21:59 BMG: Ukrainadan 2 million adam göçdi | |
BMG: UKRAINADAN 2 MILLION ADAM GÖÇDI
Publisistika
Birleşen Milletler Guramasy Ukrainadan gaçan adam sanynyň 2 milliona ýetendigini bildirdi. Gaçan adam sanynyň 4 milliona ýetip biljekdigi çaklanylýar. Ukraina raýatlary bolsa watanlaryndan aýrylmak islänoklar. Olar muňa mejbur galandyklaryny her sözlerinde gaýtalaýarlar. • Iň köp sanksiýa yglan edilen ýurt Russiýa iň köp sanksiýa yglan edilen ýurt hökmünde dünýäde birinji ýere geçdi. Şuwagta çenli 5530 sanksiýa yglan edildi. Edilen sanksiýalar täsirini görkezmäne başlady. Russiýada-ky adamlar kartdan geçiriljek zatlaryň başa barmaýandygyny, şo sebäpli telefon arkaly ýerine ýetirýändiklerini bildirdiler. Russiýa, Demirgazyk Koreýadan we Eýrandan sanksiýa meselesinde öňe geçdi. Sanksiýalar ýene-de dowam edýär. Häzirki sanksiýa merkezi bolsa nebit. Amerika Arabystan we ş.m ýurtlara nebiti köp öndürmelerini maslahat berdi. Russiýa bolsa nebitiň sanksiýa mejbur edilmegini "betbagtçylyga sebäp bolar" diýip aýtdy. • Gynandyryjy pursatlar Ukraina-da ynsanlyk dramasy dowam edýär. Russiýanyň ynsan haklaryny äsgermezligi esasy günäsiz halka zyýan ýetirdi. Bulardan iň köp zyýan alanam çagalar boldy. 11 ýaşyndaky çaganyň ejesi, Ukraina-da garry enesini taşlamandygy üçin çagasyny wagona mündürip ugratdy, çagajyk 1.200 km ýoldan soňra Slowakiýa bardy. Urşuň başynda kiçijek gyz çagasy "men ölmek islämok" diýip aglap, urşyň utançly ýüzüni görkezipdi. Şular ýaly wakalar her gün bolup dur. Bir çagajyk "ýaşasyn Ukraina" diýip, maşgalasy bilen watanyndan aýrylmady. • Russiýa zalymlygyna garşy - 20 müň daşary ýurt esgeri Russiýanyň köp ýurdy diňlemän, kanunlary bozup, garaşsyz ýurda aýak basmagy ençeme adamyň aňynda ýer götermedi. Şo sebäpli Ysraýyldan, Angliýadan ençeme meýletin söweşijiler Ukraina gaýtdy. Ukraina gaýdan bir Angliýaly esger : "Zalymlyga garşy durýaryn, çagalar we günäsiz adamlaryň ölmezligi üçin hereket etmeli" diýdi. Ýollarda ýaragly ýewreý toparlary hem gabat gelýär. Irlandiýa, Belarussiýa, Gruziýa ýaly ýurtlardan hem esger geldi. Irlandiýa-dan gelen esgerleriň biri 61 ýaşynda-dy. Ol : "Men 61 ýaşymda. Ýöne Ukraina üçin söweşmäne geldim, ruslary öldüris" diýdi. Ençeme Afrikadan gelen harby eşikli meýletin esgerlerem bardy. Watany üçin aýallar hem ellerine ýarag aldy. Harby eşikli, elleri ýaragly aýallar : "Watanymyz üçin söweşýäriz, biz Ukraina-nyň aýallary, garşymyza gidenleri öldüris" diýdi. Russiýa tarapy hem Siriýadan meýletin esger ýygnaýar. Ukraina prezidenti Zelenskiý, daşary ýurt esgerlere uruşmak islese ýarag berjekdigini duýurypdy. • Zelenskiý gaçmady Zelenskiý barada gaçdy diýilen habarlar ýaýrapdy. Zelenskiý şahsy telefony bilen kamera alyp öz iş edarasyny gezdi. Ol: "Gidemok, iş ýerimde işime dowam edýärin, hiç kimden gorkmaýarys" diýdi. • Ýene-de şol bir sahna Dünýäde milletparazçylyk dynmajak ýaly. Ýene-de Ukrainada-ky afrikaly talyplar wagonlara mündürilmedi. Bir topar afrikaly talyplar : "Bizi göýberiň, biz bu urşuň bir bölegi bolmak islämzok, bizi alanoklar" diýip protesto etdiler. Milletparazçylyk mediýa-da ýapyşypdy, käbir milletparaz žurnalistler öň : "Bu gelýänler Owganystandaky ýa-da Siriýada-ky ýaly bilimsiz ynsanlar däl, olar Ýewropanyň adamlary" diýipdi. • Çaknyşyklar Bir Ukraina esgeri: "Biz watanymyzy, çagalarymyzy goraýarys" diýdi. 300-den köp rus tanky ýaryldy. Ýene-de 2 sany uçaryň ýarylmagy bilen, ýarylan rus uçarlarynyň sany 40-dan geçdi. Bir ýerde gizlenip duran esgerler gelýän tanklara roketa atyp ýardylar we ony kamera aldylar. Türkiýäniň Ukraina beren IHA-lary hem wezipesinde, bir harby tank merkezi IHA bilen bombalandy. Russiýa 2300-den köp harby merkeziň ýarylandygyny duýurdy. • Russiýada protestler Ençeme kişi urşyň bes edilmegi üçin Russiýada protest hereketlerini geçirdi we dowam edýär. Protest edenlere berk garşylyk berildi. Bir aýal ýerde süýrelip-depilip tussag edildi. Ençeme tutulan aýallar maşynda bolmagyna garamazdan aýdym aýdyp protestlerine dowam etdiler. Muhammetnazar BAKYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||