20:50 Bamsy alp | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -8:
Taryhy şahslar
▶ BAMSY ALP Bamsy alp, has dogrusy Bamsy Birek kim bolupdyr? Bamsy Birek taryhda ýaşap geçen real şahsmy? Eger real şahs bolsa ol haçan öldi we mazary nirede? Geliñ, "Gorkut ata" eposynyñ iñ görmegeý we batyr ýigitlerinden bolan Bamsy Birek barada käbir maglumatlara ser salalyñ. ■ Bamsy alp (Bamsy Birek) kim bolupdyr? Sözümize başynda şuña ünsüñizi çekmek isleýärin: "Direliş. Ärtogrul" teleserialyndaky Bamsy alpyñ obrazy çeper obrazdyr. Ýagny onuñ obrazynyñ taryhy özeni ýokdur. Bamsy beg Ärtogrul Gazynyñ döwründe däl-de, eger ýaşan bolsa, Gorkut atanyñ - irki oguz-türkmen döwründe ýaşap geçen şahsyýet. "Direliş. Ärtogrul" teleserialyndaky hemme obrazlary real şahslardyr öýtmek ýalñyş bolar. Sebäbi serialyñ senariýasy taryhy wakalara esaslanyp ýazylsa-da, tomaşaçylary özüne imrindirmek üçin çeper obrazlara, çeper epizodlara ýüzlenmeli bolýar. Bu kinomatografiýa sungatynyñ talabydyr. Muma dogry düşünmek gerek. Eger teleserial dolulygyna hakyky taryhy suratlandyrýan bolsa, onda ol serial däl-de dokumental filmleriñ tapgyry bolardy. Tomaşaçy gatlagy-da häzirki görşüñiz ýaly köp bolmazdy. Käbir kişiler "Direliş. Ärtogruly" taryhy hakykatlara çapraz düşýän ýerleri bar, onlarça taryhda ýaşap geçmedik personažlary bar diýip berk tankyt edýärler. Bir zada dogry düşünmek gerek: "Direliş. Ärtogrul" dokumentallykdan daşda - ol çeper kinofilmler tapgyry, hemme zatdan ötri serial senariýa esasynda ekranlaşdyrylan. Senariýa ýazylanda tomaşaçyny özüñe imrindirmek üçin dürli çeper ýollara ýüzlenilýändigini sungat işgärleri gowy bilýändir. Taryhy dokumental film başga, çeper taryhy kinofilm (teleserial) başga. Manysyna dogry düşünmek gerek. Teleserialyñ düýp maksady taryha bolan söýgini döretmek. Muny bolsa "Direliş. Ärtogrulyñ" döredijilik topary añryýany bilen başardylar. Bary-ýogy bäş-on ýyl mundan öñ türkmeniñ taryhyndan söz açsañ, "goýsana, ors gelmänkä biri-birini çapyp ýören keçetelpek türkmeniñem bir taryhy bolarmy?" diýip señrik ýygyrýan ildeşlerimiz indi "Direliş. Ärtogrul" serialynyñ üsti bilen beýik taryhymyzyñ bolandygyny buýsanç bilen gürrüñ edýärler. "Direliş. Ärtogrul" we "Gurulyş. Osman" teleseriallarynda az-kem düñleräk häsiýetli Bamsy alpyñ obrazyny Jelal Al janlandyrýar. "Direliş. Ärtogrula" sypdyrman tomaşa edýän ildeşlerimiz "Gorkut atadaky" Bamsy Biregiñ obrazyny janlandyrandygy üçin serialyñ döredijilik toparyna we ussat Jelal Ala sagbolsun aýtmaly. Meniñ özüm birki ýerde täze dünýä inen ogluna Bamsy adyny goýan ýaş çatynjalara duş geldim. Diýmek, bu teleserial diñe bir döredilen ýurdunda däl, eýsem biziñ ýurdumyzda hem garaşylan netijäni berýär. Bärde bir gynanmaly zat bar, olam türkmenistanly aktýorlaryñ şular ýaly tutumly işlerden çetde galmagy... Şeýle-de, bu teleserial birwagt ýatdan çykyp garyp bir mazaryñ başyny iñ köp zyýarat edilýän ýerleriñ birine öwürdi. ■ Hakykatda Bamsy Birek kim? Ilki bilen "Gorkut ata" eposynyñ üstünde gysgaça durup geçeliñ. On iki boýdan we bir girişden ybarat bu dogaýy kitabyñ kyssalarynda gürrüñ berilýän wakalar ençeme asyrlap dilden-dile geçip gelensoñ, hakyky bolşundan ep-esli derejede özgerişe sezewar bolupdyr. Ýagny, halk döredijiliginiñ her bir eserinde bolşy ýaly Dädem Gorkudyñ hekaýatlary-da ýülmenip, timarlanyp, aýdyjylar tarapyndan hasam çeperleşdirilip biziñ günlerimize gelip ýetipdir. XV asyryñ ikinji ýarymynda ýazga geçirilendigi çak edilýän kitap oguz-türkmenleriñ ýaşaýyş-durmuş we ykdysady şertleri, ynançlary, däp-dessurlary, geýnişleri, iýip-içişleri barada ummasyz maglumatlary berýär. Şonuñ üçin bu gymmatly çeşmäniñ taryhymyzdaky orny göz öñüne getirişimizden has uludyr. Belli ýazyjymyz Osman Ödäýew makalalarynyñ birinde ýöne ýere "Gorkut ata" kitabyna "türkmeniñ yslamdan owalky döwrüniñ gurhany" diýenok. Kitabyñ biziñ günlerimize gelip ýeten iki golýazma nusgasynyñ biri Drezden kitaphanasynda, ikinjisi Watikan kitaphanasynda saklanylýar. Kitapda köpsanly personažyñ ady tutulýar. Biz bu makalanyñ göwrümini uzaldyp durman Bamsy Biregiñ atlaryna göz aýlalyñ: Onuñ adynyñ Beg Bögrek, Baý Bura, Beg Birýe, Beg Begreg, Beý Beýrek, Baý Börek, Bag Bögrek ýaly atlandyrylyşy bar. Şeýle-de beg sözüniñ gelip çykyşy baý-beý-beg sözden bolup, ululyk, mertebelilik diýen manyny berýā. Bamsy Birek "Gorkut ata" hekaýatlarynyñ baş gahrymany Salyr Gazanyñ iñ ýakyn egindeşi, iñ ýakyn dostudyr. Onuñ Salyr Gazana bolan wepalylygy şeýle bir güýçli bolupdyr welin oguzlaryñ agzy alaryp, Içoguz bilen Daşoguz biri-birini çapanda Salyr Gazan üçin bir golundan geçipdir. Bamsy Biregiñ özi içoguzly, söýgüli aýaly Banu Çeçek bolsa daşoguzlydyr. Bamsy Birek daşoguzly gardaşlaryna garşy hernäçe ýarag götermek islemese-de, jana-jan dostunyñ tarapyny tutmaga mejbur bolupdyr. Daşoguzyñ serdary Oraz goja eposda Bamsy Birege duzak gurýar. Oraz goja gepleşmek üçin aldanyp çagyrylan Bamsy Biregi ýesir alýar we sag goluny kesýär. Banu Çeçek bilen Bamsy Birek on alty ýyllap biri-birinden jyda düşýär. Ahyrsoñy Ýalançy ogly Ýalynjañ Bamsy Birek öldi diýip bir ganly köýnegi getirip görkezýär we Banu Çeçegi özüne aýal edip aljak bolýar. Toý güni Bamsy Birek gelýär we aldawçy kezzabyñ almytyny berýär. Netijede uzak wagtlap aýra düşen juwanlar biri-birine gowuşýar. ■ Bamsy alpyñ (Biregiñ) mazary Türkiýäniñ häzirki Baýburt diýen ýeriniñ iki kilometr gündogarynda ýerleşen Erenli obasynyñ günbatar tarapyndaky bir depäniñ üstünde "Gorkut ata" hekaýatlarynyñ gahrymany Bamsy Biregiñ mazarynyñ ýatandygyna ynanylýar. Halk tarapyndan zyýarat edilýän bu mazaryñ daşy soñky döwürlerde dik dörtburçlyk daşlardan haýat aýlanypdyr. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |