08:53 Ýürek emir edende | |
ÝÜREK EMIR EDENDE
Edebi makalalar
Belli žurnalist hem özboluşly şahyr Allaýar Çüriýewiň respublikanyň Lenin komsomoly baýragyna hödürlenilen «Ýüregiň emri bilen» diýen publisistik oçerkler ýygyndysy okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdy. Häzir hem bu oçerkler isleg bilen okalýan eserleriň biri bolmagynda galýar. Ezber žurnalistiň bu ýygynda girizilen oçerkleri aňsatlyk bilen dünýä inen eserler däl. Aýdaly öňde baryjy pagtaçy ýa-da çopan hakda oçerk ýazjak bolsaň, şolaryň özleri, işleýän ýerleri bilen gürleşip, gerekli materiallaryň eslisini ele salmaly bolýar. Allaýar Çüriýew bolsa bu oçerkleri döretmekde diňe žurnalistiň, ýazyjynyň roluny ýerine ýetirmän, eýsem ökde, tejribeli taryhçy alymyň hem hyzmatyny ýerine ýetirmeli bolupdyr. Munuň üçin bolsa ol redaksiýadaky jogapkärli işiniň daşyndan Aşgabadyň, Daşkendiň, Moskwanyň arhiwlerinde köp wagtlap basa oturmaly bolupdyr. Şeýlelikde, ol diňe çeper oçerk döretmek bilen çäklenmän, respublikamyzyň taryhynyň, tutuş medeniýetiniň köp taraplaryny ynamly çeşmeler esasynda anyklaşdyrylypdyr. Şunlukda ýazyjy taryhçy alymlaryň, medeniýeti öwrenijileriň ynamdar kömekçisi hökmünde hem çykyş edipdir. Hawa, respublikamyzyň görnükli partiýa, döwlet işgäri Gaýgysyz Atabaýew, onuň wepaly egindeşleri Halmyrat Sähetmyradow, Çary Wellekow, Ýakow Popok, Gurban Sähedow, Döwlet Mämmedow, Garry Kulyýew, Bäşim Gulbeşerow, Bäşim Pereňliýew, Öwezgeldi Atabaýew, Hajy Atabaýew, Sergeý Timoşkow, Mihail Fonin ýaly Türkmenistanda Sowet häkimiýetini berkarar etmek ugrunda gaýduwsyz göreşen ilkinji syýasy işgärler baradaky oçerkler şeýle döräpdi. Žurnalist A. Çüriýewiň taryhy-syýasy işgärler barada oçerk ýazmakda özboluşly stili bar. Awtor taryhy-publisistik oçerklerinde oçerk gahrymanlarynyň ömri, alyp barýan syýasy işi baradaky materiallary çeper beýan etmek bilen birlikde, şol adamlary gowy bilip, olar bilen bile işleýän işgärleriň ýatlamasyna hem uly orun berýär. Ýygynda girizilen oçerklerde Türkmenistanda Sowet häkimiýetini berkarar etmekde G.S.Atabaýewiň, onuň köpsanly egindeşleriniň alyp baran jogapkärli işleri, halkyň taryhyna gara tegmil bolup giren ganly repressiýa döwri, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň wakalary göz öňüňe gelýär. Partiýa, döwlet işgärleriniň 27-30-njy ýyllarda ýaş sosialistik Türkmenistany sosial we ykdysady taryhy aýaga galdyrmak ugrunda durmuşa geçiren işleri bir tarapdan, okyjylary çäksiz guwandyrsa, ikinji tarapdan, halkyň depesinden gara labyr bolup inen stalinçilik ganly repressiýa okyjylarda gahar-gazap döredýär. Awtoryň oçeklerde belli şahsyýetler derejesinde wasp eden gahrymanlarynyň köpüsiniň şol ganly repressiýanyň pidalary bolmaklary ylaýta-da gynandyrýar. Ýygyndynyň başynda ýerleşdirilen «Otuz ýediň gara gijelerinde» diýen goşgy ençeme maşgalalaryň başyna musallat bolup inen repressiýanyň gansyz pidasyny, ýetiren uly zyýanyny obrazly beýan edýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, şol goşgynyň iki bendini okyjylara hödürläliň: Ýersiz ýere kemsidilme, urma bar, Gaýdyp indi ne öýüňi görme bar, Orta asyrlardan galan türme bar, Otuz ýediň gara gijelerinde. Göze ilmez ertir göreniň agşam, Bir mizana mündi ýamanam, ýagşam. Halk duşmany boldy gojasam, ýaşam, Otuz ýediň gara gijelerinde. Ýygynda girizilen publisistik oçerkler döwürdeşlerimizi, ylaýta-da ýaşlary, watansöýüjilik, halk bähbidi ugrundaky göreşe wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe. Ýaşlar üçin Gaýgysyz Atabaýew-de, Halmyrat Sähetmyradow-da, Çary Wellekow-da, Aýdogdy Tahyrow-da uly görelde. Olaryň geçen ýoly uly mekdep. Allaýar Çüriýew şeýle oçerkleri ýazmakda eýýäm uly tejribe toplady. Onuň Beýik Watançylyk urşy we ondan soňky ýyllaryň görnükli partiýa, döwlet işgärleri Şaja Batyrow, Suhan Babaýew, Akmämmet Saryýew, Aýtbaý Hudaýbergenow, Balyş Öwezow barada döreden taryhy-publisistik oçerkleri hem okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu eserler awtoryň özüniň oçerkçilik stiline aýratyn wepaly bolup galandygyny hem subut etdi. Şahyr, publisist ýazyjy Allaýar Çüriýew diňe bir edebi döredijilik bilen meşgullanman, eýsem özüniň yzygiderli syýasy-köpçülik, ýaşlary terbiýelemek işleri bilen hem meşgullanýar. Ýazyjynyň Lenin komsomoly baýragyna hödürlenilen gyzykly, ideýa taýdan sagdyn eserleri hem şol aladalaryň bir bölegi bolup durýar. B.MÄMMETÝAZOW, TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky edebiýat institutynyň ýolbaşçy ylmy işgäri. «Aşgabat agşamy» gazeti, 15.05.1991. | |
|
Teswirleriň ählisi: 36 | 1 2 3 » | |||||||||||||
| ||||||||||||||
1-15 16-30 31-34 | ||||||||||||||