09:57 Dag hüwdüsi | |
DAG HÜWDÜSI
Goşgular
![]() Allaýar Çüriýewe Säher wagty dür sözleri süzdüňmi?! Saba ýele owazlaryň siňipdir, Şol mukamlar hüwdüleýär dünýäni. Mähre çümen gussalarym diňipdir. Durmuş kenaryna çykdyk ikimiz, Lowlap duran bu dünýe-de köşeşdi. Ömre peşgeş berlen ylham çeşmesi, Yşkdan doly hasratymy köjeşdi. Belent daga çykmadyk biz hoş bolup, Agraslygna maýyl bolduk daglaryň. Hemem süýji arzuwlary paýlaşyp, Şerbet suwun owurtladyk garlaryň. Muhabbetli dideleriň mährinden. Dag daşyndan güller çykdy paşyrdap, Ýüregiň sesine düşýän jülgeler, Hiňlendi şirinje hüwdä pyşyrdap. Ol hüwdi şeýle bir süýji şirindi, Misli sallançakda üwrelýän ýaly. Juwan keşbi bagş eýledi ol mukam, Ol hüwdä çeşme-de hüwlenýän ýaly. Şeýdip bir pursatlyk bolduk bagtyýar, Seretsene, bu daglaryň oýnuna. Joşdy ýüreklerde beslän aýdymlar, Şol mukamam siňdi dagyň roýuna. Maral ÖWEZGELDIÝEWA. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |