16:29 Biz nirä barýarys? | |
BIZ NIRÄ BARÝARYS!
Jemgyýetçilik tankydy
(Žurnalistiň tezislerinden - Anons) ...Durgunlyk döwrüniň waspçylarynyň içinde şu gün: “Durgunlyk döwründe bize baý gaty daradylar-ow” diýip, urup aglaýanlaram azlyk edenok. Özleri azgynçylyk baryny edenleriň käbirleriniň şu günki azgynçylyklar barada gazetdir-žurnal sahypasynda edýän yzygiderli çykyşlaram halkyň üýtgedip gurmaga bolan höwesini gaçyrman duranok. Şu ýagdaýlary bilsegem, olara şeýle zatlary ýazmaga, aýtmaga seniň wyždanyň çatýarmy diýen sowaly bermäge bognumyz ysanok. Eger şeýle sowaly oňa beräýsek, ertir öz üstümden töhmet baryny ýagdyrar diýip: “Depegenden daşrak” bolýarys... Üýtgedip gurmak indi bäş ýyl bäri hemmeleriň diliniň senasy. Muňa garamazdan üýtgedip gurmak şa ýola düşüp gidiberenok. Üýtgedip gurmak heniz şa ýola gidibermedigem bolsa, adamlaryň aňyny düýpli özgertdi. Bu esasy zat. Şu ýerde üýtgedip gurmagyň ýurdy aýaga galdyrmakda ýeke-täk çykalgadygyna, onuňam hökman ýeňjekdigine bil baglamak bilen oňa böwet bolýan käbir zatlar barada söhbet etmekçi. Demokratiýa, aýanlyga, aç-açanlyga giň ýol açan SSKP MK-niň aprel /1985 ý./ Plenumyndan soň, “wawwaly” wakalar barada aýakaldygyna ýazmaga girişdik. Bu gowy zat. Gowy diýmegimiziň sebäbi, öňki ýaşyryn hasaplanýan zatlar halk köpçüligine aýan etdik. Köp zatlary bolsa berk tankyt astyna aldyk. Kähalatlarda gereginden artyk tankytladyk. Tankyt etmesin-ä tankytladyk. Emma tankyt edýän zadymyzyň düzetmegiň ugruny welin biz žurnalistler geregiçe görkezip bilmedik. Gazetdir-žurnallarymyz tankyt eden obýektlerine setanda-seýranda bolaýmasa dolanybam gelmedik. Bu üýtgedip gurmaklygyň jarçylary bolan biziň-köpçülikleýin informasiýa serişdeleriniň wekilleriniň, ýetmezçiligidigini boýun almagymyz gerek. Ikinjiden ýene-de bir zat has gynandyrýar. Olam gazetdir-žurnallardaky tankyt obýekti bolan kärhananyň, edaranyň guramanyň ýolbaşçylarynyň tankydy çykyşy kabul etmezligi. tankydy çykyşdan soň olardan jogap almagam hyllaalla. Kähalatlarda bolsa, hiç wagtda oýuna-küýüňe gelmedik zatlaram bolup dur. Düýnki jenaýatçy bu gün arkasyny Magtymguly-Pyragynyň şekline diräp, saňa mawy ekranyň üsti bilen akyl satýar. Adamlara baha kesýär. Muňa näme diýjek? Eger ol jenaýaty bilkastlaýyn etmedik, jenaýat işi başyna tötänlikde düşen bolsa, onda başga gep. Emma, däli-porhanlyk derejesine ýetip jenaýat eden adamyň mawy ekranyň ýa-da metbugat sahypasynyň üsti bilen akyl satmaga hukugy beri barmyka? Eger şol hukuk berläýende-de, onuň wyždany rugsat berýärmikä? Gynansakda türkmen telewideniýesiniň, radiosynyň, gazetdir-žurnallaryň işgärleri şeýle zatlara ýol berýär. Onsoň şol jenaýatçyny golaýdan tanaýan sap ýürekli adamyň nähili pikir etjegini biz gowy bilýäris ahyryn. Şeýle ýagdaýyň üýtgedip gurmak prosesiniň öňe gitmegine böwet bolup hyzmat etjekdigini eýsem biz bilmeýärismi? Bilýäris. Onda näme üçin şeýle zatlara ýol berýäris? ine, şu sowala telewideniýäniň radionyň gazetdir-žurnallaryň işgärleriniň jogap bermegi gerek. Onsoňam aç-açanlyk diýip, eden-etlige baş goşubermeklige biziň hakymyz beri barmyka? Ilki bilen haýsydyr birine akyl öwretjek bolsagam, kimdir birine baha kesjek bolsagam beýik Magtymgulynyň: Owwal, Magtymguly, özüň düzetgin, Özüňňi sen özgelere, göz etgil... setirlerini öz-ýanymyzdan öwran-öwran gaýtalap, agramymyzy wyždan terezisinde çekip görmegimiz gerek. Diňe şondan soň, akyl satmaga ile baha kesmäne hakymyzyň bardygyna ýa-da ýokdygyna düşünerdik. Durgunlyk döwrüniň uly waspçylarynyň içinde şu gün: “Durgunlylyk döwründe bize baý gaty daradylar-ow” diýip, urup aglaýanlaram azlyk edenok. Özleri azgynçylyk baryny edenleriň käbirleriniň şu günki azgynçylyklar barada gazetdir-žurnal sahypasynda edýän yzygiderli çykyşlaram halkyň üýtgedip gurmaga bolan höwesini gaçyrman duranok. Şu ýagdaýlary bilsegem, olara şeýle zatlary ýazmaga, aýtmaga seniň wyždanyň çatýarmy diýen sowaly bermäge bognumyz ysanok. Eger şeýle sowaly oňa beräýsek, ertir öz üstümden tankyt baryny ýagdyrar diýip: “Depegenden daşyrak” bolýarys. Biz elmydama şahsy bähbitlerimizi arap, göwnümize degen ýa-da biziň bilen bir hörpden gopmadyk adamyň üstüne doly bolup ýagýarys. Eýsem, biziň şahsy bähbitlerimizi arap turuzýan gohlarymyz üýtgedip gurmaklygyň öňe gitmegine böwet basmazmy? Üýtgedip gurmak işiniň şa ýola düşmegi üçin ilki bilen oňa bolan ähli halk ynamyny gazanmaly. Ýöne nädip? Ine, şol nädip diýen sowala welin häzire çenli doly jogap tapman gelýäris. Eger biz şol sowala wagtynda jogap tapan bolsak, özlerini “formal däller” hasaplaýan toparlar döremezdi. Biziň wagtynda tijenmezligimiz, durmuşda bolup geçýän wakalara wagtynda baha berip bilmezligimiz özlerini “formal däller” hasaplap, halkyň agysyny aglaýan kişi bolup, halk köpçüliginiň ynamyna girmekçi bolýanlara giň ýol açdy. Şeýdibem günümizi kynlaşdyrdyk. Biz “formal dälleriň” hataryna girýänleriň hemmesini bir aýakdan asamzok. Ýok asmakçam däl. Şeýle etmekden daş edewersin! Bu ýerde gürrüň şol “formal dällere” sümülip girýän jenaýatçylar dogrusynda barýar. Partiýanyň esasy ýaragy bolup durýan gazetdir žurnallaryň žurnalistleri bolan biziň “formal dälleriň” alyp barýan işlerine, tutýan maksatlaryna jikme-jik baha berip bilmezligimiz bolsa, olary kähalatlarda öjükdirmä çenli alyp bardy. Hatda özleriniň aç-açan çykyşlary bilen ýüreklerindäki aýtmaga hukuk beren partiýanyň üstüne sürünmekdenem gaýtmadylar. Ine, şu ýerde welin bir zat aýan boldy. Biziň ideýalarymyzyň, hakykatymyzyň goragçysy bolan Kommunistik partiýa mümkinçilik tapsa şyltak aýtmaga taýýar adamlaryň kändigi mälim boldy. Häzir SSKP-niň abraýynyň aşak düşendigi dogrusynda köp gürrüňlerem köp edip ugradyk. Bu hakykat. Ony gizlejegem bolamzok. Ýöne, şu ýerde ýene-de bir zat aýan boldy. partiýanyň abraýy aşak gaçdy diýleni bäri, gör, näçe öňki wezipeli partiýa agzasy öz agzalyk biledini yzyna tabşyrdy. Bu nämäniň alamatyka? Partiýa biletlerini yzyna tabşyrýan öňki wezipeli adamlar şol wezipe elindekä welin hakyky kommunistler boldumyka? Partiýanyň üstüne dürli tarapdan hüjüme geçilende partiýa biledini taşlap gaçýan şol adamlar hakyky kommunistler bolan däl bolsalar gerek. Olar diňe ýolbaşçy işlerde işlemegi niýet edinip partiýa hataryna sümülen adamlar bolup çykdylar. Partiýanyň abraýy gaçdy diýip partiýa biletleri bilen hoşlaşýan şol “dönüklere” şu ýerde bir zady ýatlatmak zerur bolsa gerek. Urallarda urlyp, Sibirlerde süýrenip halkyň garyp-gatlagyny ýurda eýe etmek üçin göreşen partiýa däl-de, eýsem kim? Beýik Watançylyk urşunda pariýa hatarynda dälleriň: “Eger öläýsem, meni kommunist hasaplaň!” diýip, özlerini tankyň aşagyna oklanlarynda olara güýç-kuwwat beren partiýa däl-de, eýsem kim? Ýurduň düşen ýagdaýyny duýup üýtgedip gurmak programmasyny öňe süren partiýa däl-de eýsem kim? Ine, şu zatlary bilibem biz näme üçin: partiýa kömek bermän, oňa hemaýatymyzy ýetirmän, gaýtam ähli Sowet halkynyň uýýan Kommunistik ideýalyna ýolbaşçylyk eden partiýamyzyň üstüne hüjüme geçýäris. Arada bir söhbetdeşlikde öz galamdaşlarymyzyň biri: /Adyny, familiýasyny aýtmagy makul bilmedik A.D/ Partiýa halkyň tamasyny ödäp bilmedi. Şol sebäpdenem her halkyň öz dini däp-dessurlaryny ýerine ýetirmegine ygtyýar edildi diýdi. Ine, muňa näme aýdyp, näme diýersiň? Özem ideologiýa işgäri. Şeýle pikir edýän bir ýa iki däl. Olar kän. Şeýle ýagdaýyň üýtgedip gurmaklyga böwet bolmajagyna güwä geçip bilerismi? Güwä geçip bilmesek gerek. Şu ýerde şeýle pikir edýänlere bir zat aýdasym gelýär. Ýurtda Oktýabr rewolýusiýasy üstün çykandan soň, buthananyň döwletden aýrylýandygy barada ýörite dekret kabul edilenem bolsa, dine ynanmaklyk döwlet tarapyndan gadagan edilmändi. Eger dine ynanýan adamlar yzarlanan bolsa, buthanadyr metjitler ýykylan bolsa, bu ýagdaý diňe käbir partiýa ýolbaşçylarynyň Sowet konstitusiýasynyň düzgünini bozmagyndan gelip çykypdy. Biz bu ýerde bütin partiýany günäkärlemän, tötänleýin partiýa hataryna giren, şowa kör, diňe ýolbaşçy bolmaga ymtylan hapa adamlary günäkärlemegimiz gerek. Durgunlylyk ýyllarynda diňe ýolbaşçy işlerde işlemek üçin partiýa hataryna girenleriň juda köp bolandygy barada bu gün aç-açan aýdyp bilýäris ahyryn. Ýurda durgunlyk getirenlerem şol tetelli kommunistler bolup çykdy. Dogrusy, şeýle adamlara indi kommunist diýmeklige diliňem öwrülenok. Ýöne bir zady welin, berk aýdyp bileris. partiýanyň öz perzendi üýtgedip gurmaklygyň hasabyna tötänleýin partiýa hataryna düşen adamlardan arassalanjakdygyna welin şek-şübhesiz ynansa bolar. Bu şeýle-de bolaýmaly. Sebäbi öňküler ýaly partiýanyň agzalyk biledini göterip ýörenlere iş oňarmasada: “Sen kommunist” ahyryn diýlip berlenok. Şu ýerde hormatly okyjynyň ýöne partiýany gorap sürüp otyr diýmegi mümkin. Ýok, beýle däl. Şu üýtgedip gurmak döwründe-de partiýa tarapyndan goýberilýän ýalňyşlyklar, säwlikler azlyk edenok. TKP MK-niň VI plenumy köpleriň ýadynda bolsa gerek. Asyl şol plenum respublikada uly rol oýnady. Biziň uzak ýyllaryň dowamynda “hudaý saýyp ýören ýolbaşçylarymyz” hudaý däl-de, partiýanyň adyna ysnat getiren, päk ýürekli kommunistleri ejir çekdirip gelen adamlar- bolup çykdy. Şol plenumdan soň, respublikamyzyň adamlarynyň üýtgedip gurmaklyga bolan höwesiniň has-da artandygy gizlin zat däl. Ýöne haýp, şol tutumly iş yzygiderli we batyrgaý dowam etdirilmedi. Partiýa biledine bukulyp gelen durgunlyk döwrüniň waspçylarynyň köpüsiniň üsti açylman galdy. Bu meniň şahsy pikirim. Indem, şonuň sebäplerini düşündirjek bolaýyn. TKP MK-niň VI plenumyndan soň, respublikada uzak ýyllaryň dowamynda negatiw ýagdaýlaryň dowam etdirilmeginiň sebäpkärleriniň birnäçesi partiýa hataryndan çykaryldy. megerem Kommunistiň partiýa hataryndan çykarylmagyndan beýik jeza ýok bolsa gerek. meniň özümä şeýle zady iň ýokary jeza hasap edýärin. Biz haçan-da 30-50 ýyllardaky bolan wakalar sebäpli, Staliniň käbir bitiren hyzmatlaryna garamazdan umumyhalk suduny edýäris. Özem Stalinden bidin “Çöp başy gymyldamandyr” diýen pikirden ugur alyp. Megerem, umumyhalk, tarapyndan edilýän bu sud adamzat taryhyndaky iň uly sud bolsa gerek. Eýsem, biziň düýnki partiýa hataryndan çykaran oblast we raýon ýolbaşçylarymyz TKP MK-niň öňki birinji sekretary, respublikamyzda höküm süren durgunlylygyň atasy Muhammetnazar Gapurowdan birin şol negatiw ýagdaýlara baş goşdularmykan? Men şeýle sowaly orta atmak bilen partiýa hataryndan çykarylan A.Ataýewi, N.Lomowy, U.Şamyradowy, A.Akgaýewi we beýlekileri aklajak bolamok. Gaýtam tersine. Şeýle ýagdaýda respublikamyza on bäş ýyllap ýolbaşçylyk eden adamyň M.Gapurowyň günäsizdigini halka nähili düşündirmeli? Halk indi üç-dört ýylyň dowamynda şol söze garaşýar. Eger günäli bolsa, onda näme üçin ol, şu güne çenli partiýa hatarynda durmaly. Şu ýerde ýene-de bir zady aýtmagymyz gerek. M.Gapurowyň döwründe sähelçe iş üçin gör näçe kiçi wezipeli we wezipesiz kommunist öz biledi bilen hoşlaşmaly boldy. Ine, şu zat welin kommunistleriň arasyndaky dowam edip gelýän adalatsyzlyk. TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidumynyň başlygynyň öňki orunbasary M.Şmidtiň ýöriteleşdirilen magazinden bir ýyldaky eden söwdasynyň elli bäş müňe ýetýändigini aýdyp, ony diňe işden boşatmak bilen oňmaly? Şeýle ýagdaýyň özi halk köpçüliginiň partiýa bolan ynamyny gaçyrýar. Halkyň partiýa bolan ynamynyň gaçmagy üýtgedip gurmaga bolan ýene-de bir böwet. Biz kooperatorlara uly giň ýol açdyk. Oňlamaly zat. Ýöne şol kooperatorlar öz hakyky adyna eýe boldumy? Käbiri diýäýmeseň, eýe bolan ýok. Iň gynandyryjy zadam kooperatiwiň prinsiplerine düşünmeýän adamlaryň şol işde işlemäge köp isleg bildirmegi boldy. W.I.Leniniň “Kooperasiýa hakynda” atly işini okap görmegä däl, hatda şeýle işiň bardygyndan habarsyzlygy jany ýakýar. Kooperatorlaryň harydy nireden alýandygyny wagty bilen öwrenenem bolmady. Olar döwlet dükanlaryndan döwlet nyrhyndan alyp, alty bahasyna ilata satmagy neneň ilatyň içinde nägilelik döretmesin? Kanunlaşdyrylan kooperatiw bahanasy bilen birinji kisesi galňasa, biriniňem onsy yna etmedi. Şeýle kooperatiwler kime gerek? Halka-ha gerek däl. Eger kooperatorçylyga ýol açdyňmy, kontrollygy ýola goýmaly. Emma bizde ähli zat iş-işden geçenden soň ugryna çykylýar. Iň ýamanam şunda. Häzir döwlet we hususy emläginiň ogurlygy köpelmese azalanok. Öňler bu zatlar dogrusynda hem doly maglumatlar berlenokdy. Indi şol ogurlyklar barada ähli köpçülik-informasiýa serişdeleri arkaly habar edilýär. netijede ogurlyk azalýarmy? Ýok, azalanok. Ýa-da oňa garşy göreş çäreleri azlyk edýärmi? Ýok, bu-da däl. Şeýle ýagdaýy ýekeje zat bilen düşündirip bolar. Olam içeri işler bölüminiň işgärleriniň gowuşgynsyzlygy, nalajedeýinligi professional däldigi bilen. Men häzir öz ýaşaýan ýerimdäki uçastok inspektoryny tanamok. Şuny aýtmak bilen uçastok ispektorlarynyň talaba laýyk işlemeýändigini aýtmakçy bolýaryn. Sebäbi, olaryň haýsynyň ýakasyndan ilägede, uçastogyňda näçe adam ýaşaýar, näçe adam işlänok, näçe ýaşalmaýan kwartira bar diýip sorasaň jogap berip bilmez. näme üçin biz gündiz ýatyp, gijelerine ogurlyga baş goşýanlaryň soňuna çykmaly däl? Şu işde ilki bilen biz kime daýanmaly? Elbetde, uçastok inspektorlaryna. Meniň milisiýam bu gün meni goramasa nähili bolar? Üýtgedip gurmak milli respublikalara uly özbaşdaklyk berilmeginiň ýoluny arçady. Biziň käbirlerimiz şeýle özbaşdaklygyň berilmegine nähili düşündik? Käbir respublikalardaky ekstremistik toparlaryň özbaşdak döwlet bolmak, SSSR-den aýrylmak ýoly gürrüňlerine gulak gabardýanam tapyldy. Ýetmiş ýyllap bir tabakdan nahar iýip soňam tabagyny aýrylasaň bu nähili bolar? Biziň ählimiz bir tabagyň daşyna üýşen wagtymyz güýçlidiris. Emma, şol tabagy aýryladygymyz şol güýjümizi tapmajagymyz belli ahyryn. Şeýle ekstremistik toparlaryň başbozarlyk etmekleriniň netijesinde birnäçe respublikalarymyzda bigünä adamlaryň janyna kast edildi. Öz pulumyz çykarylyp salnan budkalary otlamak ýa-da medeniýet edaralarydyr, ilata durmuş hyzmatyny edýän ýerleriň penjiredir gapylaryny döwmeklik nämä gerek. Şeýle işlere baş goşmaklyk gahrymanlygam däl ahyryn. Diňe öz günümizi bulamakdan, öz halkyň gahar-gazabyna duş gelmekden başga zat däldigine düşünmegimiz gerek! Böwrüne sanjy bolýan şeýle zatlaryň sanyny näçe artdyrsaň artdyryp oturmaly. Gep olaryň sanyny artdyrmakda däl. Esasy zat üýtgedip gurmaklykda esasy güýç bolup durýan halk köpçüliginiň ynamyna girmekde. Eger başarsak ugrumyz hanjak? Biz nirä barýarys? Ilki bilen şoňa göz ýetirmeli. Diňe şondan soň edilen iş ýerine düşse gerek. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||