00:09 Çingiz han -72: romanyň dowamy | |
Ikinji bap
Taryhy proza
ÇINGIZ HANYŇ PARASATLY DIWANA BILEN HAT ALYŞMAGY Çingiz han häli Gara Yrtyşyň ýokarlarynda bolýan wagtlarynda öz jan saglygy we ömrüni uzaltmak hakynda alada edip, ökde tebip gözleýärdi. Oňa göýä ýeriň-gögüň ähli syrlarynyň üstüni açan, hatda adamyny ölmez etmek çäresini-de bilýän parasatly Çan-Çun hakynda gürrüň berdiler. Beýik geňeşçi we münejjim Ýelýu Çu-saý ol Çan-Çun hakynda şeýle gürrüň berdi: – Çan-Çun-szy ýokary kemillige ýeten adamdyr. Ol gojanyn özi durnalaryň üstüne münüp, bulutlaryň arasyna uçup barmagy köpden bäri başarýar we beýleki jandarlara öwrülmegi oňarýar. Ýer ýüzündäki eşretleriň hemmesini terk edip, ol beýleki parasatlylar bilen bilelikde daglarda ýaşaýar, adama uzak ömür we ölmezlik berýän pelsepe «bagşaş» daşyny gözleýär. Ol öz pikirlerine gümra bolup, kä dikilen ýaly bolup otyr, kä agaç ýuwdan ýaly bolup, uzynly gün butnaman dik dur, kä gök gürrüldisi ýaly gepleýär, kä edil ýel ýaly çalt ýöreýär. Ol köp görüpdir, köp eşidipdir, dünýäniň ýüzünde onuň okamadyk kitaby ýok. Şol üýtgeşik gojany gözläp tapmak üçin Çingiz han özüniň synaglardan geçen Lýu Çjun-lýu diýen hytaý emeldaryny derrew ugratmagy buýurdy. Onuň eline altyn paýsa berdi, paýsanyň ýüzüne gaharly ýolbars suraty çekilgidi hem-de: «Özümiz syýahatda bolanymyzdaky ýaly ygtyýarly bolmaga hukuk berilýär» diýlip ýazylgydy. Sowatsyz beýik kaganyň öz geňeşçisi Ýelýu Çu-saýa aýdyp, parasatly Çan-Çunuň adyna ýazdyran, ýokary gymmatly zat hökmündäki haty Lýu Çjun-lýunyň eline berildi. Ol hatda şeýle diýilýärdi: «Hytaýyň gereginden artykmaç keýpi-sapasy we ulumsylygy üçin asman ondan ýüz dönderdi. Men bolsam, demirgazyk sähralarynda bolýaryn, azgynlyk meýilleri mende ýok. Men däpleriň ýönekeýligini we päkligini gowy görýärin, artykmaç keýpi-sapany terk edýärin, ormamyýanalyk kadasyna eýerýärin. Meniň hemişe ýekeje kendir geýmim bar, hemişe bir dürli nahar iýýärin. Meniň egin-başym atbakarlarymynky ýaly, iýmitim-de edil sygryňky ýaly ýönekeý. Men ýedi ýyl içinde beýik işler bitirdim, jahanyň ähli ýurtlarynda öz häkimiýetimi berkarar etdim, Biziň ata-babalarymyzyň, ýagny göçme hunnu1 taýpalarynyň dünýäni ýeňip alan gadym zamanlaryndan bäri häzirki ýaly patyşalyk heniz bolmandy. Meniň adym belent, borçlarym möhüm. Emma meniň döwleti dolandyryşymda bir kem zat bar bolaýmasyn diýip gorkýaryn. Gämi gurulýan wagtynda, onuň kömegi bilen derýadan geçip bolar ýaly kürek hem ýasaýarlar. Şonuň ýaly, älemi özüne tabyn etmek we soramak üçin parasatly adamlary çagyrýarlar, kömekçileri saýlap alýarlar. Seniň hakykat bilen özüňi baglanyşdyranlygyň we mydama belent kadalar bilen hereket edýänligiň maňa mälim boldy. Sen köp okap we köp işleri başdan geçirip, kanunlara ökdeläpsiň. Uzak wagtlardan bäri dag jülgelerinde bolup, özüňi dünýäden gizläpsiň. Ýöne welin men näme edeýin? Ikimiziň aramyzdaky daglaryň we jülgeleriň giňligi sebäpli men seniň bilen duşuşyp bilmeýärin. Şoňa görä, men özümiň ýakyn emeldarlarym Lýu Çjun-lýuni edermen atlylar hem-de kejebe arabasy bilen bilelikde seniň ýanyňa iberýärin we köp müň li1 uzaklykdan howatyr etmän meniň ýanyma ugramagyňy soraýaryn. Çägeli sähralaryň uzaklygy we giňligi hakynda pikir etme, meniň halkyma rehim et. Ýa-da maňa rehim et-de, ömrümi uzaltmak çäresini maňa habar ber. Sen beýik «dao»1 manysyna düşünip, bütin haýyr yhsana duýgudaşlyk edersiň we meniň islegime garşy gitmersiň diýip ynanýaryn. Şol sebäpli meniň şu emrim saňa bütinleý aýdyň bolmalydyr». Lýu Çjun-lýu şol haty eline alyp, sähralaryň we daglaryň üsti bilen uzak ýola ugrady. Ol kaganyň yradasyny berjaý etjek bolup, stansiýalarda2 atlaryny tiz-tizden çalşyryp, durman haýdap barýardy. Ol ahyr soňy Hytaýa baryp ýetdi, şol ýerde belent daglaryň arasyndaky bir çola jülgäniň içinden gözläp, halys ysgyndan gaçan we endamy kene şylhaly para» satly gojany tapdy. Şol goja meşhur Çan-Çundy. Çingiz hanyň hatyny okap, onuň ýanyna gitmekden ol ilki bada çürt-ýoluk boýun towlady. Soňra oňa jogap ýazdy, onuň jogabyny Lýu Çjunlýu bir çapardan beýik kagana iberdi, özi bolsa, kaganyň gaharynyň gelmeginden gorkup we Çan-Çuny yraryn öýdüp, terkidünýäniň ýanynda galdy. Parasatly hytaý şeýle jogap ýazdy: «Men daglarda ümsüm ýaşap ýören, «dao» ugrunda çalyşýan Çan-Çun, ýaňy-ýakynda uzakdan gelen uly emri aldym. Hawa, deňiz ýakasyndaky bütin biakyl hytaý halky özüniň ulumsylygy sebäpli pähimsizlik edýär. Meniň ýaşaýyş işlerinden başym çykmaýar, «daony» öwrenmekde men birjik-de kämillige ýetemok diýip, pikir etmek bilen bilelikde her dürli ýollar bilen zähmet çekdim, ölmedim, emma garradym we meniň şöhratym dürli döwletlere ýaýran hem bolsa, öz keramatlylygym barasynda meniň ýönekeý adamlardan artykmaç ýerim ýokdur, şol sebäpli men utanjymdan köp horluk çekýärin. Gizlin pikirleri bilýän adam barmy näme? Men üýtgeşik haty alanymdan soň ilki bada daglara ýa-da deňze başymy alyp gitmek isledim, emma soňundan seniň hökümiňe garşy gitmäýin diýdim we Alla tarapyndan mertlik hem parasatlylyk berlen, gadym zamanlarda bolanlardan zyýada, ähli alym hytaýlaryň we ýabany adamlaryň boýun egýän hökümdary-nyň ýanyna barmak üçin ýola düşüp, garlar bilen göreşmek zerur diýip tapdym. Ýolun ýeli-tozany tükeniksiz, asmanyň gara bulutlary aýrylmaýar, özüm bolsam garry, uly kynçylyklara çydan bilmeýärin, şeýle uzak ýol ýöräp seniň ýanyňa ýetip bilmezmikäm diýip gorkýaryn. Eý, halklaryň hökümdary, men seniň ýanyňa baraýanymda-da harby we döwlet işlerini çözmäge meniň güýjüm ýetermikä? Şoňa görä, merhemet edip, aýtmagyňyzy soraýaryn: meniň barmagym gerekmi ýa gerek dälmi? Men gaty garry, süňňümde güýç ýok. Jogabyňa garaşýaryn. Ýylan ýyly, 3-nji aý». Çingiz han ol haty alyp, köp şat boldy, çapara halat saldy we täze hat bilen jogap berdi: «Kim meniň golum astyna gelse, onuň meniň tarapdarym boldugydyr. Kim menden gaçsa, onuň maňa garşy boldugydyr. Men köp zähmet çekenimden soň birmahal uzak wagt rahat ýaşamakdan ötri harby güýç ulanýaryn. Men diňe älemiň ýüregi maňa boýun egenden soň rahatlanýaryn. Şol maksat bilen men ýeňilmez urşujylaryň arasynda ýörände bolup, gazaply şanlylyk görkezýärin. Seniň aňsatlyk bilen ýola düşüp biljegiňi we durna münüp, meniň ýanyma gelip biljegiňi bilýärin. Ýol düzlügi çäksiz bolsa-da, seniň hasaňy görmek üçin men uzak garaşmaly bolmaryn. Şoňa görä, meniň pikirim saňa düşnükli bolsun diýip, seniň hatyňa jogap berýärin. Şunuň bilen häzirlikçe sözümi tamamlaýaryn». __________ 1 Hunnu – Merkezi Aziýada ýaşaýan gunnlar, soň günbatara gidip, V asyrda Attilanyň baştutanlygy astynda Ýewropa çozup giren söweşjeň halkdy. 2 Li – hytaýlaryň uzynlyk ölçegi, ýarym kilometre golaý. 3 «Dao» – iň ýokary hakykat. 4 Çingiz hanyň imperiýasynyň ähli esasy ýollarynda stansiýalar bolup, şol stansiýalarda ýol ulaglary hökmünde atlar saklanylýardy. Ol stansiýalara «ýam» diýlip at berilýärdi, rusça «ýamskoý», «ýamşik» diýen sözleriň asly şol sözdendir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |