BAÝRAGA MYNASYP
1993-nji ýylyň Magtymguly adyndaky halkara baýraklaryny almak üçin Türkmenistanyň meşhur halk ýazyjysy Ata Gowşudow, türkmen edebiýatyny öwrenmekde uly işler bitiren belli alymlar Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew hem hödürlenildi. Magtymguly adyndaky halkara baýraklary baradaky komitetiň habarynda olaryň haýsy eserleriniň göz oňünde tutulýandygy anyk aýdylmasa-da, bu awtorlar Türkmenistanyň okyjylar köpçüligine giňden bellidir. Şeýle bolsa-da, olaryň döredijiligi, ylmy işleri barada gysgarak durup geçmegi makul bildik.
Ilki bilen komitetiň türkmeniň beýik şahyry, akyldary Magtymgulynyň adyny göterýän baýragy almak üçin ady tutulýan awtorlary hödürläp, örän uly sogap iş edendigini belläsimiz gelýär. Bu awtorlaryň üçüsi-de Magtymgulynyň baý döredijiligini ile wagyz etmek, ylmy taýdan öwrenmek ugrunda öz wagtynda az iş etmändiler. Magtymguly babamyzyň ruhy olardan razy bolandyr.
Ata Gowşudow häzirki zamam türkmen edebiýatyny esaslandyryjylaryň, onuň beýik sütünleriniň biri. Özüniň 50 ýaşdan sähel gowrak gysga ömründe ol ömri asyrlara uzap gitjek ajaýyp eserler döretdi. Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda bu ussat ýazyjynyň döredijiligine degişli baha berildi. Men belli edebiýatçylar: filologiýa ylymlarynyň doktory Rahman Rejebowyň, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Täçmuhammet Durdyýewiň ylmy işlerini göz öňünde tutýaryn. Rahman Rejebow «Ýazyjy Ata Gowşudowyň indiwidual çeperçilik stilinde onuň dil manerasy» diýen örän ähmiýetli ylmy işini ýazyp, ony «Çeper edebiýatda estetika we stil meseleleri» (Aşgabat, 1982) diýen kitabynda ýerleşdiripdi. Bu kitaby öz wagtynda men redaktirläpdim. Awtor bu işinde Ata Gowşudowyň eserlerine salgylanyp, ony örän ussat ýazyjy hökmünde subut edýär. Täçmuhammet Durdyýew ylmy işlerinde häzirki zaman türkmen prozasynda roman žanrynyň ösüşinde Ata Gowşudowyň bitiren hyzmatlary düýpli öwrenilýär.
Ata Gowşudow türkmen edebiýatyny ösdürmekde uly işler bitiren ýazyjy. Onuň hekaýalary, powestleri, romanlary henize bu güne çenli elden ele geçirilip, höwesli okalýan eserler. Ýokarda ady tutulan görnükli alym Rahman Rejebowyň bir gürrüňdeşlikde nygtap aýdyşy ýaly, ol tüýs ýazyjy diýilýänlerdendi. Onuň döreden edebi eserleri esasynda türkmen halkynyň tutuş bir nesli terbiýelendi, ýazyjylaryň ençemesi ondan döredijilik ussatlygyny öwrendi. Görnükli ýazyjynyň «Gandym awçynyň maşgalasy» diýen hekaýasy, «Watan ogly», «Iň soňky arçyn», «Dordepel» powestleri, «Mähri-Wepa», «Köpetdagyň eteginde», «Perman» romanlary häzirki döwür türkmen edebiýatynyň klassyky eserleridir.
Ata Gowşudowyň «Perman» romany onuň taryhy roman döretmegiň ajaýyp ussadydygyny aýdyň äşgär etdi. Belli ýazyjy hem edebi tankytçy Nargylyç Hojageldiýewiň bu romany jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda redaktirläp çapa taýýarlamak bilen, ýazyjynyň hut öz ýadygärliginiň öňünde, ähli okyjylaryň öňünde örän uly iş edendigini bellemek gerek. Gan döküşikli Gökdepe urşunyň Pajygaly wakalaryny beýan edýän bu romanda ýazyjy türkmen halkynyň gaýduwsyz watançy ogullarynyň bir toparynyň gahrymançylykly keşbini döredipdir. Nurberdi han, Öwezmyrat batyr, Gara batyr, Kany batyr, Garry batyr, Aman batyr, Hanly batyr Gökdepe urşunda watany döş gerip goran şeýle batyrlaryň bir toparynyň ýatdan çykmajak gaýduwsyzlygy, merdanalygy romanda beýan edilýär. Romanda oňyn hem tersin gahrymandyr personažyň 77 sanysy teswir edilýär. Ýazyjy wakalary has täsirli, ynandyryjylykly beýan etmek, edebi gahrymanlaryň sözleýşini indiwiduallaşdyrmak üçin 80-den gowrak halk nakylyny, pähimli sözleri ulanypdyr. Munuň özi romanyň dil çeperçilik taýdan has kämildigine güwä geçýär.
Men Ata Gowşudowyň döredijiligi barada giňden durmakçy däl. Onuň döredijiliginiň köp babatlary ylmy taýdan öwrenildi, ýene-de öwreniler. Ýöne onuň döredijiliginiň Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasypdygyny aýratyn nygtamak maksady bilen ýokarky käbir pikirleri aýtdym. Ajaýyp ýazyjynyň diňe «Mähri-Wepa», «Köpetdagyň eteginde», «Perman» romanlarynyň özi-de baýrak bermäge mynasyp esas bolup biler.
Magtymguly adyndaky halkara baýragyna hödürlenilen Mäti Kösäýew bilen Baýmuhammet Garryýew türkmen edebi mirasyny öwrenmegiň, edebiýaty öwreniji kadrlary taýýarlamagyň ilkinji esaslaryny goýan görnükli alymlardyr. Türkmen edebiýatçylarynyň şu günki nesliniň köpüsi şolaryň şägirtleridir ýa-da okuwyçlardyr. Elbetde ilkinjileriň zähmeti, bitiren işleri has görnükli bolýar, uzak wagtlap ýatda galýar. Indiki nesil şolaryň arçan ýollaryny dowam etdirýär. Edebiýatçylaryň häzirki neslinden has irräk dünýä gelmek nesibesi M. Kösäýew bilen B. Garryýewe şonuň ýaly ykbaly eçilipdir. Görnükli alymlaryň şu ugurda bitiren işleri örän ägirt. Olaryň ikisiniň-de ylmydöredijilik işi edebi mirasy çapa taýýarlap, giň okyjylar köpçüligine ýetirmek hem-de olary ylmy taýdan öwrenmek ugurlary boýunça dowam etdirilipdir. Olaryň ikisiniň düzmeginde, redaktirlemeginde XVIII—XIX asyr türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň eserleri, halk dessanlary, folklor eserleri ökyjylara ýetirilipdir. M. Kösäýew «Görogly» eposynyň 1941-nji ýylda neşir edilen tekstini redaktirläpdir (düzüji Ata Gowşudow), Magrupynyň «Ýusup-Ahmet» dessanynyň 1943-nji ýyldaky ilkinji neşiriniň tekstini düzüpdir, B. Garryýew bolsa şol teksti redaktirläpdir. Olaryň ikisi-de beýik Magtymgulynyň eserleriniň tekstini düzmäge, neşir etdirmäge örän işjeň gatnaşypdyr. Akyldar şahyryň 225 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan uly iki tomluk ýygyndysyny olar bilelikde düzüpdirler. 1959-njy ýylda neşir edilen bu iki tomluk ýygyndy Magtymgulynyň eserleriniň ilkinji doly ýygyndysy bolýar. Şahyryň eserlerini tematika bölmek, olary elipbiý tertibinde görkezmek ýaly möhüm işler ilkinji gezek şu ýygyndyda amala aşyrylypdyr. Ýygyndynyň birinji tomunda Magtymgulynyň ömri hem döredijiligi barada M. Kösäýewiň giňden maglumat berýän sözbaşysy ýerleşdirilipdir. Alymlaryň ýerine ýetiren tekstologik işleri sanardan köp. B. Garryýew meşhur «Görogly» eposynyň 1983-nji ýylda Moskwada rus dilinde, M. Kösäýew hem eposyň şol ýylda Aşgabatda neşir edilen tekstlerini düzüpdiler. Olaryň ikisi-de tekstologik işi bütin ömri boýy dowam etdirdiler.
M. Kösäýew hem B. Garryýew ululy-kiçili ylmy makalalar bilen metbugatda-da örän işjeň, ýygy-ýygydan çykyş edýärdiler. Olaryň bu ugurda ýerine ýetirýän işleri hemmeler üçin göreldedi. Mysal üçin, B. Garryýewiň neşir edilen işleriniň, ylmy makalalarynyň, düzen hem redaktirlän ýygyndylarynyň, işleriniň, terjime eden işleriniň sany 530-dan gowrakdyr. M. Kösäýewiň hem ähli ýerine ýetiren işleriniň sany şondan az däl. Alymlar okuw kitaplaryny ýazmaga, halk magaryfyny ösdürmäge hem uly goşant goşupdyrlar. Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň uly halypalary bolan bu alymlar ylmy-teoretiki taýýarlyklary, gözetimleri boýunça köp taraply alymlardy. Türkmen edebiýatynyň hem folkloryny öwreniş ylmy boýunça olaryň gyzyklanmadyk, pikirlerini aýtmadyk ugurlary ýok diýen ýalydyr. Meşhur «Gorkut ata» eposynyň ilkinji tekstiniň şu alymlaryň ikisiniň tagallasy bilen (düzüji M. Kösäýew, redaktor B. Garryýew) dünýä inendigini aýtmak hem ýeterlikdir.
Görnükli alym Mäti Kösäýew «Edebiýat taryhynyň käbir meseleleri» (Aşgabat, 1963), «Edebiýat barada söhbet» diýen ýalytutymly ylmy kitaplaryny okyjylyra ýadygär galdyrdy. Bu kitaplarda türkmen edebiýatyna, folkloryna degişli ylmy işlerden başga-da Alyşir Nowaýy, Omar Haýýam ýaly Gündogar poeziýasynyň görnükli wekilleri, doganlyk gazak edebiýaty baradaky ylmy makalalar. «Poeziýada omonimleriň roly», «Ýyl öwürmek» diýen ýaly ähmiýetli işler ýerleşdirilipdir. Mäti Kösäýew öz işlän ömründe professor diýen ada, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri diýen hormatly ada eýe boldy.
Gazak, tabol-tatar Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi, respublikamyzyň ylymda at gazanan işgäri, professor Baýmuhammet Garryýew meşhur «Görogly» eposyny, beýik Magtymgulynyň baý döredijiligini öwrenmek işine aýratyn-da uly goşant goşdy. Onuň «Türki dilli halklarda Görogly hakdaky epiki hekaýatlar» ady bilen 1968-nji ýylda Moskwada rus dilinde neşir edilen tutumly işinde türkmen «Göroglysy» bilen birlikde eposyň azerbaýjan, ermeni, kürt, gruzin, türk, özbek, täjikwersiýalarynyň döreýşi hakda durlup geçilýär. Görnükli alymyň «Magtymguly» (Aşgabat, 1975) ady bilen neşir edilen saldamly işinde beýik şahyryň baý döredijiliginiň ideýa-tematik aýratynlygy, çeper formasy, çeper dili ýaly möhüm meseleler düýpli barlanylýar. Bu işler B. Garryýewiň öňki soýuz möçberinde belli alymdygyny aýdyň äşgär edýär.
Baýmuhammet Garryýew doganlyk respublikalar bilen ylmy aragatnaşyklary yzygiderli ýola goýmak işine uly üns berýärdi. Edebiýat we folklor boýunça ylmy konferensiýalaryň işine işjeň gatnaşýardy. Onuň ylmy ýolbaşçylyk eden 2 sany doktorlyk, 32 sany kandidatlyk dissertasiýalarynyň arasynda köp sanly türkmen alymlary bilen birlikde Moskwadan A.S.Mirbadamowa, Daşkentden J. Kabulnyýazow, M. Myradow, Ufadan M.Sagitow, Kumyk folklorçysy I.X.Asekow ýaly alymlar hem bar.
Ýokarda aýdylan pikirler häzirki zaman türkmen edebiýatynyň klassygy, ajaýyp prozaçy Ata Gowşudowyň, görnükli türkmen alymlary Mäti Kösäýewiň, Baýmuhammet Garryýewiň Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp awtorlardygyny subut edýär.
Babyş MÄMMETÝAZOW.
Türkmenistanyň YA-nyň Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlaryň doktory.
"Türkmenistan" gazeti, 26.01.1993 ý.
Edebi makalalar