13:07 Çingiz han -78: romanyň dowamy | |
Üçünji bap
Taryhy proza
DEMIR KAPASADA Darajyk howlynyň töweregindäki diwaryň ýüzünde demir gözenekli bir inedördül deşik garalyp durdy. Şonuň içinde bir üýşmek letdäniň arasynda bir gara zat gymyllaýardy. Lüli diýen ykmanda taýpanyň aýallarynda bolýan, ýerden süýrenip duran uzyn gara ýaglyk bilen boýdan-başa bürenen bir inçejik aýal kapasyň ýanynda diwara gysyljyrap durdy. Tugan ýuwaşlyk bilen bardy. Ol aýal öwrülip seretdi. Tugan bu tanyş ýüzi görüp allaniçigsi boldy, edil şol garaýagyz, nurana ýüz, edil şol synçy gara gözler, emma geçmişdäki bigamlygy aýrylypdyr. Ol aýal siňe nazar saldy-da, dessine ýüzüni sowdy... Şübhe ýok, Bu Bent Zankyjady! Tugan has ýakyn baryp, kapasyň içine seretdi. Onuň içindäki bendi zordan bükülip oturyp bilýärdi. Garaňkynyň içinde ýal kimin, buýra-buýra saç we içiňden geçip barýan gözler göründi. Onuň hor ýüzi düýbünden üýtgän-de bolsa, Tugan Hajy Rahymy gören badyna tanady. Derwüş süýşenekläp geldi-de, özüniň tüýlek ýüzüni kapasyň demir çybyklaryna goýdy. Ol bogazyny hyžladyp geplemäge başlady: – Sen aýny wagtynda ýetişdiň, inim! Tugan, ýakynrak gel-de, meniň iň soňky isleglerimi diňle. Içigara ymamlar meni zyndanda çüýretmek isleýärler ýa-da ilatyň gözüni gorkuzmak üçin meniň gulaklarymy kesip kerçemekçi bolýarlar... Emma azat pikiri bogup ýok etmek, meniň joşgunly ýigrenjimi ýatyrmak olaryň elinden geljek zatmydyr?.. Men indi olaryň islän zatlarynyň hemmesini ýazdym, emma olar meniň ýazanlarymy okap, meniň ýazanlarymy-da, özümi-de otda ýakarlar... Men gyzyl sakgal Çingizi olar ýaly öwmedim ahyryn, Horezmi gulçulyga salan tatarlar, aýal-çagalaryň ganyna galan päliýaman ganhorlar hakynda öwgüli süýji aýdymlar düzmedim ahyryn... Men äz gözümiň görenlerini, birjik-de gorkman, bolşy ýaly ýazdym... Men elimden gelen işi etdim we indi meniň peýmanam doldy. Meni Salaryň kenaryndaky garry çynaryň aşagynda jaýlaň... Meniň halypam Abu Aly Ibn Sina örän parasatly adamdy, emma içigara kütek-kütek ymamlaryň zulumyndan zyndanda çüýrük samanyň üstünde ýatyp öldi... Ol dünýäniň ähli gizlin syrlarynyň aňrysyna ýetipdi, onuň bir bilmeýän zady ölümden gutulmak çäresidi!.. Tugan ýuwaşlyk bilen gürrüňe başlady: – Birmahal çölde ikimiziň ellerimizi daňanlarynda, üstümizden bolsa, gazaply «gara atly» Gara Hanjaryň dembermezi injek bolup durka, maňa näme öwredeniň ýadyňdamy? Şonda: «Gaýgy etme, gije uzakdyr we gije heniz gutaranok!» diýen sen dälmidiň? Indi menem saňa şony aýdýaryn: «Dur entek, gaýgy etme, gije heniz başlanogam!» Hajy Rahym misli täze gurp gelen ýaly bolup janygdy. Tugan oňy gandyrjak bolup, ýuwaşjadan sözüni dowam etdirdi: – Sen meniň uly doganym, meniň sözüme gulak as-da men näme diýsem şony et. Men saňa üç düwür garaja derman bereýin welin sen şolary ýuwut. Şondan soň öli ýaly bolup, sus ýatarsyň, bir ýeriň agyrsa-da duýmarsyň, sen düýş görersiň, daglaryň üstünden uçup geçip, sowuk-sowuk çeşmeleri akyşyp duran, hoşboý gülleri açylyşyp duran bir jülgä bararsyň.., Şol ýerde gar ýaly ak atlar agyp-dönüp ýörendir we altyn reňk guşlar ýakymly ses bilen saýraşýandyr... Şol ýerde sen düýşüňde özüňiň on alty ýaşyňdaky magşugyňa gowşarsyň... – Soň oýanyp, ýene şu demir çybyklara dişimi gyjamaly bolaryňmy? Maňa beýle düýş derkar däl! – Sabyr et, yzyny diňle! Sen düýşüňde dag jülgesinde päk keýpi-sapalara gümra bolup ýörkäň, men seniň zyndançylaryň ýanyna baryp, ol öldi, onuň jesedini jaýlamak gerek – diýerin. Şol wagt zyndançylar kapasy açyp, seni demir gaňyrçak bilen göterip öldürilenleriň taşlanýan çukuryna baka äkiderler... Agyryp-ynjan ýeriň bolaýsa-da, çydam et, sesiňi-üýnüňi çykarma! Ýogsam demir taýak bilen urup, seniň kelläňi pytradarlar... Çukurdaky meýitleriň arasynda ýatan wagtyňda ýarym gije şagallar gelip, seniň aýagyňy iýjek bolarlar welin, men üç sany nöker bilen şol ýerde häzir bolaryň. Biz seni çäkmene dolap, şäheriň çetindäki çola ýere äkideris... Şol ýerde sen huşuňa gelersiň welin, men seni ata mündürerin, şondan soň sen günbatara ýa gündogara gidip, islän ýeriňde ýaňadan ýaşamaga başlarsyň... – Hawa, sen dogry aýtdyň, gije heniz gutarmandyr!.. Men ak atlar jülgesine ugramaga taýyn!.. Ol şypa tapdyryjy düwürleriňi tizräk ber! – diýip, Hajy Rahym özüniň edil bürgüdin penjesi ýaly gara hem gaty elini uzatdy. Tugan özüniň haltajygyndan üç düwür garaja zat çykaryp, Hajy Rahyma berdi. Hajy Rahym bolsa, ýaýdanman, olary ýuwutdy. Ol pyşyrdap, düşnüksiz sözleri aýtmaga başlady, dili barha peltekleşip, sözleri durdukça ýuwaşap, iň soňy yrandy-da bir gapdalyna agdaryldy... Şol demde eli naýzaly bir sakçy geldi-de: – Meniň häkimim ýekirilen jenaýatkärin ýanyndan indi aýrylmagy buýurýar! – diýdi. – Bu bende seniň gyňyr häkimiň merhemedine mätäç däl, bu öldi! Ol sakçy müňkürlik edip, naýzasyny kapasyň içine uzatdy-da, sus ýatan derwüşiň tenine naýzasynyň ujuny çümdürdi. – Gygyrmaýar! Gymyllamaýar! Dogrudanam ölen bolmaga çemeli!.. Indi akyly çaşan diwananyň meýdi çukura taşlanar... Eger siz muny jaýlamakçy bolsaňyz, haýal etmäň-de, şu gijäniň özünde ugruna çykyň. Ertire galsa, itler we şagallar muny çekelärler, şondan soň siz munuň süňküni-de ýygnap bilmersiňiz... Jomartlygyňyza taňry ýalkasyn! Hemmämiziň başymyzda bir ölüm bardyr!.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |