08:09 Lapetmeşekler | |
LAPETMEŞEKLER
Çagalar edebiýaty
• BIZIÑ DÜÝÄMIZ — Düýe diýip, biziň düýä diýäýseň, Başy gökde bulutlary bekleýär. Çaly bilen diňe biziň oba däl, Hatda goňşy obany hem ekleýär! — Düýe diýip, biziň düýä diýäýseň, Ýüňüni ýapynýas, hem eşik geýýäs! Bir aýlap gyrkybam gutaryp bilmän, Özümiz surnugyp, özümiz goýýas! — Düýe diýip, biziň düýä diýäýseň, Üstünde obamyz ýerleşen depe — Biziň çöküp ýatan düýämizdir şol, Gerek wagty göçüp gidýäris, çepe! • BIZIŇ HORAZYMYZ — Biziň horazymyz horaz dagy däl, Gygyrsa, owazy gulagňy gapjak! Ganatyny gerse, saýawan bolup, Hersi bir obanyň üstüni ýapjak! — Biziň horazymyz horaz dagy däl, Münseňem göterjek bedewe derek! Gaçyp galan ýelegini ýükleseň, Düýeleriň bili çatlasa gerek! — Biziň horazymyz horaz dagy däl, Ynam edeňokmy, çyk-da daşary, Synla horazmyzyň äpet guýrugyn — Al-ýaşyl öwüsýän älemgoşary! • MENIŇ BIR JÜWIM BAR — Meniň bir jüwim bar, gowuja jüwim, Tapýan ondan ähli iýjek zadymy. Şonuň üçin göterýärin ýanymda Ol ullakan azyk skladymy! — Meniň bir jüwim bar, gowuja jüwim, Jübüleriň mekdebine gatnaýar. Tämiz gezýär, mydam "bäşlik" okaýar, Jübüsine hapa-hupa atmaýar! — Meniň bir jübim bar, gowuja jübim, Örän çuň ol, ýöne öwüp ýöremok. Bir ýyl bäri elim sokýanam bolsam, Heniz aňyrsyna ýetip göremok! • BIZIŇ ÖKÜZIMIZ — Biziň öküzimiz öküzleň zory, Burnundan syçran ot tokaýy ýakjak! Bardy-geldi parowozy döwläýse, Otlyny emgenmän bir özi çekjek! — Biziň öküzimiz öküzleň zory, Suwsan wagty sokga sorjak derýany! Biz obada şahlarynyň bir ujy, Siz obada şahlarynyň bir ýany! — Biziň öküzimiz öküzleň zory, Zynjyr ýok dünýäde ony baglara! Bir süsende dinozawry tükgertjek, Bir süsende çat açdyrjak daglara! | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |