16:18 Biz medeniýetlimi? | |
BIZ MEDENIÝETLIMI
Jemgyýetçilik tankydy
ýa-da adamkärçilik nähili ölçelýär? Medeniýetlilik, adamkärçilik bu iki söz adamzat durmuşynyň ähli pudaklaryny öz içine alýar. Ýöne, biz oňa soňky on-ýigrimi ýylyň içinde düşünip başladyk. Şondan ozallar arassa geýnüwli, galstukly, kellesi şlýapaly adam görsek ony medeniýetlidir, hakyky adamkärçiliklidir ol medeniýetiň ýokary derejesine ýetendir öýder ýörerdik. Emma, adamyň göze görünmeýän içki medeniýeti bardyram öýdemzokdyk. Haýsydyr bir milletiň bize golaýlaşan, biziň içimizde ýer alan zatlaryny oňardygymyzça totyguşy ýaly gaýtalap bilsek onam aňrybaş medeniýetlilik öýderdik. Men şu ýerde başga milletden bize geçen medeniýetiň, ruhy baýlyklaryň üstüne atanak çekmekçi bolamok. Gaýtam, gaýry milletleriň özümize kybapdaş medeniýetiniň ruhy baýlyklarynyň gowy taraplaryny özümize geçirmekligiň tarapdary. Ýöne, meni başga bir zat gynandyrýar. Başga bir milletden geçýän medeniýeti kabul eden bolýarysda özümiziň ata-baba gelýän medeniýetimiziň edim-gylymlarynyň üstüne atanak çekip, haýsydyr bir ýerden geçen medeniýete oňarsak oňarmasagam gulluk edýäris-de, şonuň bilenem özümiziň medeniýetlilik, adamkärçilik derejämizi kesgitleýäris. Kähalatlarda bolsa juda öte geçip, pesiräk geýnüwli, sada adamlaryň üstünden “kolhoznik” diýip gülmänem çykardyk. Eýsem şeýle etmekligimiz medeniýetlilikmi? Uzak ýyllaryň dowamynda kim geýnüwli, öýi daşary ýurt mebelleri bilen bezelen bolsa ony medeniýetli, kimiň geýnüwi pesiräk bolsa, ony medeniýetsiz saýdyk. Şeýlelik-de birek-biregiň içki medeniýetine baha bermezden daşlaşdyk. Netijede öz türkmendigimizem ýitirip ugradyk. Hatda, bir zadam çekinmän aýtsa bolar. Biziň şol medeniýetli hasaplap ýören geýnüwli, galstukly, şlýapaly adamlarymyz şu günki çekýän agyr durmuşymyzyň çakylykçylary bolup hyzmat etdiler. Şu ýerde bir zady mysal getirmekçi. Meniň partiýanyň raýon komitetinde işleýän bir ýoldaşym bardy. Ony şol ýerik işe çekenlerinde beýlekilerden akyllylygy ýa-da edermenligi, ugurtapyjylygy üçin çekmediler. Onuň öz ýoldaşlaryndan başga bir aýratynlyklary bardy. Ol hiç wagtda özüniňkini dogry etjek bolup ýoldaşlary bilen jedelleşmezdi, özüne nepi ýetmejek adamlar bilen tirkeşmezdi. Uly wezipeli adamlar näme diýse şony etjek bolup azara galar ýörerdi. Oňarsa şol wezipeli adamyň arkasyny tutup çykyş ederdi. Klasdaşlarynyň kursdaşlarynyň üýşüp oturýan ýerine barmazdy, baraýsa-da bir bahana tapyp turma bilendi. Ine, onuň şol gylyklaryny göz öňünde tutup partiýanyň raýon komitetine instruktor edip işe alypdylar. Raýkoma işe geçeninden birnäçe ýyl soň, howanyň yssy güni tötänlikde oňa köçede duşdum. Şonda: - Bu yssyda egniňdäki kastýumyň näme?- diýip, soradym. Olam: -Aý, başlygym heniz kostýumyny çykaranok-da diýdi. Şeýle tabyn adamlaryň başymyza ýetendigine indi-indi birneme düşünjek düşünip ugradyk. Bu ýagdaý ýeke meniň ýoldaşym bilen bolan bolsa işi haýyrla. Emma ýagdaý bütin ýurtda şeýle boldy. Öz başlygy nähili geýinse şoňa görä geýinjek, ol özüni nähili alyp barsa şol hili alyp barjak bolup ol haýsydyr bir tabynlygyndaky adamyň üstüne gygyrsa, olam öz gezeginde güýjüniň ýetäýjek adamsynyň üstüne süründi. Ine, şeýle zatlaryň üsti bilen uzak ýyllap ähli zatlar ölçelip, kesgitlenip gelindi. Işleýän ýeriň redaksiýa bolansoň, ýerlerden ýazylýan dürli manyly hatlaryň bilen isleseň-islemeseň tanyş bolmaly bolýarsyň. Kähalatlarda edilýän zamunlyklary okanyňda agyr tutup, özüňe ýer tapaňok. Kä hatlar halkyň gowy taraplary, halkyň üstünligi baradaky habarlary alyp gelýär. Bu zatlar seni begendirýär. Şeýle hatlaryň höwrüniň köp bolanyny isleýäň. Emma käbiri gahar-gazaba ýugrulan hatlary ýollaýarlar. Şeýle hat ýazýanlaryň köpüsi ähli gahar-gazabyny hata siňdirse-de öz adyny, adresini ýazmaga bogny ysanok. Türkmençeläp aýtsak namartlyk edýär. Şeýle hatlary okanyňda biz näme üçin şeýle derejä ýetdikkäk. Bu kesel türkmene haçan ýokdyka? diýdirýär. “Edebiýat we sungat” gazetiniñ 13-nji martyndaky sanynda Sakarçägeli awtor O.Ýamadowyň “Ölçerip dökülse ýagşy” diýen haty ýerleşdirilipdi. Şol hatda türkmen halkynyň edebiýatynda we sungatynda uly iş bitiren Samoýlowiçiň, Bargoldyň, Uspenskiniň adyny ebedileşdirmek hakynda gürrüň gozgalyp, şol adamlaryň türkmen bolmasalaram türkmen üçin bahasyna ýetip bolmajak iş bitirendikleri aýdylýardy. Bu islesek-islemesegem hakykat. Olaryň öz ömürlerini türkmen edebiýatyna we sungatyna bagyşlanyny hiç kim inkär edip bilmese gerek. Onsoň şeýle adamlaryň adyny TÜRKMEN AGA nädip unutsyn? Asla unutmak beri gerekmikä? Ýöne, özi türkmen bolup, türkmen üçin iş bitiren adamlaryň atlaryna oňlamaýanlaram tapylman duranok. Ilçilikdä. Ine, şeýle hatlaryň birini durşy bilen okyjylara ýetirmekçi /hat orfografik we stilistik ýalňyşlyklary düzedilmän berilýär. Gadyrly redaksiýa! “Edebiýat we sungat” gazetiniň 13 martda çykan sanynda Sakarçäge raýonyndan O.Ýamadow “Ölçerip dökülse ýagşy” diýip bir makalajyk ýazypdyr, hem-de Samoýlowiç, Bartold, Uspenskiý dagynyň adynyň paýtagtyň köçelerine dakylaýsa diýipdir welin biziň oňa şeýleräk jogap beresimiz gelýär. Öz, adyny, familiýasyny aýryp şolaryňkyny dakynsyn, mundan aňryk tohumyňda erkek, göbekli dünýä inse hemmesine şolaryň adyny dakynsyň, ýöne paýtagtyň köçelerine bir hödür etmesin! Şolar ýalylaryň adyny Aşgabadyň köçelerinden ýaňy aýryp başladylar. Ine, ýene-de bir şu güýçli akymyň tersine gitjek bolup duran dönük. gazetiň redaksiýasy hem şeýle biderek zatlary hem çap edýärler, çap edäýmeli zatlara edilenok. Biziň hem şu jogap hatymyzy çap ediň, haýyş edýäris!? 23 adamyň adyndan haty ýazan PÜRLIÝEW 17/03.1992. Gylyny gymyldatman okyjylara ýetiren şu hatymyz türkmenler aýtmyşlaýyn “...ýandakdan böken ýaly”. Hatyň awtorlary atlaryny doly öý adreslerini doly görkezmedigem bolsalar /hakykatda türkmen mert millet, ol öz adyny gizläp ýören halk däl/. Olaryň haýyşyny ýerine ýetirip, hatlaryň şu makalaň içinde ýerleşdirdik. Ýöne bu onuň bilen tamam bolmaz. Olar biz dogry edipdirismi ýa-da ýok diýip oýlanmazlaram /şeýle adamlar diňe biziňki dogry diýip hereket edýärler/ gaýta ýene-de galama ýapyşmak bilen awularyny makalaň awtoryna pürkmekdenem gaýtmazlar. Haty 23 adamyň adyndan ýazan Pürliýewe goý, ýokarda atlary agzalan alymlaryň atlaryny we olaryň eden işlerini bilmesin, galan 22-sem şol atlardan bihabarmyka? Muňa ynanmak kyn. Eger dogrudanam adamlar şeýle zatlardan bihabar bolsalar, biz türkmenler üçin medeniýetimizi galdyrmak, oňa öz goşandymyzy goşmak juda kyn bolar. Gahar-gazaba ýugrulan hatyň atlary näbelli awtorlary “Ölçerip dökülse ýagşy” diýip redaksiýa hat ýazan adamy “dönük” hasaplap külli günä iş edýärler. Belki olar türkmen üçin iş bitirip giden alymlaryň atlaryny bilmeýişleri ýaly türkmen dilindäki “dönük” sözüniň manysynada düşünýän däl bolsalar gerek. Ýa-da tanamaýan, bilmeýän adamyňa agzyňdan geleni diýmekligem medeniýetlilikmikä? Ine, şu barada olaryň oýlanmaklary gerek. Ýaşaýan ýerim Aşgabadyň Parahat mikroraýony bolansoň iş ýerime gabat gelen awtobusdyr, trolleýbusa münüp gaýtmaly bolýan. Her sapar iş ýeriňe gelip düşýänçäň asla tanamadyk, görmedik adamlardan durmuşumyza degişli juda köp habarlary, gürrüňleri eşidýäň. Olaryň içinde gowusam, erbedem bar. Golaýda, münen trolleýbusym boşlaňrak eken. Iň yzky oturgyçda 70-töweregi ýaşan bir ýaşuly otyr. Ol meniň bilen duralgadan münen bir ýetginjegi barmagy bilen yşarat edip, gapdalynda oturtdy-da: -Ine, görýäňmi oglum! Oruslar bize ýalaňaç gezmäni öwretdi- diýip, köçeden geçip barýanlara elini uzatdy. Ýaşulynyň diýenini eşidenleriň hemmesi diýen ýaly köçä tarap seretdiler. Menem öz gezegindimde şol tarapa seretdim. Dogrusy bir üýtgeşik zat görmekçidim. Köçede öz işi bilen haýdaşyp barýan adamlardan başga bir üýtgeşik zat gözüme ilmedi. Ýaşuly sözüni dowam etdirip: - Gelin-gyzlarymyzda haýa galmady. Orsça geýnip başladylar. Gaty utanç muňa döwlet ýolbaşçylaram haý diýenok-diýdi. Ýaşulynyň ýanyna çagyryp oturdan ýetginjegi näme diýjegini bilmän, daş töweregine gözüni aýlap hemaýat gözleýäne çalym etdi. Durup bilmedim. Gürrüňe goşulmaly boldum. - Ýaşuly oruslar bize öz egin-eşigini zor bilen geýdirdilermi ýa-da biziň özümiz şolara ýykgyn edip, olaryň egin-eşigine dolandykmy? Onsoňam beýleki milletleriň wekilleri biziň egin-eşigimize girmeýän bolsalar. Oňa-da özümiz günäkär. Sebäbi biz öz egin-eşigimize bolan buýsanjymyzy ýitirdik. Eger-de biz öz milli egin-eşigimize bolan buýsanjymyzy ýitirmedik bolsak öz egin-eşigimizi apalap, onuň propagandasyny ýetiren bolsak, belki biz olara meňzejek bolman, olar bize meňzejek bolardy. Onsoňam döwlet ýolbaşçylary her kimiň nähili eşik geýmelidigini salgy bermelimi? Olaryň şonsuzam işi ýetik. Oňarsak biz olara goltgy bermeli diýdim. -Biz indi özbaşdak döwlet bolduk. Näme indi döwletiň diňe türkmen egin-eşigini geýmeli diýip perman çykarmaga haky ýokmy? Ýa-da men galat aýdýanmy?- diýip, ýaňky ýaşuly özüme sowal berdi. -Ýaşuly herkimiň nähili egin-eşik geýmelidigini perman bilen ýerine ýetirip bolmaz. Ol her kesiň şahsy işi bolmaly. Onsoňam öz milli eşigiňi perman bilen geýdirmek gaty bir ýerliklem däl. Eger biziň özümizde milli egin-eşigimize bolan buýsanç döremese... -Inim, özüňä halal-haramy saýgararça bolupsyň. başga bir milletiň egin-eşigini geýip gezmegem haramçylyk. Şoňa-da düşüneňokmy- diýdi. Ýaşulynyň tersine tutup başlanyny aňyp, gürrüňi bes edäýjegem boldum. Emma, öňden içimde berç baglap duran zat gürrüňi dowam etdirmäge itergi berdi. -Ýaşuly, meniň size akyl bermäge-hä çakym ýok. Onda-da halal-haramy orta atdyň welin gel çözlüşeli. -Çözlüşeli-diýip, ýaşuly meniň bilen jedelleşmäge taýyndygyny ýaňzytdy. -Ýarym ýalaňaç eşik bilen geýmekligiň halal-harama hiç hili dahyly ýok. Meniň düşünişime görä haram işe ogurlyk-jümürlik, arakhorlyk, we zynalyk, iliň maşgalasyna göz gyzdyrmak, ili aldamak girýärmikä diýýärin. Ýarym-ýalaňaç geýinýän adam şol işleri etmeýän, ýüregi päk bolsa oňa günä ýüklemek bolanok. Ýöne, başga bir zat bar. Türkmen milli egin-eşigini geýip, musulmançylykdaky parz işleri edip, ili aldaýan, arzan alyp gymmat satýan, ogurlyk-jümürlikden gaýtmaýan, oňarsa kesekiniň hasabyna ýaşaýan, alyp-satarlyk edip ogul öýerip, gyz çykarýan adamlara nähili baha kesmeli. Şeýle adamlar edýän işi medeniýetlilige, halala girýärmi ýa-da harama? Özünem şeýle adamlar gün geldigiçe köpelip barýar. Türkmen ozal süýt-gatygy satmanam oňlamaýan eken. Indi nähili, bir çüýşe kefire suw goşup, ondan bäş litrlik nämedigini belli bolmadyk suwuklygam satyp otyr. Bu-da halalmy? Bizde häzir döwlet söwdasy ýatyrylanok. Hudaýa şükür dükanlarymyz işläp dur. Ýöne, haýsy dükandan özüňe gerejik zady t<apyp alýaň? Tapmarsyň. Ýöne, alyp-satarlarda welin hemme zat bardyr. Iň gynandyrýan ýerem şol. Onsoň şeýle işe baş goşup, halky çürkeýänleriň şol edýän işinem biz halal hasaplamalymy?.. Eger-de olary şu edýän işiňiz musulmançylyga syganok bir diýip görüň, saňa ýumruk salmadanam gaýtmazlar. Ýaşuly eli bilen indi boldy diýen manyda meni saklady-da: -Inim, sen aňyrdan tutup başladyň. Indi goýaly-diýdi. Golaýda, suw içeýinle diýip, nobata durdum. Nobatym ynha ýeter, ynha ýeter diýip, garaz, iki sagada golaý wagtymy ýitirdim. Dogrusy, gapdaldan gelip binobat suw alýan epeý-epeý adamlary synladym. Olaryň özlerini nähili adam hasaplaýandyklaryna syn etdim. Gapdaldan binobat suw alyp içýänleriň ýekejesiniňde ne utanç, ne-de nobata duran duran özleri ýaly adamlara goýulýan sarpa gördüm. Dogrusy, olara türkmençeläp “nahal” diýmekden başga zat aýtmak mümkin däl. Şol ýerde bolup duran zada çydaman bir 20 ýaşlaryndaky ýetginjege: -Inim, binobat sokulmaga utanaňokmy. Şu duranlaram edil seniň ýaly adamlar ahyryn diýsem: -Agam, öz işiň bilen bol. Oňarsaň senem binobat alyber. häzir ähli zada rugsat edilýär diýdi. Onuň “ähli zada rugsat edilýär” diýmegine nähili düşünmeli? Haýsydyr biriniň “Indi ähli zada rugsat edilýär” diýmegi üýşendirmänem duranok. Sebäbi şeýle adamlar döwletiň özleri üçin eçilen şu günki sergin şemalyna düşünmän, ony öz bähbitleri, öz gara nebisleri, öz gara niýetleri üçin peýdalanjak bolýarlar. Goý, döwlet tarapyndan ownuk-uşak zatlara göz ýumulaýanam eken-dä. Hany biziň adamkärçilik wyždanymyz, özümizden başgalara sarpa goýýan medeniýetimiz? Eger şeýle etmeli bolsa, biz üçin gaty kyna düşer. Könürgençde geçirilen ýaşulylaryň üçünji respublikan maslahatynda Prezidentimiz S.Nyýazow “Biz häzir kapitalistik döwletem, sosialistik döwletem gurjak bolup ýöremzok. Biz dünýewi döwlet gurmaly” diýdi. Prezidentiň bu aýdany bilen razylaşmazlyk asla mümkin däl. Bize dünýewi döwlet gerek. Şeýle döwletem diňe medeniýetliligiň, adamkärçiligimizi ösdürmegiň hasabyna gurmak mümkin. Medeniýetimizi ösdürmekde, özümizden başgalara sarpa goýmaklygy öwrenmesek, bize ýer asty, ýer üsti baýlyklarymyzam şeýle döwleti gurmaklyga kömek etmese gerek. Şonuň üçinen, garaşsyz Türkmen döwletimiziň pajarlap ösmegini isleýän bolsak, ilki bilen medeniýetimizi, onda-da türkmeniň asyrlap boýy dowam edip gelýän milli medeniýetini ýokary götereliň. Ony etmek üçinem kiçiniň ula, ulynyň kiçä goýýan sarpasy, iň esasy zadam ynsana bolan söýgi gerek. Diňe şu ýol bizi alyslara alyp gider. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |