15:29 Maýmynyñ ýüregi | |
MAÝMYNYÑ ÝÜREGI
Çagalar edebiýaty
Bir bar eken, bir ýok eken, bir uly deñizde äpet kit ýaşaýar eken. Deňziň ýakasy gür tokaýlyk bolup, onda bir maýmyn mesgen tutunanmyş. Ýabany almalaryň bişen döwründe kit kenara ýakyn gelip, olary höwes bilen synlaýar eken. Muny añan maýmyn kite bişen almalardan oklap ugrapdyr. Şeýdip olar kem-kemden dostlaşypdyrlar. Kit bir gezek gyrmyzy almalardan öýüne alyp gaýdyp, ejesine-de dadyrypdyr. Alma ejesine diýseň ýarapdyr. Oglunyň beýle tagamly närsäni nireden alandygyny sorapdyr. Kit hem oña özüniň maýmyn bilen dostlugyny gürrüñ beripdir. Günlerde bir gün kitiñ ejesi agyr nähoşlapdyr. Ol ogluny ýanyna çagyryp: "Eger men seniñ şol maýmyn dostuň ýüregini iýsem gutuljak ýaly!" diýipdir. Oña maýmyny getirmegi tabsyrypdyr. Kit görgüli kyn güne galypdyr. Ýarawsyz ejesiniñ sözüni ýykmak islemändir, dosty maýmyny hem öldürmäge dözmändir. Her näme-de bolsa, eje eje-dä! Ahyrsoñy maýmyny getirmegi ýüregine düwüpdir. Ol kenara ýakyn gelip: - Maýmyn dost, seni meniň ejem myhmançylyga çagyrýar! - diýipdir. Maýmyn muňa begenipdir. Kit maýmyny arkasyna mündürip, ýüzüp ugrapdyr. Emma dostuny ölüme alyp barýandygyna juda gynanýarmyş. Maýmyn kitiň keýpiniň ýokdugyny duýup: - Kit dost, ejeň meni näme üçin myhmançylyga çagyrýar? - diýip, sorapdyr. Kit maýmynyň deňziň ortasyndan yzyna gaýdyp bilmejekdigine arkaýynlanyp, hakykaty aýdanyny kem görmändir. Ölüme alnyp barylýandygyny eşiden maýmyn gorkusyna saňňyldap ugrapdyr. Emma syr bildirmän, mekirlige ýüz urupdyr: - Men ikimiziň dostlugymyzyň hatyrasyna ölmäge taýýar. Seniň ejeň gutulsa bolýar. Ýöne sen meniň ýüregimiñ gerekdigini näme üçin kenardakam aýtmadyň? - Sen razy bolmarsyň öýtdüm. - Wah, men razy-la! Ýöne gerek bolaram öýtmän ýüregimi agajyň üstünde goýup gaýdyberipdirin. Eger-de ol beýle zerur bolsa, ýör, yzymyza gidip getireli. Dostunyň razylygyny eşidip, kit begenipdir. Ony tizden-tiz yzyna eltipdir. Maýmyn kenara böküp düşäge-de, dessine agaja dyrmaşypdyr. Garaşyp-garaşyp bizar bolan kit süýjülik bilen maýmyny gyssapdyr: - Halas etjek ejemi - Ýüregiňi aldajyk, Eziz dostum, ugraly, Arkama mün, geldejik! Entegem oñly özüne gelip bilmän saññyldap oturan maýmyn oňa şeýleräk jogap beripdir: - Haýyşyň juda çökder, Bitirip bilmerin, kit. Dost bolan, heý, dostunyň ýüregini dilärmi?! Dostlugymyz gutardy! Şu kenardan ýok bol-ýit! Hemra ŞIROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |