13:08 Dähli hasraty | |
Sen öz taryhyňa beletmi?
Taryhy makalalar
"Hepdäniň anna güni agşam Dähli babanyň deňinden geçer ýaly däl. Bigünä gyrlan çagalaryň, eneleriň, zenanlaryň yzlaşygy gulagyňa gelip durandyr...” Ýaşulularyň ýygnanan ýerinde şeýleräk gürrüňi ençeme gezek eşitmek maňa miýesser etdi. Şondan soň men Dähli babanyň guýusyny, şol gyrgynçylyk bolan ýerleri öz gözüm bilen görmegi niýet edinip gezdim. Ynha, golaýda, şol niýetim hasyl boldy. Nebitdag şäher Sowetiniň başlygy, nebitçi dostum Gylyç Gylyjow öz ýaşulularynyň Çagyl obasynda ýaşaýandygyny, eger bile gitsem, Dählini görkezip biljekdigini aýtdy. Biz tomsuň ilkinji aýynyň başynda ýola düşdük. Uly Balkanyň arkajynda Garagumdyr gyr depeleri bilen utgaşyp oturan ençeme obalaryň üstünden geçip, Nebitdagdan 280 kilometr uzaklykdaky Çagyl obasyna giç öýlän baryp ýetdik. Türkmeniň ata-baba ýaşap gelýän gyrlary. Çar tarapdan oba golaýlap gelýän düýeler, obanyň her jaýynyň gapdalynda gupba ýaly bolup oturan garaja öýler, dünýäniň aladasyny piňine alman, ylgaşyp ýören çagalar... şäherliniň göwnüni has-da heýjana getirýär. Bu gözellik kalbyňy gozgap, özüne maýyl edýär. Ýöne oba ilatynyň ýaşaýşyna içgin aralaşyp başlanyňda, güzeranyň çaklaýşyňdan pesdigine gyýylýarsyň. Ýaşulular bilen söhbetdeşlikde olaryň göwünleriniň şu sähralara baglanandygyna, herhal oňşuga razydyklaryna göz ýetirse bolýar. Haçan-da gürrüňiň örüsi giňäp, Dähli wakalaryna baryp ýetende gojalar uludan dem alýarlar, gözleri bilen göre, gulaklary bilen eşiden wakalaryny örän kynlyk bilen ýatlaýarlar. • Dähli gyrgynçylygy barada biz näme bilýäris? Dähli Krasnowodsk raýonynyň (häzirki Türkmenbaşy etrabynyň –t.b.) Çagyl obasynyň 90 kilometr demirgazyk tarapynda ýerleşýän süýji suwly guýy. Biz ol ýere ýetmek üçin ilki 60 kilometr töweregi ýoly awtobusly geçdik. Soň ýoluň ýaramazlygy sebäpli “Ural” kysymly gozakly motosikle münüp, ýene 30 kilometr töweregi ýol geçmeli bolduk. Şeýdip şol guýa ýetdik. Biz guýudan suw çekip çykardyk, el-ýüzümizi ýuwduk, içip gördük. Suwuň ýuwan tagamy bar eken. Biz guýynyň golaýynda ýerleşýän öwlüýä baryp, öz bildigimizden aýat okadyk. Şondan soň gyrgynçylygyň bolan ýerine tarap ýöräp ugradyk. Her ädimde diýen ýaly şol mahalky atylan oklaryň peşeňleri göze ilýärdi. Çaýyň kenaryna çyksaň, töweregiň durşuna mazar. Her mazaryň aşagynda näçe adamyň ýatandygy näbelli. Çagylly ýaşulularyň aýtmagyna görä, ýagyş ýagyp, sil gelse, adam süňkleriniň üsti açylýarmyş. mundan üç ýyl öň hem bäş sany kelle süňküni bir ýerde jaýlapdyrlar. şol ýerleri üns berip synlasaň, gelin-gyzlaryň şaý-sepleriniň bölekleri-de gözüňe ilýär. Biz sanlyja wagtyň içinde ýüwse, apbasy böleklerini, dürli reňkdäki hünjüleri tapdyk. Olary gyrgynçylygyň şaýatnamasy hökmünde öz ýanym bilen alyp gaýtdym. • Dähli wakalary barada nämeler aýdyp bolar? Adamlaryň etinden ötüp, süňňüne ornaşyp giden şol wakalaryň şaýady bolan adamlaryň şeýle bir gözi gorkupdyr welin, olary henize-bu güne çenli gürletmek hem kyn düşýär. 1931-nji ýylyň tomsy Balkan dagynyň gaýrasynda ýaşaýan çarwadarlar üçinem galagoply gelýär. Ellerinden maly-mülki alnan adamlar ata çykýarlar. Oba ilaty hem olar bilen göçüp başlaýar. Bosgun alan il bir guýudan beýleki bir guýa aşyp, Dählä baryp ýetýär. Bu ýere ýygnanan mähelläniň sany-sajagyny bilýän ýok. Jokrama yssyda olara bir guýynyň suwunyň ýetmejegi köre hasa. Şonda-da ol ýere ýygnanýanlaryň sany artýar. Ynha, şol wagtlar ikindinara töwerekdäki baýyrlaryň üstünde peýda bolan esgerleriň sanynyň barha köpelýändigini gören ilat yzanda-çuwan bolup, guýynyň gündogar tarapyndaky çaýa özlerini atýarlar. Şol wagt hem çar tarapdan atylýan oklar, depelerinden bombalaýan aeroplanlaryň gürrüldisi, çagalaryň, aýal-gyzlaryň yzlaşygy, düýedir atlaryň sesi Dähli guýusyny lerzana getirýär. Halkyň içinde aýdylýan gürrüňe görä, Dähliniň çaýyndan adam gany sil bolup akypdyr. Şunça ilaty şeýle namartlyk bilen gyrmak kime gerek bolduka? Ilaty oka tutmak barada kim buýruk berdikä? Ýaşulularyň gürrüňini diňläniňde ýagdaý has-da elhenç duýulýar. Ynha, olardan käbiri. • Şajan Şirmämmet ogly, 78 ýaşynda, Çagyl obasy: - Dählidäki gyrgynçylykda pulomýoty günortadan demirgazyga bakdyryp goýup, çaýyň ugruna gönüläp atypdyrlar. Şol wakadan soňra 3-4 ýyllap ol ýere millet aýagyny sekip bilmedi. Çaýdan sil gelip, şehit bolan adamlary alyp gidipdir. Gijede-girimde gelip, dogan-garyndaşlaryny jaýlap bilenlerem bolupdyr. Dählidäki gyrgynçylykdan soňra aman sorap gelenleriň ençemesini özlerine çukur gazdyryp, atypdyrlar. Aýratynlykda jaýlamaga mümkinçilik bermändirler. 1931-nji ýylda atylanlardan 9 adamyň meýdini 1934-nji ýylda jaýlan Seýitmämmet Töre, başuç daşlaryny ýasan – Öre Begenç bolmaly. • Öwez Hudaýberdi, 54 ýaşynda, Çagyl obasy: - Ikindin başlanandan ertire çenli dowam eden gyrgynçylykda diri galan sanlyja adam bolupdyr. Şolardan 10-12 ýaşlaryndaky Gurban bilen Taýtan ene-atadan, dogan-garyndaşdan jyda düşüp, gaçmak bilen bolýar. Olar 30 kilometr töweregi ýol söküp, Gökleň guýa özlerini atýarlar. Bu ýerde hem olar aýylganç wakanyň şaýady bolýarlar: guýa arpa dökülipdir, ajan arpa suwy zäherläpdir. Olar paý-pyýada başga guýulara aşyp, ahyry demir ýola – Gazanjyga ýetýärler. • Mazy aga, 82 ýaşynda, Çagyl obasy: - O-ol ýerde gyrlan, esasan, oglan-uşak, zenanlardyr. Olary şol wagt ýerlän bolmady. Meýitleriň köpüsini suw alyp gidendir. Şol gyrgynçylykdan öňem ol ýere Dähli baba diýilýärdi. Şeýle gürrüňleri biz 89 ýaşly Guwanç Goýmatdan, 87 ýaşly Nazar Goýmatdan, Nebitdag şäherinde ýaşaýan 88 ýaşly Amansoltan daýzadan hem eşitdik. Ýöne bular heniz juda az. Şoňä görä-de men şeýleräk teklipleri orta atmakçy: 1. 1992-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Hatyra gününi Dählide hem geçirmeli. 2. Şol ýerde ýadygärlik oturdyp, “Şu ýerde 1931-nji ýylda bigünä adamlar gyryldy” diýen ýazgy goýmaly. 3. Dählidäki gyrgynçylyk barada maglumatlar ýygnamaly. Hormatlamak bilen Amangeldi HYDYR, hudožnik. “Balkan” gazeti, 30.01.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||