15:58 Gadymy Müsürlileriň üýtgeşik däp-dessurlary | |
GADYMY MÜSÜRLILERIÑ ÜÝTGEŞIK DÄP-DESSURLARY
Taryhy makalalar
Gadymy Müsür ir döwürlerde dörän bir medeniýetdir. Munyň bilen birlikde iň bilesi gelinen we hakynda intägem gözlegler dowam etýän bir medeniýetdir. Bu medeniýetiň şeýle bir üýtgeşik däp-dessurlary we etýän işleri bar welin haýran galmazlyk mümkin däl. Geliň onda biziň eýýamymyzdan öňki 3000-nji ýyllara gidip geleliň. Müsüriň topraklarynda ynsan, paleolit döwründen bäri bardy, ýagny ilkinji durmuş adamlaryň dörän ýerleridi. Bu döwürlerde Müsür toplumlary merkezi bir häkimiýet gurup bilmändiler. Ýöne Nil derýasynyň ol ýere ýetiren peýdalary Müsüri gadymy döwrüň iň güýçli medeniýeti edipdi. Müsüriň ösmeginiň başga uly bir sebäbi bolsa, bilimdir. Ynsanlar gök ýüzüne seredip pasyllary, wagtyň geçişini hasaplamak ýaly maglumatlary öwrenipdirler. Gadymy Müsürde arassaçylyk we görnüş gaty wajypdy. Haýwan ýaglaryndan edilen ýumşak sabunlar ulanylyp esasy Nil derýasynda ýuwunýardylar. Erkekler arassa galmak üçin hemme bedenindäki tüýleri syrýardy. Eşikleri ýönekeý ak ketene meňzeşdi. Müsürde howanyň gaty gyzgynlygy sebäpli çagalar 12 ýaşaýança eşik geýenok we ýalaňaç aýlanardylar. Erkeklerem aýallaram hemme gadymy müsürlilerem makýaž etýärlerdi. Göz boýaglary, ýaşyl ýada gurşundan edil gara reňkdäkiler ulanylardy. Müsürliler makýažyň gowulaşdyryjy güýjüniň bardygyna ynanýardylar. Başda makýaz bezenmek dälde, Günden goranmak maksatly ulanylýardy. Baýlarynyň erkegem aýalam saçlaryny aldyrýardylar we peruk ulanýardylar. Beýleki synpdakylar bolsa saçyny ösdürer ýada doňuz guýrugy dakardylar. Günlik iýmitlenmek üçin esasy zat çörekdi, ýany bilen sogan sarymsak we hurma injir ýaly miwelerem iýilerdi. Müsürde aýallar, erkekler bilen ykdysady we hukuk taýdan deň bolsada sosial taýdan deň däldi. Gadymy Müsürde ölüm has üýtgeşik meseledi. Müsürde heýkeltaraşlyk sungaty ösendi. Ynsanlar öteki dünýäde eýe bolmak isleýän zatlarynyň şekillerini mazaryna goýulmagyny isleýärdi. Meselem işçiler, öýler ýada esgerler ýaly. Birinji dinastiýanyň iki faraony ölenlerinde hyzmatkärleri hem öldürilip ýanyna gömülerdi. Sebäbi hem, hyzmatkärleri ol dünýäde oňa hyzmat etsin diýip. Müsürliler ölende onuň zatlary, gymmay bahaly zatlary ýany bilen bile gömülerdi. Munyň sebäbem ol dünýädäki ýaşaýyşynda kösenmezlik we kösenmän işine dowam etmeklige ynanylardy. Bilşiňiz ýaly Müsürde mumýalamak işleri gaty meşhurdy we ösendi. Mumýalanan wagtda beýin, bir enjamyň kömegi bilen burnyň deşiklerinden bölek-bölek çykarylýardy. Köp organlary çykarylyp hersi aýratyn bir guta salynyp goýulardy. Ýöne ýürege degilmezdi, sebäbi olar ýüregiň ruhyň öýüdigine ynanýardylar we ony ýerinde goýardylar. Muhammetnazar BAKYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |