00:13 Çingiz han -73: romanyň dowamy | |
Üçünji bap
Taryhy proza
MENI ÖLMEZ ET! Beýik kaganyň ikinji hatyny alandan soň parasatly hytaý uzak ýola ugramaga razy boldy. Hytaýdan Çingiz hana iberilýän gözel aýdymçy we tansçy köşk gyzlary bilen bilelikde iberilýän kerwene goşulyp gitmäge Çan-Çun düýbünden göwnemedi. Şoňa görä, oňa müň sany pyýada we üç ýüz atly nökerden ybarat ýörite saklaw berdiler. Çan-Çun özüniň ýigrimi şägirdini öz ýany bilen äkitdi, şolardan biri gündelik ýazýardy, öz halypasynyň aýdan sözlerini we goşgularyny şol gündelige girizýärdi1. Çan-Çun kera-mara ýöräp barýardy we duş gelýän şäherleriň hemmesinde düşleýärdi. Şäherleriň mongol baştutanlary (daruglar) ona dabaraly kabul edişlik guraýardylar we bol nygmatlary hödürleýärdiler, emma parasatly goja ol nygmatlardan iýmän, dine şüle hem miwe iýip oňýardy. Çan-Çun ýol boýy goşgy ýazyp geldi. Mongol sähralarynyň içi bilen geçip barýarka ol öz pikirlerini şeýle setirler bilen beýan etdi: I. Haýsy ýana salsaň nazar, Tükenmez daglaryk gerşi, Güýçli siller dagy pozar, Şemal oýnar garşy-garşy. Küýüme geldi bir mysal: «Näme üçin üsti sal-sal, Çarwa iller sürüp köp mal, Güzer etdi bize garşy. Aýlandymy köne zaman, Bu çarwalaň päli ýaman. Sygyrlara hem bermän aman, Kesip, edinýärler hurşy1. Bilmezler çalamy-haty, Göwünleri açyk gaty. Ykjaşýarlar sürüp aty, Zabt etsek diýýärler arşy». II. Ýoluň öňün tutdy çöller, Her bir ädim kyn ädilýär. Aýna dek ýalpyllap köller, Ýoluň ujy kyn gädilýär. Bu giden çöl-beýawanda, Duşmarsyň, ýolagçy kanda? Ýat taýpadan iki ýylda, Bir suwara göze ilýär. Göze ilmez tokaý ýa dag, Düzlüginde gögermez bag. Deri geýse – uly bezeg, Gyşu-tomus şony bilýär. Bu illerde tüwi bitmez, Süýt welin aradan gitmez. Öýün götermese gitmez, Ýüregim watany diýär. Çan-Çunuň ýola düşüp ugran gününden bäri iki ýyl geçenden soň Jeýhun derýasyna gelip ýetdi we Termeziň golaýynda derýadan geçdi. Şol ýerde Çingiz hanyň hut öz tebibi onuň öňünden çykdy. Dana Çan-Çun özüniň uzak ýolunyň tamam bolandygy hakynda ýazan goşgusyny oňa sowgat bermek bilen bilelikde şeýle diýdi: – Men daglarda gezip ýören ýabany adamdyryn, özümde beýik kagana birnäçe möhüm söz aýtmak maksady bilen onuň goşunynyň duran ýerine geldim, şol sözlerim berjaý edilse, älemiň bagty getirer. Çan-Çunuň goşgusy şeýledi: Gelýär gadymdan Sekizinji aý1. Dagady bulut, Göwne boldy jaý, Ýel hem köşeşdi, Garaňky geçdi. Ol kümüş köpri Tutdy gök ýüzün. Ilerde ajdar Açypdyr gözün, Ýyldyz röwşeni, Oýnadýar ony. Beýik minara, Şatlykly sesi, Ýaýradýar ile, Artdyr höwesi, Toý edýär iller, Ýazyldy biller. Bagşy çalýar heň, Guýulýar şerap, Emma kenarda, Daşyna garap, Ýadaw bir dana Barýar ol hana. Barýar ol göni Hanyň ýanyna, Rehim etsin diýip, Iliň janyna. Ilaty gaçyp gidenligi sebäpli diňe aç itleri üýrüşip ýören, tozdurylan Balh şäheriniň içinden geçip, dana Çan-Çun daglaryň arasy bilen dert gün ýol ýöräp, Çingiz hanyň gaşyna, onuň kert uçurymyň gyrasynda dikilen sary çadyrynyň ýanyna baryp ýetdi. Mongollaryň Samarkantdaky dikmesi, hytaý we mongol dillerini bilýän Ahaýýa Taýşy bilen bilelikde Çan-Çun gazaply hökümdaryň ýanyna bardy. «Daolar» hytaý häkiminiň ýanyna baranlarynda hiç wagtda onuň öňünde çök düşmeýändiklerine we ýere maňlaýlaryny goýmaýandyklaryna görä, Çan-Çun hem kaganyň öýüne girende diňe ellerini döşünde gowşuryp, çalarak egilmek bilen hormat etdi. Güne we epgege ýanan bürünç ýüzli, tümmi maňlaýly, ýeňsesinden bir çugdam ak saçy çykyp duran, guran garry beýik kaganyň öňünde ör turup durdy. Ol gedaý ýalydy, aýagynda ýelken, egninde köne çäkmeni bardy, emma ol «älem hökümdarynyň» ýüzüne arkaýyn we gorkusyz seredýärdi, soňra ýokary geçip, halynyň üstünde oturdy. Garamtyl ýüzli, çalaryp ugran sary sakgally, ullakan zumrutly we eginlerine düşüp duran üç sany tilki guýrukly tegelek gara telpekli Çingiz han altyn tagtyň üstünde aýbogdaşyny gurup otyrdy. Ol özüniň gyrpyllamaýan, pişigiňki ýaly mawurak gözleri bilen sandan çykan, gedaý garry dananyň ýüzüne seredýärdi, şondan haraý gözleýärdi. Çingiz han hem myhmany ýaly ýönekeý gara kendir geýimlidi, onuň-da sakgal-saçyny garrylyk gyrawy basypdyr, emma her biriniň öz ýoly bardy. Hytaý danasy adamlardan saýlanyp, çola ýerlerde ýaşaýardy, adamlary keselden, garrylykdan we ölümden gutarmagyň gizlin syrlaryny gözläp, özüniň bütin ömrüni ylymlary öwrenmeklige bagyşlapdy we özüne ýüz tutýanlaryň hemmesine başardyk kömegini berýärdi. Kagan bolsa, ägirt uly goşunlaryň serdary bolup geldi, beýleki halklary gyrmaga we ýoga çykarmaga öz urşujylaryny iberýärdi, ol özüniň ýeňişleriniň hemmesini on müňlerçe adamlaryň gyrylmagy bilen gazanýardy. Indi, ömrüniň soňky ýyllary gelen wagtynda, Çingiz hanyň ýaňadan ýigit we güýçli bolmagy we ony topraga garjak bolup, onuň yzyna sürrek düşüp ýören ajalyň sypdyrmazak ellerinden hemişelik sypmagy indi şu halys ysgyndan gaçan garra baglydy. Gojalaryň ikisi-de uzak wagtlap dymyp oturdy. Soňra Çingiz han: – Neneň, ýollarda horlanman, sag-aman geldiňmi? Düşlän şäherleriňde kem zadyň bolman durdumy? – diýip, sorady. Çan-Çun: – Ilki başda meniň iýmitimi kem etmediler. Emma soňky wagtda, meniň ýolum seniň goşunyň geçen ýerlerine getirende, sereden ýeriňde söweşleriň we ýangynlaryň yzy görnüp durýardy. Şol ýerlerden azyk tapmak kyn boldy – diýip, jogap berdi. – Indi islän zadyňy taparsyň. Her gün meniň ýanyma gel-de meniň bilen nahar ediniber. – Ýok, maňa beýle hezzet gerek däl! Dag adamy garypja ýaşar, ýekeligi gowy görer. Hyzmatçylar gymyz getirdiler, dana garry gymyzdan içmedi. Kagan oňa: – Meniň ýanymda öz islişiň ýaly ýaşa. Biz seni soňra ýörite gürrüň üçin öz ýanymyza çagyrarys, Häzir gitmäge rugsat – diýdi. Çan-Çun ýerinden turdy, elleriniň aýalaryny birikdirip, hormat edip, ellerini galgatdy-da çykyp gitdi. Tiz wagtdan mongol goşuny Mawerannahr topragymyň üsti bilen yzyna, demirgazyga ugrady. Ýolda barýarkalar, Çingiz han öz danasyna ençeme gezek üzüm şeraby, gawun we her dürli nygmatlar iberdi. Goşun Jeýhun derýasyndan gaýyklaryň üstünde gurlan emeli köpri bilen dessine geçdi we Samarkanda tarap ugrady. Gonalgalaryň birinde Çingiz han möhüm gürrüň etmek üçin gijäniň birmahaly öz çadyrynda garaşjakdygyny Çan-Çuna habar berdi. Lageriň galmagaly köşeşmäge başlap, gurbakgalaryi sesi barha güýçli eşidilip ugranda, Ahaýýa Taýşy dana Çan-Çuny kakylan ýaly bolup duran saklawlaryň duşundan geçirip, beýik kaganyň sary çadyryna eltdi. Altyn tagtyň iki tarapynda, kümüşden ýasalan belent şemdanlarda ýogyn-ýogyn mum şemler ýanýardy, Çingiz han ak keçe içirginiň üstünde aýbogdaşyny gurup otyrdy, gara tilki guýrukly, laklanan tegelek telpeginiň giň etekleri onuň ýüzüne kölege salyp durdy, diňe ýolbarsyňky ýaly gözleri ýylpyldaýardy. Hytaý we mongol dillerini bilýän iki sany mürzesi onuň ýanynda halynyň üstünde otyrdy. Çan-Çun tagtyň öňünde ýazylan halynyň üstünde oturyp, gürrüňe başlady: – Men daglaryň ýabany adamydym, özüm-de «dao» – has gözel hem belent boluşlar üstünde zähmet çekýärin. Men örän çola we şagalaňsyz ýerlerde bolmagy, çölde ygyp ýörmegi ýa-da öz pikirlerime gümra bolup durmagy gowy görýärin. Bu ýerde bolsa, patyşa çadyrynyň töwereginde nökerleriň, atlaryň we arabalaryň köpdügi sebäpli janym ynjalmaýar. Şoňa görä, öz göwnüme ýakyşyça, goşunyň kä öňünden, kä yzyndan gitmegime rugsat berip bilmezmisiňiz? Daglaryň ýabany adamy üçin şonuň özi uly garaşyk edildigi bolar. – Bar seniň diýeniň bolsun – diýip, kagan jogap berdi. Soňundan Çingiz han oňa şeýle sowal berdi: – Sen maňa gök gürrüldisiniň nämedigini düşündirip ber. Jadygöýler we baş porhan Beki gök gürrüldisi asmanda bulutlaryň aňyrsynda ýaşaýan hudaýlaryň adamlara gahar edýän wagtyndaky arryldamasydyr diýýärler. Adamlaryň olara gara haýwanlary däl-de, başga reňkli haýwanlary gurban edýän wagtynda hudaýlaryň gahary gelýärmiş. Şol dogrumy? Çan-Çun oňa şeýle jogap berdi: – Hudaý ýolynyň bol bolýandygy ýa-da gyt bolýandygy, gara goýunlary ýa gylýallary gurban etmän, sary ýa ak mallary gurban edenleri üçin asmanyň gahary gelmeýär. Seniň porhanlaryň ýalňyş sözlerini menem eşitdim, olar adamlar tomsuna ýapda ýuwunmaly däldirler, ýabyň suwuna geýim ýuwmaly däldirler, keçe basmaly del, kömelek ýygmaly däldirler diýýärler, şeýden adamlar asmanyň gaty gahary gelýär, ýeriň üstüne ýyldyrym we gök gürlewügini inderýär diýýärler... Adamlaryň asmany hormatlamaýandyklary asla ondan ybarat däldir, gaýtam adamlaryň köp jenaýat edýändiklerinden ybaratdyr... Men gadymy kitaplary okadym, şolarda adamlaryň üç ýüz müň her dürli jenaýatlarynyň arasyndaky iň gabahat jenaýat öz ata-eneňi hormatlamazlykdyr diýilýär... Seniň raýatlaryň öz ata-enelerini geregiçe hormatlamaýandyklaryny men ýoldakam ençeme gezek gördüm: özleri toý-tomaşa edip, iýip-içmekden aşa düşýärler, öz garry atalaryny, enelerini we babalaryny ajyndan öldürýärler. Ine şonuň üçin, daş ýürek ogul-gyzlaryň öz ata-enlerini horlaýandyklary üçin päk asman adamlara gahar edip, ýyldyrym we gök gürlewigi bilen jezalandyrýar. Öz halkyňy akyla getirip, düzetmegiň aladasyny et, hökümdar. Çingiz han; – Bu dana örän dogry aýdýar! – diýdi we ata-enäni hormatlamak hakynda aýratyn kanun çykarmak üçin, Çan-Çunuň aýdýan sözlerini mongolça, hytaýça we türkçe ýazmagy mürzelerine buýurdy1. Altyn gaplara salyp, her dürli nygmat getirildi, Çan-Çun getirilen nygmatdan bir azajyk palaw, sähelçe kişmiş iýdi. Şondan soň Çingiz han oňa şeýle sorag berdi: – Eý, ýagşy dana! Men bir zady köpden bäri bilmek isleýärin: sende garryny täzeden ýigdelder ýaly, güýçsüze täze güýç berer ýaly derman ýokmy? Uly derýanyň suwunyň dyngysyz akyp durşy ýaly, meniň ömrümiň günleri-de dyngysyz akyp durar ýaly, durmak diýlen zady bilmez ýaly edip bilmezmiň? Sende adamy ölmez eder ýaly derman ýokmy? Çan-Çun ýüzüni aşak saldy we sesini çykarman, barmaklarynyň ujuny birikdirdi. Çingiz han sözüni dowam etdirdi: – Eger beýle dermanyň häzir ýok bolsa, belki, ony nähili taýynlamalydygyny bilýänsiň? Ýa-da ölmez bolmagyň syryny açan başga bir dananyň, jadygöýiň bardygyny bilýänsiň? Men ömür baky ýaşar ýörer ýaly, maňa şonuň ýaly derman taýynlap berseň, men sana üjtgeşik, henize çenli görülmedik sylag bereýin: men seni noýon (beg) edeýin we bir ullakan welaýatyň hökümdary edip goýaýyn... Saňa at torbasyny dolduryp altyn bereýin... Dürli ýurtlardan getirilen owadan-owadan gyzlaryň ýüz sanysyny bereýin! Çan-Çun ne jogap berdi, ne-de ýüzüni ýokary galdyrdy, ýöne üşedýän ýaly titremäge başlady. Kagan bolsa, ony höweslendirjek bolmagyny dowam etdirdi: – Seniň ýaşaýan dagyňda ozal görlüp-eşidilmedik köşk saldyraýyn, onuň ýaly köşgi hytaý şasyndan başga hiç kimde görmersiň, ine şol enaýy köşkde sen belent işler hakynda pikir eder ýörersiň... Maňa jahyllyk geregem däl. Goý, men häzirkim ýaly garry hem çal bolaýyn, emma men hut öz elim bilen guran beýik mongol döwletimi köp ýyllar dowamynda, hiç ölmän, öz gerdenimde saklamak isleýärin... Kagan sözüni kesdi-de parasatly garrynyň hor ýüzüne özüniň ýanyp duran gözleri bilen siňe seretdi. Ol garry bolsa, ýygrylyp, gazaply kaganyň ýüzüne gözüniň gytagy bilen seredip, ýuwaşjadan gürrüňe başlady: – Daglary, asudalygy we ýekelikde pikir etmegi gowy görýän wagtymda men altyny näme edeýin? Men özümi oňarmaýan wagtymda bütin bir welaýaty soramagy oňararynmy? Ýesir gyzlaryň hemmesini edepli-ekranly ýigitlere durmuşa çykar. Maňa köşk gerek däl, daşyň üstüne çykyp, dik duran ýerimde-de pikir edip bilýärin... Men iň parasatly kitaplaryň hemmesini okap çykdym, ol kitaplary iň meşhur hytaý alymlary ýazypdyrlar, men hemme zadyň änigine-şänigine ýetdim. Men saňa tüýs hakykaty aýdyp bilerin: adamyň gurbuny artdyrmak üçin, syrkawy gutarmak, onuň ömrüni goramak üçin köp serişdeler bar, emma ony hiç ölmez ýaly etmek üçin derman ýok we bolmandyr... Çingiz han ýüzüni aşak salyp, böwrüni diňläp, uzak wagtlap dymyp oturdy. Edilýän gürrüňleri depderlere ýazyp oturan mürzeleriň ýuwuş galamlarynyň jygyllysy ýatdy. Diňe eräp, agyp ugran mum şemleriň şytyrdysy eşidilýärdi. Bir haýukdan soň ýene Çingiz han gürrüňe başlap, şeýle diýdi: – Biziň garry mongollarymyzyň «Dogrusyndan gelýän adam öz ajalyna ölmez» diýen nakyly bar, garaz, biri ony içiniň ýangynyna wagtyndan öň öldürer... Şol sebäpli-de adamlar tükeniksiz ýalan zatlar toslamaga jan edýärler... Sen bolsaň, parasatly garry, meni görmek üçin on müňlerçe li ýoly ýöräp gelipsiň, hakykaty aýtmaga, ölmezlik serişdesiniň ýokdugyny aýtmaga gorkmadyk bir sen bolduň! Sen tüýs ýürekden gepleýän we dogrusyndan gelýän adam ekeniň. Eger menden dilegiň bar bolsa, aýt! Dilegiňi berjaý etmäge wada berýärin. Çan-Çun aýalaryny tapyşdyryp, kaganyň öňünde baş egdi. – Meniň ýekeje dilegim bar, men şony saňa aýtmak üçin garlardan geçip, daglary we çölleri söküp geldim, öz rehimsiz uruşlaryňy bes et we hemme ýerde halklaryň arasynda göwün diýen parahatçylygy berkarar et!.. Çingiz hanyň gaşlary çytyldy-da soňra ýazylyp gitdi, Ýüzi gyşardy. Ol sojap bokurdagyna sygdygyndan gygyrmaga başlady welin, mürzeleriň galamlary kagyzyň ýüzünde göze ilmeýärdi: – Hemme ýerde parahatçylygy berkarar etmek üçin uruşmak gerek!.. Biziň sähramyzdaky garrylarymyzyň: «Haçan sen öz barlyşmaz duşmanyňy öldürseň, diňe şol wagtda, hem uzakda, hem ýakynda asudalyk bolar» diýip, öwretmekleri ýöne ýerden dädir.., Men heniz öz köne duşmanym tangut patyşasy Burhanyň soňuna çykamok! Älemiň ikinji ýarymy-da heniz meniň aýagmyň astynda däl... Men şulara çydam edip bilerinmi? Sen dana bolsaň-da, seniň dilegiň başa barjak zat däl! Munuň ýaly dileg bilen şundan beýläk bize azar berme! Çingiz han ýerinden turdy we tagtyň tutaýyndan barmaklaryny geçiräýjek bolup, gaharyna galpyllap, dişleriniň arasyndan syzdyryp: – Gidiberiň, rugsat! – diýdi. Şol ýylyň gyşyny Çingiz han Samarkandyň ýanynda geçirdi. Ol şäherleriň daryşganlygyny halamaýardy, şonuň üçin mongol lagerinde ýaşaýardy. Ilki bada köp ýagyş ýagdy, şol sebäpli ýer tutuş batga bolup, ýol ýörär ýaly bolmady. Soňundan ýygy-ýygydan gar ýagdy we şeýle bir sowuk boldy, hatda köp aty we öküzi sowuk alyp, olaryň maslyklary ýollaryň ugrunda ýatyrdy. Çan-Çun dana Horezm şanyň ozalky, şäherdei daşarky «Gök saraý» diýen, durşuna bag bolup duran köşgünde ýaşaýardy. Şol ýerde ol goja goşgy ýazýardy. Ähli emlägini, mallaryny, aýallaryny we çagalaryny mongol urşujylary äkiden aç ilat Çan-Çun dananyň ýanyna topar-topar gelýärdi, ol bolsa, özüne Çingiz hanyň berýän naharyny şol aç ilata berýärdi, onuň hem üstesine köje bişirip paýlaýardy. __________ 1 Çan-Çunuň şol ýol gündeligi – «Günbatara syýahat» şu mahala çenli saklanyp gelýär. 2 Hytaýlar sygry mukaddes haýwan hasaplap, sygyr etini iýmeýärdiler, süýdüni içmeýärdiler. Şonuň üçin mongollaryň iýmiti olary geň galdyrýardy. 3 Sekizinji aý – hytaýlaryň kalendary boýunça sentýabr aýy bolup, hytaýlar hasyl ýygnap gutaranlary üçin toý edýärler. 4 Şonuň ýaly kanun çykarylyp, Çingiz hanyň Ýasuwyna (buýruklarynyň we öwütleriniň ýygyndysyna) girizilipdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |