17:41 Çöldäki jaň sesleri / hekaýa | |
ÇÖLDÄKI JAŇ SESLERI
Hekaýalar
Häzir Aral deňzine guýýan Amyderýanyň birçaklar Garagum çölünden akandygyna taryh güwä geçýär. Diýseň-diýmeseň, egrem-bugram bolup, derýanyň hanasyny ýadyna salýan jar häzirem uzalyp ýatyr, onuň ugrundaky kä ýerde-kä ýerde duş gelýän kiçeňräk källeriň suwy diýseň şor bolany zerarly, oňa gaçan zat dessine duza ýugrulýar. Şol suwa gaçyp, tutuşlygyna ak duz gatlagy bilen örtülen düýe maslygyna özümem gabat geldim. Amyderýanyň «Uzboý» atlandyrylýan hanasyndaky bu källeriň suwy bilen türkmenler gotur açan düýeleri bejerýärler. Esli wagt mundan ozal maňa Garagum çölüni aýlanyp görmek miýesser etdi. Ýanymda iki adam – ýaş ýigit Guwanç bilen garry Şanazar Hojam bardy. Şanazar çöli bäş barmagy ýaly bilýäni üçin ony meniň ýanyma ýolbelet edip berkitdiler. Biz öz münüp barýan ýeňil ahal-teke atlarymyzyň ýany bilen üstüne iki meşik suw ýüklenen ýene bir ýabyny idip barýarys. Hywa – Aşgabat – Gökdepe aralygyndaky esasy ýodada kerwen üçin guýularyň bolmalydygyny bilýärdik. Emma ýanynda çopan mesgen tutmadyk guýularyň ählisi opurylyp gömülipdir. Şonuň üçinem, ýanyň bilen suw alyp gitmeseň boljak däldi. Iňläp ýatan çölüň gataňsyrak toprakly ýerinde haçan gatnalany näbelli inçejik ýodalar köre hasa bolup bildirip dur. Ýöne sähel şemal turdugy ondan oňa göçüp ýören ürgün çägelikde yz saýgarmak hyllalla. Şeýle ýagdaýda diňe çakyr süňklerden, çerkez-çetileriň şahalaryna daňylan bölek-büçek esgilerden, düýedir goýun gumalaklaryndan edilen çelgiler dadyna ýetişýär. Çölde ýoluny ýitirdigiň, işiň gaýtdygy. Gerişleri şemala ykjaşyp duran seýrek ýylakdyr pessejik ojarlar bilen örtülen, biri-birine diýseň meňzeş alaňlaryň arasynda ýitip gitjegiň ujy iki däl. Hatda ömrüni çöl içinde mal bakyp geçiren çarwalaryň özem azaşmazlyk üçin beýik alaňyň üstünde çöp-çalamdan ýa-da süňkden bellik edýärler. Näçe diýseň çöl söken Hojam ýol tapmaga ökde-de bolsa Uzboýdan onçakly daş bolmadyk Kurtyşguýunyň ýakynynda azaşdy. Ol ýerdeki birnäçe ýodanyň içinden Hojamyň saýlan tutany ýalnyş bolup çykdy. Alaňlaryň arasy bilen esli salym gidemizsoň, ýodamyz bütinleý ýitdi. Şonda-da yza dolanman gidip otyrys. Bir duran ýerimizde aýlanyp ýörmezlik üçin kompasa bil baglaýmasak, başga alaç galmady. Ugrumyzy ýalnyşman gidip otursak, belki, çopan goşunyň ýa obanyň üstünden baraýmagymyz ahmal. Içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, gapdalyňdan hazlap öwüsýän şemalam kiparlaman, geýim-gejimlerimizi pasyrdadyp, üstümize çäge sowurýardy. Gözümizi gumdan doldurmazlyk üçin ýapynjalarymyzy kellemize büräp, töwerege-de oňly esewan edip bilemzok. Diňe Hojam mahal-mahal atyny debsiläp, alaňyň depesine çykýardy-da, umyt bilen töweregine ser salýardy. Emma gözýetime çenli uzalyp ýatan birmeňzeş depelerdir hinleriniň agzynda yzky aýaklaryna galyp, joňkaryşyp oturan alakalardan başga zat göze kaklyşanokdy. Şemal kem-kemden pessaýlap, ahyry bütinleý diňdi. Dünýäni ýürekgysgynç ümsümlik gaplap aldy. Göýä diýersiň, bütin tebigat nämedir bir zat eşitjek bolup, demini alman ýatana meňzeýärdi. Birden gulagymyza pessaýja jaň sesi eşidilen ýaly boldy. Diňşirgendik. Dogrudanam, jaň sesi. Alaňyň üstünde duran ýerimizden biri-birimize seredişdik. – Bu näme boldugy? – diýip men soradym. Biz üns bilen diň salyp durus. Şol pessaýja ses şindem üzlem-saplam gaýtalanýardy. Hojam birzatlar pyşyrdady-da, ellerini sakgalynyň üstünden ýöredip goýberdi. Soňam: – Baýar, oňa seret! – diýip, alysa elini uzatdy. Gözýetimde üsti ýükli dört sany düýe ýuwaşjadan yraň atyp barýardy. Iň öňdäki düýäniň owsary kerwenbaşynyň elindedi, beýlekileriň üstünde-de bezemen geýnen türkmenler otyrdy. Kä depe çykyp, kä pese inip barýan kerwen ahyrsoňy ymykly gözden ýitdi. – Bu näme boldugy? – diýip, men ýene soradym. – Şeýtana sataşdyk – diýip, Hojam pyşyrdap jogap gaýtardy. – Bu gowulygyň alamaty däl. Çölde ýoluny ýitirenler hemişe şeýtana uçraýar. Çaltyrak bu ýerden saýlanmak gerek. Jynlar käte şaýly gelin bolubam gözüňe görünýär. Aldanyp, yzyna düşdügiň, bagtyň ýatdygy... Pessaýja şemal öwüsdi. Ol güýjedigisaýy jaň sesi ýuwaşap, ahyry ymykly kesildi. – Gideli! – diýip, Hojam alaňdan düşüp barşyna aýtdy. Biz guýudyr ýoda gabat geleris diýip güman edýän tarapymyza kompasdan ugur alyp gidip barýarys. Meni düşlemän gitmeklige yran Hojam köşeşdirjek bolýan ýaly, göwün göteriji gürrüňe başlady: – Göwrümiňi giň tut, bolýar. Meniň başym dikkä zady gaýgy etme. Çakym çak bolsa, şyhlardyr atalaryň ýaşaýan ýerleri şu töwerekden onçakly daş bolmaly däl. Iň bolmanda, ýekeje goýun yzyny görüp bilsem, sypdyrmajagyma ynanaý. Ýene uzak wagtlap ýöredik. Çydamly, ýene halys ajygan atlarymyz gidip baryşlaryna ojaryň pürlerine agyz urýardy. Hojam ýalnyşman eken. Haýsydyr bir yza gözi düşdi-de, atyny gamça basdy. Goýun yzlaryny menem saýgardym. Sähel salymdan biz Uzboýuň belent kenaryna çykdyk. Äpet jar duzdan ýaňa göýe üsti gar bilen basyrlan derýa ýaly uzalyp ýatyrdy. Suwda uzyn aýakly guşlar gezişip ýördi. Agşama çenli Hojamyň belet Kurtyşguýusyna ýetip bolmazmyka diýen niýet bilen kenaryň golaýyndaky ýoda düşüp ugradyk. Uzboýuň öwrüminde biz garaşylmadyk ýagdaýda öwlüýäniň üstünden bardyk. Onuň ýakynynda hem tüýnüginden tüsse çykýan gara öýe gözümiz düşdi. Öý ýetiberenimizde, tirkelgi dört düýäniň iň öňdäkisiniň owsaryndan tutup idip gelýän türkmen gabat garşymyzdaky alaňdan pese indi. Äwmezlik bilen haýal ädim urup gelýän düýeleriň üstünde eginleri gyrmyzy donly haýbatly türkmenler otyrdy. Iň öňdäki düýeniň boýnunda elde ýasalan ullakan mis jam, hallan atýardy. – Ana, seniň hälki «jynlaryň» – diýip, men Hojama ýüzlendim. Ol gatyrgandy: – Küpür gepleme, baýar. Eger Garagumda geň-enaýy zada duş gelseň, onuň oňlulyga däldigini bilip goý. Soňy düz bolsun-da hernä... Gara öýden çykan peşeneli ýaşuly biziň bilen hoşamaý salamlaşdy-da, özüniň şu öwlüýäniň müjewüridigini mälim etdi. Şol wagt kerwenem gelip togtady. Öňdäki düýäniň üstünde oturan – owsun atýan goşa örüm uzyn saçyna kümüş pullardyr gaýry şaý-sepler dakylan, tekepbir garanyşly türkmen gözeli bolup çykdy. Müjewür olara öýe girmegi teklip etdi. Kerwenbaşy-gara sakgally türkmen düýeleri çökerensoň, hemmeler ýere düşdi. Biziň uzyn ýüp bilen daňylyp, tebleleri ýere kakylan atlarmyzyň biri gezim etse, beýlekisi hezil edip agynaýardy. Türkmenleriň biri gelip, çöke düşüp oturan düýeleriň aýagyny duşap gitdi. Hojam müjewüre nirä, näme üçin barýanymyz, bolan ýerlerimiz, Hywada näme işlänimiz, Hywa hanynyň bize aýdan zatlary... hakynda jikme-jik gürrüň berýärdi. Türkmen gelinleri düýeleriň üstünden dürli reňkdäki torbalardyr halylary alyp, şowhun turuzýan çagalaryň gohy astynda gara öýe girdiler. Düýeleriň töwereginde aýlanyp ýören gara sakgally türkmen Hojamyň ýanyna gelip ornaşansoň, olaryň arasynda Ahal täzelikleri hakynda şüweleňli gürrüňçilik başlandy. Ýaşuly turuwbaşdan söhbeti özüne syrykdyrdy: – Men ganjyklar tiresinden, gelnimiz Aýjemaly bolsa Börme obasyndan kän galyň töläp aldyk. Ýöne oglum nalajedeýin bolany üçin, başdan gelniniň gözüniň oduny almagy başarmady. Bir gezek gelnimiz ata-enesiniň öýüne gaçyp gidipdir. Biz ýigrimi atly bolup yzyndan gidip öýe getirdik. Şonda oglum Mämmet ony gamçy bilen mazaly ýençdi. Gelnimiz «Ýatyrkaň pyçaklap öldürerin» diýip gorkuzypdyr-da, şol gije ýene gaçypdyr. Ony ikinji gezek tapmak gaty kyn boldy. Sebäbi, kakasy gyzyny pars maşgalasynyň içine goşany üçin, kileň ýüzi ýapyk aýallaryň arasynda tanap bolmady. Pars hojaýynyň hyzmatkäri para hantamaçylygy bilen aýdaýmadyk bolsa, biz ony ömürem tapmazdyk. Aýjemalyň kakasy eýýäm gyzyna hyrydar tapan eken. Ol «Ogluňyz gyzyma üç gezek «Talak» diýipdir, indi näme etsem, öz işim» diýip bize ýeň bermedi. Nähilem bolsa Aýjemaly olardan alyp gaýtdyk. Ýöne birden gaçaýmasyn diýip, şu ýere – Balaişem guýusyna getirdik. Indi munça göze çöp atyp gaçaýyp bilmese gerek. Eger bu ýerde-de mugyra gelmese, onda neme, dadyna ýetişjek adam ýok. Gurrugyň birine zyňaga-da, üstüne gum süräýmeli. Adyma ysnat getirip ýörjek bolsa, edäýjegim şol... Hojam oňa sowal berdi: – Näme, gelniňi özüň alyp gaýdypsyň? Hany, ogluň nirede? – Oglum dagy sekiz atly bolup yzymyzdan gelýär. Bilip bolýarmy, kowgy-zat bolaýsa, bizi gorajak şolar. Ýene bir sagat çemesi wagtdan gara berseler gerek. Ýöne indi biz hiç zatdan gypynç edemzok. Howp-hatar sowuldy. Erňegini ýere beren Günüň şöhleleri gözýetimdäki bölek-büçek bulutlary elwan reňke boýady. Men aýallar öýüň içini tertipleşdirip, haly ýazýançalar daşarda ýatan harsaň kesegiň üstüne çökdüm. Oturan ýerimden gara sakgally türkmeniň gürrüňi açyk-aýdyň eşidilýärdi. Ol Hojamyň ýolda gören kerwenimiz, jaň sesleri hakynda aýdanlaryny üns berip diňledi-de başyny ýaýkap, uzak gürrüňe başlady: – Gören zadyňyz eýgilige bolaýbilse ýagşydyr. Çölde duşýan zadyň bihaly ýokdur öz-ä... Eger çaga aglaýan bolsa, jaň sesleridir aýalyň aýdymyny eşitseňiz, üstüňize nähilidir bir howp abanýanynyň alamatydyr. Birnäçe ýyl mundan ýen Hywa hanynyň gazabyndan gaçyp gaýdan bir türkmen şu ýerde mekan tutdy. Çaky, birini öldüripdir-de, tapmazlar diýen niýet bilen bu ýere gaçyp gelen bolarly. Ol ýygy-ýygydan towşan awlamak ýa tilkä gapan gurmak üçin çöle siňip giderdi. Şu ýakynda üsti ýumurlyp giden seňňerli ýalňyz depe bar. Bir gezek şol hywaly ýaňky depäniň ýakynyndan geçip barýarka gülki seslerini eşidipdir. Haýdap barsa, ol ýerde yns-jyns ýokmuş. Soň bir gezek bile barýarkagam şol gülki eşidildi. Depäniň bütin töweregini aýlansagam, adam yzlaryna gözümiz düşmedi. Birnäçe günden soň şol hywalynyň edil ýaňky ýerde başyna ýetdiler. Seredip görsek, harabaçylykda bir atlynyň yzy bar. Gelen adam atyny depäniň aňyrsynda gizlepdir-de, özi haraba duwlanyp, hywalynyň ýeňsesinden atyp, bir okda serreldipdir. Soňam onuň tüpeňidir şirmaýy saply pyçagyny alyp, gelşi ýaly bildirmän çöle siňip gidipdir. Men hywala «Çöl saňa duýduryş beripdir. Şol ýoldan gatnamaňy goý» diýip kän aýtdym. Etmedi. Ahyram şeýle boldy... Ähli jynlar şäherdir obalardan gaçyp, çöle dolupdyrlar. Özlerem nirä barsaň bar. Gijelerine şagal bolup uwlaýarlar, ýabany pişik bolup mawlaýarlar. Usullyk bilen gelip, tüýlek penjelerini yş tapan ýerlerinden içerik sokýarlar. Garaňky gatlyşyp ugrady. Ogly henizem gelmänsoň, ynjalygy gaçyp ugran türkmen bize öýe girmegi mürehet etdi. Gapy pes bolansoň, egilip içerik girdik. Ortada ýanyp duran oduň töwereginde garalyp giden birnäçe suwly tüňçe dur. Müjewüriň kempiridir beýleki aýallar biz tarapa seretmän, öýüň bir böwründe üýşüp otyrdylar. Biz tirsekläp öňümize ajy gök çaý aldyk. Hojam maňa tarap gyşardy-da, rus dilinde pyşyrdap şeýle diýdi: – Şu müjewür-ä idili adam däl. Men bu hakda öňem eşidipdim. Onuň aýaly bilen ýaşap ýörmegi şerigata ters gelýär. – Näme üçin? – Ol birwagtlar aýalyna üç gezek «Talak» diýip, atasy öýüne kowupdyr. Soňam ýekelik ýüregine düşüp, yzyna alypdyr. Bu şerigata sygýan zat däl. Kowan aýalyň bilen soň barlyşmak ullakan güne. – Ýak, senem Hojam, birhili gürrüň edýäň – diýdim-de, soň sesimi çykarmadym. Mazaly garaňky düşenini öýüň tüýnüginden seredip biläýmelidi. Ogly ýoldaşlary bilen henizem gelmänsoň, gara sakgally türkmen tiz-tizden daş çykýardy. Onuň tersine, Aýjemalyň keşbinde howsaladan nam-nyşan ýokdy. Olam edaly sallanjyrap birnäçe gezek daşary çykdy. Her sapar çykanda ýasy ýüzli, tutuk garaýyşly gartaşan aýalam ýanyndan galanokdy. Içiňden geçip gelýän ýiti gözleriniň biri çalarak süzülip duran garaýagyz Aýjemal diýseň gözel maşgalady. Ol oturanlaryň hiç birine dikanlap seretmese-de, biz tarapa käte nazar aýlaýardy. – Gelin dagam däl – diýip Hojam ýuwaşja aýtdy. – Beýle buýsançly, sarç maşgala bu ýaşula baş bermese gerek. Ýa-ha gaçar, ýa-da gaýyn atasynyň başyna ýeter. Näme etjekkä beýdip saklajak bolup?! Hojamyň tutan towşanyndan agşamlyk naharmyzy edindik-de, kellämizi oda tarap egip gyşardyk. Men juda ýadaw bolanym üçin tiz uka gitdim. Düýş görüp ýatyşyma kimdir biriniň kiçijik eliniň ýüzümde gezmeleýänini duýdum. Birden agzym, burnum dykyldy-da, howa ýetmän, demigip oýandym. El şo bada aýryldy. Garaňky öýde hiç zat görnenokdy. Ýöne edil ýanjagazymdan gelýän ýakymly ysy duýdum. Soňam ýuwaşja pyşyrdy eşidildi: – Baýar, biçäre Aýjemala kömek et. Seniň iki atyň bar. Ilime aşar ýaly birini maňa ber. Soň kakam saňa elin gowşurar. Bu çölüň içinde maňa garaşyk etjek adam ýok. Iňňäň ujy ýaly bahana tapdyklary, guýa zyňarlar. Şu garaňky gijäni penalap, bulardan dynmaga delalatyny degir... – Kişiniň maşgala ýagdaýyna gatyşmaga meniň hakym ýok. Gyssagym özüme ýetik. Tizräk Bäherdene aşmanyň alajyny etmeli. Ýöne sen atlaryň birini münüp gaçaýanyňda-da, yzarlap durman. Bilmedik bolaýaryn... Aýjemal sessiz-üýnsüz ýerinden turdy-da, gapa ýöneldi. Işigi açyp, dem salym yzyna garady. Soňam garaňka siňip gitdi. Onuň edil yz ýanyndan bir erkek kişi daraklygyna basyp daş çykdy, Tizden erkek kişiniň basyk sesi, ürken atlaryň tapyrdysy gijäniň asudalygyny bozdy. Tasap öýden çykdym. Beýleki ýatanlaram oýanyp, daşaryk okduryldylar. Gözedürtme garaňkyda zat saýgarar ýaly däldi. Birden gara sakgally türkmeniň bokurdagyňa sygdygyndan gygyrýan sesi eşidildi: – Gelin gaçdy, gelin. Kömek ediň. Meni pyçaklap gaçdy. Tizden özem göründi. Ol pyçaklanan egnini ýaglygy bilen tutup, ysgynsyz mytdyldap gelýärdi. Ol ýene-de: – Hojam, Guwanç, atlanyň. Uzaga gitmänkä, derrew yzyndan ýeteliň. Baýar, ol seniň atyny münüp gaçjak bolup dur eken. Hälem men ýetişäýdim – diýdim. – Meniň ýigitlerim gaçan aýaly kowalamaz. Ol saňa-da uslyp däl – diýip, onuň al-petinden aldym. Hojam ýaralynyň goltugyna girip, öýe äkitdi. Daş çykmaga gorkuşyp duran aýallaryň ah-wahlary eşidilýärdi. Burnuna salyp doga okaýan müjewür: – Bu zatlaryň oňlulyga däldigini aýtdym-a size – diýip, şol bir sözlerini gaýtalaýardy. Biz öýe girip, çaý-çörekden keýpimizi kökledik-de, haýal etmän ýola düşdük. Bagtymyza, çöldäki jaň seslerini ýamanlyga ýoran Hojamyň göwnüne getiren betbagtlyklarynyň birine-de uçramadyk. 1907. | |
|
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |