16:16 Burunýan boşluklarynyñ gaýnaglamasy | |
BURUNÝAN BOŞLUKLARYNYŇ GAÝNAGLAMASY
Medisina
Ýokarky dem alyş ýollarynyň näsazlyklarynyň arasynda burunýan boşluklarynyň — sinuslaryň gaýnaglama keselleri has köp duş gelýär. Burunýan boşluklarynyň nemli bardasynyň gaýnaglamagy bilen häsiýetlendirilýän bu keseller başgaça «sinusitler» diýlip atlandyrylýar. Sinusitler burunýan boşluklarynyň hemmesinde-de ýüze çykyp bilýär. Burnuň ýokarky äň (gaýmor) boşlugynyň gaýnaglamasy «gaýmo- rit», gözenekli boşlugynyň gaýnaglamasy «etmoidit», maňlaý boşlugynyň gaýnaglamasy «frontit», pahna görnüşli boşlugynyň gaýnaglamasy «sfenoidit» diýlip atlandyrylýar. Duş gelşiniň ýygylygy boýunçagaýmorit birinji, etmoidit, frontit, sfenoidit şondan soňky orunlarda durýar. Uly ýaşly adamlarda ýokarky äň, gözenekli hem-de maňlaý boşluklarynyň bilelikdäki gaýnaglamasy, 3 ýaşa çenli çagalarda gözenekli burunýan boşlugynyň, 3 ýaşdan 7 ýaşa çenli çagalarda bolsa ýokarky äň we gözenekli burunýan boşluklarynyň bilelikdäki gaýnaglamasy has köp duş gelýär. Gaýnaglama hadysasynyň burunýan boşluklarynyň ýeke birinde däl, eýsem birnäçesinde, käte hemmesinde ýaýbaňlanýan halatlary hem bolýar. Şu jähtden birtaraplaýyn we ikitaraplaýyn sinusitler tapawutlandyrylýar. Burunýan boşluklarynyňhemmesiniň birtaraplaýyn gaýnaglamasyna «gemisinusit», ikitaraplaýyn gaýnaglamasyna «pansinusit» diýilýär. Geçişi boýunça ýiti we dowamly sinusitler tapawutlandyrylýar. Olaryň döremegine köplenç burunýan boşluklaryna infeksiýalaryň aralaşmagy sebäp bolýar. Olar esasan burunýan boşluklaryny burun boşlugy bilen birleşdirýän tebigy ýollar arkaly geçýärler. Ýiti ýokanç keseller geçirilende infeksiýalaryň burun boşluklaryna gan arkaly aralaşmagy mümkin. Kesel dörediji mikroorganizmler burunýan boşluklaryna diňe burundan däl, eýsem, agyz boşlugynda, hususan-da dişäň ulgamynda ýa-da dem alyş ýollarynda ýerleşen iriňli ojaklardan geçip bilýärler. Ýiti sinusitleriň ýüze çykmagyna aglaba ýagdaýda ýiti respirator keseller we ýiti respirator wirusly ýokançlar itergi berýär. Bu görnüşiniň ýaýbaňlanmagynda gripiň we paragripiň wiruslary bilen bir hatarda rinowiruslar, adenowiruslar, şeýle hem staflokokklar, streptokokklar, pnewmokokklar we başga-da birnäçe bakteriýalar belli bir ähmiýete eýe bolup durýar. Sinusitleriň ýüze çykmagyna itergi berýän esasy faktor daşky gurşawyň zyýanly täsiri (sowuk howa, howanyň gazlar bilen hapalanmagy) netijesinde epiteliýanyň we nem bölüp çykarýan mäzleriň işiniň bozulmagydyr. Burun boşluklarynyň anatomiki nogsanlyklary: dowamly gipertrofikirinit (ortaky burun ýelkenleriniň göwrüminiň çendenaşa ulalmagy), burun orta diwarynyň gyşarmasy, burun polipozy, burnuň dogabitdi dar bolmagy burunýan boşluklarynyň tebigy akarlarynyň dykylmagyna getirip burunýan boşluklarynyň howalanmagynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Netijede şol boşluklarda emele gelen suwuklyklaryň daşary çykarylmagy bökdelýär. Munuň özi burunýan boşluklarynyň gaýnaglamasynyň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Keseliň döremegine burun şikesleri, çagalyk döwründe geçirilen ýokanç keseller, polipler, allergiki täsirler, ylaýta-da auto we bakteriýaly allergiýa, şeýle-de, dogabitdi ýa-da gazanylan immun ýetmezçiligi belli bir ähmiýete eýe bolup durýar. Dowamly sinusitlerde burunýan boşluklarynda kokk ýokançlaryndan (tegelek görnüşli mikroorganizmler) başga-da içege taýajyklary we ýiti sinusitlerde onçakly köp duş gelmeýän anaerob (atmosfera howasy bolmadyk ýerde ýaşaýan) mikroblar ýüze çykarylýar. Soňky wagtda burunýan boşluklarynyň kömelejikli zeperlenmeleri baradaky pikirlere aýratyn üns berilýär. Kömelejikler antibiotikleriň gözegçiliksiz ulanylmagy sebäpli ýüze çykyp bilýän disbakteriozyň netijesinde köpelip, burunýan boşluklarynyň ýiti gaýnaglamasynyň dowamly görnüşe geçmegine düýpli täsir edýär hem-de mikoz keseliniň döremegine itergi berip bilýär. Dowamly beden keselleri, ylaýta-da süýjüli diabet hem ýiti, aýratyn hem dowamly sinusitleriň ösmegine itergi berýär. Çilimkeş- lik ýa-da çilimiň tüssesi ýaýran howadan dem alynmagy, düzüminde zäherli uçujy maddalar saklanýan himiki serişdeler bilen dowamly galtaşyklar hem keseliň ösmegine täsir edip bilýär. Ýeri gelende bellemeli: dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýaýbaňlanmagynyň esasy sebäpleriniň arasynda immunoglobulinleriň, hususan-da A immunoglobulininiň işlenilip çykarylyşynyň peselmegi uly orny eýeleýär. Ýokarky dem alyş ýollarynyň nemli bardasynda A immunoglobuliniň ýetmezçilik etmegi rinit, sinusit, dowamly tonzillit ýaly keseller görnüşinde ýüze çykyp bilýär. Nähili alamatlar ýüze çykýar? Sinusitler gaýnaglamanyň ýerleşen ýerine baglylykda umumy we her boşlugyň özüne mahsus bolan alamatlar bilen geçýär.Ýiti sinusitler- de umumy alamatlar ysgynsyzlyk, bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy, ganyň düzüminiň üýtgemegi, kellagyrynyň döremegi bilen ýüze çykýar. Ýerli alamatlar gaýnaglama hadysasynyň haýsy burunýan boşlu- gynda ýüze çykandygyna baglylykda peýda bolýar. Gaýmoritde dulukda, etmoiditde burun kökünde, frontitde maňlaýda agyry peýda bolýar. Burunýan boşlugyna basylyp barlananda agyry güýçlenýär. Sfenoiditde dörän kellagyry çekgede, gözüň düýbünde we kelleçanagyň ýeňse tara- pynda ornaşýar. Gaýmoritde aşaky, frontitde ýokarky gabaklar ýellenýär. Gaýnaglamanyň ýaýbaňlanýan tarapynda burnuň dykylmagy, burundan nemli ýa-da iriňli suwuklyklaryň bölünip çykmagy, ortaky ýa-da ýokarky burun geçelgelerinde iriňli ýodajyklaryň ýa-da iriň üýşmeginiň emele gelmegi, ys alşyň peselmegi (giposmiýa), burun boşlugynyň nemli bardasynyň gyzarmagy, çişmegi, burun ýelkenleriniň ulalmagy sinusitleriň hemmesine-de mahsusdyr. Dowamly sinusitlerde bulardan başga-da ortaky we ýokarky burun geçelgelerinde polipleriň döremegi duş gelýär. Anyklaýyş we bejeriş Sinusitleri anyklamakda näsag bilen sorag-jogap alyşmak, keseliň görnüp duran alamatlaryna baha bermek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Rinoskopiýa, rentgenoskopiýa we rentgenografýa, kompýuterli tomografýa, diafanoskopiýa barlaglary arkaly gaýnaglama hadysasynyň haýsy burunýan boşlugynda ornaşandygyny anyklap bolýar. Köplenç gaýmoriti anyklamak we bejermek maksady bilen ýokarky äň boşlugy aşaky burun geçelgesinden ýörite niýetlenen iňňe bilen deşilýär (punksiýa edilýär). Şeýle barlagda aşaky burun geçelgesi 10%-li lidokain ergini bilen ýüzleýýerli agyrsyzlandyrylýar. Bulardan başga-da, burunýan boşluklarynyň tebigy akarlarynda zond goýmak ýaly barlag usuly ulanylýar. Burunýan boşluklarynyň irki, entek gaýra üzülmeler ýüze çykmadyk döwründe konserwatiw bejeriş geçirmek ýeterlik bolýar. Bejerişde gyzgyny peseldiji, mikroblara garşy täsirli, ýerli immuniteti pugtalandyryjy, burun we burunýan boşluklaryny nemden we iriňden arassalaýjy, ýerli damar daraldyjy we antigistamin derman serişdeleri, fzioterapiýa bellenilýär. Uzaga çeken ýiti we dowamly gaýmoritde ýokarky äň boş- lugyny birnäçe gezek punksiýa edip, bakteriýalara garşy täsirli erginler bilen ýuwmak we onuň içine antibiotik serişdeleri goýbermek hökmany şertbolupdurýar. Çişi we gaýnaglamanyň beýleki alamatlaryny aýyrmak üçin fermentli dermanlar ulanylýar. Burunýan boşluklarynda kömelejik- leriň bardygy anyklananda bu mikroorganizmlere garşy täsirli derman serişdeleri bilen bejeriş geçirilýär. Burun we burunýan boşluklarynyň gaýnaglama kesellerinde esasy bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin dermanlyk ösümlikleriň melhemlikleri, meselem, sarygülüň gülleriniň gaýnatmasy ulanylýar. Bu melhemligi şeýle taýýarlamaly: guradylan çig malyň 4 nahar çemçesini syrçaly gaba salyp, üstüne 400 ml gaýnan suwy guý- maly we gabyň agzyny ýapmaly. Gaby gaýnap duran suwly pitiniň içinde ýerleşdirmeli. Pitini oduň üstünde 15 minutlap saklamaly. Taýýar bolan melhemligi otag temperaturasynda 45 minutlap sowatmaly we süzmeli. Gaýnatmanyň üstüni 400 ml gaýnan suw bilen ýetirmeli. Melhemligi günde 3 gezek 1-2 nahar çemçe möçberde içmeli we her gün 2-3 gezek onuň bilen burun boşlugyny ýuwmaly. Bejergini 5-8 günläp dowam etdirmeli. Dowamly gaýmoritiň bejergisinde boşluklary uzak wagtlap drenirlemek usuly giňden ornaşdyrylýar. Bu usul ýokarky äň boşlugyny gije-gündiziň dowamynda birnäçe gezek ýuwup, onuň içine derman serişdelerini goýbermekden ybaratdyr. Drenirlemek arkaly geçirilýän oksigenasiýa bejeriş çäresi hem ýokary netije berýär. Sinusitleri bejermegiň ýene-de bir usuly «Kukuşka» diýlip atlandyrylýar. Bu usulyň kömegi bilen burun boşlugynyň bir tarapyndan dermanlar goýberilip, beýleki burun geçelgesinden sordurylýar. Netijede burunýan boşluklaryndaky suwuklyklar sorulyp, bedenden daşary çykarylýar. Fizioterapewtiki bejergilerden dürli derman serişdeleri bilen elektroforez we ultrafonoforez ulanylýar. Dowamly sinusitiň kataral görnüşinde bejergini şypahanalarda dowam etdirmek maslahat berilýär. Polipozly, polipoz-iriňli we iriňli sinusitlerde konserwatiw bejergi kömek etmedik ýagdaýlarynda operasiýa etmek zerurlygy ýüze çykýar. Endonozal usulda açmak operasiýasy burunýan boşluklarynyň ählisinde-de geçirilýär. Polipozly sinusitlerde geçirilýän operasiýalarda süýümli optikanyň ulanylmagy hirurgiki täsiriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Biziň merkezimizde burun we burunýan boşluklarynyň kesellerini konserwatiw we operatiw usullar arkaly bejermek üçin ähli mümkinçilikler bardyr. Keseliň öňüni alyp bolýandyr Islendik keseliň, şol sanda burun we burunýan boşluklarynyň gaýnaglama keselleriniň öňüni almak üçin saglygyňa ünsli bolmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamaly: 1. Immunitetiňi pugtalandyrmak maksady bilen suw-sport çärelerini gündelik endigiňe girizmeli. Her gün irden beden maşklaryny ýerine ýetirmeli, garşylykly (kontrast) temperaturaly duş kabul etmeli. Sportuň agyr bolmadyk görnüşleri bilen meşgullanmaly. Suwda ýüzmek, hammama gatnamak peýdaly. 2. Pasla görä geýinmeli. Bedeniň çendenaşa sowamagyna ýol bermeli däl. 3. Her gün irden ýa-da agşamara daşarda gezelenç edip, tämiz howadan dem almaly. Seýilgähde ýa-da bagda gezmelemek has peýdalydyr. 4. Witaminlere, makro-mikroelementlere we ýaşaýyş üçin derwaýys beýleki maddalara baý önümler bilen iýmitlenmeli. 5. Lukman bilen maslahatlaşyp, wagtal-wagtal witamin-mineral toplumlaryny kabul etmeli. derwaýys beýleki maddalara baý önümler bilen iýmitlenmeli. 6. Zyýanly endiklerden daşda durmaly. Ýatda saklaň: diňe çilim çekýän adam däl, eýsem, onuň daş-töweregindäki adamlar hemmydama çilimiň tüssesi bilen hapalanan howadan dem almaga mejbur bolýarlar. Çilimiň tüssesi burun we burunýan boşluklarynyň nemli bardasyny gyjyndyrýar, onuň çişmegine getirip, infeksiýalardan goranmak ukybyny peseldýär. 7. Burundan dem almagy kadalaşdyrmaga ýardam edýän dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmeli. 8. Gaty gyzgyn we gurak howaly jaýda uzak wagtlap bolmak zyýanlydyr. Otaglaryň içini bejertmeli. 9. Agyz boşlugyny arassa yzygiderli ýelejiredip durmaly, jaýyň içinde mydama otag temperaturasynyň saklanmagyny üpjün etmeli. 10. Burun dykylyp, dem almak kynlaşanda burun damjalaryny we beýleki dermanlary diňe lukman bilen maslahatlaşyp ulanmaly. Olaryň uzak wagtlap we köp mukdarda ulanylmagy ýokary dem alyş ýollarynyň käbir keselleriniň ýüze çykmagyna itergi berip bilýär. 11. Burnuň dykylmagy, akmagy hem-de burun we burunýan boşluklary töwereginde agyry döräp, ýüz myşsalary dartgynlaşanda ýa-da adam öňe egilende güýçlenmegi ýaly alamatlaryň kellagyry, dişagyry, göz töwereginiň gyzarmagy, agyrmagy bilen utgaşyp gelmegi burun we burunýan boşluklarynyň gaýnaglamasyny güman etmäge esas berýär. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda otorinolaringolog lukmana ýüz tutmagy gaýra goýmaly däldir. Bejeriş gijikdirilende kelle beýnisiniň gabygynyň, göz hanasynyň, görüş nerwiniň gaýnagla- masynyň ýa-da osteomiýelitiň (boşlugyň töweregindäki süňkleriň iriňli zeperlenmesi) ýüze çykmagy mümkindir. 12. Burunýan boşluklarynyň keselleri anyklanylyp, öý şertlerinde bejeriş bellenen ýagdaýlarynda, bejergi maşgala lukmanynyň gözegçiligi astynda düşek düzgüninde geçirilýär. Näsaga berhiz saklamak, iýmiti ýylylygyna iýmek, gyzgyn çaý, kompot, kisel içmek, gakylygy suwaltmak maksady bilen köpräk suwuklyk ulanmak maslahat berilýär. 13. Diňe gyş-güýz möwsümlerinde däl, eýsem, ýylyň beýleki pasyllarynda hem duş gelýän, öz wagtynda bejerilmese wagtyň geçmegi bilen burun we burunýan boşluklarynyň keselleriniň döremegine getirýän ýiti respirator ýokançlardan we ýiti respirator wirusly kesellerden goranmaly. Bu keseller ýüze çykanda gaýra goýulman doly we dogry bejeriş geçirilmegini gazanmaly. Aýratyn hem ýokanç keselleri geçiren çagalaryň saglygyna ünsli bolmaly. Öwezberdi OWWADOW, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkeziniň otorinolaringolog lukmany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |