00:06 Çingiz han -71: romanyň dowamy | |
DÖRDÜNJI BÖLÜM
Taryhy proza
ÇINGIZ HANYŇ SOŇY Birinji bap ÇINGIZ HAN ATLARYŇ BAŞYŇYZA ÖWÜRMEGI BUÝURDY Soltan Jelaleddin batyrgaý gaçandan soň, Çingiz han özüniň synaglardan geçen serkerdeleri Bala-noýony we Durbaý Batyry soltanyn yzyndan kowgy edip, Hindistana iberipdi. Olar köp aýlandylar, emma ondan derek tapmadylar. Mongollar öňlerinden çykan şäherlere talaň saldylar, Jelaleddiniň ýaranlary bolan Agrak hanyň we Azam Heniz hanyň eýelik edýän şäherlerini otlýdylar. Mongollar köp sal ýasap we olara katapultlary hem-de zyňmak üçin ýaramly daşlaryny ýükläp, Sind derýasy bilen aşak ugradylar we Multan şäherine baryp ýetdiler. Şol ýerde olar ol baý şäheri daş zyňýan maşynlardan daşa tutmaga durdular. Kär etdirmeýän gala, hindileriň dyngysyz täze goşunlarynyň gelip durmagy we çydap bolmaýan yssy – şularyň hemmesi possunly mongollary şäheri gabamakdan el çekmäge we Çingiz hanyn bolýan daglaryna gaýdyp barmaga mejbur etdi. Beýik kagan yssydan gaçyp, belent daglar arasyndaky, üsti hemişe bulutly bir obada bolýardy we harby işleriň hemmesini misli unudan ýalydy. Agşam meýlislerinde Çingiz han erteki diňleýärdi we pars hem hytaý aýdymlaryny aýdýan aýdymçy gyzlary diňleýärdi. Hytaý paýtagtyndan bäri iki ýyl ýol ýöräp, ýaňyja getirilen, zerli ýüpek parçalar geýnen tansçy gyzlar goýy ýaşyl owgan halylarynyň üstünde oýnaýardylar. Olar ussatlyk bilen tans edýärdiler, giň ganatly guşlaryň uçuşyna öýkünip, uzyn-uzyn ýeňlerini galgadýardylar ýa-da ýylan ýaly bolup düýrülýärdiler, soňundan ýaýylyp, biri-birleriniň ellerinden tutup, ogar-ogar oýnaýardylar. Şu ýerde Çingiz hanyň körpe ogly Kýulkan we onuň ýaş ejesi. Kulan hatyn syrkawlady. olaryň ikisi-de ýüpek ýassyk ýassanyp, possun bilen bürenip ýatyrdy we kä üşüdýärdi, kä gyzdyrýardy. Çingiz han syrkawlaryň ýanyna baryp, olaryň agyzlaryna bir düwür gant tutup berýärdi, ýanlarynda oturyp, bu gün nireleriniň agyrýandygyny soraýardy. Kulan hatyn aglamjyrap: – Endam-janym agyrýar – diýip, zeýrenýärdi. – Bu eýeli ýerde bolýanlary bu daglaryň al-arwahlary gynaýar. Jülgeleriň düýbünden nähili duman turýandygyny seniň özüň görmeýäňmi näme? Şonuň özi seniň goşunyn öldüren ýaş çagalarynyň janydyr. Bu ýerde bolsak, Kýulkan ikimiz öleris. Dine gök Keruleniň suwy biziň janymyza ýetişer. Bizi öz mähriban mongol sähralarymyza ugrat – diýýärdi. Çingiz hanyň oňa gahary gelýärdi: – Mensiz hiç ýana gidesiň ýok. Men bolsam, entek älemiň ikinji ýarymyny-da ýeňip almaly. Kulan hatyn öňküden-de beter aglaýardy. Çingiz han özüniň beýik geneşçisi, hytaý Ýelýu Çu-saýyň yzyndan adam iberdi. Ol eline bir ullakan kitap alyp, derrew geldi, Kulan hatyn ony görüp, ur-tut ýerinden turdy-da onuň elindäki kitaby alyp, halynyň üstüne taşlady we özi şol kitabyň üstünde ýatdy. Çingiz han: – Häzir biz asmanyň näme aýdýanyny bileris! – diýdi. – Maňa näme boljagyny bilmegem islemeýärin. Men näme islesem, şol bolar. Meniň Kerulen kenarlaryna gaýdasym gelýär, biziň bütin goşunymyzyň-da gaýdasy gelýär... – diýip, Kulan hatyn jogap berdi. Çingiz han gaşlaryny bir ýygryp, bir ýazyp, yňranýan ýaly boldy: – Henize çenli menden ýeňilmedik duşman bolmady. Indi men ölümi ýeňmek isleýärin. Sen, bigam we boýun egmez Kulan hatyn, meniň ýanymda bolsaň ölüm saňa batyrnyp bilmez. Emma meniň ýanymdan gidäýseň, nahar bilen berlen awy ýa-da garaňkynyň içinde atylan ok seniň kazaňy doldurar... – diýip, Çingiz han soňra öz geňeşçileriniň iň parasatlysy Ýelýu Çu-saýa ýüzlenip: – Sen adamy ölmez edýän derman taýynlap bilýän porhanlary, jadygöýleri, tebipleri we parasatly adamlary getirip bermäge wada edipdiň. Men olary hany bu güne çenli göremok-la? – diýdi. – Olaryň yzyndan ygtybarly adamlar iberildi, olar tiz wagtdan şu ýere gelmelidirler. Emma sen öz goşunyň bilen örän çalt ýöräp, gaty uzaga gidýärsiň, şol sebäpli ol tebip adamlar seniň yzyňdan ýetip bilmeýärler... Çingiz han Kulan hatynyň keseliniň barha güýjeýändigini we onuň gül ýüzüniň barha solýandygyny görýärdi. Onuň horlanan körpe ogly Kýulkan-da ejesiniň ýanynda ýüzüni ak tam edip ýatyrdy. Şondan soň kaganyň ynjalygy gaçyp, ýüregi hiç bir zatdan aram tapmaýardy. Ol ölüm hakynda köp gürrüň edýärdi we tebiplerden ömri uzaltmak çäresini soraýardy. Tebipleriň birentegi şypa beriji dermanlary hödürleýärdiler. Çingiz han olaryň dermanlaryny özlerine içirýärdi, soňra bolsa, olaryň başyny kesip – näderkäler, ölmän galarlarmyka? – diýip, syn edýärdi. Mongollar Baltan galasynyň ýanynda söweşenlerinde, duşman katapultasynyň naýza ýaly ullakan oky kaganyň gowy görýän agtygy, Jagataýyň ogly Mutugana degenden soň, Çingiz hanyň kejebesi has hem garyşyp ugrady. Mutugan musulman illeriniň in uly hany bolmalydy, emma ol çawup gelen okdan öldi. Şol wagtda Çingiz han ölüm urgusynyň kör düýäniň depişi ýalydygyna, depen adamynyň ölüp ýatyberýändigine, depip bilmedik adamynyň tä garraýança ýaşap ýörýändigine göz ýetirdi. Agtygynyň ölmegine Çingiz hanyň şeýle bir gahary geldi, hatda Baltany ugrubir almagy buýurdy. Goşun galany ýumrup, şäheriň içine döküldi we gören adamyny gyrdy. Çingiz han urşujylar hiç kimi ýesir almasynlar diýip buýurdy, ýekeje jandar-da galmasyn diýip, ol ýeri bütinleý çöl beýewana öwürdi. Ol ýere «Mau-kurgan», ýagny «Gynanç depesi» diýip, at berdiler. Şondan bäri ol ýerde hiç kim ýaşamaýardy, ýerler ekilmeýärdi. Çingiz han dagyň depesinde bir uçurymyň gyrasynda dikilen sary çadyryň ýanynda uzynly güni oturyp geçirýärdi. Aşakda düýpsüz ýaly bolup duran jülgeler garalyp durdy. Dumanly uzaga uzalyp gidýän tukat daglara we olaryň garly gerişlerine syn edýärdi, çendan ýarym öň ýanyna belet adamlary çagyrýardy we Hindistanyň hem Tibetiň üsti bilen mongol sähralaryna barmagyň in gysga ýollary hakynda olar« dan soraşdyrýardy. Lagerdäki olja şaýyny tutan urşujylaryň bar gürrüňi özleriniň mähriban iline gaýtmakdy. Emma ony gazaply kagana aýtmaga hiç kim ýürek edip bilmeýärdi. Onuň näme pikir edýändigini hiç kim bilmeýärdi, ertir onuň nähili buýruk berjekdigini hiç kim önünden duýup bilmeýärdi – kim bilýär, belki, goşuny yza öwrer ýa-da ýene ýörişe ugrar we urşujylar ýene köp ýyllar dowamynda dürli ýurtlarda ygyp, ýangyn tüsseleri içinde öňlerinden gabat gelen halklary gyrmaly bolarlar? At oty az bolan owgan daglarynyň daryşganlygynda uzak durulandygyna nägilelik gürrüňleri goşunda eýýäm eşidilýärdi. Şol wagtda Kulan hatyn watana gaýtmak wagtynyň gelendigine kagany ynandyrjak bolup, beýik geneşçi, hytaý Ýelýu Çu-saý bilen dil birikdirip, bir erteki toslady. Ýelýu Çu-saý iki sany batyr nökere ol ertekini Çingiz hana gürrüň edip bermegi öwretdi. Ol iki mongol Çingiz hanyň bolýan ýerine bardylar we özleriniň Çingiz han bilen duşuşmak isleýändiklerini, oňa möhüm we geň habar ýetirmek isleýändiklerini aýtdylar. Ýelýu Çu-saý olary Çingiz hanyň ýanyna eltdi, onsoň olar oňa şeýle gürrüň berdiler: – Biz daglaryň arasynda azaşyp ýörkäk sugun ýaly bir haýwan gördük, onuň gök reňki, atyňky ýaly guýrugy we bir şahy bar ekeni. Ol haýwan mongolçalap: «Siziň hanyňyzyň öz iline öz wagtynda gaýtmagy gerek» diýip gygyrdy. Çingiz han ertekini arkaýyn diňledi, emma bir gaşyny ýokary galdyryp, öz öňünde çök düşüp oturan batyrlara jiňkerilip seredýärdi. – Ol geň haýwanyň size görnen güni gymyz içipmidiňiz? – diýip, Çingiz han olardan sorady. Batyrlar özleriniň gymyz tapsalar hezil edip içjekdiklerini, emma bu çyplak gaýalaryň arasynda gymyza beýlede dursun, eýsem geçi çalyny-da tapmagyň kyndygyny aýtdylar we özleriniň dogry aýdýandyklaryny tassyklamak üçin başam barmaklaryny çommaltdylar. Çingiz han Ýelýu Çu-saýa ýüzlenip: – Ýeriň deňziň we asmanyň ähli gizlin syrlary aýan edilen parasatly kitaplardan seniň habaryň bar. Heý şonuň ýaly haýwan hakynda okan ýeriň barmy? – diýdi. Ýelýu Çu-saý älemiň dürli haýwanlarynyň, balyklarynyň we guşlarynyň suratlary çekilen ullakan bir kitap getirdi, onuň sahypalaryny agdaryşdyryp, şeýle diýdi: – Onuň ýaly seýrek haýwana «parasatly Go-Duan» diýilýär, ol ähli halklaryň diline düşünýär. Onuň biziň iki batyrymyza aýdan sözleri dünýäde biçeme köp gan dökülýändigini görkezýär. Seniň beýik goşunyň günbatar ýurtlaryny özüne tabyn edip ugraly bäri indi dört ýyl boldy. Şoňa görä, baky beýik asman tükeniksiz gyrlyşyga gahar edip, öz yradasyny saňa aýtmaga Go-Duany iberipdir. Asmana boýun egýändigiňi görkez-de, bu ýurtlaryň ilatyna rehim et. Şonuň özi seniň üçin uly bagt bolar, ýogsam Allanyň saňa gahary gelip, seniň üstüňden ýyldyrym inderer, Hytaý parasatlylarynyň şu gadymy kitaby şeýle gürrüň berýär. Ýelýu Çu-saý ruhanylaryň doga okyşy ýaly dabaraly we haýbatly gepleýärdi, Çingiz han bolsa, bir gözüni süzüp, öz geňeşçisiniň ýüzüne seredýärdi. Soňra öz öňünde çök düşüp, mysapyrja bolup oturan batyrlara seretdi-de, olary ýeke-ýekeden öz ýanyna çagyrdy. Egilip, olaryň her biriniň gulagyna nämedir bir zat çawuş çakdy, olar-da onuň gulagyna çawuş çakmak bilen jogap berdiler. Şondan soň kagan örän göwnühoş bolup, batyrlaryň gitmegine rugsat berdi we olary gymyzdan gandyrmagy buýurdy. Kagan öz geňeşçisine ýüzlenip: – Bu batyrlar ýeser hem eserdeň ekeni. Bulary ulaltmak gerek. Men olardan ol Go-Duan haýwan nähili ýöräp barýardy diýip gezekme-gezegine soradym. Biri – gorgunlap barýardy – diýdi, beýlekisi – ýorgalap barýardy – diýdi. Mongollaryň biri-de, hatda başy aýlanyp durka-da, ylgap barýan haýwana seredip, beýle ýalňyşmaz. Emma goşunyň uruşmakdan bizar bolandygyna, goşunyň öz mähriban sähralaryny göresi gelýändigine men şu gün düşündim, şol sebäpli, özüniň geň Go-Duanyny iberen Allanyň yradasyny berjaý edip, goşunymy yzyna öwrüp, mähriban düýp ulusymyza1 ugraýandygymy yglan edýärin. Şol günüň ertesi mongollar Çingiz hanyň kararyny eşidip, şatlandylar we aýdym aýdyşyp, ýola taýynlanmaga başladylar. Çingiz han ilki başda Hindistanyň we Tibetiň üstünden geçip gitmekçidi, şol maksat bilen Deli şäherindäki Iltutmyş diýen hind patyşasynyň ýanyna ilçiler iberipdi. Emma daglaryň arasyndan geçiljek ýollar heniz gar bilen gömülgidi, patyşa bolsa, jogap bermeýärdi we goşunlaryna Jelaleddini baş edip, olary ýakyn-ýakyň getirýärdi. Onuň hem üstesine, mydama topalaňçy tangutlaryň täze gozgalaň turzandyklary hakynda Mongolystandan habarlar gelip ugrapdy, onuň geňeşçisi Ýelýu Çu-saýyň ýyldyz hasabyna we porhanlaryň gurra atmagyna görä, kagana Hindistanyň üsti bilen gitmek maslahat berilmeýärdi. Şol wagt Çingiz han ozal haýsy ýol bilen gelen bolsa, şol uzyn ýol bilen yzyna gaýtmagy ýüregine düwdi. Onuň buýrugyna görä, ilat dag geçitlerini gardan arassalamaga başlady we ýazyň başlarynda mongol goşuny ýola düşüp ugrady. __________ 1 Düýp ulus – Çingiz hanyň imperiýasynyň bölekleriniň iň ulusydy. Şol bölekde sap mongol illeri bolýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |