi-de, birden elini yzyna çekdi we ownuk gury çöregi bir ýasy daşyň üstünde deňje üýşmejiklere bölüşdirmäge başlady. Ellerine ýelmeşen çörek külkelerini emaý bilenjik ýalady-da: – Guzujyklarym, eýjejiklerim, geliň bärnk! Gorkmaň! Bu biziň adamymyz, gowy adam! – diýip gygyrdy. Ýasy-ýasy daşlaryň arasynda garalyp duran bir gowakdan ilki bada bir, soňra üç sany hüžžük saçly çaga kellejigi göründi. Ol çagajyklar harabalyklaryň arasy bilen biri-birlerine ýapyşyp, ýuwaşjadan ýöräp, aýalyň ýanyna geldiler. Olaryň çuw-ýalanaç endamyny gün ýakypdyr, olar şeýle bir hordular, hatda diňe süňkleri galyp, garynjyklary pökgerip durdy. Garalyp duran gowakdan ýene iki sany çaga çykdy. Olar ýerlerinden turjak hem bolman, emedekläp çykdylar we güp ýaly bolan garynlaryny elleri bilen gujaklap, gowagyň agzynda oturyberdiler. Ol aýal çörege el uzadan çagalaryň ellerine kakdy-da, özi her çaganyň agzyna gezekme-gezegine bir azajykdan tutup bermäge başlady. Şeýdip oturan ýerinden derdinmäge başlady: – Ol possunly aýylganç belalar biziň üstümize döküldiler... Göle ýaly ýabylaryna münüp, dumly-duşa pelesaň kakyp, gören zatlaryny aldylar... Meniň adamymy-da öldürdiler, ol pahyr maşgalasyny gorajak boldy... Olar meniň çagalarymyň hemmesini tutup, äkitdiler, bilmedim – olar dirimi ýa ölüp gitdimi?.. Atlylar gelip, meni hem tanap bilen daňyp, äkitdiler, görene göz edip, gyrnak hökmünde sakladylar. Gijäniň birmahaly ugruny tapyp gaçdym, şondan soň bildirmän, şu harabalyga geldim... Gelip öz öýümi tapmadym. Meniň öýümden galan derek bir üýşmek toprak. Gündizine dumly-duşumyzda hajjyklar at salýar, gijelerine edil alkymymyza gelip, şagallar uwlaşýar... Şäheriň golaýyna gelenimde şu çagajyklara duşdum, bulary mongollar taşlapdyrlar. Biz iýere başga zat tapman, ýuwa-ýelmik bilen gün gördük... Indi bu çagalar meniňki boldular, ölsek-de bile öleris, galsak-da bile galarys... Tugan özüniň iň soňky gaty çöregini bu aýala berdi we atyny idip, şäherden çykyp gitdi. Tugan Samarkanda tarap, barha aňryk gidýärdi. Onuň öňünden kerwen çykmaýardy. Kä ýerlerde ýek-tük adam görünýärdi. Bu ýerlere soň-da birki gezek mongol atlylary gelipdiler. Olar gelende meýdanda işläp ýören daýhanlar duran-duran ýerlerinden ýere ýykylyp, süýşenekleşip, ýaplaryň içine baryp bukulýardylar. Tozan turzup barýan mongollar diňe alaňlaryň aňrysynda gözden ýitenlerinden soň, gözi gorkan daýhanlar ýene-de meýdanlarda peýda bolup, öz daýhançylyk işlerine başlaýardylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |