01:53 NATO we ABŞ näme üçin Ukraina kömek edenok? | |
NATO we ABŞ NÄME ÜÇIN UKRAINA KÖMEK EDENOK?
Publisistika
Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen Günbatar we ABŞ Ukrainany ýalňyz goýdy. Bu ýerde iň uly kömegi NATO-nyň bermegine garaşylýardy. Ýöne NATO hem harby meselede hiç goşulmajakdygyny anyk aýtdy. Indi NATO näme üçin Ukrainany ýalňyz goýdy? NATO taryhdan bäri ençeme harby meselä goşulanam bolsa beýle uly goşunly döwlet bilen ýiti garşylyga gelmändi. NATO anyk kararlary, düzgünleri we ýörite prinsipleri bolan bir gurama. NATO diňe öz agza ýurtlary howp astynda bolsa herekede geçip bilýär. Bu onuň esasy we ýerine ýetiriji ýiti düzgüni. Taryha bakyp seredilse-de, NATO diňe öz agza ýurtlaryndaky harby meselä goşulandyr. Onuň geljege degişli düzgünlerinde NATO-ny has ösdürmek, Gündogar howpyny basdyrmak, onuň Ýewropa goşulmagyny saklamak gelýär. Russiýanyň Ukraina çozmagy NATO-ny has güýçlendirdi diýip bileris. Muny ençeme baştutanlar hem gaýtalady. Finlandiýa we başgada ençeme ýurt NATO goşulmak üçin resminama gol çekdi. Bu olaryň Gündogar howpundan çekinýändiklerini aňladýar. • Baýdeniň uruş tarapdary bolmazlygy ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden öz şahsy düşünjesi boýunça-da uruşy goldamaýan bir kişi. Baýden Obamanyň harby syýasatlarynyň we kararlarynyň ençemesini goldan däldir. Baýdeniň Siriýadan ençeme esgerini çekmesi, galybersede öňüräk Owganystandan doly çekilmesi munyň subutnamasydyr. Baýdeniň goşulmaýandygynyň ýene bir sebäbi hem Russiýa bilen bolup biläýjek bir urşyň içine girmek islemeýändigidir. Baýden bu barada: "Bir terror topary bilen çekeleşemzok, garşymyzda dünýäniň iň uly goşuny bar" diýýär. Umuman Russiýa we Amerikanyň uruşmagy dünýäniň gaty yza gitmegi diýmekdir. • 3-nji jahan urşy howpy Russiýanyň okgunly syýasat alyp barmagy we muňa garşydaşlarynyň harby şekilde jogap bermegi dünýä üçin gowy bolman biler. Ynsanlar 2-nji jahan urşunyň nähili weýrançylyk getirendigini gowy bilýärler. Aslynda 3-nji jahan urşunyň bolmazlygynyň sebäpleriniň birem şu. Indi öňki ýaly ýaraglar hem ýok. 3-nji jahan urşunyň bolmagy, elbetde güýçli döwletleriň çaknyşmagy bilen dörär. Bu güýçli döwletler şuwagt muny gaty gowy bilýär. ABŞ harby syýasata goşulsa 3-nji jahan urşy çykyp biler, ikinjidenem ýurdy gaty çöker. ABŞ bulary göreninden Russiýanyň aslynda hem sanksiýa partlamasynda çökmegini göresi gelýär. Şo sebäpli hem öz bähbidi üçinem adaty we ýiti syýasat alyp barýar. Şeýtse ykdysadyýeti hem aýakda durmaga dowam eder. • Ýadro ýarag howpy Bu hem ýokardaky aýdanymyz bilen baglanşykly. Çyndanam bu iş oýun eder ýaly zat däl. Şuwagt Russiýanyň we ABŞ-nyň elinde ýadro ýaraglaryň, howply we radiasiýaly başga ençeme himiki ýaraglaryň bolmagy bu işi hasam howply ýagdaýa getirýär. Ýadro çaknyşygynyň bolup biljekdigi barada ençeme habar mediýalary hem yzygiderli duýduryş bermäne dowam edýär. Muny ençeme ussatlar hem agzap geçdi. Ýaponiýa atylan bombanyň Ýewropanyň ortasynda bolup geçmegi ynsanlyk üçin gaty uly ýitgi bolar. Ýaponiýa weýrançylygy subutnama hökmünde syýasatda ýerini alyp dur. Beýle weýrançylygy iki tarap hem islänok. Russiýa işiň howplydygyny bilýär, şo sebäpli ýadro ýarag meselesini has aktiw ulanýar. Fransiýada, Angliýada hem 200-den köp ýadro ýaragyň bolmagy gowy zat däl. Iň azyndan syýasat üçin. Parahatçylygyň doly bozulmagy gaty uly weýrançylyklara sebäp bolar, şo sebäpli hiç bir ýurdam beýle zady islänok. Muhammetnazar BAKYÝEW. | |
|