22:08 Biz bilen... / ýumoreska | |
BIZ BILEN...
Satiriki hekaýalar
Geýim-gejimleri arassalaýjy bölümiñ kabulhanasy. Işikden bir zenan girýär. - Meñ žempirime mürepbe damaýdy-da... - Oñ ýaly zady kabul edemzok. - Be, kim alýaka? - Ony hiç kimem almaz. - Be, men indi täp-täzeje žempirimi zyñaýmaly bormukam? - Ol siziñ öz işiñiz. - Onda siziñ işiñiz näme? - Ynha, bu welin siziñ işiñiz däl. Siziñ başga-da tabşyrjak zatlaññyz barmy? - Oglumyñ jalbarynam getirdim. Garagol syýa dökäýipdir. - Biz syýany arassalamzok. - Onda siz nämäni arassalaýañyz? - Tutuş kir-kimir geýim-gejimleri. - Meñki näme kir-kimir dälmi? - Siziñkiler tegmilli zatlar ahyry. - Tegmil näme kir-kimire girenokmy? - Girýä... Ýöne biziñ diýýänimiz däl. - Size onda nähilisi gerek? Men indi žempirimi tutuş mürepbä batyryp çykaraýynmy? - Batyryberiñ. Ýöne mürepbe seven zady kabul edemzok. Zenan getiren zatlaryny ýygnaýar-da, çykyp gidýär. Biraz wagt geçenden soñ ol eli kagyzly dolanyp gelýär. Şol kagyzam gapynyñ ýüzüne berkidýär. - Siz näme edýäñiz? - Bildiriş goýýan. Men bärik "Geýim-gejimleri arassalaýan bölüm diñe arassa zatlary kabul edýär" diýip ýazdym. - Ine, muny oñarypsyñyz. Dogrudanam, arassa zatlary getirsinler. Onsoñ hapalamasy biz bilen! Anna SOHRINA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |