13:50 Belki… | |
BELKI...
Çagalar edebiýaty
Ýol üstünde ýatan ýelek, Gaçyp galdyň haýsy guşdan?! Ol guş biziň obalymy?! Gelipmidi Ýa-da daşdan?! Belki ony duýman durka, Çirtmek bilen tutandyrlar?! Belki ony duýman durka, Keman bilen atandyrlar?! Belki ony duýman durka, It ýa-da pişik awlandyr?! Görgülijik Janhowluna Urnandyr Hem-de aglandyr… Belki… Belki ýelek seni Gaçyrandyr bezzat şemal?! Hiç zat bolan däldir guşa, Saýrapjyk ýörendir şumal… | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |