05:05 Bedende ýag toplanan bolsa... | |
BEDENDE ÝAG TOPLANAN BOLSA...
Medisina
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki howply çişleriň öňüni alyş bölüminiň uly ylmy işgäri Serdar Hojanyýazow howply däl çiş — lipoma hakynda gürrüň berýär. Lipoma adatça deriniň astynda ýerleşýän, ornaşan ýerini üýtgetmeýän, «süýşmeýän», 1,5-2 sm ululykly tegelek düwün görnüşli maýyşgak (elastiki) çişdir. Ýöne has uly lipomalar hem duş gelip, olaryň daşky görnüşi, ýumşak-gatylygy düzümine bagly bolup durýar. Aglaba bölegi ýag dokumasyndan durýan lipomalar (lipofbroma) ýumşak, düzümine ýag dokumasyndan başga birleşdiriji fbroz dokumahemgirýän lipomalar (fbrolipoma) gaty bolýar. Düzüminde birleşdiriji dokuma näçe köp bolsa, lipoma şonça-da gaty bolýar. Bulardan başga düzüminde görnüp duran gan damarlary köp bolan kawernoz lipoma (angiolipoma) ýa-da «žirowik», myşsa süýümlerinden durýandygy üçin tümmejik görnüşli bolýan miolipomalar bardyr. Lipomalar bedeniň ýag gatlaklary bolan islendik ýerinde: ellerde, garynda, bil töwereginde, süýt mäzlerinde, içki agzalarda, beýni gabyklarynda, myşsalaryň arasynda emele gelip bilýär. Arkadaky, eginlerdäki, uýluklardaky lipomalar has köp duş gelýär. Lipoma adatça deriniň astynda ýerleşip, görnüp dursa-da, onuň gyrasynyň bedene çuň aralaşyp, myşsalara, süňklere çenli baryp ýetmegi mümkindir. Çiş ýeke-täk ýa-da köpsanly bolup bilýär. Ýerleşen ýerinde deriniň reňki üýtgemeýär, basylyp görlende agyry ýa-da ýakymsyz duýgular ýüze çykmaýar. Şeýle-de bolsa, nerw sütünjagazlarynyň ugry boýunça ýerleşen köpsanly lipomalar nerwleri gysyp, soňabaka agyrynyň döremegine getirip bilýär. Lipoma jynsyna we ýaşyna seretmezden, islendik adamda (adatça 30 ýaşdan soň) döräp bilýär. Lukmançylykda «lipomalar howply täze döremä öwrülmeýär» diýen pikiriň ýörgünlidigine seretmezden, olaryň howply görnüşe geçýän, liposarkoma öwrülýän halatlary duş gelýär. Lipomalaryň saglyga hiç hili zyýan ýetirmeýändigini tekrarlaýan pikirleriň ýalňyşdygyny görkezýän başgada käbir ýagdaýlar bardyr: ◆ Lipoma çişleri hiç wagtda (hatda bedeniň agramy azalsa-da) kiçelmeýär, tersine ulalýar we gandamarlaryny, nerwleri, içki agzalary gysýar hem-de olaryň işiniň bozulmagyna getirýär. ◆ Süýt we ýag mäzleriniň görnüşini üýtgedýär, olaryň işini bökdeýär. ◆ Uzak wagtlap duran dalipomalar bedende gan öýen uly meýdanlaryň döremegine (gematoma), dokumalaryň jansyzlanmagyna (nekroz) getirip bilýär. ◆ Deriniň aşagynda görnüp durýan çişler adamyň daşky görnüşine şikes ýetirýär. Meselem, boýunda ornaşýan ýüzük görnüşli lipoma boýny tutuşlygyna diýen ýaly gurşap alýar. ÇIŞ NÄME ÜÇIN DÖREÝÄR? Lipomanyň döremegine getirip bilýän faktorlar: • Ýag dokumasynda alyş-çalşyň bozulmagy, käbir fermentleriň işiniň bökdelmegi. Bu ýagdaýda belli bir ýerde ýag öýjükleriniň bir topary çalt ösüp başlaýar. Beden gormonlaryň kömegi bilen olaryň ösüşini duruzmaga synanyşýar, ýöne bu lipomanyň öýjüklerine täsir etmeýär. • Bedeniň agramynyň tiz-tizden üýtgäp durmagy. Şeýle sebäbe görä emele gelýän lipoma köplenç horlanmak niýeti bilen tiz-tizden berhiz tutýan aýal-gyzlarda duş gelýär. Ýagly, ýokary kaloriýaly iýmitiň berk çäklendirilýän günlerinde bedende köp mukdarda ýag dokumasy ýitirilýär. Adaty iýmit düzgünlerine dolanylanda ýene-de ýag dokumasy toplanyp başlanýar we öňküsindenem köpelýär. Maddalaryň alyş-çalyş hadysasy häli-şindi gaýtalanyp durýan şeýle üýtgemelere uýgunlaşyp bilmeýär. Netijede, lipomalaryň emele gelmegine getirýän bozulmalar ýüze çykýar. • Süýt mäzlerine tebigy göwüsleriň ornunda silikon implantlaryň goýulmagy. Ýag dokumasynyň del madda jogap täsiri (reaksiýa) ýüze çykýar. Munuň netijesinde döşde çişler peýda bolup bilýär. • Köpsanly hünärmenleriň pikirine görä, aşgazanasty mäziň, bagryň keselleri, gipofziň we galkan şekilli mäziň funksiýasynyň ýokarlanmagy lipomalaryň emele gelmegine getirip bilýär. • Süýjüli diabetiň, alkogolizm keseliniň, ýokary dem alyş ýollarynyň näsazlyklarynyň lipomanyň döremegine sebäp bolýan halatlary köp duş gelýär. • Maşgala agzalarynyň birnäçesinde ýa-da hemmesinde lipomanyň döremegi bu näsazlyga nesilleýin meýilliligiň bardy- gyny aýtmaga esas berýär. ANYKLAÝYŞ WE BEJERIŞ Uly bolmadyk lipomalaryň agyry ýa-da oňaýsyzlyk döretmeýändigi sebäpli näsag adatça olara üns bermeýär. Ol diňe çişler ulalyp, alamatlar aýdyň ýüze çykanda, uly göwrümli döremeler deriniň aşagynda mese-mälim görnüp duranda lukmanyň ýanyna barýar. Bu ýagdaýda syrkawyň bedenini gözden geçirip, keseli anyklamak hünärmene kyn düşmeýär. Ol bedeniň belli bir ýerinde emele gelen çişlere seredip, lipomany ateromadan tapawutlandyrýar. Lipoma bilen ateroma daşyndan birmeňzeş ýaly görünse-de, olar bir-birine meňzemeýär. Birinjiden, ellenilende ateromanyň emele gelen ýerinde agyry ýüze çykýar, lipomada bolsa agyry döremeýär. Ikinjiden, lipoma deriasty ýag kletçatkalarynyň, ateroma bolsa ýag mäzleriniň has köp toplanan ýerinde emele gelýär. Üçünjiden, ateromada (lipomadan tapawutlylykda) dykylan ýag mäzleriniň ýa-da çykaryjy akabanyň yzy galýar. Dördünjiden, ateromaderiniň bir bölegi bolup, deribilenbirleşýär, lipoma bolsa deriniň aşagyndaky ýag gatlagynda emele gelýär we deri bilen sepleşmeýär. Lipomalar içki agzalarda we dokumalarda emele gelende ultrases (USB) we kompýuterli tomografiýa (KT) barlaglaryny geçirmäge zerurlyk ýüze çykýar. Elleriň, aýaklaryň ýumşak dokumalarynda dörän lipomalar gözden geçirmek (wizual), ultrases barlaglaryny we inçe iňňe bilen punksiýa edip, sitologiýa barlagyny geçirmek arkaly anyklanylýar. Döş kapasasynda, garyn boşlugynda ýa-da garynarka boşlukda emele gelen lipomalarda ultrases we kompýuterli tomografiýa barlaglary geçirilýär. Lipomalary ýüze çykarmakda we görnüşini anyklamakda kompýuterli tomografiýa (KT) barlagynyň kömegi bilen has anyk maglumatlary alyp bolýar. • Süýt mäzlerine tebigy göwüsleriň ornunda silikon implantlaryň goýulmagy. Ýag dokumasynyň del madda jogap täsiri (reaksiýa) ýüze çykýar. Munuň netijesinde döşde çişler peýda bolup bilýär. • Köpsanly hünärmenleriň pikirine görä, aşgazanasty mäziň, bagryň keselleri, gipofziň we galkan şekilli mäziň funksiýasynyň ýokarlanmagy lipomalaryň emele gelmegine getirip bilýär. • Süýjüli diabetiň, alkogolizm keseliniň, ýokary dem alyş ýollarynyň näsazlyklarynyň lipomanyň döremegine sebäp bolýan halatlary köp duş gelýär. • Maşgala agzalarynyň birnäçesinde ýa-da hemmesinde lipomanyň döremegi bu näsazlyga nesilleýin meýilliligiň bardygyny aýtmaga esas berýär. Lipomanyň bejergisi ony operasiýa edip aýyrmakdan ybaratdyr. Hirurg çişiň ýerleşen ýerine, ölçegine, içki gurluşynyň aýratynlyklaryna laýyklykda operatiw bejerginiň haýsydyr bir görnüşini saýlaýar. Lipomada operasiýanyň şeýle görnüşleri ulanylýar: • Çişi hirurgiki pyçagyň (skalpel) kömegi bilen açyk usulda aýyrmak arkaly geçirilýän adaty operasiýa. • Lipomany punksiýa edip, ýogyn iňňäniň kömegi bilen sor- duryp aýyrmak, ýagny punksiýa etmek (liposaksiýa). Bu görnüşinde tikin goýmak, ýarany daňmak talap edilmeýär, näsagyň işe ukyby çalt dikelýär.Ýöne operasiýadan soň çişleriň täzeden döremek howpy ýokarlanýar. • Howply täze döremäniň bardygy güman edilende lipoma ýanaşyk ýerleşen dokumalar bilen bilelikde kesilip aýrylýar. Meselem, çiş süýt mäzinde ýerleşende hirurg diňe düwüni däl, eýsem, süýt mäziniň bir bölegini hem kesip aýyrýar. Operasiýa edilip aýrylandan soň lipomada gistologiýa barlagy geçirilip, onda howply öýjükleriň bardygy ýa-da ýokdugy anyklanylýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |