14:12 Bir gyza | |
BIR GYZA
Goşgular
Gam-gussaly pursatda men lirany unutdym, Hyýallarym gursakda ýanmady hiç alawlap. Ýaşlyk serpaýy bilen meñ genim uçup gitdi, Ýapyldy ýürek ýoly ýuwaş-ýuwaşdan sowap. Ýene sizi çagyrdym, eý, ýazymyñ gülleri, Siz bolsa uçýardyñyz ümsümligiñ astynda. Dostluk, söýgi, umyt, hesret waspynda Gezip, men poeziýa tagzym edýärdim. Söýgi tolgunmasy, hijranyñ dagy Goşulyşyp meniñ çuññur oýlarma, Tokaýdan daglara tarap gidýärdi. Haýp! Men ýene agyr ýüküñ astynda, Sowuk uka özüm bilmän baş goşdum. Şatlykdan, ylhamdan gaçdym, aslynda Gözüm ýaşly, şöhrat bilen hoşlaşdym. Birdenem ýyldyrym peýkamy ýaly Ýandy sönen ýüregimde ýaşlygym. Kalp oýandy, dirildi, Ýene söýgä, umyda, şatlyk, gama birigdi. Bar zat täzeden gülläp, durmuş ýene tolkunyp, Tebigatam bu bagta şaýat boldy ýañadan. Özüm erkana duýdum, ýüregimde yşk lowlap, Bir gyz ýykylan göwnüm abat etdi, abadan. Öwgi-alkyş Hudaýa, söýgä bolsa şöhrat-şan! Ýene şirin heñ bilen seniñ ýanyña barýar! A. S. Puşkin Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |