00:16 Çingiz han -74: romanyň dowamy | |
Dördünji bap
Taryhy proza
MONGOLLARYŇ «DÜÝP ORDA» GAÝDYP BARŞY Çingiz han öz lageriniň bolýan ýerini üýtgetmekçi bolup, goşunyna Samarkantdan Seýhun derýasyna (Syrderýa) tarap ugramagy buýranda, Çingiz hanyň buýrugy boýunça, Muhammet şanyň enesi garry Türkan Hatyn, şanyň ozalky bütin haremi we beýleki begzada ýesir aýallar mongollaryň gidip barýan ýolunyň ugrunda durup, mongollaryň hemmesi tä duşlaryndan geçip gidýänçä Horezm döwletiniň ýoga çykandygy dogrusynda bokurdaklaryna sygdygyndan ses edip durdular. Goýun ýylynyň (1223-nji ýylyň) başynda Çingiz hanyň lageri Seýhun derýasynyň sag kenaryndady. Çingiz hanyň çagyrmagyna görä, onuň ogullary: Jagataý, Ugedeý we Tuli şu ýere gurultaýa geldi, diňe uly ogly, ulumsy we boýun egmezek Juçy gelmedi. Çingiz han iň ýakyn on üç ýylyň içinde günbatar ýurtlaryň hemmesini Soňky deňze çenli ýeňip almak plany hakynda öz ogullary, hanlar we baş serkerdeleri bilen maslahatlaşdy. Çingiz hanyň lageri gaçyp dagan ilatyň baglarynyň arasynda ýerleşipdi. Şu ýere ýakyndaky daglaryň doňuzlary düşýärdi. Çingiz han şolary awlamagy gowy görýärdi, olary atyň üstünden naýza we ýaý oky bilen urýardy. Günlerde bir gün ýabany doňuzlary kowalap ýörkä, onuň aty büdredi. Han ýykyldy, aty bolsa gaçyp gitdi. Ägirt uly ýekegapan öz öňünde gymyldaman ýatan Çingiz hana bir meýdan seredip durdy. Soňundan ýuwaş-ýuwaşdan gamyşlaryň içine girip gitdi. Beýleki awçylar ýetişip, onuň atyny tutup getirdiler. Han aw awlamagyny bes edip, lagerine gaýdyp geldi we – meniň ýekegapan öňünde ýykylmagym asmanyň göz görkezdigi bolaýmasyn, şony aýyk edip bersin – diýip, hytaý danasy Çan-Çuny getirmegi buýurdy. Çan-Çun gelip: – Biziň hemmämiziň öz janymyzy goramagymyz gerek. Beýik kaganyň ýaşy indi bir çaka barypdyr, şol sebäpli onuň aw awlamagyny birneme kemeltmegi gerek. «Älemi sarsdyryjynyň» batgalykda ýykylyp ýatan wagtynda ýekegapanyň onuň üstüne topulmaga ýürek edip bilmänligi asmanyň howandarlyk edenliginiň alamatydyr – diýdi. Çingiz han oňa jogap berip: – Indi men aw awlamagy taşlarynmy? Ýok, bu maslahaty ýerine ýetirip bolmaz! Biz mongollar aw awlamaga we atyň üstünden ok atmaga ýaşlygymyzdan endik edýäris, biziň adamlarymyz garranlarynda-da şondan el çekip bilmeýärler. ýöne welin seniň sözlerini men ýadymda saklaryn – diýdi. Çingiz han Çan-Çuny sylamakçy bolup, sagylýan sygyrlaryň bir sürüsini we gowy atlardan bir süri getirip bermegi buýurdy, emma dana ol sylagy kabul etmedi, öz Hytaý daglaryna ýönekeý araba bilen gidip biljekdigini aýtdy. Soňra ol dana kaganyň ýanyna baryp, onuň bilei hoşlaşandan son, öz ýigrimi şägirdi we bir topar atly bilen öz iline ugrady. Çingiz hanyň köp ýakyn adamlary garry daosy küýze-küýze şerap we sebet-sebet gowy miweler bilen ugratdylar. Köp adamlar ondan aýra düşýändiklerine gezlerinden boýur-boýur ýaş dökdüler. Bijin ýylynda (1224-nji ýylda) Çingiz han öz goşunyny alyp, bu ýerden öz mongol sähralaryna ugrady. Garry ýolbarsyň bir sygyry iýenden soň, özüniň sallanyp giden garnyny süýräp, gamyşlykdaky sürenine ýuwaşlykdan gaýdyp barşy ýaly, Çingiz hanyň goşuny-da biçeme köp olja alyp, ýuwaşlyk bilen süýşüp barýardy. Her urşujy üsti ýükli birnäçe at, düýe we öküz alyp barýardy. Urşujylar bilen bilelikde goýun sürüleri, musulmanlardan talanyp alnan geýimler, ýarag, haly, mis gap-gaç we gaýry zatlar ýüklenen iki tigirli arabalar jygyllaşyp barýardy. Mongol we beýleki dürli taýpalardan bolan aýallar, çagalar atly, düýeli, arabaly barýardy, halys ysgyndan gaçan, egin-başy ýyrtyk-ýyrtyk aýak ýalanaç ýesirler tükeniksiz uzalyp süýrenişip barýardylar. Şu mähelläniň hemmesi howlaman süýşüp barýardy, mal bakmak üçin amatly ýaýlalary bolan ýerlerde düşleýärdi, hamy soýlan atlaryň maslyklaryny, öküz maslyklaryny, Merkezi Aziýanyň suwsuz, çagylly düzlüklerinde ýol ýöremegiň kynçyklaryna çydap bilme» dik ýesirleriň meýitlerini uzyn yz edip galdyryp, goşun bütin tomsy we gyşy bilen ýol ýöredi. Ýaz çykanda Çingiz han Kerulen derýasynyň ýakasyndaky öz iline baryp ýetdi we Buky Suçegu diýilýän ýerde özüniň sary çadyryny dikip bermeklerini buýurdy. Şu ýerde ol özuniň ähli tanymal hanlaryňyň we özlerini görkezen serkerdeleriniň maslahatyny çagyrdy we sährada şoňa çenli görülmedik uly toý tutdy. Şol toýdan üç gün soň Çingiz hanyň soňky aýaly Kulan hatyn aradan çykdy. Il arasynda, onuň ölmegine kaganyň doganlary sebäp boldy diýen myş-myşlar bardy... Emma onuň anygyna ýetip biljek barmy näme? Soňraky Takyk ýyly (1225) Çingiz han öz ilinde boldy we öz «Ýasaklaryny» (permanlaryny) yglan edip, mongol halkyna «Pähim we bolelinlik ýoluny» öwüt berdi, oňuň şol öwütleriniň ýygyndysyna1 şonuň ýaly hem at berildi. __________ 1 Düýp orda diýip, moýagollar Mongolystanyň demirgazyk-gündogar böleginde Onon we Kerulen derýalarynyň boýunda Çingiz hanyn iň ýakyn garyndaşlarynyň ýaşaýan ýerine aýdýardylar. 2 Şol ýygyndydan şu mahala çenli diňe kiçijik bölekler saklanypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |