13:06 Çingiz han -77: romanyň dowamy | |
Ikinji bap
Taryhy proza
ŞOWHUNLY SAMARKANT ŞÄHERI HANY? Tugan birnäçe günden soň durşuna mazarçylyk bolup duran çöl alaňlygyň üstüne baryp, atynyň başyny çekdi. Onuň öňünde derýa deresi göm-gök bolup durdy, şu ýaňy-ýakyndaky şöhratly Samarkant şäheriniň harabalary münderleşip görünýärdi. Üsti ýasy tamlar biri-birine ýelmeşip otyrdy, emma Mawerannahryň bu ozalky paýtagtynda, ozal on müňlerçe ussat işçileriň işleýän ýeri bolan Samarkant şäherinde hiç bir hereket görünmeýärdi. Şäheriň orta böleginiň daşyna gädik-gädik we ýagmyr astynda ýykylan gala diwarlary bardy. Şol ýerde Horezmiň iň soňky şasy Muhammediň saldyran belent metjidiniň tüssä garalan bölegi we iki sani tegelek minara saklanypdyr. Bir agsak gedaý Tuganyň ýanyna geldi we egnindäki letdäniň aşagyndan hor elini çykaryp uzatdy: – Şöhratly beg jigit, joşanyňdan bereweri! Alla seni söweşlerde aman saklasyn! Allatagala seniň batyr ýüregiňi duşman okundan gorar, işalla! Tugan gedaýa ýüzlenip, emma öz-özi bilen gepleşýän ýaly bolup: – Hany şäher? Hany soltanlaryň we hanlaryň ajaýyp paýtagty? Hany garny gäbe täjirler, dürli-dümen harytly bazarlar, hany ussahanalardaky ýekedabanlaryň şowhunly şarkyldysy? – diýdi. Gedaý jogap berip: – Olaryň hemmesinden oba göçdi! Bu ýerden mongollar geçdi ahyryn! Olar heý abat zat goýarmy? Sen şäher nirede diýip soraýarsyň! Şäher ilatynyň ýarysyny birehim atlylar gyrdylar, birnäçesini özleriniň alys sähralaryna sürüp äkitdiler, galan adamlar daglara bosup, köpüsi şol ýerlerde eýýäm ölüp gitdi...– diýdi. – Bosgunlar ýene näçe wagtlap şeýdip ýörerler? – Şäheriň hol tarapyna, derýa boýunyň ýokarlaryna adamlar kem-kemden ýygnanyşýarlar we özlerine çöp-çalam bilen palçykdan kepbe dikýärler. Emma olaryň ýüregi hemişe suw üstünde, her bir gün mongollar gelip, islän adamlaryny boýunlaryna tanap salyp äkitmekleri mümkin... Beren sadakaň kabul bolsun, taňry ýalkasyn! – Şäheriň ortarasyndaky ol minara näme? – Ol minara ýakyn barmaweri! Ol ýerde zyndan bar! Mongol hanlary bu boş çaňap ýatan şäherde eýýäm zyndan gurdular. Onuň ýanynda mongol jellatlary ýaşaýarlar, olar ýazgarylanlary demir taýak bilen urup, kellesini pytradýarlar. Olaryň nädýändiklerini men sena gürrüň bereýin... Tugan onuň aýdýanyny diňlemän, ýapgytdan aşak indi. Tugan sus şäheriň harabalyklarynyň arasy bilen galanyň ýanyna, iki sany elhenç we ses-üýnsüz minaranyň al-asmana galyp duran ýerine atyny sürüp bardy. Bendileriň hossarlary diwaryň ýanynda ýüzlerini sallaşyp, ýerde otyrdylar. Eli naýzaly saklawlar derwezäniň agzyny saklap durdular. Sütünlere daňylgy, eýerli atlar irkiljiräp durdy. Saklaw: – Nirä? Daşdan geç! – diýip gygyrdy, Tugan: – Meniň zyndan häkimi bilen işim bar–diýip, jogap berdi. – Göwnüň zyndan küýsedimi? – Eger zyndanda meniň doganym oturan bolsa, küýsemänem duramok. – Biziň zyndanymyzda oturan garakçy gyt däl. Emma olar bu ýerde uzak eglenmeýärler, olary şäheriň içindäki meýdanda gazylyp goýlan çukuryň gyrasyna eltip, depesine demir taýak bilen urup goýberýärler. Bar-da şol ýerden, çukurdan gözle, belki, doganyn meýdini şol ýerden taparsyň. Onuň ady nämedi? – Ol derwüş, özi-de kitap ýazýar, Hajy Rahym Bagdady diýýärler. – Akyly çaşan, uzyn saç derwüşmi? Ol-a heniz bar! Biz oňa «diwana» diýýäris. Ol uzak oturmaly.,, – «Ömürlik we ölýänçä» oturmalymy? – Men seniň bilen gereginden artyk ýaňradym... Atyňy daň-da howla gir. Zyndan häkiminden sorarsyň, Onuň öýi-de şo ýerdedir. Gapysynyň agzynda bir gyňyrçakdan küýze asylgy durandyr. Şol küýzä azyndan alty dirhem taşlamagy ýadyňdan çykarmagyn. Ýogsam häkim seniň sözüňi diňlemez... Tugan atyny daňyp, derwezeden girdi. Zyndanyň häkimi eýwanda gyzyl Hywa donly we gowallaň geýilen gök köwüşli durdy. Ýarym ýalaňaç hor aşpez aýaklaryndaky zynjyryny şakyrdadyp, çanagyň içinde kebap üçin goýun eti döwüp otyrdy. Zyndanyň häkiminiň çal sakgalynyň ujy, dyrnaklary we elleriniň aýalary gyzyl hyna boýalgydy. Elindäki gamyş saýgyjy bilen aşpeziň egnine kakyp: – Burç goş! Ýaltanma! Şeýle, şeýle! Üstünden nar suwuny sep! – diýýärdi. Tugan gapynyň agzynda asylgy küýzäni görüp, oňa on sany mis dirhem taşlady. Zyndanyň häkimi sortdurylyp, Tugana gözüni dikdi. – Men Subudaý Batyryň atlylarynyň arasyndaky musulman urşujylaryndan. Şondan rugsat alyp, öz hossarlarymy gözläp ýörün. Ynha meniň paýsam! – diýip, Tugan öz boýnundan ýüp bilen asylgy, oýulyp hat we guş suraty çyzylan bir agaç tagtajygy çykaryp görkezdi. Zyndanyň häkimi paýsany alyp, eýlesine-beýlesine seretdi-de Tugana gaýtaryp berdi. – Bu ýekirlenler jaýyna näme işiň düşüp geldiň? – Men öz hossarym Hajy Rahym al Bagdady derwüşi gözleýärin. Ol şu ýerdemi? – Ol Allasyndan tapsyn, biz ikimizi bolsa, müňkürlikden we onuň bilen tanyşlykdan daş etsin! – Ony näme üçin zyndana saldylar? Men onuň päk adamdygyny bilýärin ahyryn. – Ýagşy-da bir päk adam! Ol mukaddes kitaplary äsgermezlik edeni üçin, agzyna dygy etmändigi we gürrüň edende Allatagalanyň adyny tutmaýandygy üçin keramatly şyh ul yslamyň we uly ymamlaryň talap etmeklerine görä zyndana salyndy. Ol ömrüni kül etmeli boldy!.. Onuň jaýy dowzah bolar!.. Pälinden tapsyn! Tugan bir azajyk pikirlenip: – Oňa ýöňkelýän günä agyr, emma şeýle bolsa-da, onuň kysmatyny az-kem ýeňilleşdirmegime rugsat bermezmisiňiz? – diýdi. – Biderek işe baş goşma! Şindem biziň ýurdumyzyň gudratly häkimi Jagataý hanyň beýik weziri Mahmyt Ýalwajyň talap etmegine görä, ol öldürilmän galyp gelýär. Älemi sarsdyryjy Çingiz hanyň ýemri we ýörişleri hakynda bir kitap ýazýança ony zyndandan çykarmazlar. – Hajy Rahym ýazyp bolandan soň goýbererlermi? – Göwnüň nirede? Hatda ol öz etmişlerini gaýtmyşym edäýse-de, ony zyndandan çykaryp, märekäniň arasyna eltip, onuň dilini we ellerini keserler. Ine şol sebäpli ol diwana indi iki ýyldan bäri kitap ýazyp otyr, ol özüniň ölmeli gününi uzaklaşdyrmak üçin ýene otuz ýyllabam şol kitabyny ýazar oturar. Tugan: – Hajy Rahym maňa köp ýagşylyk etdi, maňa arapça hat-sowat öwretdi, men ajymdan öljek bolup ýörkäm iýdirip, geýdirip ekledi, şonuň üçin men onuň ýagşylygyna ýagşylyk edip, öz kisämdäki ýeke altyn dinarymy şona gurban etmäge razy...– diýip, altyn puluny görkezdi we:– Sen bolsaň, beýik häkim, agyr hala düşen garra rehim et-de, meni onuň ýanyna goýber – diýdi. – Altyn dinaryny mana ber-de, içerki howla gidiber. Şol ýerde öz däli-diwanaňa näçe diýseň şonça tomaşa edip bilersiň. Tugan özüniň altyn puluny zyndan häkiminiň gyzyl hyna bilen boýalan aýasyna goýup, daş derwezeden girdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |