07:55 Berdinazar Hudaýnazarowyñ eserlerinde watan söýgüsi, zähmet we häsiýet | |
BERDINAZAR HUDAÝNAZAROWYŇ ESERLERINDE WATAN SÖÝGÜSI, ZÄHMET WE HÄSIÝET
Edebiýaty öwreniş
Köküni uzak asyrlaryň dowamyndan alyp gaýdýan türkmen edebiýaty bu gün uly üstünliklere ýetdi. Türkmen edebiýaty asyrlaryň dowamynda görnükli wekilleri bilen halkyň durmuşynda uly orun tutup geldi. Häzirki gülleýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ençeme müňýyllyklarynyň dowamynda döreden, köküni gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan taryhy, edebi, medeni we beýleki ruhy baýlyklarynyň köpüsi täzeçe röwüşde işlenildi. Şol mümkinçilikleriň esasynda bolsa, döwletimizde milli edebiýatymyz pajarlap ösüp, giň gerime eýe bolýar. Munuň şeýledigini medeniýetimiz, sungatymyz aňryýany bilen subut edýär. ХХ asyr türkmen edebiýatynda hem şahyr, hem ýazyjy hökmünde özüni tanadan görnükli söz ussadymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň ömri we döredijiligi barada bilmek her bir türkmen şahsyýetiniň borjudyr. Şygryýetimiziň şu günki ýeten derejesinden onuň taryhy ösüşine nazar aýlanymyzda bu nepis žanryň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşmeginde, çeperçiligiň, obrazlylygyň ösmeginde, onda jemgyýetçilik ruhuň we mazmunyň güýçlenmeginde bütin türkmen şahyrlarynyň tagallasy bilen bir hatarda, aýry-aýry şahyrlaryň şahsy hyzmatynyň aýgytlaýjy orun oýnandygyny we oýnaýandygyny ýörite nygtamak gerek. Şygryýetde öňde goýulýan meseläni aňlatmak, duýguçyllyk hemişe we hemme awtorlarda deň bolmandy, diňe şu gün däl, hiç haçanam deň bolmaz. Aslynda şahyry awtorlyk derejesinde ýokary göterýän, onuň şahsyýetini giň dünýä jar edýän zadyň özi şol gaýtalanmasyz duýguçyllykdyr, çuňňur jemgyýetçilik mazmunydyr, ýiti täsir ediji obrazlylykdyr. Özünde şol taraplary birleşdirýän birnäçe şahyrlar kemala geldi. Şolaryň iň meşhurlarynyň atlaryny tutmagam bolar: Mollamurt, Rehmet Seýidow, Aman Kekilow, Gara Seýitliýew, Kerim Gurbannepesow we başgalar. Şeýle şahyrlaryň biri bolan B.Hudaýnazarow hakynda söz açmak biziň üçin has ýakymly. Çünki onuňam ykbaly edil belentlikleriňki ýalyboldy. «Gyzgyn sähra», «Döwrüň depesindäki adam», «Gumlular», başga-da birnäçe goşgular ýygyndylarynyň hemmesi birleşip, şahyryň şahsyýetini belende göterýär, ony halkyň ruhy hazynasyna öwürýär. Onuň poeziýasy-da, prozasy-da hemişe metbugatyň üns merkezinde. Özi-de iki žanrda-da des-deň. Bu üstünlik bilen işlemek döredijilik wekilleriniň hemmesine başardyp durmaýar. Berdinazar Hudaýnazarowda welin bu ýagdaý tebigy alamata öwrülipdir. Onuň «Buýsançly baş» atly şygyrlar ýygyndysynyokanyňda güýçli zehinli, duýguçyl şahyr göz öňüňe gelse, «Akar suwuň aýdymy» romanyny okanyňda jemgyýetçilik ýagdaýynyň tebigylygy, hakykylygy, gözelligi bilen suratlandyrýan ussat ýazyjyny görýäris. Biziň pikirimizçe, onuň poeziýasy şahyryň ýüzüni kesgitleýän žanr bolmakdadyr. Onuň adyny belende göterýän güýjem şol poeziýadyr. Tersine, «Gumlular», «Akar suwuň aýdymy» ýaly proza eserleriniň ýakymlylygy, akgynlylygy, şahyranalylygy, olardaky lirizm şahyrana ylhamynyň önümi bolup durýar. Şu jähetden alanyňda ýazyjynyň prozasynyň şahyryň poeziýasyna ýakynlygy belli bolýar. Häzirki zaman poeziýasynda baş aýra tynlyk duýgynyň meseleleýin möçberde açylyp görkezilmegidir. Liriki gahrymanyň duýgusy hususy bähbitlere däl-de, jemgyýetçilik bähbidine ýugrulyp beýan edilen mahalynda şol duýgyny açýan şygryýeti görýäris. Ol häsiýet, öz gezeginde, şahyryň jemgyýetçilik we döredijilik başarjaňlygy bilen baglylykda ýüze çykýar. Şeýlelik-de, poeziýada döwür bilen deň gitmek, şahsyýet we jemgyýet bitewüligini duýguda açmak häzirki döwürde öňe sürülýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Esasy öňe sürülýän mesele — ynsan we ynsap konsepsiýasynyň jemgyýetçilik sebäpleri-de şol. Häzirki zaman poeziýasynda dowam edýän ýene-de bir güýçli akym hakynda durup geçmegi dogry hasaplaýarys. Ol liriki häsiýetiň köpçülikleýin işlenmegidir, çeperçilik gözlegleriniň köpçülikleýin alnyp barylmagydyr, obrazly oýlanmagyň aýry-aýry awtorlarda däl-de, köpçülikleýin halda ýüze çykmasydyr. Ondan saýlanmak ýa-da aýakdaş gitmek şahyryň zehin derejesine, gözýetimine, synçylygyna baglydyr. Ol hemişe şeýle bolupdy. Biziň döwrümizde bu talap hasam jemgyýetçilik äheňe ýugrulyp orta atylýar. Berdinazar aganyň dogruçyl poeziýasy bar. Edebiýatda iň ýokary çeperçilik, dogruçyllyk bolsa gerek. Çeper keşpleri, owadan sözleri, güýçli metaforalary, meňzetmeleri, obrazly aňlatmalary tapybam bolar, ýasabam. Dogruçyllygy bolsa, ýasap bolmaýar. Ol adamyň zandyndan gelip çykmaly. Megerem, dogry sözüň özi hiç hili gözel dona bürenmese-de, çeperçilikdir. Berdinazar Hudaýnazarowyň saýla- nan eserleriniň birinji tomunda birnäçe goşgular ýerleşdirilendir. Ol goşgular döwür hakynda, adamlar hakynda, Garagum hakynda, adamkärçilik hakynda goşgulardyr. Şahyryň bu kita- bynda şeýle maňzyňa batýan ajaýyp setirler bar: Ah, näçe biderek goşgular ýazdyk, Ömrüň bir bölegini edipler pida. Gaty süýji diýdik, ajymtyk zada, Betgelşige diýdik «görmegeý juda». Gör, näçe bimaňyz goşgular ýazdyk, Ençemesi ýalan, ençemesi pak, Özgäni däl, özümizi aldadyk, Ýarym açkak, diýdik «Ýok, biz gaty dok». Şahyr bu goşgusynda hemişe dogruçyl bolmalydygyny, kyn bolsa hem diňe hakykaty ýazmalydygyny ündeýär. Berdinazar Hudaýnazarow ýurdumyzy şeýle wasp edýär: Kämahallar Türkmenistan diýlende, Sanap başlaýarlar onuň baýlygyn. Ak güneşi bilen gara nebitini, Ak pagtasy bilen, gyzyl balygyn. Men özüm-ä Türkmenistan diýlende, Ýatlaýaryn ilki ata-enemi. Bu ýurda «Men ogluň!» diýerim ýaly, Olar şu toprakda dogrupdyr meni. Ilki borjy berjaý etmek möhümdir, Dursun entäk bir gapdalda hukugym. Eýerlenen at dek hyzmatyňda dur, Yhlasym, gaýratym, güýjüm, ukybym. Mukaddes topragym—Türkmenistanym, Sen meniň höwürtgäm hem-de täleýim. Çagyrylman gelen myhmanyň däl men, Sen meniň öz öýüm, meniň öz öýüm. Şahyr bu goşgusynda Watanyna bolan söýgüsini çyn ýürekden beýan edýär. Özüniň Türkmenistanda doglandygyna buýsanýar. Şahyryň lirikasy örän baý, aslynda lirika joşgun önümi bolupdyr. Çünki ol ýürek bilen iş salyşýan iň nepis, iň syrly, iň dogruçyl, iň gaýduwsyz hem jadylaýjy žanrdyr. Şonuň bilen bir wagtyň özünde iň jomart žanrdyr. Kalbynda joşgun barlar üçin ol hiç haçan meýdan gysganmandy. Ýöne ol biperwaý hem bolmandy. Lirika-da sahylyk bilen her bir höwesege öz işigini açsa-da, her kimi törüne geçiriberenok. Megerem, bu jadyly goja hem juwan senediň öz ygtyýarynda saklaýan, hiç kime ynanmaýan, her kime açmagy başartmaýan aýratynlygy-da şunda bolsa gerek. Lirika öz göbegini özi kesýän žanr. Ol diňe bir zada, zehine gol ýapýar. Ýaşa we çap edilen kitaplaryň sanyna asla parh goýmaýan bu žanr, islesek-islemesek-de, öz hususy kanunlaryna biziň hemmämizi boýun egdirýär. Muny lirikanyň taryhyn- dan ençeme mysallary getiribem tassyklasa bolardy. Emma biz taryha däl-de, şu güne ýüzlenmeli. Şygryýet žanrynyň täsin taraplary bar. Ol hiç haçan galplygy, ikiýüzlüligi halamaýar. Eýsem, durky bilen şeýle nogsanlygyň garşysyna çykan žanr. Şahyryň köp jiltli ýygyndysyny nämeler bilen häsiýetlendirmek bolar diýilse, çynlakaýlyk, dogruçyllyk, ýiti synçylyk, çuň millilik diýsek ýalňyşmarys. Berdinazar Hudaýnazarow öz döwrüniň temasyny işlemekde, durmuşyň ahlak gymmatlyklaryny ýüze çykarmakda, adamlaryň durmuşynyň sagdyn başlan- gyçlaryň üstüni açmakda uly üstünlige ýetdi. Onuň durmuş baradaky çeperleşdirip ýazan eserleri her döwürde-de öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Onuň eserlerinde hiç hili ýasamalygyň ýoklugy eserleriniň gymmatyny artdyrýar. B.Hudaýnazarowyň uruş döwrüne bagyşlap ýazan eserleriniň biri hem «Haşar» powestidir. Bu eser Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň tylyny suratlandyrmakda edebiýatymyza düýpli goşant goşan eser boldy. Powestde agyr döwrüň ruhy gymmatlyklara, milli buýsanja dahylly, zähmet adamlarynyň görkezen gahrymançylygy yzarlanylýar. Ýazyjy «Haşarda» uruş ýyllarynyň gelin-gyzlarynyň görkezen gahrymançylygyny suratlandyrypdyr. Beýik Watançylyk urşy döwründe iň ýakyn hossarlaryny — kim atasyny, kim doganyny, kim ogluny, kim ýanýoldaşyny urşa ýollap, ägirt kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz galan gelin-gyzlar haşaryň kynçylykly şertleriniň öňünde müzzermän, ähli zada döz gelip, gaýduwsyzlyk görkezdiler. Frontuň bähbidine iň soňky mümkinçiliklerini gurban edipdiler. Maýa ýaly gyzlaryň, baýdak ýaly gelinleriň gyzlyk buýsanjy, aýallyk guwanjy, ähli gaýraty halk işine sarp edilipdi. Diňe fiziki mümkinçiliklerinden mahrum galmak däl, pida bary çekilip, olaryň ruhy dünýäsi ezýet baryny görüpdi. «Haşar» powestinde şular oňat suratlandyrylýar. «Haşarda» Tulpar, Aksülük, Hallywa, Maman dagy baş gahrymanlar. Olar erkekleriň hatarynda durup zähmet çekýärler. Şol elhenç hupbatlara döz gelseler ýeňşe ýetjekdiklerine ynanýarlar. Bu esasda-da olaryň häsiýetiniň ahlak mazmuny baýlaşýar. Olar fronty goldamaga şert döretmek ugrunda göreşýärler. Waka Lebapda bolup geçýär. Daýhan birleşigiň başlygy tarapyndan obadan bäş adam haşara ugradylýar: Tulpar Hojamma, Maman Durduly, Hallywa Pygam, Aksülük Burjuly, Taýhar Nurça. Tulpar obada sylanýan uly gyzlaryň biri. Ol Hojamma aganyň ýeke-täk perzendi. Tulpar kakasyny diňlemän, öz il-güni üçin namysyndan, aryndan geçip haşara gidýär. Gyzlar gaty kyn, adaty bolmadyk ýagdaýda işleýärler. Başyndan gum sowurýan gyzlaryň ýagdaýyny häsiýetlendirip eseriň gahrymanlarynyň biri şeýle diýýär: «Ýüregim gyýlyp-gyýlyp gitdi. Aýal kim, gyz kim tanar ýaly däl. Olaryň ellerindäki joýa-joýa jaýryklary gördüňmi? Heý, ýüz-gözleri on sekiz ýaşly gyzyň, ýigrimi ýaşly gelniň ýüzlerine meňzeýärmi? Egin-eşikleriniň ýyrtygyn- dan endamlary görnüp dur! Sesleri bir- hili ýognap gidipdir. Ýok inim uruş-uruş ýöne bu näziklik ýok bolup gidäýmeli däl ahyry». Emma beterinden beteri bar, bu haşar ajaýyp gyz Tulpary maýyp edýär. Tulparyň özüne çekiji işeňňirligi eseriň bütin dowamynda görkezilipdir. Ýazyjynyň «Garagulagyň oýy» atly powestinde oňat ahlak sypatly, ynsaply adam bolmazdan ilhalar ýolbaşçy bolup bolmajakdygy janly keşpleriň üsti bilen subut edilýär. Haýsy babatda bolsa-bolsun, halkyň asyrlarboýy toplan durmuş tejribesini äsgermezlik edip, rowaçlyk gazanmak mümkin däl. Bu powest şu hakykaty tassyklaýar. Eser çopanlaryň durmuşyndan. Her bir käriň, hünariň öz tejribesi, tärleri, däpleri bar. Üstünlik gazanmak üçin şol däplere sarpa goýmaly. Iň esasy zat bolsa, edýän hereketleriň ahlak taraplary bilen sazlaşmaly. Akmuhammet aga ömrüni çopançylyga bagyşlan arassa ahlakly adam. Şonuň üçin hem onuň işleri mydam rowaç. Uly adamkärçilikli dana ýaşuly öz kömekçilerine-de, çopan itlerine-de uly sarpa goýýar. Çopançylygyň syrlaryna belet Akmuhammetaga onuň gadymdan gelýän ähli däplerini gyşarnyksyz berjaý edýär. Umuman, B.Hudaýnazarowyň proza eserleri-de, poeziýa eserleri-de umumadamzat bähbidine gönükdirilen. Romanlardaky ýa powestlerdäki gahrymanlaryň keşbini bir adam janlandyrýan bolsa-da, ol bütin adamzat nesline niýetlenendir. Gahrymanlaryň häsiýetleri eserlerde görşimiz ýaly, diliň, zähmetiň üsti bilen açylyp görkezilýär. Zähmetiň üsti bilen adamlarda edermenlik — ýaltalyk, eliaçyklyk — gysyklyk, mertlik — namartlyk, açgözlük ýaly häsiýetleri açylýar. Güljan HYDYROWA, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |