17:00

Çingiz han -70: romanyň dowamy

Taryhy proza
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 409 | Добавил: Moderator | Теги: Wasiliý Ýan | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Ependi  
284
Şu wagtam şondan üýtgeşik döwür däl. Mongol-tatarlaryň şol wagtky basyp alan ýeri ägirt uly territoriýa, gadymy kartasyna seretseň. Ýewraziýanyñ gaty köp bölegini ele geçiren. Indi bolsa bu territoriýanyň ählisi ruslaryň elinde diýen ýaly. Stalin döwründen başlap, tä SSSR ýykylýança, şol imperiýaňky ýaly karta durdy ýeriň ýüzünde. Ýewropanyňam köp döwletlerinde özüne deň eden ýeri kän. Beýle diýsem, bular basybalyjy diýjek bolamok, 1-2-nji jahan uruşy sebäp boldy, ylaýta-da, ondanam irräk döwür. Şu wagtam şeýle, "Horezm şasyna" NATO liderleriniň köpüsiniñ göwni ýetenok, şol wagtky hanlaryň, knýazlaryň bolşy ýaly, ýüzündenem geçip bilenok. Beýle diýsem, Russiýany we onuñ liderini basybalyjy diýmekçi däl, ters düşünmäň. Olar indi diňe özüni goraýar. Bir zat belli, döwür ykdysady krizise çolaşyp barýar, şonuň üçinem käbir döwletler özüne çykalga gözleýär, halkynyň aladasyny edýär.

0
2 Moderator  
1471
Dogry. Taryhy romanlary sa:p taryhy roman hasap etmek ýalñyş. Olar häzirki döwri suratlandyryp ýazylan çeper eserlerden has köp zady suratlandyrýar. Eger okamak isleseler hemmeleriñ okap biljek elýeterli eserlerini agzamaly bolsa, onda Esen Ataýewiñ taryhy romanlaryny, Grigol Abaşidzäniñ "Uzaga çeken tümlügini", Rahym Esenowyñ "Sary dominionyñ kölegelerini", "Turanyñ gözýaşlaryny", Ýazmyrat Mämmediýewiñ "Şapagyny", Žowanoliniñ "Spartagyny", Tirkiş Jumageldiýewiñ "Gara ýyldyrymyny" okap görenler muña gowy düşüner...

0
3 Ependi  
284
Taryhy romanlary okamaga ýetesi zat ýok, esasy, gyzyklysy bolsa. Ýokarda agzanlaryňyzdan, "Sary dominionyň kölegeleri" hemde "Şapak" romanlaryny okapdym okuwçy wagtym. "Sary dominionyň kölegeleri" rewolýusiýa, Jüneýit han hakynda gürrüň berip, iki jan ýaly dostuň bir gyza aşyk bolup, soňundanam jetleşmegi hakynda gidýär öýdýän. Aşyr-my şol biriniň ady, beýlekisiniň ady ýadymda däl. Ömrüniň soňlarynda ýene duşuşýarlarmy. Biri Owgana geçýärmi ýa Eýrana, ýadymda däl. Amerikan razwedkaçylaram goşulýar şonda. Gaty gowy roman.

Maňa iň gowy täsir edeni "Şapak" romany bolupdy. Türkmeniň tüýs geçmiş ýüreginden gürleýän kitaplaryň naýbaşylary. Romanda, esasanam Ataşir epä-niň obrazyny gaty halapdym. Bir görseň-ä däli, bir görseňem parasatly. Türkmeniň, "dürs-däli" diýen adamlarynyň biri. Şol romanda ýadyma düşýäner: Ataşir epe bir gezek düýesinimi ýada büýelerinimi bir ýerden geçirjek bolýar. (gaty ýadymda däl) Şonda düýe gorkup geçmejek bolýar. Ataşir epe näçe haý-küş etsede bolanok. Olam gaharyna gylyjyny sogrup düýäň boýnundan çykan ýerini sogrup taşlaýar. Gahar-kapyr diýleni. Romanyň iň soňunda şapak doganda Ataşir epe we başgada gahrymanlarymyz urşup ýeňip, meýdanda şehit bolup ýatyşlary suratlandyrylýan bolmaly. Saragt urşy hakda barýarmyka şol, ýada Eýran çozandamyka, bilemok. Ol kitaby tapsam ýene täzeden okamakçy. Öýümiz kitaphana ýalydy birwagt, indi şol kitaplaň birem ýok. "Okajak" diýip kakamdan kitap baryny daşadylar, gelmedi ýekejesem yzyna. Ol wagt okuwçydym. Özüme galsa ömür berjekmi, soň düşündim.

Birzady gürrüň bereýin, (gep-gürrüň bilen temadan çykybam barýan ýaly) goňşym "Ýuwaş don" romanny okajak diýip kakamdan haýyş edip alyp gidipdi. Bilemok, näçe wagt geçenni, oglankak olaň melleginde oýnap ýörkäk hajathanalaryna girmerinmi. Ilkinji gözüm düşen zat "Ýuwaş don" kitap. Ýarysy eýýäm ýyrtylyp, geçmeli ýerinden geçipdir. Galyň daşyna seretsem öz kitabym. Bu meň üçin iň gymmatly kitaplarymyň biridi. Gözümiň nähili ýaşa dolannam bilmedim. Ýöne, şonda düşündim, kitaby kime berip-kimede aslada bermeli däldigine. Bir ýerde şu sözlemi okapdym: "Düşünýän üçin kitap edil suw ýalydyr" diýeni. Dogry aýdypdyr.

Hemde, birzady haýyş etjekdim administrasiýa-dan, kyn bolmasa. Ýazmyrat Mämmediýewiň "Şapak" romany-ny kitapça ýerleşdirip bolsa, höwes bilen okardyk. Eger mümkin bolsa, galanam nesibe.

0
4 Moderator  
1471
Aşyr - Aşyr Taganow, beýlekisiniñ ady Nury Kürräýew.
Aşyr Taganow meşhur türkmen kontrrazwedkaçysy Aga Berdiýewiñ prototipi.

* * *

"Şapak" romanyny okanlaryñ islendigini diñe Ataşir epäniñ däl, ýaşulynyñ ogly Serdaryñ, agtyklary Goçmyradyñ, Döwletiñ biri-birine meñzemeýän özboluşly obrazlary biperwaý goýmasa gerek.

* * *

Terjimeçi Atda Badaýewiñ türkmen diline geçiren "Ýuwaş Donuny" okapdym. Şu günüñ gözi bilen seredende pes hilli terjime hasap etjeklerem tapylar welin, edil şu günler beýle düýpli eseri iñ bolmanda şoñ ýarpy derejesinde-de terjime edip biljekleriñ tapyljagyna ynamym ýok.
90-njy ýyllaryñ başynda oba ýerleriniñ jemgyýetçilik kitaphanalarynyñ hazynasy umuman hajathanalardan çykdy. Meniñ okan "Ýuwaş Donumam" oba kitaphanasynyñ kitaplary uly ýük awtoulagyna ýükläp serhet zastawasynyñ hajathanasyna daşalyp durka tutup galanym. Aglamaly bolsa, hemmämiz ho:r bolup aglasagam ýeri bardyr... Bizi suwsuz goýdular. Bu gün ýaşlarymyzyñ düşünje göýdükligini, pikir guraklygynyñ başyny şol günlerden gözlemek gerek.

* * *

"Şapak" romanyny geljekde saýtda bermek pikirimiz bar.

0
5 pezzek  
1631
"Şapak" romanyny ýakynda ikinji gezek okadym. Gowy kitap. Dostumdan aldym. Awtor dostumyň daýysy.

"Ýuwaş Don" birinji kitabynyň elektron görnüşüni internetden 15 manada satyn aldym. Öňki linedäki kitaphana soň saýt açypdyr, şol ýerden aldym. Kitabyň üçden iki bölegeni okadym. Terjime gowy däl. Unuman 50-60-njy ýyllarda edilen terjimeler göwne jaý däl.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]