12:38 Çalyşjak | |
ÇALYŞJAK
Goşgular
Goşgulamdan irikdim men adamlar, Baryny bir duýgy bilen çalyşjak. Belki söwdam çüwer diýen tamam bar, Bar duýgymam söýgi bilen çalyşjak. Kişiden göremok büdrän ýerimi, Göz etmek islämok maňlaý derimi. Dodaklarmyň kepän gülkülerini, Gözlrimiň çygy bilen çalyşjak. Dünýä gelmegimde ýatyr çuň many, Oňlamaryn özgerişsiz oňmany. Ýazy gyşdan saýgarmaýan töňňäni, Gunça tapsam düýbi bilen çalyşjak. Düýşümde ýigrenýän gury sanlygy, Bu synam bolmasyn çagyl sandygy. Biparhlykda dörän şadyýanlygy, Görgä goýýan gaýgy bilen çalyşjak. Guýrugy ýamzyndan çykmasa itim, Ot gözümde oýnatmasa gaýratym. Gurt ornunda tapan şanym, şöhratym, Şagallaryň aýby bilen çalyşjak. Çalyşjak men kän zatlary dünýäde, Oýlansam diýýärin asyl binýada. Bolsa oňat bolsun, bolmasyn ýa-da, Erbet ömri ýogy bilen çalyşjak. Amanmuhammet BAZÝAR, Türkmensähra. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |