00:14 Ilkinjileriñ hatyrasy | |
ILKINJILERIŇ HATYRASY
Edebi makalalar
W.I.Leniniň ýolbaşçylygynda sosialistik rewolýusiýa amala aşyrylyp, täze durmuş gurmak ugrunda batly gadamlar bilen öňe gidilip ugralan bolsa-da, sowet halky ençeme külpetleri başdan geçirmeli bolýar. Asyryň 20-nji ýyllarynyň ortalarynda ýurda ýolbaşçylyk etmekde güýçlenip ugran stalinçilik administratiw-komanda metody leninçilik ruhda terbiýelenen partiýa-sowet işgärleriniň ak ýürekli intelligensiýanyň, zähmetsöýer işçileriň millionlarçasynyň gara terrora sezewar edilip, ömür tanaplarynyň wagtyndan öň kesilmegine sebäp bolýar. Ellinji ýyllaryň başynda başlanan ýyly akym häzirki üýtgedip gurmak prosesi döwründe ör-boýuna galan aýanlyk Staliniň şahsyýet kultunyň ösen ýyllarynda gazaply dowam etdirilen repressiýanyň pidalarynyň san-sajaksyzdygyny äşgär subut etdi. Şoňa görä-de, sowet halkynyň bu günki nesliniň Staline, onuň töweregini gurşap alan partiýa-döwlet ýolbaşçylarynyň köpüsine gahar-gazap bildirişi bütinleý esaslydyr. Žurnalist Allaýar Çüriýewiň «Ýüregiň emri bilen» diýen kitabynda stalinçilik repressiýa sezewar edilip, pida bolan watan gerçekleriniň ençemesi barada gyzykly oçerkler ýerleşdirilipdir. Bu gerçekleriň ählisi-de ýüregiň emri bilen gaýduwsyz zähmet çekip, güneşli Türkmenistanda täze durmuşy dabaralandyrmaga uly goşant goşan watan ogullary. Allaýar Çüriýewiň olara bagyşlanan publisistik oçerkleri taryhy, awtobiografik materiallara, olaryň döwürdeşleriniň, dogan-garyndaşlarynyň beren gürrüňlerine esaslanylyp döredilipdir. Bu oçerklerden publisistikanyň belli bir anyk döwrüň syýasy wakalaryny göz öňüne getirijilik, şol wakalara dahylly şahslaryň çeper häsiýetini döredijilik ýaly aýratynlyklary göz öňüne gelýär. Şu taraplary bilen bu oçerkler metbugatda aýry-aýrylykda çap edilende-de okyjynyň ünsüni çekipdi. Žurnalist ol oçerkleri bir kitaba jemlemek bilen, respublikamyzda sosialistik jemgyýeti gurmaga işeňňir gatnaşan watan gerçekleriniň ýadygärligini ebedileşdirmäge belli bir goşant goşupdyr. Publisistik oçerkler Gaýgysyz Atabaýew, Halmyrat Sähetmyradow, Çary Wellekow, Gurban Sähedow, Hajy Atabaýew, Öwezgeldi Atabaýew, Bäşim Gulbeşerow, Bäşim Pereňliýew, Mihail Fonin, Ýakow Popok, Döwlet Mämmedow, Oraz Täçnazarow, Garry Kulyýew ýaly Türkmenistanyň ilkinji partiýa, döwlet, komsomol işgärleri hakynda. Şeýle adamlaryň işi, durmuşy Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda Kommunistik partiýanyň Watana, halka wepaly kadrlary yzygiderli terbiýeläp ýetişdirmäge uly üns berendigini aňladýar. Awtor irginsiz zähmet çekmek bilen, bu işgärleriň işidir durmuş ýoluna degişli köp sanly arhiw materiallaryny, partiýa dokumentlerini, olary görenleriň maglumatlaryny içgin öwrenipdir. Munuň özi publisistik oçerklerdäki taryhy faktlaryň ynançlylygyny artdyrýar. Allaýar Çüriýewiň respublikamyzyň görnükli partiýa-döwlet işgäri Gaýgysyz Atabaýewiň köp taraply döwlet-syýasy işi, täsirli durmuş ýoly baradaky oçerklerinde dokumentallyk, arhiw materiallaryny giňden ulanmak ylaýta-da agdyklyk edýär. Ýygyndyda esli orny eýeleýän bu oçerklerde uly iliň hormatyna sözüň doly manysynda mynasyp bolan Gaýgysyz Serdarowiçiň çagalykdan uly döwlet işgärligine çenli ösüp ýetişi, özüniň bütin manyly ömründe Orta Aziýadaky, Türkmenistandaky syýasy wakalaryň jümmüşinde bolşy hronikal tertipde, täsirli beýan edilýär. Gündelik esasy işiniň daşyndan Gaýgysyz Atabaýew barada awtoryň köp sanly materialy ele salmagy, öwrenmegi, täsirli beýan etmegi onuň janypkeşlikli zähmetiniň hakyky miwesidir. Gaýgysyz Atabaýew barada Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Berdi Kerbabaýew çeper roman döretdi, belli taryhçylar Ş.Täşliýew, T.Durdyýew onuň durmuş ýoluny, Orta Aziýada, Türkmenistanda täze durmuş gurmak ugrunda alyp baran aýgytly göreşini ylmy esasda beýan edýän kitap ýazdylar. Allaýar Çüriýewiň publisistik oçerkleri ol işlerden arhiw materiallaryny edebi taýdan umumylaşdyryp görkezýändigi bilen tapawutlanýar. Atabaýewiň döwürdeşleriniň ýatlamalary, onuň döwürdeş partiýa-döwlet işgärleri bilen alşan hatlarynyň beýan edişiň süňňüne siňdirilmegi oçerkleri has gyzykly edýär. Türkmenistanda ýaýbaňlanan sosialistik gurluş tejribeleri partiýa-döwlet işgärleriniň ençemesiniň ak ýürekli intelligensiýanyň, işçileriň ýüze çykmagyna getirýär. Allaýar Çüriýewiň publisistik oçerklerinde olaryň her haýsynyň alyp baran partiýa-döwlet işine jogapkärli garandygyny, täze durmuş ugrunda jany-teni bilen göreşendigi, sosialistik rewolýusiýanyň olarda döreden hyjuwy köplenç dokumental materiallaryň esasynda gyzykly beýan edilýär. Dokumental materiallaryň çeper umumylaşdyrylmasy bu oçerklere-de mahsus. Halmyrat Sähetmyradowyň, Çary Wellekowyň, Gurban Sähedowyň, Döwlet Mämmedowyň. Garry Kulyýewiň, Bäşim Gulbeşerowyň, Hajydyr Öwezgeldi Atabaýewiň, Bäşim Pereňliýewiň respublikada başlanan täze durmuşyň öňbaşçylary bolandyklary bu oçerklerde ynandyryjylykly göz öňüne gelýär. Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň taryhynda ýatda galarlyk şahsyýetler derejesinde suratlandyrylan bu görnükli işgärleriň respublikamyzyň senagatyny, oba hojalygyny, medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşandyklary ýeterlik beýan edilýär. «Ýüregiň emri bilen» ýygyndysynda ýerleşdirilen Ýakow Popok, Sergeý Timoşkow, Mihail Fonin ýaly Türkmenistanda Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda işlän rus bolşewikleri baradaky oçerkler hem has täsirli çykypdyr. Bu oçerklerde türkmen halkynyň beýik rus halky, beýleki doganlyk halklar bilen internasional dostlugynyň Beýik Oktýabrdan gözbaş alyp gaýdandygy ynançly subut edilýär. Awtor bu görnükli partiýa-sowet işgärleri, harby komandir baradaky materiallary diňe Türkmenistandan däl, eýsem merkezi metbugatdan, arhiwlerden gözläp tapmak bilen, olary täsirli beýan etmegi başarypdyr. Internasional dostlugyň beýan edilişi awtoryň oçerkleriniň köpüsine mahsus. Şeýle dostlugyň beýany akademik Fersman hakyndaky oçerkde, türkmen jigitleriniň Moskwada garşylanylyşynda hem duýulýar. Akademik Fersmanyň Garagumuň jümmüşinde geçiren geologik gözlegleriniň suratlandyrylyşy, Moskwa atly ýöriş eden batyr türkmen jigitleriniň atma-at görkezilişi awtoryň materialy jikme-jik öwrenendigine güwä geçýär. Umuman, «Ýüregiň emri bilende» ýerleşdirilen oçerkleriň hemmesi-de okyjynyň ünsüni çekýär. Ynha «Esgeriň hatlary» oçerki. Bu Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda görkezen gaýduwsyzlygyny, tyl, maşgalasy barada alada edip, aýaly Aýsoltana ýazan hatlaryny görkezmäge bagyşlanypdyr. Latyn hatynda ýazylan, öçüp ugran şol hatlary okamaga men awtora kömek beripdim. Bu hatlar Tahyrowyň uruşdan öňki ýyllarda hem kommunistik düşünjeli işgär bolup ýetişendigine güwä geçýär. Belki, şeýle hatlary arhiwe tabşyrmak barada alada ediler. Aýsoltan eje ol hatlary gahryman adamsyndan ýadygärlik hökmünde berk saklaýan bolsa-da, türkmen ýigitleriniň gaýduwsyzlygyny geljekki nesillere ýadygär galdyrmakda ol hatlaryň ähmiýeti biçak uludyr. Ýygyndyda ýerleşdirilen oçerkleriň şu günki nesli watançylyk, dostluk ruhunda terbiýelenende ähmiýeti diýseň uly «Dogry, Nina Aleksandrowna», «Taryha göz aýlasaň», «Garagumuň jümmüşinde» ýaly oçerklerde wakalaryň üzlem-saplamlygy, guraksylygy duýulýar. Ýöne tutuşlygyna alanyňda, Allaýar Çüriýewiň bu oçerkleri ýazyjynyň nazary, yhlasy bilen ýazylan eserler. Türkmen taryhyny, medeniýetini öwrenmekde-de olar uly ähmiýete eýe bolar. Şoňa görä-de awtor bu oçerklerini rus dilinde-de neşir etdirse gowy bolardy. B.MÄMMETÝAZOW, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. «Sowet Türkmenistany» gazeti, 24.01.1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |