23:23 Dählä barýan ýollarda... | |
DÄHLÄ BARÝAN ÝOLLARDA...
Ýol ýazgylary
Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başy. Balkanabatly Gylyç Gylyjow bilen ikimiz bir gün olaryň öýlerinde otyrkak, özara söhbetdeşlikde, ol özüniň aňyrsynyň Çagyl obasyndandygyny aýtdy. Men oňa Nebitdaga gelenim bäri eşidýän bir gürrüňimi aýtdym. Gaýrada, Dähli diýen ýerde, uly gyrgynçylyk bolupdyr, “anna güni” agşamsy aýal, oglan-uşaklaryň zaryn sesleri eşidilip duranmyş, diýip aýtdylar. Ol sesini çykarman ýerinden turup, törde söýelgi dutaryny eline alyp gamgyn, endam-janyňy lerzana getirýän heň bilen şu setirleri hiňlenip aýtdy. Bomba baglap çaň turup, turdy uly bir zenzele, Maýa-torum yzlaşyp asmana galdy wel-wele, Owlak-guzy mäleşip, arşaýa ýetdi gul-gula, Balasyndan aýrylanlar, bolsun Alla ýaryňyz... Ol Çagyl atly guýy, doludyr şehitler ganyna, Külli ynsan yňraşyp, ýygnandy Doňra ýanyna, Ol atylan gülleleriň, hiç kim ýetmez sanyna, Balasyndan aýrylanlar, bolsun Alla ýaryňyz... Ol maňa ýüzlenip: “Amangeldi! Men seni Dählä alyp gideýin, şol gyrgynçylygyň bolup geçen ýerlerini görkezeýin”- diýdi. Biz 1991-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Çagyla tarap ýola düşdük. Men ozal Irikli obasyna çenli baryp görüpdim, ondan aňyrsy meniň üçin täze açyşdy. Gylyç beletlik bilen: “Bu oba Goşa oba diýilýär çep tarapyňa seret, ho-ol aşakda ýene-de bir oba bardyr ” diýdi. Obadan saýlananymyzdan soňra, bir kenarda saklandy. Indi biziň ýolumyz dik aşak inýärdi. Öňümizde ýazylyp ýatan gözellik ussat suratkeşiň eseri ýaly bolup görünýärdi. Gözli ata ýaýlasy Gylyç maňa ýüzlenip: “Ynha, mundan saga gidýän ýol, Gözli ata barýar”- diýip, tanyşdyrandan soňra, ýolumyzy dowam etdirdik. Tersakandan geçip Ýan ýol bilen aýlanyp Ak gyrlaryň üstüne çykdyk. Ol sag tarapyny görkezip: “Ho-ol seleňläp görünýän belentlige Gök çürnük” diýilýär, gaýra inseň- Kemal ata oňa häzirki mahal Gaýtarmyş ata hem diýýärler.” Sähel ýol ýöränimizde çepe sowulýan ýoly görkezip: “Bu-da Ärsary baba barýan ýol” diýdi. Ençeme ýollary geçip Gyzylgaýa baryp ýetdik. Indi biziň ýolumyz göni Çagyl obasyna tarapdy. Gylyç- meni obasynyň töweregindäki ýerler bilen tanyşdyryp başlady, demirgazyk tarapyndaky beýikligi görkezip: Oňa Doňra diýilýär gündogar tarapa elini salgap: Ol ýer Basmaçy gyr, günbatar tarapyna öwrülip, ol-a Üç tagan, beýle tarapy hem Tüwergyr - diýdi. Çagyl obasy Köşekli düýesiniň töwereginde gezip ýören onuň dädesi Duş aga (Duşmämmet) gözüm düşdi, ýanyna baryp söhbetdeş boldum, ol meniň üçin türkmeniň parasatly gojasy bolup kalbymda galdy. Ýanyma gelen Gylyç maňa ýüzlenip: “Oglanlar taýýarlyk görüp ýörler, “Dähli baba” ertir gideris, bu gün “Ärsary baba” gideli” diýdi. Ol ozal hemme zatlary göz astyna alyp goýupdyr. Inisi Tuwakmämmediň gozakly motosikletinde ýola düşdük. Biz ilki Awlamyş ata bardyk, soňra dyzyňa ýetip duran otluk gyryň üsti bilen Ärsary baba baryp ýetdik, garaňky düşdi, şeýle-de bolsa ilimize ýetirmek üçin otly çöpüň ýagtysyna birnäçe (zarisowkalary) taslamalary edip ýetişdim. Töweregimiz garaňkylyk, beýiklikden aşak inip başladyk, ýolumyz Tüwer obasyna tarap gönükdi, edil şol mahal çyranyň ýagtysyna bir towşan göründi, gaçaýyn hem diýenok, men motosikletden düşüp ony tutjak bolup kowalap başladym, “tutdum” diýip hasap edenimde, towşan garaňkylyga siňip gitdi. Şol mahal meniň yzymdan Tuwakmämmet bilen Gylyjyň şadyýan gülki sesleri eşidildi. Çagyla gelip ýatyp, säher bilen turduk. 2-nji iýun, 1991-nji ýyl. Dählä gitmek üçin taýýarlyk görülip başlandy. Iki sany “Ural” motosikliň gozagyny aýryp ýola taýýarladylar hem-de Gylyjyň inilerinden biri Nurmämmediň kiçi awtobusy taýýar boldy. Biz ýola düşdük, öňümizden motosikilliler barýar, biz hem olaryň yzyndan 20 kilometr çemesi ýol geçenimizden soňra olar durdular. Biz-de yzlaryndan baryp durduk. Şol pursat edil biziň golaýjygymyzdan bir towşan turdy, öten agşam armanly bolup galanym üçin, süre düşdüm yzyna, sähel salymdan towşanyň öňümizdäki ikinji baýyrdan aşyp barýanyna gözüm düşdi. Nurmämmet maňa ýüzlenip: “Daýy! Näme, ýene-de tutup bilmediňmi?” diýip degişdi. Men oňa: “Çagalygym Garrygalada geçdi, towşany beýle ýakyn aralykdan ozal görmändim ” diýdim. Biz ýolumyzy ýene-de dowam etdik. 60 kilometr töweregi geçenimizden soňra, beýik-beýik alaňly gumluga baryp ýetdik. Dählä çenli ýene-de 30 kilometr töweregi bardy, awtobusy şol ýerde goýdyk, ýol beledimiz Nurmämmet bilen goňşysy Çary, şol ýerleri görmek üçin biziň bilen şäherden gelen Gylyjyň körpe ogly Azat, ýegeni Tahyr her motosikle üç bolup münüp ýolumyzy dowam etdik. Dählä baryp ýetdik. Hormatly okyjy! Şol zyýaratymyzyň (syýahatymyzyň) esasynda “Dähli hasraty” atly makalamy “Halk sesi” gazetiniň 1991-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynda halka ýetdi, “Balkan” gazeti bolsa 1992-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda ilimize ýetirdi. Şol makala şu kitaba girizildi: Redaksiýadan: Respublikan “Halk sesi” gazetinde (1991-nji ýylyň 13-nji noýabrynda) “Dähli hasraty” atly makalalar çap edildi. Redaksiýamyza okyjylardan şu makala bilen baglanşykly hatlar gelip gowuşdy, telefon arkaly ýüz tutanlar hem boldy. Olar Dähli wakalarynyň biziň etrabymyzda bolup geçendigi üçin, ol hakda oblast gazetinde-de ýazmagymyzy haýyş edýärler. Biz bu ugurda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň oblast uprawleniýesine ýüz tutanymyzda, ol ýerden Dähli söweşine degişli arhiw materiallarynyň saklanyp galmandygy hakda hat alnandygyny habar berdiler. Her niçigem bolsa biz, “Hiçden giç ýagşy” diýen nakyla uýup we okyjylarymyzyň isleglerini nazarda tutup, gürrüňi edilýän makalany göçürip çap etmegi hem-de bu wakalar hakda dürli garaýyşlary beýan edýän makalalary siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. Makalalarda aýdylýan zatlary degşirip görmegi, olary akyl eleginden geçirmegi siziň özüňize galdyrýarys. Elbetde, taryhy hakykaty dikeltmek ýeňil iş däl. Türkmenistanyň täze köp tomluk taryhyny ýazýan alymlar hem öňde kyn we jogapkärli işiň garaşýandygyny boýun alýarlar. Şu jähtden Dähli söweşi babatynda hakykaty aýdyňlaşdyrmaga juda seresap, taryhy hakykatyň nukdaýnazaryndan, täze ölçeglerinden ugur alnyp çemeleşilmelidir diýip hasap edýäris. Taryhçylarymyz türkmen halkynyň geçmişindäki beýleki ganly wakalar bilen birlikde Dähli söweşi we onuň bilen baglanşykly wakalar dogrusynda hem jikme-jik öwrenip, belli bir netijä gelerler diýip garaşýarys. • Dähli hasraty “Hepdäniň anna güni agşam Dähli babanyň deňinden geçer ýaly däl. Bigünä gyrlan çagalaryň, eneleriň, zenanlaryň yzlaşygy gulagyňa gelip durandyr...” Ýaşulularyň ýygnanan ýerinde şeýleräk gürrüňi ençeme gezek eşitmek maňa miýesser etdi. Şondan soň men Dähli babanyň guýusyny, şol gyrgynçylyk bolan ýerleri öz gözüm bilen görmegi niýet edinip gezdim. Ynha, golaýda şol niýetim hasyl boldy. Nebitdag şäher Sowetiniň deputaty, nebitçi dostum Gylyç Gylyjow öz ýaşulularynyň Çagyl obasynda ýaşaýandygyny, eger bile gitsem, Dählini görkezip biljekdigini aýtdy. Biz tomsuň ilkinji aýynyň başynda ýola düşdük. Uly Balkanyň arkajynda Garagumuň gyr depeleri bilen utgaşyp oturan ençeme obalaryň üstünden geçip, Nebitdagdan 280 kilometr uzaklykdaky Çagyl obasyna giç öýlän baryp ýetdik. Türkmeniň ata-baba ýaşap gelýän gyrlary. Çar tarapdan oba golaýlap gelýän düýeler, obanyň her jaýynyň gapdalynda gupba ýaly bolup oturan garaja öýler, dünýäniň aladasyny piňine alman, ylgaşyp ýören çagalar... şäherliniň göwnüni has-da heýjana getirýär. Bu gözellik kalbyňy gozgap, özüne maýyl edýär. Ýöne oba ilatynyň ýaşaýşyna içgin aralaşyp başlanyňda, güzeranyň çaklaýşyňdan pesdigine gyýylýarsyň. Ýaşulular bilen söhbetdeşlikde olaryň göwünleriniň şu sähralara baglanandygyna, herhal, oňşuga razydyklaryna göz ýetirse bolýar. Haçan-da gürrüňiň örüsi giňäp, Dähli wakalaryna baryp ýetende gojalar uludan dem alýarlar, gözleri bilen gören, gulaklary bilen eşiden wakalaryny örän kynlyk bilen ýatlaýarlar. Amangeldi Hydyr "Dähli hasraty" Dähli gyrgynçylygy barada biz näme bilýäris? Dähli Krasnowodsk raýonynyň Çagyl obasynyň 90 kilometr demirgazyk tarapynda ýerleşýän süýji suwly guýy. Biz ol ýere ýetmek üçin ilki 60 kilometr töweregi ýoly awtobusly geçdik. Soň ýoluň ýaramazlygy sebäpli, “Ural” kysymly gozagyny aýyrdyp, motosikle münüp, ýene 30 kilometr töweregi ýol geçmeli bolduk. Şeýdip şol guýa ýetdik.Biz guýudan suw çekip çykardyk, el-ýüzümizi ýuwduk, içip gördük. Suwuň ýuwan tagamy bar eken. Biz guýynyň golaýynda ýerleşýän öwülýä baryp, öz bildigimizden aýat okadyk. Şondan soň gyrgynçylygyň bolan ýerine tarap ýöräp ugradyk. Her ädimde diýen ýaly şol mahalky atylan oklaryň peşeňleri göze ilýärdi. Çaýyň kenaryna çyksaň, töweregiň durşuna mazar. Her mazaryň aşagynda näçe adamyň ýatany näbelli. Çagylly ýaşulularyň aýtmagyna görä, ýagyş ýagyp, sil gelse, adam süňkleriniň üsti açylýarmyş. Mundan üç ýyl öň hem bäş sany kelle süňküni bir ýerde jaýlapdyrlar. Şol ýerleri üns berip synlasaň, gelin-gyzlaryň şaý-sepleriniň bölekleri-de gözüňe ilýär. Biz sanlyja wagtyň içinde ýüwse, apbasy böleklerini, dürli reňkdäki hünjüleri tapdyk. Olary gyrgynçylygyň şaýatnamasy hökmünde öz ýanym bilen alyp gaýtdym. Dähli wakalary barada nämeleri aýdyp bolar? Adamlaryň etinden ötüp, süňňüne ornaşyp giden şol wakalaryň şaýady bolan adamlaryň şeýle bir gözi gorkupdyr welin, olary henize- bu güne çenli gürletmek kyn düşýär. 1931-nji ýylyň tomsy Balkan dagynyň gaýrasynda ýaşaýan çarwadarlar üçinem gala goply gelýär. Ellerinden maly-mülki alnan adamlar ata çykýarlar. Oba ilaty hem olar bilen göçüp başlaýar. Bosgun il bir guýudan beýleki bir guýa aşyp, Dählä baryp ýetýär. Bu ýere ýygnanan mähelläniň sany- sajagyny bilýän ýok. Jokrama yssyda olara bir guýynyň suwunyň ýetmejegi köre hasa. Şonda-da ol ýere ýygnanýanlaryň sany artýar. Ynha, şol wagtlar ikindinara töwerekdäki baýyrlaryň üstünde peýda bolan esgerleriň sanynyň barha köpelýändigini gören ilat yzanda-çuwan bolup, guýynyň gündogar tarapyndaky çaýa özlerini atýarlar. Şol wagt hem çar tarapdan atylýan oklar, depelerinden bombalaýan aeroplanlaryň gürrüldisi, çagalaryň, aýal-gyzlaryň yzlaşygy, düýedir atlaryň sesi Dähli guýusyny lerzana getirýär. Halkyň içinde aýdylýan gürrüňlere görä, Dähliniň çaýyndan adam gany sil bolup akypdyr. Şunça ilaty şeýle namartlyk bilen gyrmak kime gerek bolduka? Ilaty oka tutmak barada kim buýruk berdikä? Ýaşulularyň gürrüňini diňläniňde ýagdaý has-da elhenç duýulýar. Ynha, olardan käbiri. Şajan Şirmämmet ogly. 78 ýaşynda, Çagyl obasy: - Dählidäki gyrgynçylykda pulemýoty günortadan demirgazyga bakdyryp goýup, çaýyň ugruna gönüläp atypdyrlar. Şol wakadan soňra 3-4 ýyllap ol ýere millet aýagyny sekip bilmedi. Çaýdan sil gelip, şehit bolan adamlary alyp gidipdir. Gijede- girimde gelip, dogan-garyndaşlaryny jaýlap bilenlerem bolupdyr. Dählidäki gyrgynçylykdan soňra aman sorap gelenleriň ençemesini özlerine çukur gazdyryp, atypdyrlar. Aýratynlykda jaýlamaga mümkinçilik bermändirler 1931- nji ýylda atylanlardan 9 adamyň meýdini 1934-nji ýylda jaýlan Seýitmämmet Töre, başuç daşlaryny ýasan Öre Begenç bolmaly. • Öwez Hudaýberdi, 54 ýaşynda, Çagyl obasy: - Ikindin başlanandan ertire çenli dowam eden gyrgynçylykda diri galan sanlyja adam bolupdyr. Şolardan 10-12 ýaşlaryndaky Gurban bilen Taýtan ene-atadan, dogan-garyndaşdan jyda düşüp, gaçmak bilen bolýar. Olar 30 kilometr töweregi ýol söküp, Gökleň guýa özlerini atýarlar. Bu ýerde hem olar aýylganç wakanyň şaýady bolýarlar: guýa arpa dökülipdir, ajan arpa suwy zäherläpdir. Olar paý-pyýada başga guýulara aşyp, ahyry demir ýola Gazanjyga ýetýärler. • Mazy aga, 82 ýaşynda, Çagyl obasy: - O-ol ýerde gyrlan, esasan, oglan-uşak, zenanlardyr. Olary şol wagt ýerlän bolmady. Meýitleriň - köpüsini suw alyp gidendir. Şol gyrgynçylykdan öňem ol ýere Dähli baba diýilýärdi. Şeýle gürrüňleri biz 89 ýaşly Guwanç Goýmatdan, 87 ýaşly Nazar Goýmatdan, Nebitdag şäherinde ýaşaýan 88 ýaşly Amansoltan daýzadan hem eşitdik. Ýöne bular heniz juda az. Şoňa görä-de men şeýleräk teklipleri orta atmakçy. 1. 1992-nji ýylyň ýanwaryndan başlap Hatyra gününi Dählide hem geçirmeli 2. Şol ýerde ýadygärlik oturdyp “Şu ýerde 1931-nji ýylda bigünä adamlar gyryldy” diýen ýazgy goýmaly. 3. Dählidäki gyrgynçylyk barada maglumatlar ýygnamaly. Hormatlamak bilen, Amangeldi HYDYR, hudožnik | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |