07:20

Gurhan 19:71

Gurhany öwreniş we Hadys ylmy
Категория: Gurhany öwreniş we Hadys ylmy | Просмотров: 484 | Добавил: Injener | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 3.2/4
Awtoryň başga makalalary

Gurhany öwreniş we Hadys ylmy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 18
0
1 Aurora  
1960
Hudaýy oýunjak etmeli däl. Adamlar adamyň (adamlaryň) döreden hudaýyna ynanmaly däldir. Ylahyýet her öňýeteniň bu ylymyň her ýerinden çomçalap düşündirip biljek derejede aşak düşmeli däl. Ylahyýeti düşündirýän adamyň asyl kimligi (geçmişi) onuň häzirki derejesi, abraýy garşysyndaky jemgyýete hiç bir tarapdan gizlin bolmaly däl. Biziň asuda ýurdumyzda ylahyýet, din we jemgyýete ahlak tarapdan terbiýeli bolmak üçin ýörite gurup beren hem gurmaga rugsat alnyp halk tarapyndan gurulan arassa metjetlermizde öwrenmäge, öwretmäge rugsat berlen. Bu hem döwletimiziň halkyň ynanjyna hormatlydygynyň alamaty.

0
10 Moderator  
1471
Ymamyñ şahsy durmuşynda kimdigini bilseñ, arkasynda namaz okamak dürs bolmazdy diýilýän gürrüñ bar. Şoña görä-de halkymyz "Mollanyñ edenini etme, aýdanyny et" diýip aýtgy döredipdir. Başgalaryñ kemçiligini gözläp, wagtyñy özüñe peýda bermejek işlere gidermeli däl-de, öz şahsyýetiñi kämilleşdirmek bilen bolmaly. Mus-mus diýmän mustapa diýiber. Aýtjak zadyñy göni aýt, hemmelere aýan hakykatlara bukup, garyp-gatyp aýtma-da.

0
2 Aurora  
1960
Köşeş. Sen 'öňýeten' sözüni nähili düşünýäniňi teswiriňden bildim. Mençe her öňýeten her bir öňümizden çykan (real, sosial) adamlar, sebäbi ony tanalanok. Ol ýagşy adammy ýada erbet adam - ýüregindäkini özünden başga hiç kes bilenok. Öňýeten manyny erbet ýada gowy manyda kabul etmäne derek tanalmaýan hökmünde kabul edilse ýerlikli. Meniň teswirimi öz şahsyýetiňe çekip meniň kelläm, düşünjäm, pikirlerim barada özüňçe çaklamalaryňy aýdyp durma. Meniň pikirimçe awtoritet kim we nämedigini bilmän gürlediň. Sen ymam bol, adaty adam bol, men şonda-da ýokarky tesiwiri ýazardym we üns berýän welin sen teswirler saňa täsiri uly. Sebäbi teswirlere sinonimleşen sözlemleriň bilen jogap gaýtarýan, bu bolsa sende bir fobiýanyň bardygy barada pikir etmäne iterýär. Men hiç bir metjide hiç wagt (juma namazy bolsun tapawudy ýok) gatnamadym. Barsam wagz diňlämde dörän soragy hökman bererdim. Ýokarky blogyňdaky ýaly zatlary edil welaýat (döwlet tarapyndan gurlan welaýat merkezlerindäki) metjidinde aýdylmaýanyna gatnamasamda kepil geçip biljek. Beýle ýerlerde ymamdan gürlän zadyna sorag dörese jogap talap ediljegini bilýändir. Esasy zady belläýin: seniň hadys ylym, ylahyýet, gurhan kitaby, hudaý baradaky ýalňyş pikirleriňi daşdan kesekleşmän erkin we üzüntisiz pikir alyşmak müňkinçiligi bolanlygynda asuda ýagdaýda çüýretjegimi öňünden arkaýyn aýtýan :)

0
8 Moderator  
1471
Hiç zady subut edip bilmersiñ. Ilki türk sözleri bilen garman arassa türkmen dilinde gürlemäni öwren. Käbir samsyklaç adamlaryñ içýakgyçlyk edip şeýdýändiginem bilýäs welin, nämedir bir zady subut etmäge synanyşýan we özüni sowatly hasap edýän adamyñ ilki berjaý etmeli düzgüni şu hasap edýäris.

0
13 Aurora  
1960
Türk dilini däl, azerbaýjan dilini garýan. Käbir samsyklaç adamlaryň näme üçin etýänini bilýän ekeniň emma men 98% azerbaýjan telekanallaryny görýän. Şonuň üçin düşünmegime we gürlemäme aňsat gelse ulanýan. Gerek ýerinde türkmen diliniň gramatikasyna laýyk ýazybam bilýän gürläbem. Hatda resmi dildede sakynman arasynda aaaa, eeee, hmmm säginmelerini goşmazdan gürlemäni başarýan. Biziň milletimiziň köp adamlary başga dili goşýan adama 'hondan bärisi, dil bilýänini bildirjek bolýan, aýnaky we ş.m. pikirler bilen negatiw pikirde bolýärlar. Aslynda şeýlemi ýa özüne amatlymy ýa başga sebäp bardyr diýip pikir edenoklar, hamala özüne agram berýän ýaly.

0
9 Moderator  
1471
Ýalñyşýañ. Üns berme.

0
3 Aurora  
1960
Tanamaýan adamyň ynanjy barada arkaýyn gürleýäniňe haýran galýan. Bir taraplaýyn pikir ýöretseň şeýle bolýar. Men tema teswir ýazdym. Tema seniň temaň, seniň pikirleriň. Tema we pikirleriňe ýazylan zady şahsyýetiňe çekip durşuň welin gülkünç bir tarapdanam gynandyryjy. Pikirleriň, ýazgylaryň dogrudygyna gözüň ýetýän bolsa özüňe göwnüň ýetýän bolsa mediýada däl-de, halk arasynda paýlaş. Men seni näsag hasaplaýan. Eger şeýle etseň seni diňlänlerem näsag hasaplarlar we ile gülki bolarsyň. Pikirleriňi tankytlaýanlary özüňe duşman hasaplamaklyga näme diýilýänini bilýänsiňle? Pikir alyşar ýaly pikir orta atyp bilýän ýok diýen ýaly. Temaň pikiriň şu bolsa hiç bir ýagdaýda pikir alyşar ýaly zat däl.

0
5 Aurora  
1960
Beýik Taňra şükürler etýän, hiç kimden hiç wagt gizlenmändim. Seni beýle situasiýa salaryn diýip pikir etmedim. Gel indi başga tötänden okyjy üçin meniň kimdigimem açykla. Başgalaryň her dürli çaklamalary bir ara gelip togtasyn :)

0
6 Aurora  
1960
Hehehe bolýar. Köşeş, köşeş. Sen ylymly, dindar, giň dünýä garaýyşly ekeniň. Subut etdiň. :))))

0
12 Moderator  
1471
Kimdigiñ özüñde galsyn. Bize gyzykly däl. Her gelip pikirini aýdýanyñ kimdigini aýan etjek bolsak saýt ýöretmegiñ zerurlygy galmaýar, okyjylarymyzyñ ynamy biziñ üçin hemme zat, ony heran-haçan, her hili ýagdaýda döwmedik, indem döwmeris.

0
14 Aurora  
1960
Düşünikli, dogry etýäňiz. Intuisiýasyna gaty ynamly gürläni üçin aýtdym. Belki çaklamasynyň ýalňyşdygyna düşünendir, jogabyndan şeýleräk görünýär.

0
7 sawyerlostthomas  
1894
"nemäme-de" däl,

Bet sögünç eken-äý! :)

0
11 Moderator  
1471
Mediýa şumy, diýmek bulam halkyñ arasy. Hiç kim hiç zady bukanok. Hemmetaraplaýyn pikirlere açyk. Gelip, teswirlerde gusup oturman, tankydy pikirleriñi makala görnüşine getirip ugradanam bolsañ, çap ederdik.

0
15 Aurora  
1960
Gusmak däl bu gadyrdan, bu syçmak. Tankydy pikirlerde kakdyryp makala ýazmak pikiriň gyzykly. Özümem käwagt pikir etýän welin, soňundan uly bir pikir, söz söweşine nälaç gatnaşmaly bolaryn. Oňada wagt, energiýa tapdyrsada peýdasyz zatlar däldigine hiç esas tapamok. Aslynda şunça pikirlermi ýazmaklykdan saklansamam, saklanamda şunça ýazýan. Onsaň ody tutaşdyryp öçürmäni ýada odun atmana ýaltanýan. Ýaltananlygym sebäplem hamala ýeňilen kysmy özümi igeleýän. Indi has çynlakaý özüme erk etmäne çalyşmakçy. Belki sosial bolanlygy üçin azajyk jylawumy göýberýändirin, realda welin beýle däl. Real tanalýanlar bilen pikirde çekeleşilse biziň milletimiziň agramly böleginiň bir zadyň täsirini her zada ýetirip bilýän derejedeligi belkide köp zady diýmezlige ýada garşyňdakyň islegne görä kiçi dilden bärde aýtmaklyga iterýändir. Bulary diňe bir teswire jogapdan daşary öňem biriniň aýdyşy ýaly tötänden okyjylar üçin ýazdym.

0
4 Aurora  
1960
Menem ertire çenli açylyşaryn-da

0
16 Aurora  
1960
Gadyrdan köşeş-how. Ýöne şol bir gaýtalanyňy gaýtalap ýadaňokmy? Real töweregiňdäkilerä seni beýtdirýän däldir welin bärde eliňe ilen zady aýlap salyp bolanok. Indem media bolany üçin näçe isleseň sakyrda-da oturyber. Tema däl maňa diýilýär, plany diýen bolsa. Öz diliňde senem hiç kimiň nämesine däl. Şuny eşdesiň gelen bolsa al. Türkmenistan demokrat ýurt, kim bilýär şerigat kanuny we ahlak polisiýasy bolanlygynda sen ýalylaryň nämeler etjegini kim bilýär. Hudaýy oýunjak etdiň, beýlede bir kesel bolar eken. Bu keseliň bejergisi ýok. Bu keselli adamlary aram-aram ary ketek gorjalan ýaly gorjalap gapdaldan gülüp synlamakdan başga peýdasy ýok.
Aslynda kommentariýa ýazmalam däl welin, kiçikam ary ketek gorjalamakdan keýp alşymdan galan bir hisse bolaýmasa diýýän.Näme edeýin ejemden geçen endikdä, ejem gorjalamagy gowy görýärdi ))))

0
17 Rowsen25  
1620
"Men jynlary we ynsanlary diňe maňa ybadat etsinler diýip ýaratdym" diylen aýat haýsy süre naçenji sürede barka???

0
18 Moderator  
1471
"Zariat" süresiniñ 56-njy aýaty.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]