21:44 Bürgüt | |
BÜRGÜT
Goşgular
Diýýärler: "Bürgütler garran çagynda, Gaýañ aşagynda pessaýlap ýörmän, Özün gaýa urup bolýarmyş gurban". Dogrumy şu ahwal, dogrumy şu hal, Eý, gara daglaryñ algyry bürgüt?! Garran çagym gel-de menem alyp git! • ZÖHRE JAN Bu gün Babahandan ýetişdi perman, Tahyr begli sandyk oklandy derýa. Ýeñläp gitdi Hasan şugluñ ökjesi, Ah, Tahyr beg akyp barýar derýada. Dek düýn gül tirilen çemenzarlygyñ, Hallary perişan, gamy zyýada. Äleme sygmadyk nowjuwan söýgi, Bir sandyga sygyp barýar derýada. Söýgüden basylan ejiz Babahan, Pälin galladyp dur ençe jellada. Bu gün güni geldi Garaçomagyñ, Ýeñen Tahyr akyp barýar derýada. • BULUT Bir zerre günä ýok kakabaş ýelde, Ýekesiräp seni eýlemiş hemdem. Saña ýeñil däldir dag bile çölde, Bir perişan halda tüýdülmesi her dem. Sen üçin sürgün ol, Ýel sapar sapar, Aýlanyp görmeklik yrak, golaýyn. ...Alyslarda aryp gelen buludym, Gel, dideleñ gözýaşyny sylaýyn. Dañdanlar synladym gyzyl şapagy, Gaçýar garañky. Ikindin synladym gyzyl şapagy. Çüwýär tümüñki. Belki, şapakdyryn?! Sähermi ýa şam?! Şu maña garañky, juda garañky... • SÖÝ Söý! Senden öñ yşk ýokmuş dünýäde, Söýgüñ nusga bolsun aşyk boljaga. Söýeniñe degýän gyz bar jahanda, Aýagnyñ tozy bol, başa bol jyga. Dänjiräp söýmegin, Däljiräp söýgün, Hasaba ýer bolsa, däldir söýdügiñ. Söýlüşiñe görä söýjek bolmagyn, Söýşüñ ýaly söýse bolar söwdügiñ. Söý! Barybir, iki ýoluñ bar seniñ, Ýar ýolunda sarp eýlegin wagtyñy: Ýa bagt humar eder ýalñyşarsyñ sen, Ýa ýalñyşyp, som taparsyñ bagtyñy. Аmanmуrat ВUGАÝЕW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986 ý. | |
|
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |