03:24 Pyhy Tagan diýlende... | |
PYHY TAGAN DIÝLENDE...
Edebi makalalar
Ýurdumyzyň haýsy künjegine baryp «Pyhy Tagan» ýa-da «Pyhy däde» diýmegiň özi ýeterlik. Şobada adamlaryň ýüzünde şatlyk alamatlaryny görersiň, yz ýanyndan hem: «Bir gezek Pyhy Tagan...» diýip, özüňe ýetirmän, onuň ýomaklaryndan aýdyp başlarlar. Pyhy dädäniň il içine siňip giden şorta sözleridir ýomaklaryny, rubagylarydyr degişme äheňindäki pelsepä ýugrulan şygyrlaryny okap, ussadyň kalbyndan çykan eserleriniň haýsy birini bijebaşy etjekdigiňi bilmeýärsiň. «Gülküde gülüň ysy bar». «Gülen agyz görkli». «Gülküli öýe gül biter». «Ynha, ata-babalarymyz şadyýanlyk barada şeýle diýipdirler» diýip, Pyhy däde köp aýdardy. «Gülki saglyk üçin hem peýdalydyr. Ol barada Norwegiýanyň, Şwesiýanyň alymlary aýdypdyrlar. Irden turup üç minut gülmek, on bäş minut maşk etmäge barabardyr. Adam gülende gan aýlanyşygy tizleşýär, ýüzüniň ähli damarlary işläp, kelledäki erbet pikirler dargap gidýär. Şadyýan adam hiç wagt bagyr, ýürek agyry kesellerine sezewar bolmaýar» diýipdirler. Hatda Lukman Hekim-de: «Gülki saglygyň girewidir, gülki adamyň ömrüni uzaldýan dermandyr» diýip nygtapdyr ahyry» diýerdi biziň Pyhy dädemiz. Ýurdumyzyň ähli künjeginde meşhurlyk gazanan halypamyz ýene-de şeýle diýerdi: «Meniň ekýänim-de gülki, orýanym-da gülki. Gülkiniň gudraty güýçli. Adamzat iki ýerinden iýmitlenýär. Biri gulagy, biri agzy. Men adamlara ruhy iýmit berýärin. Eger gulakdan ru- hy iýmit iýmitlenmese, agyzdan iýeniň haýry ýokdur». «Il derdi — öz derdim» diýip çekeýin, Ýa-da «huw-hak» diýip çöle çykaýyn. durkum bilen lowlap ýanyp barýaryn, Çyda kagyz, şoňa içim dökeýin!» Oba mekdebinde okap ýören mahallarymyz Pyhy dädäniň ýomaklaryny, degişmelerini eşidenimizde Kemine sypatly degişgen bir adam göz öňümize gelerdi. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda welaýatymyzyň Magtymguly etrabynyň Arapjyk obasynda Gurtmämmet aga toý tutupdy. «Bu toýa Pyhy Tagan gelýärmiş» diýen habar ýaýranda, biz oba oglanlary üçin edil ertekileriň hakykata öwrülişi ýaly boldy. Men şol sapar Pyhy dädäni ilkinji gezek görüpdim. Burunlak, arryk adamyň giň giden bir mähelläni gülüşdirip, hezil berip oturyşy meniň kalbymda suratkeşiň döreden eseri kimin yz goýupdy. Hudaýa şükür, maňa nesibe çekip, ençeme ýyldan soňra Pyhy däde bilen birnäçe gezek duz-emek bolmak miýesser edipdi. Uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşip bilýän Pyhy däde bilen deň-duş ýaly gatnaşyk edipdik. Onuň bilen bir gün Bereket etrabynda ýaşaýan Gurbannazar şahyryň toýuna gitdik. Ýolda barýarkak, tanymal ýomakçy adatça bolşy ýaly joşup başlady. Ýomak yzyndan ýomak, goşgy yzyndan goşgy aýtdy. Men şonda onuň uçursyz ýatkeşligine haýran galdym. Mundan telim ýyl ozal ýazyjy Hydyr Derýaýewiň 80 ýaş toýunda okan goşgusyny hem edil şu gün goşan ýaly aýdyp berip otyr. Ol şeýle ýatkeşdi, guýmagursak zehindi. Bu gün Pyhy dädäni ýatlap, onuň bilen baglanyşykly käbir durmuş pursatlaryny, özara degişmelerimizi okyjylara ýetirmegi müwessa bildim. * * * 1999-njy ýylyň bahar paslynda Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda özbaşdak sergimi gurapdym. Oňa ýurdumyzyň belli suratkeşleri, ýazyjylarydyr şahyrlary, bagşylary bilen birlikde Pyhy däde hem gatnaşypdy. Serginiň açylyş dabarasynda ýomakçy şahyrymyzyň ýüzugra aýdan goşgy setirleri şu günki günem aňymda ýaňlanyp dur. Amangeldi Hydyryň bar, Sylag-hormat, gadyryň bar, Hezzet-nygmat, hödüriň bar, Toý özüňki, saýra Pyhy. * * * Pyhy dädaniň surat keşbini döretmek meniň esasy arzuwlarymyň biridi. Şu maksat bilen men işe girişdim. Elbet- de, bütin durky bilen degişmä ýugrulan Pyhy dädäni ýüzugra çekip bolaýanok. Ol degişýär, ýomak aýdýar... Suraty çekip otyrkam men oňa: — Pyhy däde, men-ä size fotosuratçy bolup işlän mahalyňyz bir gyzyň suratyny alşyňyzy ýatlatmakçy boljak öýdýän — diýdim. Bu waka şeýle bolan eken. Dodaklary ullakan bir gyz surata düşmäge gelýär. Ol dodagyny kiçijik hem eýjejik edip almagy haýyş edýär. Şonda Pyhy däde: «Olar ýaly bolsa men suratyňy alýan pursadym «üzüm» diýgin» diýýär, gyz bolsa unudyp, «kişmiş» diýip goýberýär. — Pyhy däde, sizem meni «üzüm» diýmeli etmäň — diýsem, ol ýene joşup täze ýomaklaryna başlady. Portreti gutaryp barýarkam, men Pyhy dädä ýüzlenip: «Men-ä sizi döwrü- miziň Keminesi hasap edýärin» diýdim. «Şol aýdýan sözleriňi şu suratyň ýüzüne hem ýazyp biljekmi?» diýip, Pyhy däde sorady. Men sesimi çykarman, Pyhy dädäniň oturan keçesiniň nagyşlarynyň arasynda owadanlap şol setirleri ýazdym. * * * Halypanyň terjimehalyndan. Pyhy Tagan 1920-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Ajyguýy obasynda dünýä inýär. Onuň çagalyk we ýetginjeklik ýyllary Etrekde geçýär. Oňa Mämmetzyýa lakamly Mämmetoraz şahyr 13 ýaşlarynda mahaly ak pata berýär. Ol mugallymlary taýýarlaýyş kursuny tamamlaýar. 1938-nji ýyldan başlap, Bereket etrabynda mugallym, soňra mekdep müdiri bolup işleýär. Ol dürli ýyllarda Balkanabatda durmuş hyzmaty kombinatynyň suratçysy, gazet-žurnallarda habarçy bolup işleýär. Soň nebitgaz ulgamynda zähmet çekýär we nebitçileriň durmuşyndan kitap ýazýar. «Balkansuw» müdirliginde bagbançylyk edibem, hormatly dynç alşa çykýar. Pyhy Tagan döredijilik işine 1938-nji ýylda girişýär. Ilkinji goşgulary Bereket etrap gazetinde we «Tokmak» žurnalynda çap edilip başlanýar. 1944-nji ýylda neşir edilen «Şahyrlar sesi» atly ýygyndyda onuň «Güman ýok» diýen goşgusy ýerleşdirilipdir. Pyhy Taganyň neşir edilip, ile ýetirilen kitaplary, ine, şulardyr: «Harasada garşy», «Il aýdar», «Tikenli setirler», «Tazygan jeren», «Meniň saçagym», «Gyzylyň gyryndysy». Amangeldi HYDYROW, Türkmenistanyñ halk suratkeşi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |