15:35 Russiýa Federasiýasynyň ykdysadyýeti nyşanada | |
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYÑ YKDYSADYÝETI NYŞANADA
Publisistika
Russiýanyň Ukraina çozmagy dünýä parahatçylygyna gaty uly zarba urdy. Dünýäniň iň köp ýadro ýaragly ýurdy bolan Russiýa Ukraina çozmagynyň sebäplerine hasabat berse-de baglaşylan ençeme hukuk şertnamasyny bozdy. Amerika we Günbatar tarapy urşa goşulmasa-da sanskiýalar Russiýa ykdysadyýetine gaty uly zyýan ýetirdi. Samsung, BMW, Google, Apple ýaly uly firmalar sanksiýa yglan edenleriň diňe bir bölegi. Russiýada halk, bankdan pullaryny alyp bilmek üçin nobata düzüldi. Bulardan iň uly zyýan çeken hem oligarhlar boldy. Dünýäniň baýlaryna-da girýän ençeme kişiniň bankdajy hasaplary öçürildi. Italiýa hem bu işe aktiw goşuldy we ýurdundaky rus tarapdary islendik zada sanksiýa yglan etmäge başlady. Italiýa dünýäniň iň döwrebap şäherleriniň we firmalarynyň bolan ýeridigi sebäpli Russiýa diňe Italiýanyň özünden uly ýitgi çekdi. Hasaplamalara görä Russiýa 5-6 ýylyň içinde ykdysady taýdan mazaly düýbe düşmegi ahmal. Köp kişi munyň wagtlaýyn sanksiýadygyny aýtsa-da, işiň hakyky tarapy beýle görünenok. Russiýanyň sanksiýa yglan edenlere "uruş yglan etmek" diýip jogap bermegi hem işiň uly ýitgilidigini görkezýär. Çyndanam Russiýa Federasiýasynyň ykdysadyýeti aslynda-da gowy däldi. Russiýa bu syýasy jezalara taýynlyk gören bir ýurt, ýöne elinde galan ähli zada urgy urulmagy ony syýasatdan uzak, aýratyn ýaşamaga mejbur ediljek ýurda öwürdi. Russiýa şu wagt bu zyýanlaryň köp zada ýaramajagyny aýtsa-da aslynda arka tarapynda çyny bilen goranjak bolup çyrpynýar. Russiýanyň ýadro ýaragy agzamagynyň sebäbi ýönekeý meseleden däl. Aslynda gaty uly sebäpleri bar ýadrony agzap, syýasata sokmagynyň. Hytaý tarapy urşy goldamasada Russiýanyň tarapynda ýer alýar. Russiýa we Hytaý köp zatda biri-birini goldan döwletler. Ýöne Hytaý hem Russiýanyň ýadro ýarag meselesine gowy garap duranok. Russiýany aýakda saklaýan zatlaryň biri harby syýasatynyň güýçli bolmagydyr. Ýöne Russiýanyň birden beýle berk jogap bermegi öz halky tarapyndan hem goldanmady. Netijede bir ýurdy ýaşatjak zat ykdysadyýetidir. Ykdysadyýete, kanunyna, administratiw ýagdaýyna seredilip bir ýurda baha berilýär. Statistikalara görä, Russiýanyň ykdysadyýeti uruş bolmanka hem çöküşde. Şuwagtdan Russiýanyň öz ähli zady dünýäde wajyplygyny ýitirip barýar. Diňe gazdan başgasy. Russiýa tebigy gaz boýunça dünýäni ekläp biljek derejede dur. Ýöne Günbatar tarapy munyň üçin gizlinem bolsa, alada etmäge dowam edýär. Russiýanyň "Swift" merkezinden ýitgi almagy we gazy ýurtlara satyp bilmezligi hem girdeýji meselesini çylşyrymlaşdyrýar. Russiýa muny gowy bileni üçin sanksiýa yglan edenlere berk garşylyk görkezýär we her sözünde uly söweşi hem-de gaz meselesini agzamaga dowam edýär. Muhammetnazar BAKYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||