NÄME ÜÇIN TOWŞANYŇ GULAGY UZYN?!
— Nämüçin towşanyň gulagy uzyn?!
Bilýäňmi, guzym?!
— Özüň aýdaýmasaň, bilemok, ata!
— Onda gulak goý sen, şu hekaýata:
Bir towşan bar eken gadym döwürde,
Bakja sakçysyndan soraşman bir-de,
Ogurlaýar eken käşir-kelemden,
Gaçyp gidýär eken sakçy gelenden.
Biler bolsaň, şeýdip ýörkä ol, ine,
Teýahyr düşüpdir sakçyň eline.
Soraşmazdan bakja geleni üçin,
Ogurlan käşiri, kelemi üçin,
Sakçy onuň temmisini beripdir,
Gulagyndan mazalyja burupdyr.
Şondan bäri olaň gulagy uzyn,
Bildiňmi, guzym!
Hemra ŞIROW
Çagalar edebiýaty