00:20 Çingiz han -75: romanyň dowamy | |
Bäşinji bap
Taryhy proza
ÇINGIZ HAN ÝÖRIŞDE ÖLMEGI ÝÜREGINE DÜWDI Çingiz han boýun egmezek tangutlar patyşalygynyň ýene gozgalaň turzandygyny eşidenden soň ynjalyp bilmedi. Beýik han olaryň patyşasy Burhany jezalandyrmaga söz berendigini unutmandy. Ol ýörişe taýynlanmaga başlady we goşuny özüniň alyp gitjekdigini habar berip, ogullarynyň yzyndan adam iberdi. Ýene üç ogly geldi, emma diňe öz pikirine eýerýän uly ogly Juçy gelmedi. Kaganyň ikinji ogly, Mawerannahryň hökümdary Jagataý özüniň uly dogany Juçy bilen mydama gyr ýagydy. Jagataý özleriniň maşgalasy arasynda bolan maslahatda şeýle gürrüň berdi: – Juçy gypjak ýurduny öz düýp ulusyndan-da gowy gördi. Horezmde ol gypjaklara degmäge hatda mongollara-da rugsat berenok. Juçy utanman «Garry Çingiziň päli azdy, şunça köp ýurtlary tozdurýar, şunça köp halklary rehimsizlik bilen gyrgyna berýär» diýip, açyk aýdýar. Juçy aw wagtynda biziň atamyzy öldürip, musulmanlar bilen dostluk şertnamasyny baglaşyp, düýp mongol ordasyndan bölünip aýryljak bolýar. Şol wagt Çingiz han gahar-gazaba mündi we Juçy derrew atasynyň ýanyna gelsin diýip, öz dogany Utçigini özüne wepaly adamlar bilen bilelikde Horezme ugradypdy. Çingiz han Utçiginiň gulagyna çawuş çakyp: «Eger ol meniň ýanyma gelmekden boýun towlap, Horezmde galyberse, sen sesiňi çykarman uraga-da, birjikde müýn etmän öldüräýgin!» diýipdi. Juçy näsaglygym zerarly baryp bilmeýärin diýip, atasyna jogap ibermek bilen, gypjak sährasynda galyberipdi. Çingiz hana wepaly adamlar bolsa, han Juçynyň syrkaw däldigini, ýygy-ýygydan awa çykýandygyny, şol sebäpli beýik kaganyň gizlin buýrugyny berjaý etmek üçin özleriniň Juçynyň ýanynda bolýandyklaryny Çingiz hana habar beripdiler. Jagataý öz ulusyny dolandyrmak bilen meşgul bolmaga Samarkanda gaýtdy, Çingiz han bolsa, özüniň gowy görýän iki ogly Ugedeý we Tuli bilen, It ýylynyň (1226) başynda tangutlara garşy goşun çekip ugrady we Ongon Talan Hudun diýen ýere baryp ýetdi. Şol ýerde ol aýylganç bir düýş gördi we ölüminiň ýakyndygy hakynda gürrüň etmäge başlady. Ol başga bir otrýadda bolýan ogullarynyň yzyndan adam iberdi. Şol günüň ertesi daňdanlar Ugedeý bilen Tuli geldi. Getirilen nygmatlardan iýip doýanlaryndaýa soň, Çingiz han şol ýerdäki özge adamlara: – Meniň ogullarym bilen gizlin maslahatym bar. Öz aladalarymyz hakynda men şular bilen çolalykda gürrüňleşmek isleýärin. Siz gidiň – diýdi. Ähli hanlar we gaýry adamlar gidenden soň, Çingiz han özüniň iki ogluny-da öz ýanynda oturtdy. Ol ogullaryna ilki bada ýaşaýyş we döwleti dolandyrmak barasynda maslahat berdi, soňra şeýle öwüt berdi: – Balalarym, meniň aýdanlarymy gowuja diňläň, gulagyňyzda galsyn! Men beýle bolaýar öýtmeýärdim, emma şu ýörişim meniň iň soňky ýörişim bolar, şuny bilip goýuň. Mongollaryň howandary, uruş hudaýy Suldäniň öz penasynda aman saklamagy bilen men siz üçin, ogullarym, şeýle giň patyşalygy özümize tabyn etdim, bu patyşalygyň göbeginden hanjak ugrasaň bir ýyl ýol ýöremeli bolarsyň. Meniň size iň soňky wesýetim: «käriňiz öz duşmanlaryňyzy ýok etmek we dostlaryňyzy ýokary götermek bolsun», onuň üçin bolsa, sizin, hemmäňiz pikirdeş bolmalysyňyz, hemmäňiz bir adam ýaly bolup hereket etmelisiňiz. Şol wagt siz aňsat we gowy ýaşarsyňyz, öz şalygyňyzdan göwnüňiz hoş bolar. Ozalky buýruşym ýaly, Ugedeýa öz mirasçym edip goýýaryn. Menden soň Ugedeý beýik kagan diýlip yglan edilmelidir we hormat edilip, ak keçä salnyp göterilmelidir. Bütin döwlete we mongol halkyna baş bolup berk we gazaply duruň, meniň «ýasagymy» men ölenimden soň, hergiz ýoýmaň, şondan çykmaň. Meniň Juçymyň we Jagataýymyň häzir şu ýerde ýoklugy haýyp boldy. Gaty haýyp! Men ölenimden soň olar meniň yradamy ýoýmasynlar, biri-birine ýagy bolup, patyşalygy ýoga çykarjak bulagaýlyk salmasynlar! Her kim öz öýünde ölenini kem görmeýär, emma men öz ömrümi harby adyma mynasyp gutarmak üçin iň soňky ýörişime ugraýaryn. Indi rugsat, gidiberiň. Şondan soň Çingiz han goşuny bilen bilelikde ýoluny dowam etdirdi. Ýol bilen barýarkalar öňden gabat gelýän taýpalaryň we şäherleriň häkimleri yzly-yzyna gelip, özleriniň boýun egýändiklerini aýdýardylar. Bir han bir mejmäniň üstüni iri-iri dür däneden dolduryp getirdi we «Biz boýun egýäris!» diýdi. Emma beýik kagan ölüminiň ýakyndygyny duýup, dür dänä üns bermedi we ony sährada goşunyň öňüne dökmegi buýurdy. Urşujylaryň-hemmesi ýygnandy, emma köp dür däne gumuň içinde ýitdi, köp wagt geçenden soň-da adamlar gözläp tapar ýörerdiler. Çingiz han: – Indi meniň her bir günüm dür däneli mejmelerden has gereklidir – diýýärdi we günlerini gaýgy-gam içinde geçirýärdi. Şol wagtda tangut patyşasy Çingiz hanyň ýanyna ilçiler iberdi. Çingiz han olary kabul etmedi, onsoň tangut ilçileri kaganyň beýik geňeşçisi Ýelýu Çu-saýa şeýle diýdiler: – Biziň patyşamyz beýik kaganyň garşysyna telim gezek gozgalaň, etdi, her bir gozgalaňdan soň mongollar biziň ýurdumyza çozup, halkymyzy gyryp, şäherlerimizi talaýardylar. Garşylyk görkezmekden peýda ýok. Biz Çingiz hanyň gullugyna geldik, ýaraşyk edip, şertnama baglaşmaga we birek-birege kasam etmegi soraýarys. Ýelýu Çu-saý ilçilere: – Beýik kagan ýaranok. Çingiz han ýagşy bolýança tangut patyşasy garaşsyn – diýip, jogap berdi. Çingiz hanyň keseli gün-günden beterleýärdi, ol özüniň tiz wagtdan öljekdigini açyk görüp, şeýle buýruk berdi: – Men ölenimden soň, meniň ölenimi hiç bildirmäň, ony duşmanlar bilip, begenmez ýaly, olaryň ruhy göterilmez ýaly, hiç aglamaň, haýkylyk turuzmaň. Tangut patyşasy we tangut ilaty derwezeden sowgatlar bilen çykarlar welin, siz olaryň üstüne çozuň-da, olaryň ýoguna çykyň!.. Beýik kagan dokuz eplenen ak keçäniň üstünde ýatyrdy. Kellesiniň aşagynda mişiden tikilen eýer ýassygy bardy, aýaklary gara samyr derisi bilen basyrylgydy. Uzyn we arryk düşen göwresi biçeme agyr bolup görünýärdi, şol sebäpli ol älemi titreden häkim özüniň agralan göwresini zordan gymylladýardy, uly kynlyk bilen başyny galdyrýardy. Ol bir ýanbaşynyň üstünde ýatyrdy, her dem alanda syçanyň jygyldysy ýaly inçejik jygyldynyň çykýandygyny eşidýärdi. Syçanyň nirededigini ol uzak wagtlap saýgaryp bilmedi. Ahyrsoňy ol şol syçanyň öz kükreginde jygyldaýandygyna, dem almaýan wagtynda syçan jygyldysynyň-da kesilýändigine, ol syçanyň – öz keselidigine düşündi. Ýanbaşyndan agdarylyp, arkan ýatanda onuň açyk tüýnüge gözi düşýärdi. Ol ýerden bulutlar ýuwaşlyk bilen süýşüp geçýärdi we bir gezek ýokarda, asmanda durnalar düzülip, çalaja görnüp geçdiler, Olaryň uzakdan çalaja eşidilýän, alys we görülmedik täze illere çagyrýan sesleri eşidilýärdi. Kagan soňky deňze baryp ýetmäge nähili arzuw edendigini ýatlaýardy, emma Hindistan serhedine baryp ýetende yssa çydap bilmedi, onuň bütin endamyna gijilewükli gyzyl düwürtik ördi, şondan soň goşunyny salkyn mongol sähralaryna baka yza öwürdi. Ol indi ysgyndan gaçyp we bialaç galyp, gögümtil daglaryň arasyndaky sowuk tangut deresinde ölüp barýar, bu ýerde gapdaky suw ertiriň sowugyna doňýar. Ol gün-günden ysgynsyzlanýar, tebipler bolsa, aldaýarlar ýa-da ýene ata münüp, sährada uzyn buýnuz sugunlary, sarç sary gulanlary kowalamak üçin güýç-kuwwat berer ýaly oty tapyp bilmeýärler... Gulanlar?.. Ýogsa-da hany ol gözel, näzli Kulan hatyn?.. Ol hem eýýäm ýok!.. Diýmek, parasatly hytaý dogry aýdypdyr, ölmez bolmak çäresi ýok!.. Kagan özüniň kepän dodaklaryny zordan gymylladyp pyşyrdaýardy: – Gök mongol sähralarynyň köp sanly halkyny öz aýamyň astyna ýygnaýan wagtymda-da munuň ýaly gyssanmandym... Şol mahalam agyrdy, biçeme agyrdy, hatda atyň çekisini örän mäkäm çekmeli bolýardy, demir üzeňňiler çat açýardy... Emma häzirki çekýän ejirim olaryň çaky däl... Biziň garrylarymyz: «Daşda ham bolmaz, adamda bakylyk!..» diýip, dogry aýdýarlar1. Çingiz han gyssanyp barmana uka gitdi, syçan bolsa, durdukça gaty jygyllaýardy, ýanbaşyna pyçak sokulýan ýalydy, demi tutulýardy. Kagan oýananda onuň aýak ujunda hytaý Ýelýu Çu-saý çöküne düşüp otyrdy. Edil Çingiz han ýaly uzyn we hor bu parasatly geňeşçi syrkaw kaganyň ýüzünden gözüni aýranokdy... Kagan ona: – Nähili... gowy... işler.. we nähili erbet... işler... – diýdi. – Buhara ilinden seniň dilmajyň Mahmyt Ýalwaç geldi. Ol ýerde... Kagan gyssanmaç ellerini gymyllatdy, ony görüp, Ýelýu Çu-saý sesini kesdi. Çingiz han pyşyrdap: – Men soraýaryn, men... ömrümde... nähili gowy... we nähili... erbet... işler... etdim?.. – diýdi: Ýelýu Çu-saý jan berip barýan adama näme jogap berjegini bilmän, ýaýdanyp, böwrüni diňledi. Şol wagt onuň gözüniň öňünde ýüzlerçe şekiller gelip geçdi... Aziýanyň dökülen gandan we göz ýaşlaryndan bulanan derýalary, gana boýalan gök düzlükleri we daglary onuň gözüniň önüne geldi... Harabalyga öwrülen şäherler, ol ýerlerde diwarlaryň ýanynda çapylan garrylaryň, çagalaryň, gül ýüzli ýigitleriň çişen meýitleriniň münder-münder bolup ýatyşy, uzakdan bolsa, şähere talaň salýan mongollaryň elhenç gykylygy we yzan-da çuwan bolan ilaty gyrýarkalar mongollaryň «Ýasa şeýle buýurýar! Çingiz han şeýle buýurýar!» diýen, ýatdan çykmaz gykylygy ýadyna düşdi, Çüýreýän meýitleriň aýylganç aňkamagy aman galan iň soňky adamlary harabalyklaryň arasyndan çykyp gaçmaga mejbur edýärdi, olar batgalyklaryň içine baryp, şol ýerde günlerini geçirýärdiler, her demde mongollaryň dolanyp gelmekleriniň we boýunlaryna urgan daňyp, jebir-sütemli gulçulyga äkitmekleriniň howpy astynda sazanaklaşyp ýörýärdiler... Bir görnüş onuň gözüne has açyk göründi. Weýran edilen Samarkandyň diwarlarynyň golaýynda bir ullakan hor düýe özüniň gury uzyn aýaklaryny uzadyp, gölerip ýatyrdy, onuň gorkudan doly gözlerinde heniz dirilik ýylylygy bardy. Açlyk belasyndan ýüzleri hüýt-gara bolan birnäçe adam, tirseklerine çenli gana boýalan elleri bilen biri-birini itekläp, garny ýaryk düýäniň iç goşlaryny goparyp, şol ýeriň özünde howlukmaçlyk bilen iýmäge başladylar... Sem bolup ýatan «älemi sarsdyryjynyň» ýöne süňk bolup duran uzyn aýaklaryna we gury ellerine seredeniňde, bu-da şol düýä meňzeýärdi, munuň-da çalarak açyk gözlerinde edil şonuň ýaly ölümden gorky ody ýanýardy... Munuň-da läşiniň töwereginde miras düşerler biri-birinden gysganyp, beýik ganly mirasdan has uly bölek goparyp aljak bolýardylar... – Näme... sen... ýatlap bilmeýäňmi?.. Aýt! Ýelýu Çu-saý ýuwaşja gepläp: – Sen ömrüňde köp beýik işler hem etdiň, depe saçyňy üýşürýän aýylganç işler hem etdiň. Kim seniň ýörişleriň, işleriň we sözleriň hakynda kitap ýazsa, diňe şol adam olaryň hemmesini bolşy ýaly görkezip biler... – diýdi. – Meniň... ýörişlerim... işlerim... we sözlerim... hakynda rowaýat... ýazar ýaly... belet... adamlary... çagyrmagy buýurýarys... – Şonuň ýaly ediler1. Öýüň içi dym-dyrslykdy. Ojakda ýanýan oduň şygdyldysy kämahal eşidilýärdi, köwsarlap, tüýnükden urýan şemal ojakda ýanýan gury ýowşandyr ýylgynyň gök tüssesiniň ugruny üýtgedýärdi. Ýene: – Meniň... eden işlerimiň... iň gowusy... näme? – diýen sözler zordan eşidildi. Ýelýu Çu-saý jan berip barýan Çingiz hana göwünlik berip: – Seniň eden işleriň iň gowusy seniň «Ýasa» atly kanunlaryň. Seniň nesilleriň şol kanunlara hormat bilen eýerip, älemi on müň ýyl sorarlar2 – diýdi. – Dogry! Şol wagtda... mazarçylykdaky... ýaly asudalyk... bolar... çöl... sähralarynda... bol ot... gögerer... gabyr... tümmekleriniň... arasynda bolsa... diňe... mongol atlary... sonarlar... Ýene bir azajyk wagtdan kagan: – Hem-de... erkana gulanlar...– diýdi. Çingiz han gözlerini ýumup, gymyllaman ýatyrdy, burnunyň ujy çowlanyp, çekgeleri içine çöküp gitdi. Mahmyt Ýalwaç, hytaý tebibi we baş porhan üçüsi sessiz-üýnsüz gelip girdi. Olar kaganyň aýak ujunda çök düşüp, ol oýanyp, gürrüňe başlaýança doňan ýaly bolup garaşdylar. Kagan gözlerini açanda, Mahmyt Ýalwaja gözi düşdi. – Günbatar ülüşi... meniň oglum... Jagataý... nähili... dolandyrýar? Hoş görnüşli we geýnüwli, gyrmyzy donly, ak selleli Mahmyt Ýalwaç özüniň gäberlip duran garnynyň üstünde ellerini gowşuryp, aşak egildi. – Seniň edermen ogluň Jagataý han-da, ähli mongol batyrlary-da, Seýhun we Zerewşan kenarlaryndaky ähli tabyn edilen halklar-da Alladan seniň jan saglygyňy we barça ýyllar patyşalyk etmegiňi dileýärler. – A demirgazyk... halklarynyň hökümdary... meniň uly... oglum... Juçy han... ýurdy... nähili dolandyrýar? Mahmyt Ýalwaç ellerini ýüzüne tutdy. Mongol adatyna görä, ýakyn adamyň ölümi hakynda gürrüň edilýän wagtynda, ölüp, «mukaddes kölege» bolup giden adamyň öz adyny tutmak gowy görülmeýärdi, onuň adyny başga bir sypaýy söz bilen çalşyp aýtmalydy. Şol sebäpli Mahmyt Ýalwaç uzakdan başlady: – Seniň demirgazyk halklaryny soramaly diýen hökümini alan ogluň özüniň beýik ýöriş taýynlaýandygyny beglere yglan edipdi... – Mana garşymy? – Ýok, beýik. hökümdarym! Naýzalaryň ujy günbatara, bulgarlara, gypjaklara, saksinlere, ruslara garşy gönükdirilýärdi. Emma ýöriş başa barmady, onsoň urşujylar öz bolýan ýerlerine dagadylar. Ýatsak-tursak kellämize gelmeýän wagtda hemmämnziň üstümize uly bagtsyzlyk indi! – Düşündir! – Han maşgalasy üçin sährada ullakan aw edişlik gurupdy. Bäş müň nöker awa çykyp, gamyşlaryň arasyndan bir topar ýekegapan, möjek we birnäçe ýolbars kowup çykardylar. Başga bir bäş müň atly uzakdaky sähradan sugun, jeren we gulanlary kowalap getirdiler. Awdan soň agşamara dumly-duşda ot ýakylyp, toý-tomaşa başlamaly bolanda, nökerler iň aýylganç söweşlerden-de aman çykýan ol edermeni tapyp bilmediler. Ony uzak wagt gözläp, ahyrsoňy ony tapdylar, emma nähili görnüşde! Onuň ýeke özi sähranyň içinde ýatyr ekeni, tapylanda heniz diridi, onuň ýekeje-de gan çykan ýeri ýokdy, emma bir agyz hem söz aýdyp bilmedi, gahar-gazapdan doly, düşbi gözlerini ýöne balkyldadyp ýatyrdy. – Arman, ölüpdir... on... – Seniň gymmatly we iň ýakyn batyryň, ýeňişler şöhratyna eýe bolan batyryň wepat boldy, bir näbelli päliýamanlar onuň bil oňurgasyny ýazdyrypdyrlar. Çingiz hanyň reňki agdy. Ol özüniň üstündäki samyr derisini elleri bilen owkalamaga başlady. – Utçigin howlugypdyr... Ullakan batyr we tejribeli serkerde armanly ölüpdir... Onuň ornuny tutjak ýok! Indi... Horezmiň hökümdary kim? – diýip, Çingiz han pyşyrdady. – Seniň ýaş agtygyň han Batu öz parasatly enesiniň ýolbaşçylygy astynda hökümdarlyk edýär. Onuň enesi nökerleri ýygnap, öz ogly bilen bir alaňyň üstüne çykdy. Han Batu öz atasynyň söweşe münen dor atynyň üstündedi. Joşgunly oglan öz nökerlerine ýüzlenip şeýle diýdi: «Gulak asyň, dünýäniň çar tarapyny ýeňen batyrlar! Siziň hanjarlaryňyz poslapdyr! Olary gara daşa çalyň! Men sizi şol ýana, günbatara, beýik Idil derýasynyň üsti bilen äkideýin. Biz ýyldyrym ýaly bolup, gorkak halklaryň topraklarynyň üstünden geçeris, men atam Çingiz hanyň patyşalygyny giňeldip, älemiň soňky çäklerine ýetirerin... Meniň kakamy öldüren päliýamanlary her ýerde bolsalar-da gözläp taparyn, diriligine gazana salyp, bişirerin, şoňa kasam edýärin!» – diýdi diýip, Mahmyt Ýalwaç gürrüň berdi. Ýüzi hüýt-gara bolan aýylganç Çingiz han gözlerini töweregine gezdirip, tirsegine daýandy we sojap, zordan gepläp ugrady: – Ýigitlik bir gowy zat... öňüňde ýeňişler röwşen atyp durka, boýnuň kündeli1 bolsa-da, ýigit bolanyň gowy... Emma Batu heniz oglandyr... Köp ýalňyşar... onuň-da ýoguna çykarlar! Batuwyň ýanynda meniň wepaly... barsym... dabanyny gemirden... seresap Subudaý Batyr... hemişe geňeşçi... bolup dursun... diýip, höküm edýäris... Şol ony... gorap saklar we uruşmagy öwreder... Batu meniň ýeňişlerimi dowam etdirer we älemiň ýokarsynda mongol goly uzalar... Çingiz han bir ýanbaşyna ýykyldy. Çep gözi süzüldi, elhenç ýallyrdap duran sag gözi töweregindäkileriň ýüzüne seredýärdi. Onuň ýanynda oturanlaryň hemmesi ýüzlerini aşak salyp, uzak wagtlap dymyp oturdylar. Şol wagt şahyryň1: Ýeňip ýören serkerdäniň gaşynda Alaç tapman otyr dört sany adam: Porhan, münejjim, derwüş, tebip daşynda, Doga bilen, tumar bilen tapman em, Otyrlar alaçsyz çekişip arman, Syrkawyň janyna tapmaýyp derman. diýen sözleri ýada düşdi. Dym-dyrslyk bolup duran wagtda, çadyryň ýanynda daňylgy at kişňedi. Oturanlaryň hemmesi tisginip, kaganyň ýüzüne seredişdiler, görseler, onuň sag gözi nuruny gaçyryp, öçüp galypdyr. Çingiz han bütewi palut agajyndan ýasalan we içine altyn çaýylan bir tabydy köpden bäri öz ýany bilen gezdirip ýörýärdi. Onuň ogullary gijäniň birmahaly ol tabydy gizlinlik bilen getirip, sary çadyryň ortarasynda goýdular. Söweş sowudy geýdirilen Çingiz hany tabyda saldylar. Döşünde gowşurylyp goýlan elleri ýalaw ýaly hanjaryň baljagyndan tutup durdy. Garaldylan polatdan ýasalan gara telpegi onuň gabaklary ýumuk, gany gaçan gazaply ýüzüni basyp durýardy. Tabydyň içki iki gapdalyna onuň oky-ýaýy, pyçagy, çakmak daşy we altyn pyýalasy salyngydy, Kaganyň ölmänkä beren buýrugyna görä, goşun baştutanlary onuň ölendigini hiç kime bildirenokdylar we tangutlaryň baş şäherini gabamaklary-ny dowam etdirýärdiler. Tangutlar hormatly sowgatlar alyp, ýaraşyk baglaşmagy teklip etmek maksady bilen şäher derwezesinden çykyp ugranlarynda mongollar olaryň üstüne çozdular, olaryň baryny gyrdylar, soňra şähere dökülip, ony harabalyga öwürdiler. Çingiz hanyň tabydyny keçä dolap we on iki öküz goşulan iki tigirli arabanyň üstünde goýup, mongollar yzlaryna gaýtdylar. Halklaryň hökümdarynyň ölendigini wagtyndan öňürti hiç kim ýaýratmasyn diýip, batyrlar tä Düýp orda barýançalar ýolda gabat gelýän janly-jandarlaryň hemmesini – adamlary-da, haýwanlary-da öldürip: – Baryň, o dünýä gidiň! Şol ýerde biziň mukaddes hökümdarymyza yhlas bilen hyzmat ediň! – diýýärdiler. Çingiz hanyň aradan çykmagy mynasybetli halk matamy wagtynda Çingiz hanyň şöhratly batyry, ýagny merkitleri, hytaýlary, gypjaklary, eýranlylary, gruzinleri, alanlary we ruslary ýeňen serkerdesi Jebe noýon şeýle diýdi: – «Biziň patyşalygymyzy guran adam» günlerde bir gün Burhan Haldun dagynda aw awlap ýördi. Ol çöl beýewanda dagyň ýapgydyndaky bir garry agajyň aşagyna baryp dynç aldy. Ol pakyr şol ýeri we depesi bulutlara degip duran örän belent senewber agajyny gaty gowy gördi. Onuň: «Bu taýy ýabany sugunlaryň agyp-dönüp ýörmegi üçin çemeli ýer ekeni we meniň iň soňky rahatlyk jaýym bolaýsa gelişmän durjak däl. Şu agajy ýatda saklaň» diýenini men öz gulagym bilen eşitdim. Kaganyň şol beren hökümine görä, onuň serkerdeleri şol üýtgeşik belent senewber agajynyň gögerip oturan ýerini gözläp tapdylar. Çingiz hanyň jesedi salnan tabydy eltip, şol agajyň aşagynda gömdüler. Mazaryň töwereginde kem-kemden şeýle köp agaç gögerip, gür tokaýlyk boldy, hatda ol tokaýyň içindei geçer ýaly bolmady, mazaryň nirededigini tapar ýaly bolmady, şol sebäpli ol goragly ýeri saklan garry adamlar-da onuň ýoluny görkezip bilmeýärler. __________ 1 «Altyn topçy» diýen mongol sene ýazuwyndan. 2 Çingiz han ölenden soň, onuň ömri we ýörişleri hakynda, olaryň hemmesini gözi bilen gören adamlaryň dilinden mongol, hytaý we pars dillerinde resmi sene ýazuwlary ýazylypdy. Olaryň hemmesi wakalaryň hakyky bolşuny ýoýup, Çingiz hany we mongol talaňlaryny taryplamak häsiýetindedi. Diňe şol zamanyň Eýran köşk sene ýazuwçysy Raşideddin, arap sene ýazuwçysy Ibn al-Asir we başga-da birnäçeleri dogrusyndan gelip ýazypdyrlar. 3 Mongollar özleri tarapyndan basylyp alnan Hytaýdan Çingiz hanyň ölüminden (1227-nji ýyldan) 141 ýyl soň (1368-nji ýylda) kowuldylar we 153 ýyldan soň (1380-nji ýylda) Kulikowa meýdanynda derbi-dagyn edildiler. 4 Çingiz han ýaşlygynda duşman eline ýesir düşüp, üç ýyl dowamynda boýny agyr kündeli gul bolupdyr. 5 Hosrewani (X asyr). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |