15:53 Şäherdäki oglanjygyñ obadaky atasyna haty | |
ŞÄHERLI OGLANJYGYŇ OBADAKY ATASYNA HATY
Çagalar edebiýaty
Ata, salowmaleýkim! Haty ýazýan — agtygyň! Aýtmasam-da bilýänsiň, Çäklidigin wagtymyň. Futbol oýnamak üçin, Oglanlar gelip durlar. "Uzak eglenme!" diýşip, Gapyny alyp durlar. Şonuň üçin haty men Ýazdym gyssagarada. Goýmadylar oglanlar, Gaýtalap okara-da. "Gysga ýazypdyr" diýip, Nägile bolaýmagyn. Eger ýalňyşly bolsa, Üstümden güläýmegin! Göz öňünde tut meniň Çäklidigin wagtymyň. Kanikulda bararyn, Haty ýazan: AGTYGYŇ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||