10:19 Bosaga | |
BOSAGA
Goşgular
Türkmende toý kändir ýagşydan-ýagşy, Gelin toýy, sünnet toýy, jaý toýlar. Çar ýandan gelişip myhmanlañ bary, Gazanlar atarlyp, köp mallar soýlar. Ine, bu gün täze jaýa göçülip, Tüýs ýürekden "Gutly bolsun" - diýildi. Pişmeler seçilip, şerbet içilip, Sözüñ düri göwünlere guýuldy. Ýagşy sözler siñip jaýyñ süñnüne, Olar ýaş juwanlañ törün bezedi. Bagşynyñ owazy ýañlanyp belent, Dostluk goly bir-birege uzady. Soñra sowgat bary gowşurlyp öýe, Şolaryñ birinde gözüm eglendi. Bolmasa-da onuñ gymmat bahasy, Ol şeýle owadan, ýönekeý güldi. Bolýar gülleriñem dürli hilisi, Çyn gül göwnüñ açar argyn çagyñda. Bahar bilen girip, Bahar bilen çyk, Goý, gülden yz galsyn señ bosagañda! ▶ ADAM NÄDIP GARRAÝAR?! Adam garraýar meger, Nähak göwne deglende. Bir näkese aldanyp, Çynar başy eglende. Adam garraýar meger, Gyzyl ýüzi solanda. Bürgüt kimin aw gözläp, Ýat illerde galanda. Adam garraýar meger, Başky söýgi çüwmese. Öz bagynyñ miwesi, Wagty gelip düwmese. Adam garraýar meger, Arzuw atly çapmasa. Göriplere gep bolup, Orta ýola ýetmese. Adam garrap başlaýar, Başa aýralyk düşse. Umyt ýyldyzy ýitip, Wagtyndan has ir öçse. * * * Gije dolanyp şalyna, Baglar başyn yraýar. Ýaşyl öýmeli gözel, Käte daşyn garaýar. Asmanyñ gözel Aýam, Ol gözele näz edýär. Gyzyñ Aý dek jemaly, Ýigit kalbyn ýaz edýär. Asmanda Aý ~ Ýerde Aý, Bu nä gudrat, görüñ siz. Eý, siz ajap pursatlar, Ýatladyp päk söýgini, Mydamalyk duruñ siz. Şyhmyrat BATYÝEW. #esger 2016 | |
|
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Durdy han / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Köňülge boldy ajaýyp bela / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |