21:27 Belki, ýazyjylar seslener | |
BELKI ÝAZYJYLAR SESLENER
Ýatlamalar
Durgunlyk döwründe hakykat örän gymmat düşüpdir. Şol döwürden ezýet çeken adamlaryň köp bolandygyny biz merkezi gazetlerden okaýarys. Haçanda Annasoltan barada ýazylan makalany okanymyzda özümizden biygtyýar bir sorag ýüze çykýar. Dogrudanam A.Kekilowa ýaly döwründen ezýet çekip, ykbaly döwülenler biziň respublikamyzda başga-da barmyka? Geliň biraz öz geçmişimize ýüzleneliň. Keminäniň döwründe, Hanlar, begler, eden-etdilik, işan-mollalar, diniň ösen döwri Kemine gorkupdyrmy? Ýok Kemine gorkmandyr. Ol ''ýagşa-ýagşy, ýamana-ýaman'' diýipdir. Hem öz ýiti we dogry sözlüligi üçin halkyň söýgüsini gazanypdyr. ''Ýagşa-ýagşy, ýamana-ýaman'' diýeni üçin Annasoltany dälihana okapdyrlar. Onuň sagdygyna güwä geçýän adamlar hem ony gorap bilmändirler, garyndaşlary ondan ýüz öwürýärler. Soňky nesil A.Kekilowanyň döredijiligi bilen tanyş däldir. Gazet elbetde, ýaşlaryň gözüni açmaga uly kömek etdi. Makalada getirilýän görnükli tankytçymyz S.Myradowyň şahyra berýän bahasy-da, onuň zehininiň ýiti bolandygyna ikirjiňlenmäge ýer goýanok. Annasoltan Kekilowanyň ady dikeldilip ol barada hakykat aýdylsa, gowy bolar. Belki-de, ony ýakyndan tanap, bile islesen adamlaryň sag-salamat gezip ýörenleri bardyr. Belki, ýazyjy şahyrlar galamdaşlary barada (köne kinäni unudyp) hakykaty aýtmaga gaýrat taparlar. H.ROZYÝEWA Ýolöten raýony. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||