13:09 Çingiz han -79: romanyň soňy | |
Dördünji bap
Taryhy proza
KITABYŇ IŇ SOŇKY SAHYPASY Tutanýerli we sabyrly adam özüniň başlan işiniň amatly gutaranyny görer. (Hajy Rahym) Tugan bilen Bent Zankyja ikisi weýran edilen şäheriň ses-üýn çykmaýan, çola köçeleri bilen bileje barýardy. Tugan atyny idip barýardy. Boş haňlap ýatan jaýlaryň ýanyndan geçenlerinde atyň aýak sesi jaýlara düşüp, ýaňlanyp durýardy. Bular özleriniň hezil Gürgençde, derýanyň agyp gaýdan wagtynda ölen garry Mürze Ýusubyň öýünde geçiren ýaşlyk çaglaryny ýatlaýardylar. – Şu uzak ýyllara çeken sergezdançylygymda men hemişe sen hakda pikir edip gezdim, Bent Zankyja! – Çagalygymyzy bile, bir ýerde geçiripdik, ynha ýene tapyşdyk... Tupan turup ýyldyrym çakmagyny we bütin ýurdumyzy sarsdyran gök gürrüldisini menem öz başymdan geçirmeli boldum... Emma gazaply gaý wagtynda äpet palutlaryň we çynarlaryň ýykylýan wagtynda kiçijik agaçlaryň aman galaýmasy bolýan ekeni, şonuň ýaly menem aman galdym! – Bu aýylganç ýyllarda nämeler başyňdan geçdi? – Gulak as, men saňa gürrüň bereýin. Meni Buharada mongollar tutup, gyňyr häkime Horezmiň ýoga çykyşy hakynda tukat aýdymlar aýdyp bermäge mejbur edenlerinde, ol meniň aýdym aýdyşymy eşidip, meni öwdi we meni onuň aýdymçy hytaý gyzlarynyň arasynda saklamagy buýurdy... Adamlary gyrgyna beren ol ganhor nirä gitse, bizi-de şonuň yzy bilen gezdirip ýördüler. Günlerde bir gün Çingiz han gözünden nalamaga başlady, bir aý onuň gözüne iki bolup görünýärdi, sährada bir jeren onuň gözüne üç jeren bolup görünýärdi. Ol bir zat tapynandyryn öýdýärdi. Mongol porhanlary Çingiz hanyň öňünde ybadat etdiler, oýnadylar, emma onuň kakynyny aýryp bilmediler. Tebipler oňa el degirmäge we onuň elhenç gözlerine seretmäge gorkýardylar. Emma Çingiz hanyň lagerine bir arap kaddahyny1 getirdiler, oňa Zin Zaban diýýärdiler, ine şol tebip «älemi titredijini» batyrgaýlyk bilen bejermäge başlady. Ol hakykatdan-da Çingiz hanyň gözüni dessine gutardy. Gazaply häkim köp kaýyl boldy we tebibiň nähili aklyk isleýändigini sorady. Garry tebip hiç bir baýlyk dilemedi, ýöne aýdymçy gyzlaryň birine barmagyny uzatdy, şol gyz men bolup çykdym! Çingiz han meni şoňa bermegi buýurdy. Ol garry meni aýallar jaýyna salyp goýdy, şol ýerde men ýaş ýigidiň gara saçlary hakynda we ýaňagyndaky haly hakynda aýdym aýtdym welin, ony tebip eşidip, meni urdy. Ýylgyrmak diýlen zady unudan urşujy hakynda aýdym aýtdym welin, ol garry ýene gaýyş guşak bilen maňa akyl öwretmäge başlady. Şondan soň men ondan gaçdym we bizde ýigrenilýän otparaz ykmanda lüli taýpasynyň aýallary meni özleriniň göçme çadyrlarynda ýerleşdirdiler. Men olaryň edil özleri ýaly gara ýaglyk pürenip gezdim, meniň şol ýerdedigimi hiç kim şugullamady... Emma garry kaddah Zin Zaban başyna belany satyn alyp, ýene gazaply Çingiz hanyň ýanyna baryp, meniň gaçandygymy aýdypdyr, onuň nökerleriniň meni tapyp bermeklerini sorapdyr... Mongol häkiminiň şeýlebir gahary gelipdir, hatda onuň daşyndakylaryň hemmesi ýüzlerine ellerini tutup, ýykylypdyrlar... Çingiz han oňa: – Meniň beren aklygymy nädip eliňden giderýäň? Näme üçin öz aýalyňa erk edip bilmeýärsiň? Aýalyna gepini geçirip bilmeýän adam meniň soraýan ýerlerimde ýaşamaly däldir! Äkidiň muny–diýip gygyrypdyr. Jellatlar görgüli garry tebibiň daşyna geçip, şol ýeriň özünde onuň akylly çal kellesini alypdyrlar. Ol pahyryň soňy şeýle boldy. Şondan bäri men lüli taýpasynyň arasynda bolýaryn. Hajy Rahymyň zyndanda oturandygyny eşidip, oňa çörek, hoz we üzüm eltip bermäge başladym... Men onuň ýazuw işine kömek berdim... – Özüň gaçgak bolup ýörseň-de, oňa kömek berdiňmi? – Her üç günden zyndana gatnap, oňa nahar eltip berýärdim. Çörek bilen bilelikde oňa birnäçe tagta ak kagyz berýärdim, ol bolsa, özüniň üç gün içinde ýazan ýatlamalaryny assyrynlyk bilen maňa berýärdi. Onuň ýazanlaryny men çadyrymda göçürip alýardym, soňra onuň kagyzlaryny gaýtaryp eltip berýärdim, ýene üç günden mongollaryň Horezme çozuşy hakyndaky hekaýanyň täze sahypalaryny alýardym. Şeýlelikde, Hajy Rahymyň kapasada ýazan kitaby bilen bilelikde edil şonuň ýaly kitabyň sahypalary meniň elimde ýygnandy. Mürze Ýusup pahyryň imany hemra bolsun, maňa hat ýazmagy şol öwredipdi!.. Tugan: – Sen uly iş bitiripsiň. Içigara ymamlar Hajy Rahymyň ýazan sahypalaryny ýakaýsalar-da, ol kitabyň nusgasy biziň elimizde galar! Biziň agtyklarymyz-da, çowluklarymyz-da Çingiz hanyň bet işleri hakynda Hajy Rahymyň ýazan hekaýasyny okarlar...– diýdi. Bular çalt akýan bulanyk suwly derýanyň kenaryna baryp ýetdiler. Şu ýerde lüli taýpasynyň garagurumly çadyrlary bardy. Garry çynaryň aşagyna baryp, Bent Zankyja bir haly bölejiginiň üstünde bir petde kagyz goýdy. Samarkant harabalyklarynyň ýokarsyna galan aýyň şöhlesi ýekirilen sergezdanyň hekaýasy endigan setirler bilen beýan edilen sary sahypalara ýagty salýardy. Bent Zankyja halynyň üstünde oturyp, sahypalary agdaryşdyryp, gürrüňe başlady: – Hajy Rahym hiç ýyladylmaýan sowuk kapasada oturyp, halys ysgyndan gaçdy, emma ol birjik-de sussuny peseltmedi, onuň ýalkymly pikirleri oňa kuwwat berdi... Şu ýerleri ol kynlyk bilen ýazypdyr... Görýänmi, şu setirleriň ýazylyşyndan bildirip durýar! Gulak as, Hajy Rahym kitabyň iň soňky sahypasynda şeýle ýazýar... Bent Zankyja arap haty bilen ýazylan sahypany alyp, okamaga durdy: «...Meniň sürülen galamym birehim mongollaryň biziň watanymyzyň gülläp oturan jülgelerine çozuşy hakyndaky hekaýanyň iň soňky setirlerini ýazdy... Bu kitaby yhlasly ýazmak bilen men asuda taýpalary gyrgyna beren zalym Çingiz hanyň garşysyna jan aýaman göreşe çykmaga ýürek edip bilmedik, Horezmiň gorkak adamlary hakynda ýene köp zat aýtmakçy... ...Eger-de horezmlileriň hemmesi berk we agzybir durup, gahar hanjaryny ellerine alan bolsalar we janlaryny aýaman, watan duşmanlarynyň üstüne gazap bilen okdurylan bolsadylar, onda ulumsy mongollar we olaryň gyzyl sakgal häkimi Horezmde ýarym ýyl hem saklanyp bilmän, özleriniň uzak sähralaryna hemişelik güm bolardylar... ...Mongollar öz duşmanlaryny öz egri şemşirleriniň güýji bilen ýeňmän, gaýtam duşmanlarynyň agzalalyklary, eglişik edijiligi we gorkaklygy sebäpli ýeňýärdiler... Edermen Jelaleddin özüniň az sanly, emma gaýduwsyz jigitleri bilen mongol leşgerlerini derbi-dagyn edip bilýändigini görkezdi... ...Emma galamym barha sowaýan barmaklarymdan gaçyp barýar... Sergezdan derwüşiň barha güýji gaçýar, günler bolsa ylgaw bilen geçip barýar, haklaşyk gününi ýakynlaşdyrýar... Şahyryň2 goşgusyndan şu ýerde birnäçe setiri mysal getireýin: Edil ýazky ýagmyr ýaly, Misli güýzüň ýeli ýaly, Geçdi ýigitligiň döwri, Golaý geldi ajal howry. Ýalançydyr, ýokdur pany, Kerwen eýýäm gitdi hany, Çalşyrmaga bu mekany Düş ýola güm bola-bola. ...Özümiň näbelli okyjym bilen hoşlaşyp, birnäçe söz aýdaýyn: «tekepbir ymamlar we derisine sygmajak bolýan gedem ulamalar meni ynançsyz bolupsyň diýip aýyplaýarlar! Ol içigara we kütek ymamlaryň we ulamalaryň gözi hiç zat görmeýär! Meniňki ýaly ynançsyzlyk aňsat we biderek iş däldir3. Zynjyrly akyldaryň paň kelle jellady ýeňjekdigine, ezilen zähmetkeşiň zalym sütemçini ýeňjekdigine, bilimiň galplygy ýeňjekdigine meniň ynanjymdan pugta we ýalkymly ynanç bolup bilmez!.. Ýagşy zaman gelip, hakykatyň, adam hakyndaky aladanyň biziň watanymyzy uly iliň bagtlyldgyna we ýagtylykda ýaşamagyna eltjekdigine meniň gözüm ýetýär!.. Şeýle zaman geler, şeýle bolar!» Bent Zankyja özüniň üç sany kümüş ýüzükli inçejik bugdaý reňk barmagyny dodaklarynyň üstüne goýup, ýaý gaşyny gerip, bir azajyk böwrüni diňledi-de, ol ýazylgy kagyzlary yhlas bilen ýygnaşdyryp, olaryň daşyna bir ala mata dolady. Ol özüniň ýanyp duran gara gözlerini Tugana dikip, ýuwaşjadan: – Indi men lüli taýpasyndan üç sany batyr ýigit çagyraýyn... Siz jezalandyrylyp öldürilýän adamlaryň taşlanýan hänneginden Hajy Rahymy alyp gelmäge ugraň. Gije uzak we heniz gutaranok ahyryn! Biz ony ölümden gutararys! __________ 1 Kaddah – arap sözi, göz doktory. 1 Hosrewani (X asyr). 2 Abu Aly Ibn-Sina (XI asyr) Soňy. Wasiliý ÝANÇEWESKIÝ. Terjime eden Kakabaý GURBANMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |