16:59 Çingiz han -69: romanyň dowamy | |
On dördünji bap
Taryhy proza
«GAZAPLY WE ÝOWUZ ÇAPYŞYLDY» Oty-çöpi guran giň düzlükde uly tozan turup, al-asmana galýardy, özi-de tozanyň ylaýta-da gaty turýan ýerlerinde adamlar biri-birlerini çapýardylar, üsti adamsyz atlar dazlaşýardy, ýaralananlaryň ahy-nalasy, gazaply gykylyklar, deprekleriň tagyrdysy, surnaýlaryň çirkin sesi asmana göterilýärdi. Subudaý Batyr baýryn üstündedi, onuň töwereginde ýüz sany saýlama parraç bardy. «Batyrlaryň ýagdaýy neneň? Täze rus goşuny görnenokmy? Täze howp ýokmy?» diýip, ol yzly-yzyna atly iberýärdi. Emma çaparlar gaýdyp gelip: mongollar hemme ýerde ökde çykýarlar, ruslar Dnepre tarap çekilýärler, söweşip, ýykylýarlar, ýaralananlary-da durman söweşýärler, emma biri-de rehim soramaýar, biri-de ýesir düşmeýär – diýip, habar getirýärdiler. Subudaý: – Möjekler taýpasy! Möjek ýaly bolup ölerler! – diýdi. Kiýew goşunynyň öz töweregine arabalaryny aýlap, atyşyp, goranýandygyny bilip, Subudaý: «Arabalaryny düňderişdirmeli! Hatarlaryny böwüsmeli! Töwerek-daşlaryna ot bermeli!» diýip yzly-yzyna otrýad iberýärdi. Mongollar ruslaryň üstüne zomap naýza taşlaýardylar, taplanan peýkamy uly-uly oklary özleriniň ullakan ýaýlaryndan göni atýardylar, gury gamyş desselerini golaý eltip, otla-ýardylar, emma ruslar öňküsi ýaly mert durup, ýakyn gelen atlylary ok we daş bilen urup ýykýardylar, şol sebäpli tatarlar ruslaryň güýjüni syndyryp bilmediler. Subudaýyň buýrugyna görä, mongollaryň ýanyndaky, dürli taýpalardan bolan ykmandalar atlaryndan düşüp, rus lagerine tarap ugradylar, olar çirkin-çirkin gygyrmak bilen biri-biriniň göwnüni göterip, naýzalaryny we egri şemşirlerini bulaýlap, arabalaryň üstüne dyrmaşýardylar. Ruslar olary uzyn saply paltalar, hanjarlar we serdesseler bilen garşyladylar, zomap gelýänleriň kellesini pytradyp, agdarýardylar... Üçünji gün Subudaý ykmandalaryň baştutany Ploskinýany çagyrdy. Ol açlygyndan horlanyp, şar-gara bolupdyr. Uzyn boýly, güýçli Ploskinýa indi zordan ýöräp geldi. Iki sany mongol onuň arkasynda durup, ony ýöretjek bolup, pyçak bilen dürtgüleýärdi. Subudaý oňa: – Öz rus doganlaryň ýanyna bar-da olara aýt, olar hanjarlaryny we paltalaryny taşlasynlar. Goý, öýlerine gaýtsynlar... Biz olara degjek däl. Şondan soň men seni-de boşudaýyn – diýdi. Ploskinýa öz aýaklaryna geýdirilgi kündeleriň zynjyryny elleri bilen tutup, ruslaryň lagerine tarap ugrady. Iki sany mongol onuň boýnuna daňylan gaýşyň bir ujuny tutup, onuň yzyna düşdi. Ploskinýa rus arabalarynyň birnäçe ädim golaýyna baryp, aýak çekdi. Ruslar arabalaryň üstüne çykyp, boýny agyr kündeli, geň hor adama geň galyp seredişdiler. Käbirleri ony tanap: «Bu şol at satyp ýören Ploskinýa, Kiýewe polowes atlaryny getirýärdi we poloweň hanlaryňyň ýanynda dilmaç bolýardy» – diýdiler, Ploskinýa ruslara ýüzlenip gygyrmaga başlady: – Tatarlaryň hany Subudaý Batyr size mundan beýläk biderek uruşmagyňyzdan el çekiň diýip aýtmagy buýurdy. Eger siz olaryň aýdýanyna boýun egseňiz, olar size islän tarapyňyza goýberjekler... Emma eliňizdäki zatlaryň hemmesini – possunlarydyzy, arabalaryňyzy we paltalaryňyzy taşlaň. Ol zatlaryň hemmesi olaryň eden aladalary üçin gerek, sebäbi ýörişlerde olar barja zatlaryndan çykypdyrlar. – Ýalan sözleýärsiň ygrarsyz Ploskinýa, çapyp-çapyp haýy gaçyrylan atlary satýarkaň-da şunuň ýaly myçýardyň! Garry urşujylar: – Onuň sözüne gulak asmaň! Hanjarlarymyzy elimizde saklap Dnepre tarap çekilenimiz gowudyr. Iň bolmanda ýarymyz öýümize bararys, paltasyz, hanjarsyz galsak, hemmämiziň läşimizi sererler! – diýip gygyrýardylar. Emma Ploskinýa ant içip, awy ýalaýardy, boýnundan asylgy hajyny çykaryp, ony ogşap hem aglap: – Yzymdan tatarlar pyçak dürtüp durkalar, men başga näme diýip, näme aýdaýyn ahyryn! – diýip gygyrdy. Tatarlar bolsa, baş atyp we başam barmaklaryny çommaldyp, özleriniň dilmajynyň dogry aýdýandygyny tassyklaýardylar. Garry urşujylaryň garşylyk görkezmeklerine garaman, Kiýewiň beýik knýazy Mstislaw Romanowiç ýaraglary tatarlara tabşyrmagy buýurdy. Şol wagtda Kiýew urşujylary biri-birlerine bil büküp, hoşlaşmaga başladylar we ýeke-ýekeden çykyp, ýaraglaryny bir ýere taşlap ugradylar. Urşujylar öňi bilen derýa ylgadylar, sebäbi üç günläp suw garasyny görmändiler. Urşujylaryň iň soňkulary lagerden çykyp, watanymyzy göreris diýip atlanşyp, omuzlaryny ýazyşyp, ýola düşüp ugranlarynda, tatarlar olaryň yzyndan ýetip, olary rehimsizlik bilen çapmaga başladylar. Indi tükeniksiz çöl sähranyň içinde ýaragsyz galan urşujylar ölümini boýun aldylar. Russiýa uzak, kömek geler diýip garaşara ýer ýok! Mongollar Kiýew knýazy bilen bile bolan on bir knýazy saýlap aldylar. Olary Subudaý Batyryňka meýlise çagyrdylar. Atlylar olaryň daşyny gabap, tatar lagerine äkitdiler. Subudaý Batyr özüniň ýüz sany parrajy bilen bilelikde kiýewlileriň lagerinden bir çetde aýlanyp ýördi we gyrlyşyga syn edýärdi. Ýaragsyz ruslar daş we kesek zyňyp, başardyklaryça uruşýardylar. Ýaralylar tatarlar bilen tutluşýardylar, olary eýeriň üstünden agdaryp, olaryň egri gylyçlaryny ellerinden gaňryp alýardylar-da ýaňadan söweşmäge başlaýardylar. Uzyn boýly bir rus lagerden araba arşyny getirip, ony serdesse edinip uruşýardy, golaýyna gelen bir atlyny urjak bolup salganda arş atyň kellesine degdi. At çarpaýa galdy-da üstündäki mongol bilen bilelikde güpüläp ýykyldy. Ol rus ýykylyp ýatan mongolyň üstüne özüni oklady-da, onuň hanjaryny elinden alyp, hanjar bilen ony öldürdi we ata münüp, hanjar bilen söweşip ugrady... Tozan ýeri-gögi tutdy, hiç bir zat görünmeýär... Emma güýçler deň däldi, şol sebäpli mongollar ökde çykýardylar. Subudaý Batyr atyny sürüp, bir alaňyň üstüne çykdy we şol ýerden atlylaryň ýol bilen süýşüp barşyna syn etmegini dowam etdirdi, demirgazykdan üç ýerden tozan turup gelýändigini ol birinji gördi. Subudaý demirgazyga barmagyny uzadyp: – O näme? – diýdi. Parraçlar: – Tohuçaryň mongollary gaýdyp gelýändirler! Gypjaklar öküzlerini sürüp gelýändirler! – diýdiler. Sudbaý: – Ýok, bu gelýänler täze goşundyr! Surnaý çalyň! Urşujylaryň hemmesini tizräk çagyryň! Öli ruslaryň ädiklerini sypyrmagy bes etmeli! Täzeden söweşmeli boljak! – diýdi. Surnaýlaryň çirkin-çirkin sesi çykyp ugrady, Gyrlyşyk barýan birnäçe ýerde beýleki mongol surnaýçylary signal bilen jogap berdiler. Ýoluň ugrunda ruslaryň goranýan ýerlerini taşlap, käbir mongollar Subudaýyň bäş guýruk tugunyň we serkerdäniň daşdan ýasalan ýaly bolup, atyň üstünde oturan ýerine atlaryny gamça basdylar. Demirgazykdan bolsa, sähranyň içinde üç ýerden al-asmana galýan tozan barha ýakynlaşýardy. Soňra ol turýan tozanlaryň ýerden arasy üzüldi, tozanlar al-asmana galyp, ýuwaşlyk bilen dagap gitdi. Subudaý sesini çykarman, şol tarapa seredip durdy. Onuň parraçlary ýuwaşja ses bilen: – Üç otrýad gelýär. Kimlerkä? Eger gypjaklar bolaýmasa, onda olar rus atlylarydyr. Şol ýerde öňde gamyşlyk bardyr. Olar häzir batgalyk bilen gelýändirler, şol sebäpli tozan turmaýar... Serediň honha olar! – diýdiler. Gamyşlygyň bärisindäki meýdanlarda söwüt jenňeliniň arasynda ilkinji ak we mele atlylar göründi. Atlylar toparlary edil ýerden çykýan ýaly bolup, dumly-duşdan peýda bolup, barha köpelýärdiler we tiz wagtdan düzlügi doldurdylar. Atlylar öz hatarlaryny tertibe salýan ýaly bolup, birnäçe wagt bir ýerde arkaýyn durdular. Atlylar ýarym aýlaw bolup süýndüler, üç sany üçburçluk baýdak göründi – biri ortarasy zerli gara baýdakdy, beýleki ikisi gyralary gyzyl baýdakdy. Ýoluň ugrundaky ýaragsyz kiýewli ruslary çapýan tatarlar uly tozan içinde garabaşlaryna gaý bolup ýördüler, täze goşun gelendigini uzak wagtlap duýmadylar, gyrlyşyk dowam edip, günbatar Dnepre tarap kem-kemden süýşýärdi... Gelen goşunyň ortarasy birden öňe gidip, uly gykylyk edip, söweşiň edil zor barýan ýerine tarap okduryldy. Sag ganaty bölünip aýryldy-da, uruşýanlaryň daşyndan aýlanyp, günbatara tarap ugrady, çep ganaty bolsa, ilki bada ýuwaşjadan, soňra kem-kemden çaltlaşyp, Subudaý Batyryň duran ýerindäki baýra tarap ugrady. Garry serkerde diňe sähelçe wagt ýaýdanyp durdy-da: «Meniň yzyma düşüň!» diýip gygyrdy. Ýorgasyna gamçy çalyp, baýyrdan çaltlyk bilen düşdi we Tohuçaryň goşunynyň duran ýerine tarap atyny çapdyryp gitdi. Ol ýere barsa, ol ýerde hiç kim ýok ekeni. Tohuçar söweşe gatnaşýardy, şondan soň Subudaý ýüzüniň ugruna gidiberdi. Emma ruslar ony kowalamadylar. Olar ýarym aýlaw boldular-da, Dnepre tarap çekilip barýan kiýewlilere kömek bermek üçin, söweş barýan ýere tarap egildiler. Subudaý aýak çekdi, ýoluň boýy bilen uzalyp giden mongol goşunlaryny çagyrmaga öz nökerlerinden çaparlar iberdi, dessine Kalka derýasynyň kenarlaryna gaýdyp gelmeklerini buýurdy. – Entek biz ýeňýäris. Ruslar köpelgiç, tutanýerli taýpadyr! Sährada ruslaryň ýene täze goşunlarynyň peýda bolmagy we biziň watanymyza gaýtmak ýolumyzy kesmekleri mümkindir... Atlaryn başyny yza öwürmek wagty geldi! – diýip, garry serkerde aýtdy. Jebe-noýon üç ýüz atla baş bolup, atlaryny häli-şindi çalşyryp, aýak çekmän, Dnepre baryp ýetdi. Onuň ýanynda dilmaç bolup barýan ykmanda Ploskinýa ýaraty ruslardan: – Mstislaw Udatnyý nirede? – diýip soraýardy. Käbirleri onuň bedew atyn üstünde ýel ýaly bolup barýandygyny görendiklerini aýtdylar. Jebe Dnepriň kenaryna baranda, bir gara gaýygyň ýüzüp ugrandygyny gördi. Şol gaýygyň içinde Mstislawyň çäkmeni gyzaryp görünýärdi. Knýaz gaýygyň yzky burçunyň üstünde gaýygyň yzy bilen ýüzüp gelýän atynyň jylawyndan tutup otyrdy. Ýaşyp barýan günüň yşygynda Mstislawyň altyn telpegi ýalp-ýalp edýärdi, emma ol özüniň goýup gidýän «ýowuz kenaryna» göz aýlamaýardy. Jebe özüniň iň gowy okuny alyp, berk dartylgy ýaýyny çenäp atdy. Oky gaýyga ýetmän, suwa gaçdy. Jebe atyndan böküp düşdi-de, bagryny ýere oýkap, elleri bilen kellesini penjeläp, içiniň ýangynyna gury oty çeýnemäge başlady... Ol ýerinden turdy, gyzyl çäkmen görnüp duran, barha uzaklaşýan gaýyga ýene bir gezek seretdi we gaharyny kimden çykarjagyny bilmän, egri hanjaryny çykardy-da, indi özüne gerekmez, kündeli ykmanda Ploskinýany çapym-çapym etdi. Jebe mele atyna mündi we sähra tarap tutduryp, yzyna gaýtdy, ýoldan barha uzaklaşdy, ýolda bolsa, gara tozan içinde iň soňky tutluşyklar bolýardy we müňlerçe adam gaýmalaklaşýardy. Kalkanyň ýanynda we uzyn Zaloz ýolunda bolan söweşde köp şöhratly rus pälwanlary we ýönekeý goç ýigitler öz janlaryny gurban etdiler. Olar boýun egen ruslara ýamanlyk etmezlige ant içen tatarlar tarapyndan gyrylýan ýaragsyz kiýewli urşujylara kömek berip, gurban boldular. Şol söweşde janlaryny gurban eden Rostow pälwany Alýoşa Popowiçi we onuň wepaly egindeşi Toropy, Rýazan pälwany Dobrynýa Altyn guşagy, Alýoşanyň ýaş kömekçisi şöhratly Ýekim Iwanowiçi we beýleki suzdally, muromly, rýazanly, pronly hem gaýry gahryman demirgazyk edermenlerini rus adamlary unutmazlar1. Ýaraglaryny taşlaman, batyrgaýlyk bilen urup geçen rus otrýadlary Dnepre baryp ýetdiler, şol ýerde garaşyp duran gaýyklar bilen olar derýanyň beýleki tarapyna geçdiler. Tatarlaryň sözüne ynanyp, hanjarlaryny we paltalaryny taşlanlary bolsa, köne aýdymda aýdylyşy ýaly: Garaguşlar gonar adam läşine edip, uçdantutma diýen ýaly gyrdylar. Şeýlelikde, öz güýçlerini birleşdirip, berk jebisleşdirilen ýalňyz rus goşunyna öwürmek islemedik, soňuna seretmeýän, görip we biri-birleri bilen gyr-ýagy bolup ýören knýazlaryň günäsi zerarly, Zaloz ýoly beýik ýeňiş ýoly bolmagyň deregine «gözýaş ýoly», boldy – gahryman rus urşujylary ony özleriniň ak süňkleri bilen doldurdylar, özleriniň gyrmyzy gany bilen suwardylar... __________ 1 1223-nji ýylyň gyşynda Suzdal topragynda, «şöhratly, gözel Rostow şäherinde», dürli knýazlaryň elinde gulluk edýän nökerleriň gurultaýy we maslahaty boldy. Şol maslahatda hemmeler Russiýada «Uly tertipsizlik» höküm sürýär, knýazlar biri-birleri bilen oňuşmaýarlar we knýazlar özara uruşlarynda öz nökerlerini we daýhanlarny biri-birlerine küşgürip, polowesleri, lýahlary we beýleki ýat adamlary begendirýärler diýdiler. Şol gurultaýda nökerler – hemmämiz rus şäherleriniň gadymy enesi Kiýewe gideliň we şol ýerde diňe Kiýewiň beýik knýazyna gulluk edeliň diýip «äht etdiler». Nökerler gurultaýdan soň Suzdal topragyndan gündogara, Kiýewe tarap ugradylar. Günorta knýazlarynyň hemmesiniň Kiýew knýazy bilen bilelikde Gök deňze (Azow deňzine) tarap, «Çingiz hanyň tatarlarynyň» üstüne ýörişe gidendiklerini ýolda eşidip, nökerleriň bütin otrýady baş ýoldan günorta sähralaryna tarap sowuldy we öňe giden rus goşuny bilen birleşmek, üçin, az gatnawly ýol bilen ugrady. Tatarlaryň ant içip, kiýewlileriň ýaragyny alyp, ýaragsyzlary gyrmaga başlan şol ganly güni demirgazyk pälwanlary Kalmius ýodasy bilen ýöräp Zaloz ýoluna ýetdiler. Demirgazyk pälwanlary tatarlar bilen söweşip öldüler, emma uzyn ýoluň boýy bilen uzalyp giden rus esgerlerine özlerini dürsemege we tatarlaryň dyzgynyny üstünlik bilen yzyna gaýtaryp, Dnepre ýetmäge mümkinçilik berdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |