06:01 Çaganyñ ösüşi kadalymy? | |
ÇAGANYŇ ÖSÜŞI KADALYMY?
Medisina
GÖRÜŞ ULGAMYNYŇ ÖSÜŞI Täze doglan bäbek ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyryp bilýär. Ýaşaýşynyň ilkinji günlerinde çaga eýýäm uly jisimleriň böleklerini jikme-jik tapawutlandyryp bilmese hem suduryny saýgaryp bilýär. Ýaşaýşynyň birinji hepdelerinde bäbek reňkleri tapawutlandyryp bilmeýär, ol diňe ýiti açyk reňkli jisimleri görýär. Başgaça aýdanyňda birinji günlerinde we aýlarynda çaganyň görüşiniň ýitiligi, şeýle-de reňk saýgaryşy entek kämil bolmaýar. Birinji aýynda çaga oýunjaklara ýa-da uly adamlaryň ýüzüne seredip nazaryny dikip bilmeli, olar çaganyň gözüniň deňinden uzaklykda (20-40 sm çenli) haýaldan ýerinden süýşürilende, ýiti açyk reňkli jisimleri yzarlaýar, ýagtylyga tarap seredýär. Çagada 1 aýlykdan 2 aýlyga çenli kem-kemden jisimleriň bölejiklerini we reňkleri tapawutlandyryp bilmek mümkinçiligi ýüze çykýar. Emma körpejeler bu döwürde reňkiň özüne däl-de, eýsem, reňkleriň arasyndaky aratapawuda täsirini bildirýär, şol sebäpli çagalara oýunjak alnanda bir reňkden beýleki reňke geçýän oýunjaklary saýlamaly. 1,5 aýlykda çaga oýunjaklaryň şekilini kabul edýär we ony ýadynda saklaýar. 1,5-2 aýlykda çaga gürleşýän uly adamyň ýüzüne ýakyn aralygynda nazaryny dikip bilýär. 2 aýlykda çaga haýaldan dikligine ýerinden süýşýän jisimlere seredip yzarlamagy öwrenýär, emma görüş meýdany entek örän kiçi bolýar. 3 aýlykda çaganyň gözüniň ýitiligi gowulaşýar. Ol özünden ep-esli daşda duran jisimlere seredişdirýär: öz ellerine, hereket edýän oýunjaklara seredip, kellesini öwürýär. 3 aýlyga çenli çaganyň eýýäm gowy görýän zatlary bolýar: çaga adamyň ýüzüne, reňkli oýunjaklara seretmegi gowy görýär. Bu onuň görşüni ýitileşdirýär. 2,5-3 aýlygynda çagalar ejesini, käwagt kakasyny hem tanaýar, tanyş birini görse ýylgyrýar, başgaça aýdylanda görüş ýatkeşligi ösýär, görüş şekilleri we olary bilmek ukyby saklanýar. Çaganyň görşüne baha bermek üçin ene-atalar aşakdaky ýagdaýlara üns bermeli: - howply ýagdaýlaryň (wagtyndan öň dogulmak, newrologiki, nesil yzarlaýan keselleri, eşidişi bozulan bolsa, görüş agzalarynyň daşky bozulma alamatlary bolan çagalar) bolmagy; - ýakyn aralygynda duran oýunjaga ýa-da uly adamyň ýüzüne nazaryny dikmese; - hereket edýän oýunjagy gözi bilen yzarlamasa; çaga eline goýlan oýunjaga seretmese; - ýagty çyranyň çeşmesine tarap kellesini öwürmese; ýagtylyga gözüniň täsiri ýok bolsa, gowşaklygy bolan ýagdaýynda hökman lukman bilen maslahatlaşmaly. Çagalaryň görşünde bozulmalary bolanda köplenç ýagdaýda çaganyň ejesiniň ýüzüne nazaryny dikmeýändigine üns berilýär. EŞIDIŞ ULGAMYNYŇ ÖSÜŞI Doglan wagty çaganyň eşidişi hem gözüniň görşi ýaly entek kämil däldir. Çaganyň eşidiş duýgurlygy ýeterlik däl, sebäbi orta gulagyň boşlugy suwuklyk bilen doly bolýar, bu ses tolkunlarynyň geçişini kynlaşdyrýar. Bu ýaşda sagdyn çaga gaty seslere tisginýär, gözüni gyrpýar, iýmitlenýän wagty emşini haýalladýar. 1 aýlykda çaga ejesiniň sesini tanaýar, görüp we eşidip alan täsirlerini baglanyşdyrmaga çalyşýar, sesiň beýikligini we ýitiligini ýagny, gaty-gaýrym, mylaýym sesleri tapawutlandyryp başlaýar. 2 aýlykda çaga täze sesleri üns berip diňleýär, saz diňleýär, tanyş adamyň sesini eşitse ýylgyrýar. 3 aýlykda çaganyň eşidişiniň ýitiligi has gowulaşýar, çaga eýýäm adaty gürleýiş sesleri eşidip bilýär. 3 aýlykda çaga ses çykýan tarapa kellesini öwürýär, üns berip ses çykýan oýunjaga seredýär. Şu ýaşda çaga dürli bogunlary aýdyp başlaýar. Aşakdaky ýagdaýlar eşidiş bozulmalaryna getirip biler: - ene göwrelilik döwründe ýokanç kesel bilen kesellän bolsa; - göwreli döwründe agyr toksikozlar we düşme howpy; - bäbek agyr ýagdaýda dogulsa; - beýniniň dogum şikesleri; - bäbek döwründe saralma ýokary derejede bellense; - çaga dogulmaly wagtyndan öň ýa-da has giç dogulsa, pes agram bilen dogulsa (agramy 1500 g pes bolanda); - ene göwrelilik döwründe eşidişe zyýanly täsir edýän dermanlary ulansa; - enede we beýleki garyndaşlarynda nesil yzarlaýan eşidiş bozulmaly keseller bolanda. Eneatalar çaganyň eşidiş täsirine aýratyn üns bermeli, eger-de eşidiş bozulmalaryna getirip bilýän ýokarda agzalan ýagdaýlaryň iň bolmanda biri bar bolsa we şu ýagdaýlar bolsa: • bäbek 2-4 hepdelik wagtynda gaty seslere tisginmeýän bolsa; • 2-4 aýlykda dürli sesler bilen seslenmese; • 3-4 aýlykda ses çykýan tarapa kellesini öwürmese; • 3-4 aýlykda ejesiniň sesine jogap täsirini görkezmeýän bolsa, onda çaga lukmanyň gözegçiliginde bolup barlag dan geçmeli. ÇAGANYŇ DUÝGUSYNYŇ WE ARAGATNAŞYGYNYŇ ÖSÜŞI Körpäniň ýaşaýşy ilkinji aglamasyndan, reflektor ses çykarmagyndan başlanýar. Ýaşaýşynyň ilkinji günlerinde we hepdelerinde çaga özüne oňaýsyz duýgular (agyry, açlyk, ukusy gelmek) bolanda, aglamak, dürli hereketleri döretmek bilen görkezýär. Kem-kemden her günde sebäplerine baglylykda çaganyň aglamasy dürli-dürli bolýar, ejesi bolsa onuň sebäplerini bilmegi öwrenýär. Ýagny «tapawutlandyryp aglamak» döwri gelip ýetýär. Bu döwür çaganyň duýgularynyň ösmegi üçin, şeýlede «ene-çaga» aragatnaşygynyň durnukly we talabalaýyk döremegi üçin örän wajyp bolýar. Soňabaka çaganyň aglamasy diňe bir fiziki talap bilen bagly bolman, eýsem ol ýürekden gynanmasyny hem bildirip başlaýar. Ýylgyrmak ýaly oňaýly duýgular çagada soňrak ýüze çykýar, köp maglumatlara görä 4-6 hepdelikde çaga ýylgyryp başlaýar. Biziň gözegçiligimizde çagalar köplenç birinji hepdelikde, kä wagtlar ilkinji günlerinde ýylgyryp başlaýarlar. Ýöne bu döwürde ýylgyrmak uly adamlar bilen aragatnaşyga girmekligi aňlatmaýar, ol diňe doly fiziki oňaýly ýagdaýyny suratlandyrýar. Ilkinji «durmuşy ýylgyryş» (bu aragatnaşyk üçin gönükdirilen ýylgyryş) çagada 1-1,5 aýlykda ýüze çykýar. 4-6 hepdelikde körpeje ejesiniň mähirli sesine, onuň ýüzüniň ýakyn gelmegine ýylgyrmak bilen jogap berýär. 2,5-3 aýlykda çagalar dürli sesleri gaýtalap başlaýar. 3 aýlykda çagalar özi üçin ýakyn adamlaryna aýratyn duýgy-hereketler bilen täsirini ýüze çykarýar. Uly adamlara ünsüni jemleýär, ýylgyrýar, hereketlerini güýçlendirýär, dürli sesler bilen seslenip başlaýar. Egerde uly adamlara üns bermese, ýylgyrmasa, dürli sesler bilen jogap gaýtarmasa ýada giç ýüze çyksa, onda ol goşmaça gözegçiligi hem barlaglary geçirmegi talap edýär. ÇAGANYŇ HEREKETLERINIŇ ÖSÜŞI Birinji aýynda çaganyň hereketleri az işjeň bolýar, ol köp wagtyny goýlan ýerinde ýatyp geçirýär, onuň elleriniň we aýaklarynyň epme myşsa tonuslary fiziologiki ýokary bolýar, ulular eline alanda ol kellesini saklap bilmeýär. 1-2 aýlykda çaganyň elleriniň we aýaklarynyň hereketleri dürli (haotiki) häsiýetde bolýar. Diňe 1-1,5 aýlykda körpeje kellesini saklap başlaýar. 2-3 aýlykda çaga eýýäm kellesini göni saklap bilýär, arkasyna ýatanda ýüzüniň deňinde asylan oýunjaklara ellerini uzadýar, agzyna getirip bilýär, aýasyna oýunjak goýsaň ellerini gysyp bilýär. Şu ýaşda çaga ýumrugyny açýar, eger oňa oýunjak bilen degseň, az wagtlap oýunjagy elinde saklap bilýär, ellerine seredişdirýär, özbaşdak arkasyndan gap dala öwrülip bilýär, garnynyň üstünde ýatanda deňagramlylygyny gowy saklaýar (arkasyna we garnynyň üstüne ýykylanok). 3 aýlykda çaga görýän jisimlerine tarap uzalýar, özi üçin almasy ýeňil bolan tarapdaky eli bilen oýunjaklary garbap alýar we elinde saklaýar, jisimleri çekýär we agzyna salýar. Garnynyň üstünde ýatanda 3 aýlyk çaga kellesini 450 galdyrýar (döşüni galdyrýar, goşaryna daýanýar, tirsegi eginleriniň deňinde ýada öňünde durýar). Sülgün BERDIÝEWA, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölüminiň müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |